Adamlar uruşlary togtadyp bilmeýär
Uruşlaryň soňy geler!
Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, adamlar däl-de, Alla «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).
HUDAÝ HÖKÜMETLERI ÝOK EDER
Alla Armageddon söweşinde ähli hökümetleri ýok edera (Ylham 16:16). Şonda «bütin ýer ýüzüniň patyşalary Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe ýygnanarlar» (Ylham 16:14). Armageddon iň soňky söweş bolar. Şondan soň ýer ýüzünde uruş bolmaz.
Ýer ýüzünde häzirki hökümetler däl-de, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer. Ol gökde we hiç haçan ýok edilmez (Danyýar 2:44). Hudaý onuň patyşasy edip ogly Isa Mesihi belledi (Işaýa 9:6, 7; Matta 28:18). Isa şägirtlerine şol Patyşalykb hakda doga etmegi öwredipdi (Matta 6:9, 10). Bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürjek şol Patyşalygyň raýatlary asuda, parahat ýaşar.
Patyşalardan, hökümet ýolbaşçylaryndan tapawutlylykda, Isa ygtyýaryny öz bähbidi üçin ulanmaz. Ol adalatly hem-de adamlary ala tutmaýan Patyşa bolar. Ol adamlaryň milletine, tire-taýpasyna, medeniýetine seredip adalatsyzlyk etmez (Işaýa 11:3, 4). Şeýle-de onuň Patyşalygynda hiç bir adam hak-hukugyny goramak üçin göreşmeli bolmaz, sebäbi Isa her bir adamyň aladasyny eder. «Ol perýat edýän garyby, hossarsyz mätäji halas eder... Olary zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:12—14).
Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünden ähli ýaraglary ýok eder (Mikaý 4:3). Şeýle-de urşagan, dawaçyl, gozgalaňçy, zalym adamlaryň ýoguna ýanar (Zebur 37:9, 10). Aýal-erkek, garry-ýaş, bala-çaga, ähli adamlar ýeriň dört künjegine arkaýyn gidip biler. Olara hiç hili howp abanmaz (Hyzkyl 34:28).
Ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende adamlar eşretli durmuşda ýaşar. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygy uruşlaryň döremegine sebäp bolýan kynçylyklary aýrar. Adamlar açlykdan, garyplykdan, öýsüzlikden kösenmez. Iýmit bol bolar, her bir adamyň öz öýi bolar, onda hezil edip ýaşar (Zebur 72:16; Işaýa 65:21—23).
Hudaýyň Patyşalygy uruşlaryň ýetiren zyýanynyň öwezini dolar. Adamlaryň on iki süňňi abat bolar. Olara howsala, gorky-ürki ýat bolar. Hatda ölen adamlar direler (Işaýa 25:8; 26:19; 35:5, 6). Her bir maşgalanyň başy jem bolar. Ýakymsyz ýatlamalar ýada düşmez, «sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:4).
HUDAÝ GÜNÄNI AÝRAR
Ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende ähli adamlar «söýýän we parahatlyk berýän» hak Hudaý Ýehowac sežde eder (2 Korinfliler 13:11). Her bir adam oňşup ýaşamagy öwrener (Işaýa 2:3, 4; 11:9). Hudaýa gulak asýan adamlar günäden azat bolup, kämillige ýeter (Rimliler 8:20, 21).
HUDAÝ ŞEÝTANY WE JYNLARY ÝOK EDER
Hudaýyň Patyşalygy adamlaryň uruşmagyna sebäp bolýan Şeýtany we onuň jynlaryny ýok eder (Ylham 20:1—3, 10). Zalym Şeýtan we jynlar bolmasa, ýer ýüzünde «parahatlyk höküm sürer» (Zebur 72:7).
Hudaý söz berişi ýaly, urşuň we dawa-jenjeliň soňuna çykar. Onuň beren sözünde durmaga hem islegi bar, hem güýji ýetýär. Siz Oňa doly ynanyp bilersiňiz.
Hak Hudaý urşy we dawa-jenjeli doly aýryp bilýär, sebäbi Onuň akyldarlygy hem güýji çäksiz (Eýýup 9:4). Onuň başarmajak zady ýok (Eýýup 42:2).
Alla adamlaryň ejir çekýändigini görüp gynanýar (Işaýa 63:9). Şeýle-de Ol «zorlugy söýýäni ýigrenýär» (Zebur 11:5).
Hudaý hemişe beren sözünde durýar, Ol ýalan sözlemeýär (Işaýa 55:10, 11; Titus 1:2).
Alla her bir adamy parahat durmuşda ýaşadar. Olar wagtlaýyn däl-de, ebedi parahat ýaşar.
Hudaý uruşlaryň soňuna çykar
a «Armageddon söweşi näme?» diýen makalany jw.org saýtyndan okaň.
b «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony jw.org saýtyndan görüň.
c Hudaýyň ady Ýehowa (Zebur 83:18).