Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp25 No. 1 sah. 14—15
  • Uruş bolsa-da, parahat ýaşap bilersiňiz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Uruş bolsa-da, parahat ýaşap bilersiňiz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • Elhenç uruş
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
  • Uruşlaryň soňy geler!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
  • Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Näme üçin durmuşymyz manyly boldy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
wp25 No. 1 sah. 14—15
Uruşda elsiz galan we maýyplaryň arabasynda oturan garry adam maşgalasy bilen daşarda saçak başynda otyr.

Uruş bolsa-da, parahat ýaşap bilersiňiz

Öň harby işgär bolan Geri şeýle diýýär: «Mukaddes Kitapdan bilim almankam ýer ýüzünde adalatsyzlyk, erbetlik, kynçylyk näme üçin bolýarka diýýärdim. Emma Ýehowa Hudaýyň adamlary asuda, parahat durmuşda ýaşatjakdygyny bilip ýüregim giňedi».

Geri ýaly başga-da köpleri şu zatlar biynjalyk edýärdi. Geliň, olara Mukaddes Kitabyň nädip kömek edendigini bileliň.

MUKADDES KITAPDA ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli» (Zebur 86:5).

NÄDIP KÖMEK EDÝÄR? «Men Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna ynanýaryn. Urşa gatnaşyp, eden erbet işlerimi bagyşlajakdygyny bilýärin» (Wilmar, Kolumbiýa).

MUKADDES KITAPDA ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn, öňki zatlar ýada düşmez, sizi gama batyrmaz» (Işaýa 65:17).

NÄDIP KÖMEK EDÝÄR? «Uruş gutarsa-da, onuň ýetiren zyýanyndan häzirem kösenýärin. Men köplenç howsala, göwnüçökgünlige düşýärin. Aýatdaky sözler Ýehowanyň tizden keýpimi gaçyrýan pikirleri, erbet ýatlamalary aýyrjakdygyna ynandyrýar. Olar asla ýada düşmez. Meniň üçin şondan uly bagt ýok» (Zafira, ABŞ).

MUKADDES KITAPDA ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Onuň şalygynda dogruçyllar döwran sürsün, asmanda Aý dursun, parahatlyk höküm sürsün» (Zebur 72:7).

NÄDIP KÖMEK EDÝÄR? «Men köplenç şu sözler hakda oýlanýaryn. Tizden urşuň, erbetlikleriň bolmajakdygyny, dogan-garyndaşlarymy alada etmän ýaşajakdygymy göz öňüne getirenimde ýüregim giňeýär» (Aleksandra, Ukraina).

MUKADDES KITAPDA ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Ölüleriň direler... Ýerastynyň ilaty, oýan, şatlykdan ýaňa gygyr!» (Işaýa 26:19).

NÄDIP KÖMEK EDÝÄR? «Tutsi tiresini gyranlarynda meniň hem maşgalamy öldürdiler. Ýöne şu aýat maňa göwünlik berýär. Tizden ýakynlarymyň direlip, şadyýan seslerini eşitjek günlerime sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» (Mariýa, Ruanda).

MUKADDES KITAPDA ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar. Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (Zebur 37:10, 11).

NÄDIP KÖMEK EDÝÄR? «Uruş gutarsa-da, adalatsyz, zalym adamlar bar. Aýatdaky sözler meniň güýjüme güýç goşýar. Ýehowa ähli zady görýär, meniň ýagdaýyma düşünýär. Ol tizden ähli kynçylyklaryň aýryljakdygyny, olaryň asla ýadymyza düşmejekdigini wada berýär» (Deýler, Täjigistan).

Ýokardaky sözleri Ýehowanyň Şaýady bolan adamlar aýtdylar. Olar Mukaddes Kitapdan milletparazlygy ýeňmegi, ýigrenjini aýyrmagy öwrendiler we ýüregine rahatlyk tapdylar (Efesliler 4:31, 32). Ýehowanyň Şaýatlary syýasata, gozgalaňlara goşulmaýarlar (Ýahýa 18:36).

Mundan başga-da, Ýehowanyň Şaýatlary ýeriň dört künjegindäki dogan-uýalaryna elinden gelen kömegini edýärler (Ýahýa 13:35). Meselem, ýokarda agzalan Aleksandra ýaşaýan ýerinde uruş bolýandygy üçin gyz dogany bilen öýüni taşlap gaýtmaly bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Serhetden geçen badymyza bizi garşy almaga çykan dogan-uýalary gördük. Olar bize täze ýere öwrenişmäge kömek etdiler».

Biz sizi Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna çagyrýarys. Siz ol ýerde häzirden nädip parahat ýaşap bolýandygyny öwrenersiňiz. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan tizden bütin ýer ýüzünde parahatlygyň boljakdygyny bilersiňiz. Özüňize golaý ýeri tapmak ýa-da Ýehowanyň Şaýatlary bilen «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan mugtuna okuw geçmek üçin jw.org saýtyna giriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş