Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Oktýabr sah. 24—29
  • Dogan-uýalar üçin doga ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogan-uýalar üçin doga ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • IMANDAŞLARYMYZ HAKDA NÄME ÜÇIN DILEG ETMELI?
  • DILEGLERIMIZ OLARA GÜÝÇ BERÝÄR
  • DOGAN-UÝALARYŇ HER BIRI ÜÇIN DOGA EDIŇ
  • PESGÖWÜNLI BOLUŇ
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowa ýürekden doga ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Doga arkaly Hudaýa nädip ýakynlaşmaly
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Oktýabr sah. 24—29

43-NJI MAKALA

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

Dogan-uýalar üçin doga ediň

«Bir-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär» (Ýak. 5:16).

ESASY PIKIR

Dogan-uýalar üçin doga etmek wajyp. Makalada muny nädip etmelidigini bileris.

1. Ýehowa doga-dileg etmegi näme üçin uly hormat hasaplamaly?

BEÝIK Ýaradana dileg etmek uly hormat. Ýehowa perişdelerine dürli-dürli ýumuşlary ynanýar (Zeb. 91:11). Ol Ogly Isa Mesihe hem üýtgeşik ýumuş tabşyrdy (Mat. 28:18). Emma ol adamlaryň doga-dileglerini diňlemegi kime tabşyrdy? Hiç kime. Biziň ýalbaryp edýän doga-dileglerimizi Ýehowanyň hut özi diňleýär. Mukaddes Kitapda ýöne ýere Ýehowa «dogalary eşidýän Hudaý» diýilmeýär (Zeb. 65:2).

2. Pawlus resul nähili görelde galdyrdy?

2 Biz dogalarymyzda Ýehowa derdimizi, gaýgy-aladamyzy aýdýarys. Ýöne dogan-uýalar üçin hem doga etmeli. Pawlus resul hem şeýle edýärdi. Ol Efesdäki ýygnaga hat ýazanda: «Siziň üçin Hudaýa hemişe... doga-dileg edýärin» diýdi (Efes. 1:16). Pawlus dogan-uýalar üçin aýratynlykda hem doga edýärdi. Bir gezek ol Timoteosa-da «gije-gündiz doga-dileglerinde... ýatlaýandygyny» aýtdy (2 Tim. 1:3). Pawlusyň derdi özüne ýetikdi (2 Kor. 11:23; 12:7, 8). Ýöne dostlary üçin doga etmegi ýatdan çykarmaýardy.

3. Imandaşlarymyz hakda doga etmegi näme üçin ýatdan çykarýarys?

3 Biz käte dogan-uýalar üçin doga etmegi ýatdan çykarýarys. Bir sebäbini Sabrinaa uýa şeýle düşündirýär: «Her gün şeýle bir başagaý bolýarys welin, wagtyň nädip geçendigini bilmeýäris. Derdimiz özümize ýetik bolansoň, dogan-uýalar hakda doga etmek kelläňe-de gelmeýär». Dogan-uýalar, sizde-de şeýle bolýarmy? Onda makala tüýs siziň üçin ýazylan. Makalada iki soragyň jogabyny bileris: 1) Näme üçin dogan-uýalar hakda doga etmeli? 2) Muny etmäge haýsy maslahatlar kömek edýär?

IMANDAŞLARYMYZ HAKDA NÄME ÜÇIN DILEG ETMELI?

4, 5. Doga-dileglerimiziň dogan-uýalara «güýçli täsir edýändigini» nireden bilýäris? (Ýakup 5:16).

4 Dileglerimiz dogan-uýalara «güýçli täsir edýär» (Ýakup 5:16-ny okaň). Ýehowa edýän doga-dileglerimiz dogan-uýalara goltgy berýärmi? Elbetde! Isa pygamber Petrusyň özünden ýüz öwürjekdigini bilende: «Imanyň gowşamaz ýaly, men Alla ýalbaryp kömek soradym» diýýär (Luka 22:32). Pawlus resul hem Hudaýa doga etmegiň dogan-uýalaryň derdini ýeňledýändigini bilýärdi. Ol Rimde tussaglykdaka Filimuna: «Siziň doga-dilegleriňiz bilen ýanyňyza bararyn diýip umyt edýärin» diýýär (Flm. 22). Şondan köp wagt geçmänkä, Pawlus azatlyga çykýar we ýene-de hoş habary wagyz edip başlaýar.

5 Biz Ýehowa her bir dilegimize gudrat bilen jogap berer diýip pikir etmeli däl. Elbetde, ol wepaly bendeleriniň gaýgy-aladasyny bilýär, dileglerini ünsli diňleýär. Käte kynçylyklaryny çözüp hem berýär. Muny bilmek Ýehowa yzyny üzmän doga etmäge we gaýgy-aladamyzy oňa tabşyrmaga höweslendirýär (Zeb. 37:5; 2 Kor. 1:11).

6. Dogan-uýalar üçin doga etmek duýgudaş bolmaga nädip kömek edýär? (1 Petrus 3:8).

6 Dogan-uýalar üçin doga etsek «duýgudaş» bolarys (1 Petrus 3:8-i okaň). Duýgudaş adam başganyň derdini özüniňki hasaplaýar, oňa kömek etmek üçin elinde baryny edýär (Mar. 1:40, 41). Maýkl atly ýaşuly şeýle diýýär: «Mätäç dogan-uýalar hakda doga edenimde olaryň derdine has gowy düşünýärin. Olary gowy görýärin, ýakyn adamym hasaplaýaryn. Muny dogan-uýalaryň özi bilýänem däldir». Riçard atly ýaşuly bolsa şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň adyny tutup doga edeniňde, olar üçin nämedir bir zat edesiň gelýär. Olara kömek etseň, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolýarsyň we Hudaýyň dogaňa sen arkaly jogap berendigine haýran galýarsyň».

7. Dogan-uýalar hakda doga etmek derdimize aşa köp üns bermezlige nädip kömek edýär? (Filipililer 2:3, 4; surata serediň).

7 Dogan-uýalar hakda doga etsek derdimize aşa köp üns bermeris (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde hiç birimize-de aňsat däl (1 Ýah. 5:19; Ylh. 12:12). Eger imandaşlarymyz üçin doga etmegi endik edinsek, dert-aladanyň diňe öz başymyzda däl-de, «bütin dünýädäki doganlarymyzyň hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýändigine» göz ýetireris (1 Pet. 5:9). Katerina atly pioner uýa şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň günem ýag ýaly geçmeýär. Olar üçin doga edenimde öz gaýgy-aladam ýadyma düşmeýär».

Surat: dogan-uýalaryň derdi ýetik bolsa-da, imandaşlary üçin doga edýärler. 1. Gyzjagaz ýatmazyndan öň Hudaýa dileg edýär. Tegelek şekilde öýüni suw alan doganyň maşgalasy bilen gaýykda gidip barşy görkezilen. 2. Dogan maşgalasy bilen doga edýär. Tegelek şekilde türmede oturan dogan görkezilen. 3. Dogan türmede Ýehowadan kömek soraýar. Tegelek şekilde hassahanada ýatan uýa görkezilen. 4. Ýarawsyz uýa doga edip Hudaýdan güýç dileýär. Tegelek şekilde başdaky gyzjagazyň suraty görkezilen. Ol doglan gün belleýän klasdaşlaryna goşulmaýar.

Dogan-uýalar hakda doga etsek, gaýgy-aladamyza köp üns bermeris (7-nji abzasa serediň).d


DILEGLERIMIZ OLARA GÜÝÇ BERÝÄR

8. Kimler üçin doga edip bileris?

8 Biz kimler üçin doga etmeli? Belki, hassalyk düşeginde ýatan dogan-uýalar bardyr. Ýaşlara deň-duşlary üstünden gülüp azar berýändir. «Dert ýamany garrylyk» diýlişi ýaly, garry dogan-uýalara ýönekeýje zatlary etmek kyn bolýandyr. Käbirlerine Ýehowanyň Şaýady bolany üçin dogan-garyndaşlary garşy çykýandyr, döwlet işgärleri yzarlaýandyr (Mat. 10:18, 36; Res. 12:5). Käbir dogan-uýalar syýasy dawalar sebäpli ýurduny goýup gitmeli bolandyr. Käbiri tebigy betbagtçylyk sebäpli bar zadyndan mahrum bolandyr. Elbetde, biz olaryň adyny bilmeýäris, ýöne olar üçin Ýehowa doga etsek, Isa pygamberiň «biri-biriňizi söýüň» diýen tabşyrygyna gulak asarys (Ýah. 13:34).

9. Biz näme üçin jogapkär doganlar we olaryň aýallary hakda doga etmeli?

9 Biz guramada köp işleri edýän Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, kömekçileri, filial komitetiniň agzalary, Beýtel bölüminiň gözegçileri, etrap gözegçileri, ýygnak ýaşululary we hyzmatçy doganlar üçin doga etmeli. Olaryň derdi ýetik bolsa-da, biziň ýükümizi deň çekişýärler (2 Kor. 12:15). Mark atly etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Men garry ene-atamdan uzakda ýaşaýaryn. Olaryň ikisi hem ýarawsyz. Elbetde, olaryň kem zady ýok, aýal doganym bilen äri olara gowy seredýär. Ýöne ene-atamyň ýanynda bolup, kömek edip bilmeýändigime gynanýaryn». Biz zähmetsöýer, aladaçyl doganlaryň gaýgy-aladasyny bilmeýäris, ýöne olar üçin doga edip bilýäris (1 Sel. 5:12, 13). Şeýle-de olaryň diregi bolan mähriban aýallary üçinem doga etmeli. Wepaly uýalaryň kömegi bilen doganlar ýygnakdaky borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärler.

10, 11. Ýehowa umumy edilýän dogalary diňleýärmi? Düşündiriň.

10 Biz tanaýan dogan-uýalarymyzyň adyny tutup doga edýäris. Onda tanamaýan imandaşlarymyz üçin doga etmeli dälmi? Elbetde, biz olar üçin umumy doga edip bileris. Meselem, Ýehowadan türmede oturan dogan-uýalara soňuna çenli çydamaga güýç bermegini, ýakyny aradan çykanlaryň ýüregine giňlik bermegini diläp bileris. Donald atly ýaşuly şeýle diýýär: «Doga-dileglerimiz güýçli çabgadan goraýan saýawana meňzeýär. Men dogada Ýehowa: „Kyn güne düşenleriň hemmesine kömek et“ diýenimde, göýä agyr gündäki dogan-uýalaryň hemmesine saýawan tutan ýaly bolýaryn».

11 Ýehowa şeýle dogalary diňleýärmi? Hawa, diňleýär. Biz her bir dogan-uýanyň kynçylygy hakda bilmeýäris. Ýöne olar üçin umumy doga etsek ýerlikli bolar (Ýah. 17:20; Efes. 6:18). Şonda «bütin dünýädäki dogan-uýalary söýýändigimizi» subut ederis (1 Pet. 2:17).

DOGAN-UÝALARYŇ HER BIRI ÜÇIN DOGA EDIŇ

12. Biz näme üçin ünsli bolmaly?

12 Ünsli boluň. Biz dogan-uýalar üçin diňe bir umumy doga etmän, her biriniň adyny tutup doga etmeli. Belki, ýygnagyňyzda bir dogan ýa uýa köp ýyldan bäri keselden ejir çekýändir. Ýetginjek dogana ýa uýa klasdaşlary erbetlik etdirjek bolup azar berýändir. Ýa-da çagasyny ýeke terbiýeleýän we «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaga» jan edýän dogan ýa uýa bardyr (Efes. 6:4). Ünsli bolsaňyz, olaryň ýagdaýyna gowy düşünersiňiz, duýgudaş bolup, olar üçin doga edersiňizb (Rim. 12:15).

13. Tanamaýan imandaşlarymyzyň nädip adyny tutup doga edip bileris?

13 Dogan-uýalaryň adyny tutup doga ediň. Biz tanamaýan dogan-uýalarymyzyňam adyny tutup doga edip bileris. Krymda, Eritreýada, Russiýada we Singapurda imany üçin türmede oturanlar bar. Olaryň adyny jw.org saýtyndan tapyp bilersiňizc. Braýn atly etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Men türmede oturan dogan-uýalaryň adyny ýazyp alýaryn. Ýadymda galar ýaly daşymdan birnäçe gezek gaýtalaýaryn. Şonda olaryň her biriniň adyny tutup, Ýehowadan güýç bermegini dileýärin».

14, 15. Anyk zatlar hakda doga etmek üçin näme etmeli?

14 Anyk zatlar hakda doga ediň. Ýokarda agzalan Maýkl dogan şeýle diýýär: «Men jw.org saýtyndan tussagdaky doganlar hakda okanymda özümi olaryň ýerine goýup görýärin. Eger türmede bolan bolsam: „Aýalymyň ýagdaýy gowumyka? Iýjek-geýjegi barmyka?“ diýip alada ederdim. Şeýdip, men diňe türmede oturan doganlar hakda däl-de, olaryň maşgalasy hakda-da doga edýärin» (Ýew. 13:3).

15 Türmedäki durmuşy göz öňüne getirsek, tussag edilen dogan-uýalar üçin anyk doga ederis. Meselem, şeýle dileg edip bileris: «Ýehowa, türmäniň gözegçileriniň ýüregini ýumşat. Goý, olar dogan-uýalara ýowuz daraşmasyn. Dogan-uýalar saňa arkaýyn sežde edip bilsin (1 Tim. 2:1, 2). Türmedäkileriň göreldesi ýygnakdakylary ruhlandyrsyn, imanyny berkitsin. Olaryň ýagşy edim-gylymy beýleki tussaglary Mukaddes Kitaby öwrenmäge höweslendirsin» (1 Pet. 2:12). Hawa, agyr güne düşen dogan-uýalaryň ýagdaýyny göz öňüne getirsek, olar hakda anyk dileg ederis. Ünsli bolsak, dogan-uýalaryň her biriniň adyny tutsak, anyk zatlar hakda dileg etsek, «bir-birimizi... ýürekden söýýändigimizi» subut ederis (1 Sel. 3:12).

PESGÖWÜNLI BOLUŇ

16. Doga edenimizde nämeden seresap bolmaly? (Matta 6:8).

16 Agyr güne düşen dogan-uýalar hakda doga edenimizde Ýehowanyň olara çykalga açýandygyny bildik. Ýöne ol her bir dilegimize gudrat arkaly jogap berer öýtmeli däl. Dogamyzda Ýehowa näme etmelidigini öwredýän ýaly ýa-da bilmeýän zadyny aýdýan ýaly görünmeli däl. Ýehowa dogan-uýalaryň nämä mätäçdigini özündenem, bizdenem gowy bilýär (Matta 6:8-i okaň). Onda dileg etmek gerekmi? Elbetde, gerek. Makalada munuň birnäçe sebäbine seretdik. Ýene bir sebäbi, dogan-uýalar üçin doga etsek, olary ýürekden söýýändigimizi görkezýäris. Ýehowa hem göreldesine eýerýän, biri-birini söýýän wepaly bendelerini görende begenýär.

17, 18. Imandaşlarymyz üçin dileg etsek nämäni subut ederis?

17 Käte dogan-uýalar üçin edýän dilegimiz jogapsyz galýan ýaly görünmegi mümkin. Şonda-da olar üçin dileg etmegi bes etmeli däl, sebäbi Ýehowa imandaşlarymyz üçin edýän dilegimizi eşidende begenýär. Muny şeýle mysal arkaly düşündirse bolýar. Bir atanyň ogly we gyzy bar. Bir gün ogly syrkawlaýar. Gyzy kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka, agam ýaraman ýatyr. Bir zatlar etsene» diýýär. Kakasy eýýäm ogluna däri-derman beripdi. Ol ogluny gowy görýär, aýaga galmagy üçin elinde baryny edýär. Kakasy gyzynyň agasyny gowy görýändigini, gözýaş döküp eden haýyşyny görende monça bolýar.

18 Ýehowa biri-birimiziň aladamyzy etmegimizi, imandaşlarymyz üçin doga-dileg etmegimizi isleýär. Şeýle etsek, dogan-uýalary janymyzdan eý görýändigimizi görkezeris, Hudaýam bize guwanar (2 Sel. 1:3; Ýew. 6:10). Şeýle-de kyn ýagdaýa düşen imandaşlarymyz hakda doga etsek, Ýehowa gudrat bilen çykalga-da açar. Geliň, mundan beýläk hem mähriban dogan-uýalarymyz üçin doga edeliň.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Doga-dileglerimiz dogan-uýalara nädip «güýçli täsir edýär»?

  •  Dogan-uýalar hakda näme üçin umumy doga etmeli?

  •  Biz her bir dogan-uýa hakda doga etmek üçin näme etmeli?

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

a  Käbir atlar üýtgedildi.

b  JW.ORG saýtyndan Takeşi Şimizu: «Ýehowa „dogalary eşidýän Hudaý“» diýen wideony görüp bilersiňiz.

c  Tussag edilen dogan-uýalaryň adyny bilmek üçin jw.org saýtyna «Imany üçin türmede oturan Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýaşaýan ýeri» diýip ýazyň.

d SURATYŇ BEÝANY: dogan-uýalaryň derdi ýetik bolsa-da, imandaşlary üçin doga edýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş