MUKADDES KITABYŇ HAKYKATY
Birek-biregiň imanyny berkidiň
Mukaddes Kitapda imandaşlarymyzy ruhlandyrmak we olaryň imanyny berkitmek maslahat berilýär (Rim. 1:11, 12). Biz dogan-uýalar bilen köpräk wagt geçirsek olary ruhlandyrarys, özümizem şatlyk taparys. Ýöne olary ruhlandyrmak üçin diňe wagt geçirmek ýeterlikli däl. Geliň, munuň üçin ýene nämeler edip biljekdigimize seredeliň.
Aýdýan sözlerimiz bilen ruhlandyrmaly. Ýygnaklarda berýän jogaplarymyz dogan-uýalara güýçli täsir edýär. Şonuň üçin jogap berenimizde öz pikirimizi däl-de, Ýehowadan, Onuň Sözünden we gullukçylaryndan öwrenen zatlarymyzy aýtsak dogan-uýalary ruhlandyrarys. Şeýle-de olar bilen görşenimizde imanyny berkitjek gürrüňleri etsek, olaryň güýjüne güýç goşarys.
Edýän işlerimiz bilen ruhlandyrmaly. Biz gelýän kararlarymyz we edýän işlerimiz bilen imandaşlarymyzy ruhlandyryp bileris. Meselem, aňsat bolmasa-da, doly wagtly gulluga başlasak ýa-da işden soň ýadaw bolsagam, keselimiz sebäpli kyn bolsa-da ýygnaklara yzygiderli barsak, edýän tagallamyzy görüp, dogan-uýalaryň imany berkär.
Aýdýan sözlerimiz ýa-da edýän işlerimiz bilen dogan-uýalaryň imanyny berkidýärismi? Dogan-uýalaryň imanymyzy berkitmek üçin aýdýan sözlerine we edýän işlerine üns berýärismi?