Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Noýabr sah. 8—9
  • Ulag sürmegi bes etmelimi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ulag sürmegi bes etmelimi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • ULAG SÜRMÄGE UKYPLY ÝA DÄLDIGIŇIZI BARLAŇ
  • MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Noýabr sah. 8—9
Dogan aýnadan ulagyna seredip oýa batýar. Onuň elinde ulagynyň açary bar.

Ulag sürmegi bes etmelimi?

SIZIŇ ulag sürüp başlanyňyza eýýäm ençeme ýyl bolandyr. Ulagyňyzda islän ýeriňize arkaýyn gidip gelýänsiňiz. Ýöne indi maşgala agzalaryňyz we dostlaryňyz janyňyzy alada edip, ulag sürmegi bes etmegiňizi isleýändir. Siz olaryň näme üçin şeýle pikir edýändigine düşünýän dälsiňiz.

Sizde-de şeýle ýagdaý boldumy? Siz ulag sürmek babatda nädip dogry karara gelip bilersiňiz?

Käbir ýurtlarda belli bir ýaşa ýeten sürüjilerden ulag sürüp bilýändigi barada lukmandan hat almak talap edilýär. Şeýle ýurtda ýaşaýan mesihçiler hökümetiň kada-kanunlaryna gulak asýarlar (Rim. 13:1). Belki, siziň ýurduňyzda şeýle kanun ýokdur. Emma aşakdaky maslahatlar size-de ulag sürmek babatda dogry karara gelmäge kömek eder.

ULAG SÜRMÄGE UKYPLY ÝA DÄLDIGIŇIZI BARLAŇ

Bir gurama garry adamlara özüne aşakdaky soraglary bermegi maslahat berýär.

  • Maňa ýol belgilerini okamak ýa-da gije görmek kynmy?

  • Yzyny görkezýän aýnalara seretmek we gapdaldan gelýän ulaglary görmek üçin kellämi öwürmek kyn bolýarmy?

  • Aýagymy derrew gazdan aýryp tormoza basyp ýetişýärinmi?

  • Men ulagy haýal sürüp, ýolda päsgelçilik döredýärinmi?

  • Soňky döwür howply ýagdaýlar köp boldumy ýa-da ulagym bilen bir zat kakdymmy? Ulagda çyzylan ýer ýa tigirlerinde çiş barmy?

  • Ulagy gowy sürmeýändigim üçin polisiýa işgäri sakladymy?

  • Ulag sürüp barýarkam uklaýarynmy?

  • Ulag sürmäge päsgel berýän dermanlary içýärinmi?

  • Maşgala agzalarym we dost-ýarlarym ulag sürýändigim üçin alada edýändigini aýdýarlarmy?

Siz şu soraglaryň birki sanysyna «hawa» diýip jogap berseňiz, onda muňa sowuk-sala seretmäň. Meselem, siz ulagy öňküden azyrak sürüp bilersiňiz ýa-da gije ulag sürmersiňiz. Ulag sürşiňizi barlap duruň. Maşgala agzalaryňyzdan ýa-da dostuňyzdan ulagy sürşiňiz hakda pikirini soraň. Şeýle-de ulagy has gowy sürmegi öwrenmek üçin tälim alyp bilersiňiz. Emma siz ýokardaky soraglaryň köpüsine «hawa» diýip jogap berseňiz, onda ulag sürmegi bes etseňiz gowy bolara.

MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY

Belki, size ulagy öňki ýaly gowy sürmeýändigiňizi boýun almak kyn düşýändir. Mundan beýläk ulag sürmeli däl diýen pikiriň özi sizi ruhdan düşürýändir. Mukaddes Kitabyň iki maslahaty size sagdyn pikirlenmäge we dogry karara gelmäge kömek eder.

Pespäl boluň (Nak. 11:2). Garradygyça adamyň gözi kütelýär, gulagy agralýar we hereketi haýallaýar. Meselem, köp adamlar ýaşy gitdigiçe sportuň käbir görnüşleri bilen meşgullanmagy bes edýärler, sebäbi olara aňsatlyk bilen şikes ýetip bilýär. Ulag sürmek meselesinde hem şeýle diýse bolýar. Pespäl adam janyna howp abanýan bolsa, ulag sürmegini bes edýär (Nak. 22:3). Şeýle-de başgalar onuň aladasyny edýändigini aýdanda diňleýär (2 Şamuwel 21:15—17-nji aýatlary deňeşdiriň).

Adamlaryň ganyna galmaň (5 Mus. 22:8). Eger sürüji ulagy seresap sürmese, adamlara zyýan ýetirip bilýär. Sürüji ulagy gowy sürmese-de ony sürmegi dowam etse, özüniň ýa-da başga biriniň janyna howp salýar. Hatda biriniň ganyna galyp bilýär.

Ulag sürmegi bes etseňiz, adamlar sizi sylamaz öýdüp gorkmaň. Ýehowa sizi gowy görýär. Ol siziň çägiňizi bilýändigiňize, pesgöwünli bolup, adamlaryň janyny alada edýändigiňize begenýär. Ol size kömek etjekdigini we göwünlik berjekdigini söz berýär (Işa. 46:4). Ýehowa hemişe aladaňyzy eder. Şonuň üçin dogry karara geler ýaly, Ondan akyldarlyk diläň we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerer ýaly kömek soraň.

Dost-doganyň kömegi

Köplenç garry adam bilen ulag sürmek babatda maşgala agzalary gepleşse gowy bolýar. Eger başgalar siziň dostuňyzyň ulagy sürşi hakda alada edýändigini aýtsalar, sowuk-sala seretmäň. Belki, siz onuň ýanynda oturyp, ulagy sürşini görüp we ol hakda gepleşip bilersiňiz. Onuň ýagdaýyna düşüniň we mähirli gepleşiň, ýöne dogryňyzy aýdyň. Ýaşyna seredip ýaýdanmaň, sebäbi siz onuň bilen ulagy sürşi hakda gürrüň edýärsiňiz. Siz oňa: «Sen ulagy gowy sürmeýärsiň» diýmän, gaýtam: «Men seniň ulag sürmegiňe garşy däl, ýöne jan-saglygyňy alada edýärin» diýip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda pespällik we adamyň ganyna galmak barada näme diýilýändigini ýatladyň. Şeýle-de şol kada-kanunlara eýerjekdigine ynanýandygyňyzy aýdyň.

Biziň ählimiz ulag sürmegi bes edýän adamyň ýagdaýyna düşünmeli. Ol özüni indi birine garaşly ýaly duýup biler. Oňa nädip kömek edip bileris? Onuň bilen mähirli boluň we kömek ediň (Nak. 17:17). Ol ýük bolmajak bolup kömek soramaga çekiner, şonuň üçin özi dillenýänçä garaşyp oturman kömek ediň. Siz oňa ýygnaklara, wagza, bazara we lukmana görünmäge äkidip biljekdigiňizi aýdyň. Goý, ol siziň höwes bilen kömek etmäge taýýardygyňyzy görsün (Rim. 1:11, 12).

a Köpräk bilmek üçin «Ulag heläkçiliginden gaçyp gutulyp bolýarmy?» diýen makalany okaň (g02-U 22/8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş