Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/12 sah. 1—4
  • Siz bu broşýuralary ulanýarmysyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz bu broşýuralary ulanýarmysyňyz?
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
  • Ölüleriň ruhy.Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • «Hudaýyň hoş habary» diýen broşýurany nädip geçmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly öwrediň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan okuw geçmäge kömek ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 1/12 sah. 1—4

Saklamaly

Siz bu broşýuralary ulanýarmysyňyz?

Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?

Mukaddes Ýazgylar barada az bilýän, esasan-da, hristian dinine degişli bolmadyk adamlar üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: «Biz siziň Mukaddes Ýazgylardaky şu sözler barada pikiriňizi bilmek isleýäris (11-nji bölümde getirilýän Zebur 37:11-i okaň). Siziň pikiriňizçe, şu pygamberlik ýerine ýetende ýer ýüzi nähili bolar? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylardaky bu sözler dürli milletdäki we dürli dini garaýyşly adamlara göwünlik hem umyt berýär». 3-nji sahypadaky giriş sözlerini okaň we broşýurany hödürläň.

Şeýle etmäge çalşyň: Eger siz hristian dinine uýmaýan adam bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby boýunça okuw geçýän bolsaňyz, onda her okuwyň başynda ýa-da soňunda Mukaddes Ýazgylar barada umumy maglumat bermek üçin broşýuranyň bir bölümine serediň.

Hudaý biz barada alada edýärmikä?

Mukaddes Ýazgylar barada köp bilmeýän we sowatly adamlar üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: «Siz nähili pikir edýärsiňiz, Hudaý biziň aladamyzy edýän bolsa, Ol näme üçin horluklara ýol berýär? (Jogap bersin). Bu broşýura Hudaýyň näme üçin horluklara ýol berýändigini we ýakyn gelejekde nämeleri etjekdigini düşündirýär». Soňra 27-nji sahypadaky suraty görkezip, 22-nji abzasda getirilen Zebur 145:16-ny okaň.

Şeýle etmäge çalşyň: Eger söhbetdeşiňiz broşýurany alsa, onda şeýle diýip bilersiňiz: «Hudaý adamlaryň çekýän horluklarynyň nädip soňuna çykar? Bu soragyň jogabyny biz indiki gezek ara alyp maslahatlaşyp bileris». Soňra broşýurany hödürläň we ikilenç idege belleşiň.

Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!

Bilimi pes ýa-da gowy okap bilmeýän adamlar üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: «Siziň pikiriňizçe, adam Hudaýyň dosty bolup bilermi? (Jogap bersin. Soňra Ýakup 2:23-i okaň). Bu broşýura bize Ybraýym pygamber ýaly Hudaýyň dosty bolmaga kömek edýär».

Şeýle etmäge çalşyň: Adam bilen birinji gezek gürrüňdeş bolanyňyzda ýa-da ikilenç ideg edeniňizde, 1-nji sapagy doly, ýa-da onuň ýarysyny geçip, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkeziň.

Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!

Çagalara we sowatsyz adamlara Hudaýyň niýetini bilmäge kömek etmek üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: «Köp adamlar gökde Jennetde ýaşamaga umyt edýärler. Siziň pikiriňizçe, Jennet ýer ýüzünde bolup bilermi? (Jogap bersin. Soňra broşýuranyň daşyndaky suraty görkeziň we Ylham 21:4-i okaň). Bu broşýura Hudaýyň ynsany näme üçin ýaradandygyny we siziň ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýyşdan nädip şatlyk tapyp biljekdigiňizi düşündirýär».

Şeýle etmäge çalşyň: Eger söhbetdeşiňiz broşýurany alsa, şeýle diýip bilersiňiz: «Bu broşýurany okasaňyz, siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň ajaýyp niýetlerini bilersiňiz. Biz indiki sapar olara gatnaşmak üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis». Indiki gezek geleniňizde, 50-nji suratdaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň.

Ölüleriň ruhy.Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?

Ölenleriň ruhuna ynanýan adamlar üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: «Köpleri adam ölenden soň, onuň ruhy ýaşaýar diýýärler. Siziň pikiriňizçe, dogurdan-da, adam ölenden soň, onuň ruhy çykýarmy? (Jogap bersin. Soňra 6-njy sahypanyň 1-nji abzasyndaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň we Zebur 115:17-ni okaň). Bu broşýura size ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny bilmäge kömek eder». Soňra broşýurany hödürläň.

Şeýle etmäge çalşyň: Eger söhbetdeşiňiz broşýurany alsa, şeýle diýip bilersiňiz: «Ölen adamyň ruhy ýaşamaýan bolsa, onda kim özüni ölüleriň ruhy hökmünde görkezýär? Bu soraglara dogry jogap tapmak örän wajyp, çünki bu biziň gelejegimize täsir edýär». Soňra ikilenç idege belleşiň we 13—15-nji sahypalar boýunça pikir alyşjakdygyňyzy aýdyň.

Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman

Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge mümkinçiligi bolan ýerlerde ýaşaýan musulmanlar üçin çap edildi

Nädip hödür etmeli: 16, 17-nji sahypalardaky suraty görkezip, şeýle diýiň: «Bu biziň şu günki görýän zatlarymyzdan düýbünden tapawutlanýar. Siziň pikiriňçe, ýer ýüzünde haçanam bolsa şeýle ýaşaýyş bolarmy? (Jogap bersin). Hudaýyň kitabynyň näme wada berýändigine üns beriň. (Mukaddes Ýazgylardan getirilýän aýatlaryň birini okaň). Bu broşýura bize şeýle wadalaryň ýerine ýetjekdigine ynandyrýan hakyky imany ösdürmäge kömek edýär».

Şeýle etmäge çalşyň: Gürrüňdeşlikden soň broşýuranyň ahyrky sahypasynda getirilýän soraglary görkezip, olaryň haýsysynyň jogabyny bilmek isleýändigini soraň. Bu soraga indiki sapar broşýura arkaly jogap berjekdigiňizi aýdyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş