48-NJI MAKALA
129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň
Eýýup kitaby ejir çekýänlere göwünlik berýär
«Hudaý erbetlik etmeýär» (Eýp. 34:12).
ESASY PIKIR
Eýýup kitabynda horluklaryň sebäbi ýazylan. Ony okasak, kyn ýagdaýlarda Hudaýa wepaly bolarys.
1, 2. Köp adamlar näme üçin Eýýup kitabyny okamagy gowy görýär?
SIZ Mukaddes Kitabyň haýsy kitabyny okamagy halaýarsyňyz? Köpler Eýýup kitabyny okamagy gowy görýär. Onuň ýazylanyna 3 500 ýyl geçenem bolsa, köpler ony sungat eseri hasaplaýar. Bir ylmy kitapda şeýle diýilýär: «Kitaby bir dana ýazypdyr. Ol wakany şahyrana beýan edipdir. Ondaky sözler adamyň ýüreginde öçmejek yz galdyrýar». Eýýup kitabyny Musa pygamber ýazanam bolsa, awtory Ýehowa Hudaý (2 Tim. 3:16).
2 Eýýup kitabynda Mukaddes Kitabyň wajyp hakykatlary bar. Meselem, Şeýtanyň Hudaýyň adyny garalandygy, adamlara we perişdelere töhmet atandygy ýazylan. Şeýtanyň aýtmagyna görä, hiç kim Hudaýy söýüp gulluk etmeýär. Şeýle-de Eýýup kitabynda Ýehowanyň söýgüden doly, adalatly we Gudratygüýçli Hudaýdygy aýdylýar. Onda Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygy 31 gezek aýdylýar. Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplarynyň hiç birinde şol söz şeýle köp agzalmaýar. Mundan başga-da Eýýup kitabynda «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen ýaly adamlary biynjalyk edýän soraglaryň jogaby bar.
3. Eýýup kitabyny okasak nämä göz ýetirýäris?
3 Eýýup kitabyny okamagy daga çykmak bilen deňeşdirse bolýar. Dagyň çür depesine çykanyňda daş-töwerekdäki ähli zat açyk-aýdyň görünýär. Eýýup kitabyny okanymyzda kynçylyklarymyza ýokardan seredýän ýaly bolýarys. Biz Ýehowanyň agyr halymyzy görýändigine, derdimize düşünýändigine göz ýetirýäris. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Eýýup kitabyndaky wakalar geçmişde ýaşan ysraýyllara nädip kömek etdi we bize nädip kömek edýär? Eýýup kitaby arkaly wagyz edýän adamlarymyza nädip kömek edip bileris?
HUDAÝ EÝÝUBYŇ EJIR ÇEKMEGINE ÝOL BERÝÄR
4. Şeýtanyň Eýýuba näme üçin gahary gelendir?
4 Ysraýyllaryň Müsürde gul bolup ýaşan döwri Uz ýurdunda Eýýup atly hudaýhon adam ýaşaýardy. Uz ýurdy wada edilen ýurduň gündogarynda, Arabystanyň bolsa demirgazygynda ýerleşen bolmaly. Müsürdäki butlara çokunyp ýören käbir ysraýyllardan tapawutlykda, Eýýup hak Hudaý Ýehowa sežde edýärdi (Ýuşa 24:14; Hyz. 20:8). Ýehowanyň özem Eýýup barada şeýle diýdi: «Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur»a (Eýp. 1:8). Eýýup gündogar halklarynyň arasynda sylanýan, baý adam bolupdyr (Eýp. 1:3). Hudaýhon Eýýubyň kösenmän bol-telki durmuşda ýaşaýandygyna, il arasynda ýagşy adynyň bardygyna içigara Şeýtanyň gahary gelýärdi.
5. Ýehowa Eýýubyň ejir çekmegine näme üçin ýol berdi? (Eýýup 1:20—22; 2:9, 10).
