Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Noýabr sah. 30
  • Zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara göwünlik berýän habar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara göwünlik berýän habar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • Gelin-gyzlaryň howpsuzlygy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Täze wideoroligi görkezip, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Gözleg geçiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Size kömek gerekmi?
    Oýanyň! — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Noýabr sah. 30
Uýa bir aýala «Gelin-gyzlaryň howpsuzlygy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» diýen kitapçany berýär.

Zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara göwünlik berýän habar

«BÜTIN dünýäde millionlarça gelin-gyzlara zorluk-sütem edilýär. Size-de sütem edilýärmi? Eger şeýle bolsa, Allatagalanyň gelin-gyzlaryň howpsuz ýaşamagyny isleýändigini we olara garşy edilýän zorluk-sütemiň soňuna çykjakdygyny bilseňiz ýüregiňiz giňär».

JW.ORG saýtyndaky «Gelin-gyzlaryň howpsuzlygy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makala şeýle sözler bilen başlaýar. Makalanyň soňundaky salgydan onuň PDF görnüşini ýükläp bilersiňiz. Soňra ony çap edip, kitapça ýaly ulanyp bilersiňiz. ABŞ-da ýaşaýan Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Men makalanyň birnäçe nusgasyny çap etdim. Soňra bir uýa bilen ýygnagymyzyň golaýyndaky gelin-gyzlaryň goralýan öýüne baryp, şol makalalary paýladyk».

Şol ýerde işleýän bir aýal uýalardan beýleki gelin-gyzlara-da paýlar ýaly şol makaladan bermegi haýyş edýär. Uýalar hem şol makalanyň kitapça görnüşiniň 40-dan gowragyny we 30 sany jw.org kartoçkasyny paýlaýarlar. Başga bir gezek şol ýeriň müdiri uýalardan Mukaddes Kitapdan okuw geçilişini görkezmegi haýyş edýär.

Steýsi bilen iki uýa başga bir gelin-gyzlaryň goralýan öýüne baranlarynda şol kitapçadan bäşisini paýlaýarlar we olardan ýene birnäçesini getirmegi haýyş edýärler. Işgärleriň biri şeýle diýýär: «Tüýs bize gerek kitapça eken. Ol şu ýerdäki gelin-gyzlara gowy kömek eder». Birnäçe günden uýalar ýene şol ýere baranlarynda käbir gelin-gyzlar Mukaddes Kitap okuwynyň geçilişini görmek islediler. Şeýle-de olaryň ikisi indiki hepdäniň dynç güni Ýygnak jaýynda geçirilýän duşuşyga gatnaşmak isleýändigini aýtdylar.

Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Biz gelin-gyzlaryň kitapçany halandyklaryna haýran galdyk. Makalany çap edip, kitapça görnüşinde ulanmak — zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara hoş habary ýetirmegiň iň gowy usuly. Adamlaryň şeýle habary eşidip begenişini görmek göwnüňi göterýär. Biz Ýehowanyň şeýle gelin-gyzlara hoş habary ýetirmäge kömek edişini görenimizde begenjimiziň çägi bolmady».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş