Biz Hudaýyň iberen halasgärini tapdyk!
«Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter» (1 KOR. 15:22).
1, 2. a) Andreas bilen Filipus Isany görende nähili netijä geldi? b) Isanyň Mesihdigine I asyrdaky mesihçilere garanda, näme üçin bizde has köp subutnama bar?
ANDREAS nasyraly Isanyň Hudaýyň bellän Halasgäridigine, ýagny Mesihdigine göz ýetirip: «Biz Mesihi... tapdyk» diýip, dogany Petrusa aýdýar. Filipus hem dosty Natanaýele: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýip, ynam bilen aýdýar (Ýahýa 1:40, 41, 45).
2 Siz Isanyň wada edilen Mesihdigine, Ýehowanyň «gutulyşynyň Öňbaşçysydygyna» ynanýarmysyňyz? (Ýew. 2:10). I asyrda ýaşan mesihçilere garanyňda, bizde Isanyň Mesihdigini görkezýän subutnamalar has köp. Hudaýyň Sözi Isanyň ýer ýüzünde ýaşan bütin ömrüni beýan edip, onuň Mesihdigini doly subut edýär (Ýahýa 20:30, 31-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Isa gökde Mesihi roluny häzirem berjaý edýär (Ýahýa 6:40; 1 Korintoslylar 15:22-ni okaň). Siz hem Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlaryňyzyň esasynda «Mesihi tapdym» diýip bilersiňiz. Geliň, ilki bilen, Isanyň I asyrdaky şägirtleriniň nämäniň esasynda Mesihi tapdyk diýendigine seredeliň.
Mesih baradaky «mukaddes syr» kem-kemden aýan bolýar
3, 4. a) I asyrda ýaşan mesihçiler Mesihi nädip tapdylar? b) Mesihe degişli pygamberlikleri näme üçin diňe Isa ýerine ýetirdi diýse bolar?
3 I asyrda ýaşan şägirtler Isanyň Mesihdigine näme üçin ynanypdyrlar? Ýehowa Mesihiň geljekdigini pygamberler arkaly kem-kemden aýan edýär. Muny şu mysal arkaly düşündirse bolar. Aýdaly, birnäçe adamyň hersi köýnegiň bir bölegini tikdi: biri ýeňini, beýlekisi ýakasyny, ýene biri ýanyny. Olar birikdirilende, bir adamyň elinden çykan ýaly, owadan köýnek boldy. Bu tötänden şeýle boldy diýse bolarmy? Biri köýnegi öňünden biçip, onuň böleklerini olara paýlapdyr diýen netijä gelsek dogry bolmazmy? Şol köýnegiň bölekleri ýaly, Mesih baradaky her bir pygamberlik hem Ol hakda wajyp zady habar berýär.
4 Mesih baradaky pygamberlikleriň ählisi tötänden bir adamda ýerine ýetmegi mümkinmi? Bir alymyň aýtmagyna görä, Mesih baradaky pygamberlikleriň ählisi tötänden Isada berjaý bolmagy asla mümkin däl. Şeýlelikde, şol alym «Mesihe degişli pygamberlikleri Isa, diňe Isa ýerine ýetirdi» diýen netijä gelýär.
5, 6. a) Şeýtan nädip höküm ediler? b) Hudaý wada edilen «nesliň» kimden geljekdigini nädip kem-kemden açdy?
5 Mesih baradaky pygamberlikler, esasan, «mukaddes syr» bilen baglanyşykly. Bu «syr» köp zady öz içine alyp, gökdäkilere-de, ýerdäkilere-de degişli (Kol. 1:26, 27, TD; Bar. 3:15, Araz Parwişiň terjimesi). Mukaddes syra laýyklykda, adamzady günä we ölüme iteren «köne ýylan», ýagny Şeýtan Iblis höküm edilmeli (Ylh. 12:9). Nädip? Ýehowanyň aýtmagyna görä, «aýaldan» önen «nesil» Şeýtanyň kellesini owradar. Şeýdip, ol pitnäni, keselçiligi, ölümi hem ýok eder. Emma Hudaý ilki Şeýtana aýalyň «nesliniň» dabanyndan çakmaga ýol berer.
