Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp25 No. 1 sah. 6—8
  • Uruşlary togtatmak biziň elimizdemi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Uruşlary togtatmak biziň elimizdemi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAŞAÝŞY GOWULANDYRMAK
  • YLALAŞYK BAGLAŞMAK
  • ÝARAGLARY ÝOK ETMEK ÝA-DA AZALTMAK
  • HEMMÄMIZ BIRIMIZ ÜÇIN
  • Adamzat näme üçin parahatlygy dikeldip bilmeýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Uruşlaryň soňy geler!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
wp25 No. 1 sah. 6—8

Uruşlary togtatmak biziň elimizdemi?

Uruş, dawa-jenjel dürli sebäplere görä döreýär. Käbir adamlar ýaşaýşy gowulandyrmagyň, adalaty dikeltmegiň ugrunda göreşýär. Köpler ýeriň, tebigy baýlyklaryň üstünde dawalaşýar. Käbirleri medeniýeti, dini, dili meňzeş bolmansoň oňuşmaýar. Adamlar uruşlaryň öňüni alyp, parahat ýaşamak üçin nämeler edýär? Olar uruşlary togtadyp bilermi?

Ussalar gurluşyk gidip duran ýerde işiň gidişi hakda maslahat edýärler.

Drazen_/E+ via Getty Images

ÝAŞAÝŞY GOWULANDYRMAK

Maksady. Hökümet adamlary gowy şertlerde ýaşatmak isleýär. Olaryň pikiriçe, baýlar bilen garyplaryň arasynda deňlik bolsa uruş bolmaz.

Kynçylyk. 2022-nji ýylda dürli ýurtlardaky adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmak üçin 34,1 milliard dollar harçlandy. Emma 2022-nji ýylda hökümetler harby güýjüni artdyrmak üçin ondan 250 esse köp pul harçladylar. Diýmek, hökümetler puluny ýaşaýşy gowulandyrmak üçin däl-de, başga zatlara harçlaýarlar.

«Biz köp pulumyzy we serişdämizi dawa-jenjeli aýryp, parahatlygy dikeltmek üçin däl-de, onuň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin harçlaýarys» (BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş).

Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Hökümetler we guramalar garyplara kömek edip bilýär, ýöne garyplygy köki bilen aýryp bilmeýär (5 Musa 15:11; Matta 26:11).

Bölek suratda iki adamyň elleşip, ylalaşyk baglaşýandygy görkezilen.

YLALAŞYK BAGLAŞMAK

Maksady. Iki döwlet özara maslahatlaşyp, iki tarapa-da peýdaly boljak karara geler ýaly meseläni dawa-jenjelsiz çözjek bolýarlar.

Kynçylyk. Taraplaryň biri meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan, eglişik etmekden ýa-da ylalaşmakdan boýun gaçyrýar. Şol sebäpli olaryň baglaşan ylalaşygy bozulýar.

«Ylalaşyk baglaşmak bilen hemişe mesele çözülmeýär. Köplenç tersine bolýar. Iki ýurt ylalaşjak bolup ýagdaýy has-da beterleşdirýär. Onuň soňy urşa ýazýar» (Reýmond Smit, American Diplomacy internet makala).

Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Adamlar «parahatlygy agtarmaly» (Zebur 34:14). Emma şu günler köp adamlar «biwepa... eglişik etmeýän... dönük» (2 Timoteos 3:1—4). Şeýle häsiýetli adamlar akýürekli syýasy ýolbaşçylara dawa-jenjeli çözmäge päsgel berýärler.

Bölek suratda sökülen ýarag görkezilen.

ÝARAGLARY ÝOK ETMEK ÝA-DA AZALTMAK

Maksady. Esasanam, ýadro, himiki we bakteriologiki ýaraglary azaltmak.

Kynçylyk. Köplenç hökümetler ýaragyny azaltmaýar, sebäbi güýçden gaçyp, goranyp bilmerin öýdýärler.

«Olar ýaraglary aýyrsalar-da, urşuň döremegine sebäp bolýan ýagdaýlary aýryp bilmeýärler. Köp hökümetler ýaraglaryny azaltjakdygyny, howp-hataryň öňüni almak üçin özgerişlik etjekdigini, milletara dawa-jenjelleriň öňüni aljakdygyny we adamlary parahat ýaşatjakdygyny söz berdiler. Emma olar 1991-nji ýyldan soň beren sözünde durmadylar» (BMG-niň Ýaragsyzlandyryş meseleleri boýunça müdiriýeti).

Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Adamlar ýaraglaryny taşlarlar, «olar gylyçlaryndan azallar ýasarlar» (Işaýa 2:4). Emma adamyň ýüreginde kök uran ýigrenji aýyrmasaň, urşuň soňuna çykyp bolmaýar (Matta 15:19).

Bölek suratda dürli milletli ýolbaşçylaryň jemlenişip oturandygy görkezilen. Olaryň ählisi şol bir resminama gol çekýär.

HEMMÄMIZ BIRIMIZ ÜÇIN

Maksady. Hökümetler biri-biriniň arkasynda durup, duşmana gaýtawul bermek üçin ylalaşyk baglaşýarlar. Olaryň pikiriçe, eger duşman bir däl-de, birnäçe hökümetiň özüne garşy çykjakdygyny bilse urşy başlatmaýar.

Kynçylyk. Birnäçe hökümetiň ylalaşyk baglaşmagy hemişe parahatlygyň boljakdygyny aňlatmaýar. Köplenç hökümetler beren sözünde durmaýar, olaryň duşmana garşy durmak babatda pikirleri deň gelmeýär.

«Milletler Ligasy bilen Birleşen Milletler Guramasy hökümetleri özara ylalaşdyrmak üçin elinde baryny etse-de, öňde-soňda urşuň öňüni alyp bilmedi» (Britan ensiklopediýasy).

Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Arkalaşmak gowy zat (Nesihat 4:12). Ynsan hökümetleri we guramalar arkalaşsalar-da, adamlary howpsuz, asuda ýaşadyp bilmeýärler. Zebur 146:3, 4-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez. Olaryň ýaşaýyş demi gutarýar, topraga siňýär, şol gün oý-pikirleri hem puç bolýar».

Ençeme hökümetler adamlary asuda, parahat ýaşatmak üçin näçe jan etse-de, elhenç uruşlaryň yzy üzülmeýär.

Ýer ýüzünde parahatlyk bolarmy?

Käbir adamlar: «Biz parahat döwürde ýaşaýarys» diýýärler. Olaryň aýtmagyna görä, öňkä garanyňda häzirki uruşlar uzak dowam etmeýär we ölüm-ýitim az bolýar. Emma köp adamlar munuň bilen razylaşmaýar, sebäbi olar diňe ölen adamlaryň sanyny däl-de, başga ýagdaýlary hem göz öňünde tutýarlar.

Adamlar näme diýse-de, uruşlar we dawa-jenjeller bütin dünýädäki adamlaryň köpüsine gönüden-göni, käbirlerine bolsa belli bir derejede täsir edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş