Urşuň sebäpkäri
Mukaddes Kitapda urşuň näme sebäpden döreýändigi we adamlaryň ony näme üçin togtadyp bilmeýändigi ýazylan.
GÜNÄ
Alla ilkinji ynsan Adam ata bilen How enäni özüne meňzeş edip ýaratdy (1 Musa 1:27). Olarda Hudaýa mahsus söýgi, parahatlyk ýaly häsiýetler bar (1 Korinfliler 14:33; 1 Ýahýa 4:8). Ýöne Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman günä etdi. Şonuň üçin olaryň nesilleri günäli dogulýar we ölýär (Rimliler 5:12). Miras geçen günä sebäpli köplenç ählimiz erbet zatlary pikir edýäris, köpler bolsa erbet işleri edýärler (1 Musa 6:5; Markus 7:21, 22).
HÖKÜMET
Adamlar biri-biriniň üstünden höküm sürmek üçin ýaradylmady. Mukaddes Kitapda: «(Adam) hatda nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär» diýilýär (Ýermeýa 10:23). Şol sebäpli hökümetler urşuň, dawa-jenjeliň soňuna çykyp bilmeýär.
ŞEÝTAN WE JYNLAR
Mukaddes Kitapda «bütin dünýäniň Şeýtanyň golastyndadygy» aýdylýar (1 Ýahýa 5:19). Şeýtan Iblis «owal-başdan ganhordy» (Ýahýa 8:44). Adamlar zalym Şeýtana we jynlara aldanyp, uruşlary we dawa-jenjelleri turuzýarlar (Ylham 12:9, 12).
Diňe Alla uruşlaryň we olaryň döremegine sebäp bolýan zatlaryň soňuna çykyp bilýär.