Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/12 sah. 11—15
  • Üstünligiňi hemmeler görsün

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Üstünligiňi hemmeler görsün
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihçilere ýaraşýan häsiýetleri ösdüriň
  • Sözüňizde göreldeli boluň
  • Özüňizi gowy alyp baryň we ahlak taýdan göreldeli boluň
  • Söýmek we iman etmek wajyp
  • Üstünligiňiz görner ýaly, tagalla ediň
  • Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Jogapkär doganlar, Timoteosyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi
    Çagalaryňyza öwrediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/12 sah. 11—15

Üstünligiňi hemmeler görsün

«Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 TIM. 4:15).

1, 2. Biz Timoteosyň ýaşlygy barada näme bilýäris we ol ýigrimi ýaşlaryndaka näme boldy?

TIMOTEOS kiçilikden Rimiň Galatiýa welaýatynda, häzirki Türkiýede ýaşaýardy. Isa ölenden soň birnäçe ýyldan ençeme ýygnaklar döredi. Şol ýygnaklaryň birinde ýaş Timoteos, onuň ejesi we enesi mesihçi bolup, yhlasly gulluk edýärdi (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Ýaş mesihçi Timoteos, maşgalasy bilen ýaşaýandygyna begenýärdi. Birdenkä onuň durmuşy özgerdi.

2 Pawlus resul şol ýygnaklara ikinji sapar aýlananda, Timoteos ýigrimi ýaşlaryndady. Ol Listra baranda, Timoteosyň «doganlaryň arasynda ýagşy ady bardygyny» eşidýär (Res. iş. 16:2). Timoteos ýaşlygyna garamazdan, ruhy taýdan ýetişen mesihçidi. Tizden mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça, Pawlus ýerli ýaşulular bilen Timoteosyň üstüne ellerini goýup, oňa ýygnakda aýratyn ýumuş berdiler (1 Tim. 4:14; 2 Tim. 1:6).

3. Timoteosa nähili hormatly ýumuş berildi?

3 Pawlus Timoteosa ýoldaş bolmagy teklip etdi (Res. iş. 16:3). Muňa Timoteosyň, nähili, begenendigini göz öňüne getiriň! Ol resullaryň tabşyran ýumşuny birnäçe ýyl Pawlus bilen, soňra beýleki doganlar bilen ýerine ýetirdi. Pawlus bilen Timoteos ýygnaklary aýlanyp dogan-uýalary ruhy taýdan berkidýärdi (Resullaryň işleri 16:4, 5-nji aýatlary okaň). Timoteos ruhy taýdan ýetişendigi üçin köp mesihçiler ony tanaýardy. Pawlus Timoteos bilen on ýyla golaý gulluk edensoň filipililere şeýle ýazdy: «Çünki siziň ýagdaýyňyz barada onuň (Timoteos) ýaly oýlanyp, ýürekden aladalanjak başga adamym ýok... atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etmek bilen, öz gadyr-gymmatyny subut edenini siz bilýänsiňiz» (Flp. 2:20—22).

4. a) Timoteosa nähili jogapkärli ýumuş ynanyldy? b) Pawlusyň 1 Timoteos 4:15-de aýdan sözlerini okap, nähili soraglar ýüze çykýar?

4 Pawlus filipililere hat ýazan mahaly Timoteosa jogapkärli ýumşy, ýagny ýaşululary we gulluk kömekçileri bellemegi tabşyrdy (1 Tim. 3:1; 5:22). Görşümiz ýaly, Timoteos ynamdar gözegçi bolup ýetişdi. Pawlus resul şol hatynda Timoteosa «ilerleýşiňi (üstünligiňi, TD) hemmelere» görkez diýip ündedi (1 Tim. 4:15). Eýsem, Timoteos şol wagt üstünligini görkezmedimi näme? Elbetde, görkezdi. Onda Pawlusyň aýdan sözleri näme aňladýar we biz onuň maslahatyndan näme öwrenip bileris?

Mesihçilere ýaraşýan häsiýetleri ösdüriň

5, 6. Efesosdaky ýygnagyň ruhy taýdan arassalygyna nähili howp abandy we Timoteos ýygnagy nädip gorap bilerdi?

5 1 Timoteos 4:15-iň ýokarsyndaky we aşagyndaky aýatlara seredeliň (1 Timoteos 4:11—16-njy aýatlary okaň). Pawlus bu sözleri ýazmanka, Makedoniýa gidip, Timoteosa Efesosda galmagy haýyş etdi. Näme üçin? Sebäbi bu şäherde ýalan taglymatlar zerarly ýygnakda bölünişik döredi. Timoteos ýygnagy ruhy taýdan goramalydy. Nädip? Ol dogan-uýalara gowy görelde görkezmelidi.

6 Pawlus resul Timoteosa şeýle diýdi: «Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde... imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol. Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:12, 15). Timoteosa şonuň ýaly häsiýetleri ösdürmek, jogapkärli borjy almakdan wajypdy. Ähli mesihçiler hem şeýle häsiýetleri ösdürmeli.

7. Ýygnakda ähli dogan-uýalar näme etmeli?

7 Şu günlerem ýygnakda doganlar Timoteos ýaly dürli jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärler. Käbir doganlar ýaşuly we gulluk kömekçisi bolup hyzmat edýär. Käbirleri bolsa pioner bolup gulluk edýär. Başga dogan-uýalar aýlanýan gözegçi, beýtelçi we missioner bolup gulluk edýärler. Ýaşulular kongreslerde doklad bilen çykyş edýär. Emma ähli mesihçilerde, ýagny doganlarda, uýalarda we ýaşlarda ruhy häsiýetleri ösdürmäge mümkinçilik bar (Mat. 5:16). Aýratyn borçlary ýerine ýetirýän mesihçileriň, Timoteos ýaly ähli zatda ruhy häsiýetleri görünmeli.

Sözüňizde göreldeli boluň

8. Aýdýan sözlerimiz gullugymyza nähili täsir edýär?

8 Timoteos sözi bilen hem görelde görkezdi. Biz nädip sözde görelde görkezip bileris? Biziň aýdýan sözlerimiz nähili adamdygymyzy görkezýär. Isa: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözlenýändir» diýip nygtap geçdi (Mat. 12:34). Isanyň ene bir dogany Ýakup aýdýan sözlerimiziň gullugymyza täsir edýändigini aýtdy. Ol: «Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir» diýdi (Ýakup 1:26).

9. Biz sözde nädip göreldeli bolup bileris?

9 Ýygnakdaky doganlar sözleýşimizden ruhy taýdan ösendigimizi görýär. Ruhy taýdan ýetişen mesihçi hapa, ajy, tankytlaýjy we ýaramaz sözleri aýtman, ruhlandyryjy, göwünlik we teselli beriji sözleri aýdýar (Sül. tym. 12:18; Efes. 4:29; 1 Tim. 6:3—5, 20). Biz adamlara Hudaýyň ýokary ahlak kadalarynyň peýdalydygy barada açyk gürrüň berip we olar boýunça ýaşap, Ýehowa wepalydygymyzy görkezýäris (Rim. 1:15, 16). Ak ýürekli adamlar nähili gepleýändigimize syn edip, göreldämize eýerip biler (Flp. 4:8, 9).

Özüňizi gowy alyp baryň we ahlak taýdan göreldeli boluň

10. Ruhy taýdan üstünlik gazanar ýaly, näme üçin hilesiz iman etmeli?

10 Hudaýyň gullukçylary diňe bir sözünde göreldeli bolmaly däl. Adamyň aýdýan sözleri bilen edýän işleri gabat gelmese, ol ikiýüzlüdir. Pawlus resul fariseýleriň ikiýüzlüdigini we bu häsiýetiň zyýanlydygyny gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol Timoteosa ikiýüzli bolmazlygy we ýalan sözlemezligi maslahat berdi (1 Tim. 1:5; 4:1, 2). Timoteos ikiýüzli däldi. Pawlus resul Timoteosa ýazan ikinji hatynda: «Sende hilesiz imanyň bardygyny ýatlaýaryn» diýdi (2 Tim. 1:5). Muňa garamazdan, Timoteos iş ýüzünde göreldeli bolup, doganlara ikiýüzli däldigini görkezmelidi.

11. Pawlus resul Timoteosa baýlyk babatda näme diýdi?

11 Pawlus resul Timoteosa ýazan ikinji hatynda özüňi alyp barmak babatda nesihat berdi. Meselem, Timoteos baýlyga kowalaşmaly däldi. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar» (1 Tim. 6:10). Puly söýmek ruhy taýdan gowşaklygy görkezýär. Mesihçiler ýönekeý ýaşap, «iýmäge, geýmäge zadynyň bardygyna» kaýyl bolup, ruhy taýdan ösýärler (1 Tim. 6:6—8; Flp. 4:11—13).

12. Ruhy taýdan ösýändigimizi durmuşymyzda nädip görkezip bileris?

12 Pawlus resul Timoýeteosa uýalaryň «ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen... bezenmelidigini» aýtdy (1 Tim. 2:9, 10). Salykatly aýal egin-eşigi we daş-keşbi bilen hemişe başgalara göreldeli bolýar (1 Tim. 3:11). Bu prinsip doganlara-da degişli. Pawlus resul gözegçileriň «hüşgär, sagdyn duşünjeli, gepi-sözi ýerlikli» bolmalydygyny aýtdy (1 Tim. 3:2). Biz her gün şeýle häsiýetlere eýersek, onda hemmeler muny görer.

13. Biz nädip Timoteos ýaly, ahlak taýdan göreldeli bolup bileris?

13 Timoteos ahlak taýdan hem arassa ýaşap gowy görelde görkezdi. Pawlus iň wajyp zat, ýagny jynsy ahlaklylyk barada aýtdy. Esasanam, Timoteos aýallar bilen özüni edepli alyp barmalydy. Ol «garry aýallara, öz enesi ýaly, ýaş aýallara hem öz aýal doganlary ýaly, tämiz ahlak bilen» garaýardy (1 Tim. 4:12; 5:2). Ahlaksyzlyk edilip, gizlenilýän ýaly görünse-de, Hudaý muny bilýär we iň soňy onuň üsti açylar. Şonuň ýaly, Hudaýyň gullukçylarynyň gowy işleri-de gizlin galmaz (1 Tim. 5:24, 25). Ýygnakdaky ähli dogan-uýalar ahlak taýdan arassa bolup, gowy häsetlerini görkezip biler.

Söýmek we iman etmek wajyp

14. Mukaddes Ýazgylarda birek-biregi söýmek nädip nygtalýar?

14 Hudaýyň gullukçylary biri-birini söýmeli. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35). Biz nädip söýgimizi bildirip bileris? Hudaýyň Sözünde birek-biregi söýmek, «biri-biriňize mähriban, gamhor bolup... biri-biriňizi bagyşlaň» we myhmansöýer boluň diýip ündelýär (Efes. 4:2, 32; Ýew. 13:1, 2). Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň» (Rim. 12:10).

15. Näme üçin ählimize, aýratynam, gözegçilere söýmek wajyp?

15 Timoteos dogan-uýalar bilen özüni gödek we rehimsiz alyp baran bolsa, bu gowy mugallym we gözegçi bolmaga päsgel bererdi (1 Korintoslylar 13:1—3-nji aýatlary okaň). Timoteosyň doganlary ýürekden söýmegi, myhmansöýerligi we olara ýagşylyk etmegi, ruhy taýdan ösendigini görkezýärdi. Şol sebäpli Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda, onuň has-da söýgüde göreldeli bolmalydygyny aýratyn belläp geçdi.

16. Näme üçin Timoteos imanyny berkitmelidi?

16 EfesosdaTimoteosyň imany synaldy. Käbir doganlar Hudaýyň hakykatyna garşy gelýän taglymatlary ýöredýärdi. Käbirleri bolsa, ýygnakdaky doganlara ruhy taýdan zyýan ýetirýän «ertekileri» we jedelli taglymatlary ýaýradýardylar (1  Timoteos 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Pawlus şol adamlar barada «tekepbirdir hiç zady bilýän däldir, jedel söz dawalarynyň hassasydyr» diýdi (1 Tim. 6:3, 4). Timoteos ýygnakdaky zyýanly pikirler barada jedelleşmelimidi? Ýok, Pawlus oňa şeýle maslahat berdi: «Imanyň oňat göreşini alyp bar» we «ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder» (1 Tim. 6:12, 20, 21). Timoteos Pawlusyň beren paýhasly maslahatyna eýerdi (1 Kor. 10:12).

17. Şu günler imanymyz nädip synalyp biler?

17 Pawlus Timoteosa: «Soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner» diýdi (1 Tim. 4:1). Ähli dogan-uýalar we jogapkär doganlar Timoteos ýaly, imanyny berkitmelidi. Hudaýyň ýolunda berk durup, ýalan taglymatlary inkär etsek, ruhy taýdan üstünligimizi görkezeris we imanda göreldeli bolarys.

Üstünligiňiz görner ýaly, tagalla ediň

18, 19. a) Biz üstünligimizi nädip hemmelere görkezip bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?

18 Mesihçiniň ruhy taýdan ösmegi daş-keşbine, zehinine we wezipesine bagly däl. Şeýle-de Hudaýa köp ýyl gulluk edip, ruhy taýdan üstünlik gazanyp bolmaýar. Biz Ýehowanyň isleýşi ýaly pikir etsek, sözlesek we özümizi alyp barsak, ruhy taýdan ösýäris (Rim. 16:19). Biz bir-birimizi söýmeli we imanymyzy berkitmeli. Geliň, Pawlusyň Timoteosa aýdan sözleri barada oýlanyp, olary özleşdirip, üstünligimizi hemmelere görkezeliň.

19 Şeýle-de şatlykly bolsak, ruhy taýdan ýetişendigimizi görkezýäris, çünki bu Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22, 23). Indiki makalada kynçylyklarda nädip şatlanyp bolýandygyna serederis.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Aýdýan sözlerimizden adamlar näme öwrenip biler?

• Özümizi gowy alyp baryp hem-de ahlak taýdan göreldeli bolup, üstünligimizi nädip görkezýäris?

• Hudaýyň gullukçylary söýgüde we imanda näme üçin göreldeli bolmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş