Okyjylaryň sowallary
Ýehowa gelejekde hökümetleriň ýüregine haýsy «pikiri» guýar?
Uly betbagtçylygyň başlanyşy hakda Ylham 17:16, 17-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Seniň gören on şahyň we wagşy haýwanyň ahlaksyz aýaly ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler. Sebäbi şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýdy. Aslynda, olar... patyşalyk ygtyýaryny wagşy haýwana berip, öz pikirini amala aşyrarlar». Öň edebiýatlarymyzda Ýehowa hökümetleriň ýüregine ýalan dini ýok etmeli diýen «pikiri» guýar diýilýärdi.
Emma indi muňa başgaça düşünýäris. Ýehowa hökümetleriň ýüregine «patyşalyk ygtyýaryny wagşy haýwana bermeli» diýen pikiri guýar. Geliň, şu sözleriň nädip ýerine ýetjekdigine düşünmek üçin käbir soraglaryň jogabyny bileliň.
Pygamberlikde kim hakda aýdylýar? «Ahlaksyz aýal», ýagny Beýik Wawilon bütin dünýädäki ýalan dinleri aňladýar. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar. Ol 1919-njy ýylda bütin dünýäde parahatlygy dikeltmek üçin döredildi we oňa Milletler Ligasy diýilýärdi (Ylh. 17:3—5). «On şah» bolsa wagşy haýwany goldaýan ähli hökümetleri aňladýar.
Ahlaksyz aýal bilen gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň arasynda nähili baglanyşyk bar? Wagşy haýwanyň «üstünde oturan» ahlaksyz aýal ony goldaýar we aýdanyny etdirýär.
Ahlaksyz aýala näme bolar? Wagşy haýwan bilen ony goldaýan on şah «ahlaksyz aýaly ýigrener». Onuň elinden ähli zadyny gaňryp alarlar we hemmeleriň öňünde masgara ederler. Soňra Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ony ýok ederler (Ylh. 17:1; 18:8). Şeýdip, ýalan dinler ýok ediler. Emma ondan öň Ýehowa hökümetleriň ýüregine häli-häzire çenli bolmadyk zady etmegi guýar.
Ýehowa hökümetleriň ýüregine näme etmegi guýar? Ol on şahyň ýüregine «öz pikirini» guýar. Olar «güýjüni we ygtyýaryny (gyrmyzy reňkli) wagşy haýwana» ýagny, Birleşen Milletler Guramasyna berer (Ylh. 17:13). Diýmek, güýjüni we ygtyýaryny wagşy haýwana bermek hökümetleriň öz pikiri däl. Pygamberlikden görşümiz ýaly, olara Hudaý şeýle etdirer (Nak. 21:1; Işaýa 44:28-i deňeşdiriň). Emma hökümetler şeýle karara birden gelerler, muny özleri hem duýman galarlar. Soňra wagşy haýwan Ýehowanyň çykaran hökümini amala aşyryp, ähli ýalan dinleri ýok eder.
Biz näme etmeli? Biz hökümetleriň ýuwaş-ýuwaşdan Birleşen Milletler Guramasyny goldaýandygy baradaky habarlary eşideris öýtmeli däl. Biz bir zada garaşyp bileris: Ýehowa garaşylmadyk ýagdaýda ähli hökümetlere güýjüni Birleşen Milletler Guramasyna berer ýaly eder. Şonda uly betbagtçylygyň başlandygyny bileris. Geliň, şoňa çenli «hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň», sebäbi ýagdaý duýdansyz üýtgär (1 Sel. 5:6).