GÖZLEG GEÇIRIŇ
Mukaddes Kitaby her gün okamaga kömek edýän maslahat
Biz günüň dowamynda köp işlere ýetişmeli bolýarys. Şeýlelikde, Hudaýyň Sözüni her gün okamagy ýatdan çykarýarys (Ýuşa 1:8). Şu maslahatlar size kömek eder.
Telefonyňyza duýduryjyny gurnaň. Mukaddes Kitaby okamaly wagty ýatladar ýaly telefonyňyza jaňly duýduryjyny gurnaň.
Mukaddes Kitaby el ýüzünde goýuň. Sizde Mukaddes Kitabyň çap edilen görnüşi bar bolsa, görünýän ýerde goýsaňyz her gün okarsyňyz (5 Mus. 11:18).
Ses ýazgysyny diňläň. Öz işleriňizi edýän wagtyňyz Mukaddes Kitabyň ses ýazgysyny diňläň. Tara uýa pioner bolup gulluk edýär. Ol çagalaryny eklemek üçin gijeki nobatda işleýär. Ol şeýle diýýär: «Men öýüň işlerini edýän wagtym Mukaddes Kitabyň ses ýazgysyny diňleýärin. Şeýdip, her gün Hudaýyň Sözüni okap bilýärin».
Tutanýerli boluň. Eger garaşylmadyk işler çykyp planyňyz üýtgese, şol günüň dowamynda iň bolmanda birnäçe aýady okamagy maksat ediniň. «Dama-dama köl bolar» diýlişi ýaly, birnäçe aýadyň hem uly peýdasyny görersiňiz (1 Pet. 2:2).