Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/08 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Sözbaşylar
  • 14-nji iýuldan başlanýan hepde
  • 21-nji iýuldan başlanýan hepde
  • 28-nji iýuldan başlanýan hepde
  • 4-nji awgustdan başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 7/08 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

14-nji iýuldan başlanýan hepde

18-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň.

15 min. Sen «erkin gepleýärmiň?» (TD) 2006-njy ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 13—16-njy sahypalaryna esaslanan nutk. Batyrgaýlyk bilen wagyz etmegiň wajyplygyny nygtap geç.

20 min. «Çydamlylyk görkezýärmisiňiz?»a Nutk we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Hemmeleri şu soragyň üstünde oýlanmaga höweslendir: mesihi gullukda çydamlylyk görkezýärismi? Eger gowşandygymyzy duýan bolsak, onda ruhy taýdan berkemeli. 1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 20, 21-nji sahypalaryndaky pikirlere seret. Birnäçe ýyldan bäri wepalylyk bilen çydamlylyk görkezýän iki ýa-da üç wagyzçydan synaglara nädip döz gelýändigini gürrüň bermegi haýyş et.

26-njy aýdym

21-nji iýuldan başlanýan hepde

13-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler. Ýaşaýan ýeriňizde netijeli boljak hödürler barada indiki hepde gürrüň ediljekdigini wagyzçylara ýatlat we olardan taýýarlanmagy haýyş et.

15 min. Ýerli zerurlyklar.

20 min. «Taýýarlyk — üstünlikli ikinlenç idegi etmäge kömek edýär»b. Nutk we wagyzçy dört minudyň içinde ikilenç ideg etmäge taýýarlanýandygyny monolog hökmünde görkezmeli. Ol eden belliklerine seredip, dynç günleri gyzyklanan iki adamy ikilenç ideg etmekçi bolýar. Soňra ol bu iki adam bilen ilkinji idegde näme hakda gürrüň edendigini göz öňünde tutup, gürrüňdeşlik üçin tema saýlaýar we ikilenç idegiň maksadyny belleýär. Olaryň birine Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga, beýlekisine bolsa 4-nji abzasdaky maslahaty ulanyp, höwesini artdyrmaga taýýarlanýar.

17-nji aýdym

28-nji iýuldan başlanýan hepde

3-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara iýul aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat.

15 min. Ruhy taýdan oýa bolmaly. 2006-njy ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 18, 19-njy sahypasyndaky 17—21-nji abzaslara esaslanan galkyndyryjy nutk.

20 min. Hoş habary wagyz etmäge taýýarlanyň. Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Olardan meýdançasynda adamlary haýsy temanyň we näme üçin gyzykly boljakdygyny sora. Näme barada gürrüň etjekdigini aýtmagy haýyş et. Gürrüňdeşligi başlamak üçin haýsy soragy berip bolýar? Soňra haýsy aýady okasa bolýar? «Hudaýa gullugymyzdaky» ýa-da diňleýjileriň teklip edýän bir hödüri arkaly nädip gürrüňdeşlige başlap bolýandygyny görkez.

9-njy aýdym

4-nji awgustdan başlanýan hepde

29-njy aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. «Sowally bukja».

15 min. Siziň çagalaryňyz aýratyn territoriýada wagyz etmäge taýýarmy? Nutk we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Ýaş mesihçileriň mekdepde duş gelýän käbir kynçylyklaryny belläp geç. Ata-eneler we olaryň çagalary «Indeksi» ulanyp, peýdaly maglumaty nädip tapyp biljekdigini düşündir. Birnäçe mysallar getir. («Mekdepler» diýen sözbaşa we «Durmuşdan alnan wakalar» diýen sözbaşa seret). Mesihçi maşgalada terbiýe alan wagyzçylardan mekdepdäki kynçylyklara ata-eneleriniň olary nädip taýýarlandygyny we Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri nädip ulanmaga kömek edendigi barada gürrüň bermegi sora. Şeýle-de olar mekdepde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin «Oýanyň!» žurnalyndaky makalalar esasynda taýýarlan doklady barada agzap bilerler. Aýratyn territoriýada wagyz edendigi olary nädip gorandygy barada gürrüň bermegi haýyş et.

20 min. «Biz galalary ýykýarys»c. Diňleýjilerden olar bilen okuw geçilende, Mukaddes Ýazgylary öwreden wagyzçynyň olara ýürekden ynanýan ýalan dini taglymatlary taşlamaga sabyr bilen kömek edendigini gürrüň bermegi sora.

24-nji aýdym

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş