Teokratik gulluk mekdebiniň 2009-njy ýyl üçin meýilnamasy
GOLLANMA
2009-njy ýylda Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdakylar geçiler:
EDEBIÝATLAR: «Injil, Zebur we Süleýmanyň tymsallary» (Araz Parwişiň terjimesi, 1994), Mukaddes Ýazgylar (bi12-U), «Garawul diňi» (w), «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» (my), «Maşgala bagtynyň syry» (fy).
Mekdebi aýdym, doga we salamlaşmak bilen WAGTYNDA başlamaly, soňra aşakdaky ýaly dowam etmeli. Her çykyşdan soň, mekdebiň gözegçisi indiki çykyş etjegi we onuň temasyny yglan eder.
MUKADDES ÝAZGYLARDAN PEÝDALY PIKIRLER (10 min.). Tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy ilkinji dört minudyň dowamynda Mukaddes Ýazgylaryň şol hepde okalýan baplaryndan peýdaly pikirler bilen çykyş eder. Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji baplaryna seredilende, dogan dört minudyň dowamynda «Garawul diňinden» «Ýehowanyň Sözi diri» diýen bölümindäki pikirler bilen çykyş eder. Meselem, Barlyk kitabynyň ilkinji bäş baby 5-nji ýanwardan başlanýan hepdede serediler. Dogan birnäçe esasy pikirleri makalanyň Barlyk kitabyna degişli giriş abzaslaryndan saýlar. Ol materialy ýygnaga peýdaly bolar ýaly etmeli. Mukaddes Ýazgylardan alynýan pikirleriň esasy maksady — diňleýjilere maglumatyň näme üçin peýdalydygyna we nädip ulanmalydygyna düşünmäge kömek etmek. Çykyş edýän dogan özüne berlen dört minudyň çäginden çykmaly däl. Ol galan alty minudy hökman diňleýjilere goýmaly. Diňleýjiler bolsa okan baplaryndan tapan gyzykly we peýdaly pikirlerini gysgaça (30 sekuntdan köp bolmaly däl) gürrüň bermeli. Soňra mekdebiň gözegçisi okuwçylary klaslara böler.
No. 1 ÝUMUŞ (4 min. ýa-da ondan az). Bu ýumuş doganlara okamak üçin berilýär. Okuwçy giriş we jemleýji sözleri aýtman, berlen materialy okamaly. Mekdebiň gözegçisi okuwçylara düşnükli, labyzly, çalt we pauza bilen okamaga hem-de basymy dogry goýmaga kömek eder.
No. 2 ÝUMUŞ (5 min.). Bu ýumuş uýalara berilýär. Oňa «Teokratik gulluk mekdebinde okaýarys» kitabynyň 82-nji sahypasyndaky şertli ýagdaýlardan biri berilýär ýa-da özi saýlaýar. Okuwçy berlen temany ýygnagyň territoriýasynda wagyzda ulanylyşyny görkezmeli. Meýilnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly bolar. Mekdebiň gözegçisi okuwçynyň materialy ulanyşyna, söhbetdeşine Mukaddes Ýazgylardaky aýatlar barada oýlanmaga kömek edişine we esasy pikiri düşündirişine aýratyn üns berer. Mekdebiň gözegçisi oňa bir uýany kömekçi belleýär.
No. 3 ÝUMUŞ (5 min.). Bu ýumuş dogana ýa-da uýa berilýär. Okuwçy berlen tema boýunça çykyş etmeli. Meýilnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly. Eger dogana berlen bolsa, ony nutk görnüşinde taýýarlap, Patyşalyk Zalynda diňleýjileriň öňünde çykyş etmeli. Eger-de uýa berlen bolsa, ony No. 2 ýumuş ýaly taýýarlamaly. Ýumşa ýyldyzjyk goýlan bolsa, onda ol hemişe doganlara berilýär. Mümkin boldugyndan, bu ýumuş ýaşula ýa-da gulluk kömekçä berilmeli.
MASLAHAT (1—2 min.). Mekdebiň gözegçisi okuwçynyň haýsy sapagyň üstünde işländigini öňünden yglan etmeýär. No. 1, 2, 3 ýumuşlaryň hersinden soň, mekdebiň gözegçisi çykyşyň gowy taraplaryny aýdyp öwýär. Ol köplenç «Gulluk mekdebi» kitabyna salgylanýar. Okuwça goşmaça maslahat gerek bolsa, onda ikiçäk ýagdaýda duşuşykdan soň ýa-da başga bir wagty bermeli.
WAGT. Nutk bilen çykyş edýän doganlar ýa-da maslahat berýän dogan berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. No.1—3 ýumuşlar bilen çykyş edýän okuwçylar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda ony sypaýyçylyk bilen saklamaly. Eger Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda olara ikiçäk ýagdaýda maslahat bermeli. Hiç kim berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Duşuşyk jemi 30 minut dowam etmeli.
GÜNDELIK. «Gulluk mekdebi» kitabynda.
MASLAHAT BERÝÄN DOGAN. Ýaşulular maslahaty gerek bolsa, mekdebiň gözegçisinden başga bir tejribeli ýaşulyny maslahatçy edip belläp biler. Ýygnakda birnäçe ýaşuly bar bolsa, onda her ýyl başga bir tejribeli ýaşulyny bellese bolar. Ol Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlara maslahat berip biler. Ýaşululara we gulluk hyzmatçylara her gezek maslahat bermek hökman däl.
GEÇILENLERI GAÝTALAMAK (20 min.). Her iki aýdan mekdebiň gözegçisi diňleýjiler bilen geçilenleri gaýtalar. Ýöne ilki bilen, Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş ediler. Soňra mekdepde soňky iki aýyň dowamynda hem-de şol hepde geçilen material gaýtalanýar. Eger geçilenleri gaýtalamak hepdesinde ýygnagyňyz etrap kongresine gatnaşmaly ýa-da etrap gözegçisi gelýän bolsa, onda geçilenleri gaýtalamagy bir hepde yza geçirmeli, No. 1—3-nji ýumuşlar bolsa indiki hepdäniň meýilnamasyndan alynmaly. Emma Mukaddes Ýazgylary her hepde okamak ýa-da Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler diýen bölümiň meýilnamasy üýtgedilmeli däl.
MEÝILNAMA
5 ýanw. Okamak: Barlyk 1—5
No. 1: Barlyk 3:1—15
No. 2: 1-nji hekaýa (my 1)
No. 3: Nähili zähmet boş däl? (1 Kor. 15:58)
12 ýanw. Okamak: Barlyk 6—10
No. 1: Barlyk 9:1—17
No. 2: Maşgala howp astynda (fy sah. 1—9, abz. 1—14)
No. 3: 2-nji hekaýa (my 2)
19 ýanw. Okamak: Barlyk 11—16
No. 1: Barlyk 14:1—16
No. 2: 3-nji hekaýa (my 3)
No. 3: Ýehowa bizi nädip kämilleşdirýär? (Iş. 64:8)
26 ýanw. Okamak: Barlyk 17—20
No. 1: Barlyk 17:1—17
No. 2: Maşgala bagtynyň syry (fy sah. 9—12, abz. 15—23)
No. 3: 4-nji hekaýa (my 4)
2 few. Okamak: Barlyk 21—24
No. 1: Barlyk 22:1—18
No. 2: 5-nji hekaýa (my 5)
No. 3: aAdamlara bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris (2 Kor. 6:11—13)
9 few. Okamak Barlyk 25—28
No. 1: Barlyk 25:1—18
No. 2: Maşgala gurmaga taýynmysyňyz? (fy sah. 13—15, abz. 1—6)
No. 3: 6-njy hekaýa (my 6)
16 few. Okamak: Barlyk 29—31
No. 1: Barlyk 29:1—20
No. 2: Biz näme üçin «gaýgy etmeli däl»? (Mat. 6:25)
No. 3: 7-nji hekaýa (my 7)
23 few. Okamak: Barlyk 32—35
Geçilenleri gaýtalamak
2 mart Okamak: Barlyk 36—39
No. 1: Barlyk 39:1—16
No. 2: 8-nji hekaýa (my 8)
No. 3: Näme üçin özüňi tanamaly we köp zada garaşmaly däl (fy sah. 16—18, abz. 7—10)
9 mart Okamak: Barlyk 40—42
No. 1: Barlyk 40:1—15
No. 2: 9-njy hekaýa (my 9)
No. 3: bÖzbaşdaklyk ruhundan ägä boluň!
16 mart Okamak: Barlyk 43—46
No. 1: Barlyk 44:1—17
No. 2: Ýanýoldaş saýlanyňyzda nämä üns bermeli (fy sah. 20—22, abz. 11—15)
No. 3: 10-njy hekaýa (my 10)
23 mart Okamak: Barlyk 47—50
No. 1: Barlyk 48:1—16
No. 2: Biz Iblisden gorkmalymy?
No. 3: 11-nji hekaýa (my 11)
30 mart Okamak: Çykyş 1—6
No. 1: Matta 2:1—18
No. 2: 12-nji hekaýa (my 12)
No. 3: Wada bermeziňizden öň bilmeli zatlar (fy sah. 22—24, abz. 16—19)
6 apr. Okamak: Çykyş 7—10
No. 1: Matta 3:1—17
No. 2: 13-nji hekaýa (my 13)
No. 3: cGalatýalylar 6:2 bilen 6:5-iň nähili baglanyşygy bar?
13 apr. Okamak: Çykyş 11—14
No. 1: Matta 4:1—22
No. 2: Tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy saklaň we toýdan soň (fy sah. 24—26, abz. 20—23)
No. 3: 14-nji hekaýa (my 14)
20 apr. Okamak: Çykyş 15—18
No. 1: Matta 5:1—16
No. 2: Biz nädip ýalan dinden gaça durup bileris?
No. 3: 15-nji hekaýa (my 15)
27 apr. Okamak: Çykyş 19—22
Geçilenleri gaýtalamak
4 maý Okamak: Çykyş 23—26
No. 1: Matta 5:17—30
No. 2: 16-njy hekaýa (my 16)
No. 3: Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bagtly nika taýýarlyk görmäge kömek edýär (fy sah. 26, çarçuwa)
11 maý Okamak: Çykyş 27—29
No. 1: Matta 5:31—48
No. 2: 17-nji hekaýa (my 17)
No. 3: dÝalan wepalylygyň howpy
18 maý Okamak: Çykyş 30—33
No. 1: Matta 6:1—18
No. 2: Ömürlik nikanyň iki açary (fy sah. 27—29, abz. 1—6)
No. 3: 18-nji hekaýa (my 18)
25 maý Okamak: Çykyş 34—37
No. 1: Matta 6:19—34
No. 2: 19-njy hekaýa (my 19)
No. 3: eBaşyna gidenlik näme we biz näme üçin ondan gaça durmaly?
1 iýun Okamak: Çykyş 38—40
No. 1: Matta 7:1—20
No. 2: Ömürlik nikanyň ikinji açary (fy sah. 30, 31, abz. 7—10)
No. 3: 20-nji hekaýa (my 20)
8 iýun Okamak: Lewililer 1—5
No. 1: Matta 8:1—17
No. 2: 21-nji hekaýa (my 21)
No. 3: fMesihçiler öz ygtyýaryny nädip ulanmaly?
15 iýun Okamak: Lewililer 6—9
No. 1: Matta 8:18—34
No. 2: Ärler, Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndan görelde almaly (fy sah. 31—33, abz. 11—15)
No. 3: 22-nji hekaýa (my 22)
22 iýun Okamak: Lewililer 10—13
No. 1: Matta 9:1—17
No. 2: 23-nji hekaýa (my 23)
No. 3: Suwda çokundyrylan şägirtleriň alýan bereketleri
29 iýun Okamak: Lewililer 14—16
Geçilenleri gaýtalamak
6 iýul Okamak: Lewililer 17—20
No. 1: Matta 9:18—38
No. 2: Aýal nädip ärine kömek etmeli (fy sah. 34, 35, abz. 16—19)
No. 3: 24-nji hekaýa (my 24)
13 iýul Okamak: Lewililer 21—24
No. 1: Matta 10:1—18
No. 2: 25-nji hekaýa (my 25)
No. 3: Mesihçiler garyplaryň aladasyny nädip edýärler?
20 iýul Okamak: Lewililer 25—27
No. 1: Matta 10:24—42
No. 2: Ýakymly gürrüňdeşlik nämäni aňladýar? (fy sah. 35—38, abz. 20—26)
No. 3: 26-njy hekaýa (my 26)
27 iýul Okamak: Sanlar 1—3
No. 1: Matta 11:1—19
No. 2: Näme üçin ýumşaklyk özüňe erk etmekligi talap edýär
No. 3: 27-nji hekaýa (my 27)
3 awg. Okamak: Sanlar 4—6
No. 1: Matta 12:1—21
No. 2: 28-nji hekaýa (my 28)
No. 3: Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri ömürlik we bagtly maşgalada ýaşamaga kömek edýär (fy sah. 38, çarçuwa)
10 awg. Okamak: Sanlar 7—9
No. 1: Matta 12:22—37
No. 2: 29-njy hekaýa (my 29)
No. 3: Biz Ýehowa wepalylygymyzy nädip görkezip bileris?
17 awg. Okamak: Sanlar 10—13
No. 1: Matta 13:1—17
No. 2: Bar zadyňyza kaýyl bolup ýaşaň (fy sah. 39—41, abz. 1—6)
No. 3: 30-njy hekaýa (my 30)
24 awg. Okamak: Sanlar 14—16
No. 1: Matta 13:18—33
No. 2: Hudaýyň kanunyny söýmek näme? (Zeb. 119:97)
No. 3: 31-nji hekaýa (my 31)
31 awg. Okamak: Sanlar 17—21
Geçilenleri gaýtalamak
7 sent. Okamak: Sanlar 22—25
No. 1: Matta 13:34—51
No. 2: 32-nji hekaýa (my 32)
No. 3: Öý işlerini maşgala agzalyrynyň ählisi etmeli (fy sah. 42—44, abz. 7—11)
14 sent. Okamak: Sanlar 26—29
No. 1: Matta 14:1—22
No. 2: Terbiýe näme we näme üçin wajyp? (Efes. 6:4)
No. 3: 33-nji hekaýa (my 33)
21 sent. Okamak: Sanlar 30—32
No. 1: Matta 15:1—20
No. 2: 34-nji hekaýa (my 34)
No. 3: Näme üçin Ýehowa arassa bolmagy talap edýär (fy sah. 45—49, abz. 12—20)
28 sent. Okamak: Sanlar 33—36
No. 1: Matta 15:21—39
No. 2: 35-nji hekaýa (my 35)
No. 3: Hudaýyň Patyşalygy haýsy manyda ähli ynsan hökümetlerinden ýokary
5 okt. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 1—3
No. 1: Matta 16:1—20
No. 2: 36-njy hekaýa (my 36)
No. 3: Ak ýürekden öwgi we minnetdarlyk maşgala nähili täsir edip biler? (fy sah. 49, 50, abz. 21, 22)
12 okt. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 4—6
No. 1: Matta 17:1—20
No. 2: 37-nji hekaýa (my 37)
No. 3: Haýsy ýagdaýda «az zat... gowy» diýse bolar? (Sül. tym. 15:16)
19 okt. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 7—10
No. 1: Matta 18:1—17
No. 2: Mukaddes Ýazgylaryň çagalara we maşgala borçlaryna bolan garaýyş (fy sah. 51, 52, abz. 1—5)
No. 3: 38-nji hekaýa (my 38)
26 okt. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 11—13
Geçilenleri gaýtalamak
2 noýab. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 14—18
No. 1: Matta 18:18—35
No. 2: Hudaýdan gorkmaklyk näme bilen baglanyşykly?
No. 3: 39-njy hekaýa (my 39)
9 noýab. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 19—22
No. 1: Matta 19:1—15
No. 2: 40-njy hekaýa (my 40)
No. 3: Çaganyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak nämäni aňladýar? (fy sah. 53, 54, abz. 6—9)
16 noýab. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 23—27
No. 1: Matta 19:16—30
No. 2: 41-nji hekaýa (my 41)
No. 3: gBiz nämäni mukaddes hasaplamaly?
23 noýab. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 28—31
No. 1: Matta 20:1—16
No. 2: Hakykaty çagaňyzyň gulagyna guýuň (fy sah. 55,56, abz. 10—15)
No. 3: 42-nji hekaýa (my 42)
30 noýab. Okamak: Kanunyň gaýtalanyşy 32:34
No. 1: Matta 20:17—34
No. 2: «Ýehowanyň beýik güni» näme? (Sef. 1:14)
No. 3: 43-nji hekaýa (my 43)
7 dek. Okamak: Ýeşuw 1—5
No. 1: Matta 21:1—17
No. 2: 44-nji hekaýa (my 44)
No. 3: Çagaňyza Ýehowanyň ýollaryny öwrediň (fy sah. 57—59, abz. 16—19)
14 dek. Okamak: Ýeşuw 6—8
No. 1: Matta 21:18—32
No. 2: 45-nji hekaýa (my 45)
No. 3: Wagyzçy 7:21, 22-nji aýatlardaky maslahat näme üçin peýdaly?
21 dek. Okamak: Ýeşuw 9—11
No. 1: Matta 21:33—46
No. 2: Dürli ýollar bilen terbiýe bermek wajyp (fy sah. 59, 60, 20—23)
No. 3: 46-njy hekaýa (my 46)
28 dek. Okamak: Ýeşuw 12—15
Geçilenleri gaýtalamak
[Çykgytlar]
a Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
b Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
c Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
d Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
e Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
f Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli
g Diňe doganlara, mümkin bolsa, ýaşula ýa gulluk kömekçä berilmeli