6 Ýehowa wada edilen nesliň kimden geljekdigini kem-kemden açdy. Hudaý Ybraýyma: «Ýer ýüzüniň bütin milletleri seniň nesliňden bereket tapar» diýip wada berdi (Bar. 22:18, AP). Musa bolsa özünden uly Bir «pygamberiň» geljekdigini öňünden aýtdy (Kan. tag. 18:18, 19). Şeýle-de Mesih Dawudyň neslinden gelip, onuň tagtyny ebedi miras aljakdygyny Dawudyň özüne aýdyldy, soňra muny pygamberler hem tassyklady (2 Sam. 7:12, 16; Ýerem. 23:5, 6).
Isanyň Mesihdiginiň subutnamasy
7. Isa nädip gökdäki «aýaldan» doguldy?
7 Hudaýyň gökdäki guramasy perişdelerden ybarat bolup, ol aýala meňzedilýär. Ýehowa ilkinji ýaradan Ogluny gökdäki guramasyndan ýere iberip, ony wada edilen nesil etdi. Munuň üçin Hudaýyň ýalňyz Ogly «Özüni hiç etdi» we gökdäki ýaşaýşyny goýup, kämil adam bolup doguldy (Flp. 2:5—7; Ýahýa 1:14). Mukaddes ruh Merýeme «kölege saldy» we «doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýildi» (Luka 1:35).
8. Isa suwda çokundyrylanda, Mesih baradaky pygamberligi nädip ýerine ýetirdi?
8 Mesih baradaky pygamberliklerde Isanyň haçan we nirede doguljakdygy aýdylýar. Öňünden aýdylyşy ýaly, Isa Beýtullahamda dogulýar (Mika 5:2). I asyrda ýaşan ýehudylar oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Mesihiň gelmegine garaşyp, olaryň käbiri Ýahýa çokundyryja: «Bu Mesihmikä?» diýýärdiler. Emma Ýahýa olara: «Menden Güýçlüsi geler» diýip jogap berdi (Luka 3:15, 16). Isa bellenen wagty Mesih bolmak üçin, b. e. 29-njy ýylynyň güýzünde, ýagny 30 ýaşlarynda Ýahýanyň ýanyna baryp, suwda çokundyrylýar (Dan. 9:25). Şondan soňra ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady» diýip, wagyz edip başlaýar (Mar. 1:14, 15).
9. Isanyň şägirtleri köp zatlara düşünmese-de, nämä berk ynanýardy?
9 Adamlar Isany patyşa hökmünde şöhratlandyrsalar-da, onuň gelejekde gökden höküm sürjekdigine doly düşünmeýärdiler (Ýahýa 12:12—16; 16:12, 13; Res. iş. 2:32—36). Şol sebäpli Isa şägirtlerine: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus muňa ýaýdanman: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi (Mat. 16:13—16). Köp adamlar Isanyň taglymatlaryna büdräp, ony terk edenlerinde-de, Petrus şeýle jogap beripdi (Ýahýa 6:68, 69-njy aýatlary okaň).
Mesihe gulak asyň
10. Ýehowa näme üçin Ogluna gulak asmagy buýurdy?
10 Gökde Hudaýyň ýeke-täk Ogly güýçli ruhy şahsyýetdi. Ýer ýüzünde ol Hudaýyň wekilidi (Ýahýa 16:27, 28). Şonuň üçin hem Isa: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki» diýdi (Ýahýa 7:16). Isanyň görnüşi üýtgäp, Mesihligi tassyklananda, Ýehowa: «Ony diňläň» diýip buýurdy (Luka 9:35). Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutsak, elbetde, Hudaýyň saýlan Adamyny diňlemeli, ýagny gulak asmaly. Munuň üçin iman etmeli we ony iş ýüzünde görkezmeli. Şonda Hudaýyň göwnünden turup, ebedi ýaşaýşa gowşarys (Ýahýa 3:16, 35, 36).
11, 12. a) I asyrda ýaşan ýehudylar näme üçin Isany Mesih hökmünde kabul etmediler? b) Isa kim iman etdi?
11 Isanyň Mesihdigini görkezýän subutnamalar sanardan köp bolsa-da, I asyrda ýaşan ýehudylaryň köpüsi ony kabul etmedi. Näme üçin? Sebäbi olaryň Mesih barada öz düşünjeleri bardy. Olar Mesih syýasy ýolbaşçy bolup, rimlileriň süteminden azat eder öýdýärdiler (Ýahýa 12:34-i okaň). Pygamberlige laýyklykda, ýigrenilen, agyrynyň we keseliň derdini bilen, soňra öldürilen Mesihi ýehudylar kabul edip bilmediler (Iş. 53:3, 5). Onuň käbir wepaly şägirtleri hem rimlileriň süteminden azat etmändigi üçin lapykeç boldular. Emma şonda-da wepaly galyp, wagty bilen bar zada dogry düşünip başladylar (Luka 24:21).
12 Käbir adamlar bolsa Isanyň taglymatlaryna düşünmän, ony Mesih hökmünde kabul etmediler. Patyşalyga girmek üçin, «özüňi inkär etmeli», Isanyň «tenini iýip, ganyny içmeli», «gaýtadan dogulmaly» we bu dünýäden bolmaly däl (Mar. 8:34; Ýahýa 3:3; 6:53; 17:14, 16). Tekepbir, baý we ikiýüzli adamlar şol talaplar boýunça ýaşamagy gaty kyn gördüler. Emma Oňa «dünýäniň çyn Halasgäri, Mesih» diýen käbir samariýalylar ýaly, kiçigöwünli ýehudylar hem Isany Mesih hökmünde kabul etdiler (Ýahýa 4:25, 26, 41, 42; 7:31).
13. Isanyň dabanyndan nädip çakyldy?
13 Isanyň öňünden aýdyşy ýaly, ony baş ruhanylar höküm etdiler; özge milletler bolsa ony pürse çüýlediler, üçünji gün ol direldi (Mat. 20:17—19). Mejlisiň öňünde ol özüni «Hudaýyň Ogly Mesihdigini» tassyklanda, «Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler (Mat. 26:63—66). Pilatus «Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok» diýse-de, ýehudylar ony «halky azdyrmakda» aýyplady. Şol sebäpli Pilatus «Isany olaryň erkine berdi» (Luka 23:13—15, 25). Şeýlelikde, Isanyň Hudaý tarapyn iberilen Halasgärdigini tassyklaýan ençeme subutnamalar bolsa-da, olar «Ýaşaýyş Başlygyny» inkär edip, ölüme tabşyrdylar (Res. iş. 3:13—15). Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, b. e. 33-nji ýylynyň Pashasynda Mesih pürse çüýlenip «öldürildi» (Dan. 9:26, 27; Res. iş. 2:22, 23). Gelip çykyş 3:15-de aýdylyşy ýaly, Isanyň «dabanyndan» çakyldy, ýagny öldürildi.
Mesih näme üçin öldürildi?
14, 15. a) Ýehowa näme üçin Isanyň öldürilmegine ýol berdi? b) Isa direlenden soň näme etdi?
14 Ýehowa iki wajyp sebäbe görä, Isanyň öldürilmegine ýol berdi. Birinjiden, Isa ölýänçä wepaly galyp, «mukaddes syryň» wajyp bölegini berjaý etdi. Ol kämil adamyň iň agyr ýagdaýlarda-da, «Hudaýyň ýolunda» ýöräp, Şeýtanyň guran duzaklaryna garamazdan, Hudaýyň hökümdarlygyny goldap biljekdigini subut etdi (1 Tim. 3:16). Ikinjiden, «Ynsan Ogly... köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mat. 20:28). Bu «töleg» Adam atanyň nesillerini günäniň we ölümiň gulçulygyndan halas edýär hem-de Isany Hudaýyň iberen Halasgäri hökmünde kabul eden ähli adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (1 Tim. 2:5, 6).
15 Mesih üçünji gün direldi we kyrk günüň dowamynda şägirtlerine görnüp, özüniň diridigini subut etdi hem-de gerekli görkezmeleri berdi (Res. iş. 1:3—5). Soňra ol göge galyp, Ýehowa gymmatly töleg gurbanynyň bahasyny hödürledi we Mesihi Patyşa hökmünde tagta çykjak wagtyna çenli garaşdy. Emma ol munuň bilen çäklenmedi.
Mesih roluny häzir hem berjaý edýär
16, 17. Isanyň göge dolanyp, Mesih hökmünde eden we etmeli işlerini gürrüň beriň.
16 Isa direlip, derrew Patyşa bolmady. Ol ençeme asyrlap mesihçiler ýygnagyna Patyşa hökmünde ýolbaşçylyk we gözegçilik etdi (Kol. 1:13). Bellenen wagty bolsa ol patyşalyk tagtyna geçip, doly ygtyýar aldy. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler we dünýäde bolýan wakalar Isanyň 1914-nji ýylda Patyşa bolandygyny hem-de soňky günleriň başlandygyny tassyklaýar (Mat. 24:3; Ylh. 11:15). Ol biraz wagtdan perişdeleri bilen Şeýtany we onuň jynlaryny gökden ýer ýüzüne zyňdy (Ylh. 12:7—10).
17 Isanyň b. e. 29-njy ýylynda başlan wagyz we şägirt taýýarlamak işi tamamlanyp gelýär. Tizden ol ähli adamlary höküm eder. Soňra ol Ýehowanyň iberen Halasgärini kabul eden ýumşak adamlara: «Dünýä gurlaly siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň» diýer (Mat. 25:31—34, 41). Gökdäki goşuna baştutanlyk edip, ähli erbet adamlara garşy çykanda bolsa, Isa özüni Patyşa hökmünde kabul etmedik adamlary ýok eder. Şeýle-de ol Şeýtany baglap, ony we jynlaryny «dowzaha», ýagny düýpsüz çuňluga zyňar (Ylh. 19:11—14; 20:1—3).
18, 19. Isanyň Mesih hökmündäki roluny doly ýerine ýetirmegi gulak asýan adamlara nähili bereketler getirer?
18 Isa «Ajaýyp maslahatçy, Güýçli hudaý, Ebedi ata, Parahatlyk şazadasy» diýilýär. Ol Müňýyllyk hökümdarlygynda şol atlaryna görä ýaşar (Iş. 9:6, 7). Onuň Patyşalygy adamlara, şol sanda direlenlere hem kämil bolmaga kömek eder (Ýahýa 5:26—29). Mesih gulak asýan adamlary «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter» we Ýehowa bilen dost bolmaga ýardam eder (Ylham 7:16, 17-nji aýatlary okaň). Iň soňky synagdan soň, ähli pitneçiler, şol sanda Şeýtan we onuň jynlary hem «ot, kükürt kölüne zyňylar», şeýdip, «ýylanyň» kellesi owradylar (Ylh. 20:10).
19 Mesih hökmündäki roluny Isa diýseň gowy we birkemsiz ýerine ýetirer. Ýer ýüzünde boljak Jennetde günäsi ýuwlan kämil adamlar ebedi hem bagtly ýaşar. Ýehowanyň mukaddes ady töhmetden arassalanar we älem-jahanda höküm sürmek haky doly subut ediler. Hudaýyň Mesihine gulak asýan ähli adamlara, gör, nähili ajaýyp ýaşaýyş garaşýar!
Sen Mesihi tapdyňmy?
20, 21. Sen näme üçin Mesih barada gürrüň berýärsiň?
20 1914-nji ýyldan bäri biz Mesihiň höküm sürýän döwründe ýaşaýarys. Biz Mesihi Patyşanyň höküm sürşüni gözümiz bilen görmesek-de, ýerine ýetýän pygamberliklerden görýäris (Ylh. 6:2—8). Şonda-da I asyrdaky ýehudylar ýaly köp adamlar häzir Mesihiň höküm sürýändigine ynanmaýarlar. Olar syýasy ýolbaşçylara bil baglaýarlar we kynçylyklary hökümet çözer öýdýärler. Emma sen häzir Isanyň Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürýändigini bilýärsiň. Sen muňa begenýärsiň gerek? I asyrdaky şägirtler ýaly senem: «Biz Mesihi tapdyk» diýensiň.
21 Sen hoş habary wagyz edeniňde, Isanyň Mesihdigini, ýagny Hudaýyň iberen Halasgäridigini aýdýarmyň? Aýdýan bolsaň, Isanyň eden we etjek işlerine minnetdarlygyň has-da artar. Elbetde, Andreas we Filipus ýaly sen hem dogan-garyndaşlaryňa, dost-ýarlaryňa Mesih barada gürrüň berensiň. Isanyň, hakykatdan-da, wada edilen Mesihdigini, ýagny Hudaýyň iberen Halasgäridigini düşündirip, sen has-da yhlasly wagyz edip bilermiň?
Siz nähili düşündirersiňiz?
• I asyrda ýaşan şägirtler Mesihi nädip tapdylar?
• Isa näme üçin öldürildi?
• Isa Mesih hökmünde ýene-de näme eder?