5 Şeýtan: «Eýýubyň durmuşy gülala-güllük bolansoň, Ýehowa wepaly gulluk edýär. Eger Eýýup ejir çekse, Hudaýdan ýüz öwrer» diýdi (Eýp. 1:7—11; 2:2—5). Ýehowa wepaly ogluny eziz görýärdi. Ol Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin Eýýubyň ejir çekmegine ýol berdi (Eýp. 1:12—19; 2:6—8). Şeýtan Eýýubyň mal-garasyny bir başdan gyrdy, garagöz balalarynyň ählisini öldürdi, özüni bolsa agyr kesele uçratdy, dabanyndan depesine çenli ýara çykardy. Ýöne ýowuz Şeýtan näçe jan etse-de, wepaly Eýýuby dyza çökerip bilmedi (Eýýup 1:20—22; 2:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa Eýýuby sylaglady, ol öňküsi ýaly sagdyn, baý, atly-abraýly adam boldy. Onuň ýene-de on çagasy boldy. Şondan soňam 140 ýyl ýaşady we dört neslini gördi (Eýp. 42:10—13, 16). Eýýubyň wakasyndan Hudaýyň geçmişdäki gullukçylary näme öwrendi we biz näme öwrenýäris?
6. Eýýubyň wakasy ysraýyllara nädip göwünlik berdi? (Surata serediň).
6 Ysraýyllara beren peýdasy. Müsürde gul bolup ýaşanlarynda ysraýyllar itiň gününi gördüler. Ýuşa bilen Kalebiň çagalyk ýyllary gulçulykda geçdi. Müsürden azat bolanlaryndan soňam käbirleriniň boýnuýogynlygy sebäpli olar 40 ýyllap çölde sergezdan boldy. Ýöne Eýýubyň wakasy Ýuşa bilen Kalep ýaly wepaly ysraýyllara göwünlik berendir. Olar horluklara Hudaýyň däl-de, Şeýtanyň günäkärdigini bilendirler. Hudaýyň adamlaryň ejir çekmegine näme üçin ýol berendigine düşünendirler. Şeýle-de Ýehowanyň wepaly adamlary söýýändigine, bol bereket berýändigine göz ýetirendirler.
Eýýubyň wakasy Müsürde ençeme ýyl bäri gul bolup ýören ysraýyllara göwünlik berdi. Ol bize-de kömek eder (6-njy abzasa serediň).
7, 8. Eýýup kitaby ejir çekýän adamlara nädip kömek edýär? Mysal getiriň.
7 Bize berýän peýdasy. Şu günler akýürekli adamlaryň köpüsi Hudaýa sygynýarlar. Emma halal ýaşaýan adamlaryň kynçylyk çekýändigini görenlerinde, olaryň Hudaýdan göwni geçýär. Ruandada ýaşaýan Hazelb bilenem şeýle boldy. Ol ýaşka Hudaýa ynanýardy. Ýöne onuň durmuşy duýdansyz üýtgeýär. Ene-atasy aýrylyşýar, ejesi başga birine durmuşa çykýar. Öweý kakasy Hazele görgi baryny görkezýär. Ýetginjekkä zorlanansoň, Hazeliň dünýäsi ýumrulýar. Onuň ýüregi gysyp buthana barýar, emma ol ýerdenem kalbyna rahatlyk tapmaýar. Bir gün ol Hudaýa şeýle hat ýazýar: «Eý Hudaý jan, men saňa şu güne çenli doga edip geldim. Hiç kime ýamanlyk etmedim. Şonda-da durmuşda görenim diňe görgi boldy. Şu günden şeýläk saňa dileg etjek däl, öz islänimi edip ýaşajak». Şu günlerem Hazel ýaly akýürekli adamlaryň Hudaýy günäkärleýändigini görenimizde gynanýarys.
8 Eýýup kitabyndan görşümiz ýaly, ejir çekmegimize Hudaý däl-de, zalym Şeýtan günäkär. Biz Hudaýyň göz görkezýändigi üçin ejir çekýändiris öýdüp pikir etmeli däl. Mukaddes Kitapda adamlaryň «hemmesiniň garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýandygy» aýdylýar (Nes. 9:11; Eýp. 4:1, 8). Eger biz kynçylyklarda wepaly bolsak, Ýehowanyň adyny aklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis. Biz Eýýup kitabyndaky hakykatlary gymmat saýýarys (Eýp. 2:3; Nak. 27:11). Sebäbi ol biziňem, dogan-garyndaşlarymyzyňam näme üçin ejir çekýändigine düşünmäge kömek edýär. Hazel Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlanda kynçylyklara Hudaýyň günäkär däldigine düşünip şeýle diýýär: «Men Hudaýa ýüregimi döküp doga etdim. Öň Hudaýa doga etjek däl diýenime ökünýärin. Men ony tanamaýan ekenim. Ýehowa meni gowy görýär, aladamy edýär, men diýseň bagtly». Eger adam Hudaýyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigini bilse, egninden agyr ýük aýrylan ýaly bolýar. Geliň, Eýýup kitabyndaky wakalaryň kyn güne düşenimizde nädip göwünlik berýändigini bileliň.
EÝÝUBYŇ WAKASY ÇYDAMLY BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR
9. Ejir çekip oturan Eýýuby suratlandyryň (Ýakup 5:11).
9 Göz öňüne getiriň, uzakda külüň üstünde bir adam otyr. Onuň endam-jany ýaradan doly, sorkuldap dur. Özem iňňä sapaýmaly bolupdyr, agyrylardan ýaňa halys tapdan düşüpdir. Küýze bölekleri bilen ýaralaryny gaşamakdan başga alajy ýokdy. Derdi çekip çydardan agyr hem bolsa, ýüreginiň her bir urgusy Ýehowa diýip urýardy (Ýakup 5:11-i okaň). Oňa çydamaga näme kömek etdi?
10. Eýýubyň Ýehowa bilen ýakyn dost bolandygyny nireden bilýäris? Düşündiriň.
10 Eýýup duýgularyny Ýehowa birin-birin gürrüň berýär (Eýp. 10:1, 2; 16:20). 3-nji bapda ol derdiniň çekip çydardan agyrdygyny aýdyp nalap başlaýar, ýalňyşyp Hudaýam günäkärleýär. Eýýubyň üç dosty göwünlik bermegiň deregine günä edendigi üçin Hudaýyň oňa göz görkezýändigini aýdýarlar. Eýýup olara ýazyksyzdygyny, halal ýaşandygyny aýdýar, hatda özüni Hudaýdanam dogruçyl hasaplaýar (Eýp. 10:1—3; 32:1, 2; 35:1, 2). Eýýup özüni aklajak bolup «oýlanman gepländiginem» boýun alýar (Eýp. 6:3, 26). 31-nji bapda ol Hudaýdan hasap soraýar, garşysynda kimiň durandygyny ýatdan çykarýar (Eýp. 31:35). Ol Hudaýy soraga tutmaly däldigine düşünmeýär.
11. Ýehowa Eýýup bilen nähili gepleşdi?
11 Ýehowa bilen eden gürrüňinden Eýýubyň imany gowşan ýaly görünýär. Aslynda, bu beýle däl. Eýýup Ýehowa ynanýandygy üçin ýüregini dökdi. Ýehowa harasadyň içinde Eýýup bilen gürleşende, oňa betbagtçylygyň sebäbini düşündirmedi ýa-da aýdan sözleri üçin käýemedi. Gaýtam Ýehowa Eýýup bilen ogly ýaly gepleşdi, öwüt-ündew berdi. Şonda ol aýdan sözlerine ökünýär, Ýehowany gowy tanamaýandygyny boýun alýar (Eýp. 31:6; 40:4, 5; 42:1—6). Eýýubyň wakasyndan geçmişde ýaşan ysraýyllar näme öwrendi we biz näme öwrenýäris?
12. Ysraýyllar Eýýup kitabyndan nähili peýda aldylar?
12 Ysraýyllara beren peýdasy. Ysraýyllar Eýýup kitabyndan köp zatlary öwrenip bilerdi. Musa pygambere ägirt uly halka ýolbaşçy bolmak aňsat düşmedi. Halk onuň tamasyny ödemedi, olaryň derdinden ýaňa Musa pygamber göwnüçökgünlige düşýärdi. Ysraýyllar Ýehowa gaýta-gaýta garşy çykdylar, Musa pygamberden nägile boldular. Musa pygamber Eýýubyň göreldesine eýerip, Ýehowa duýgularyny aýdýardy (2 Mus. 16:6—8; 4 Mus. 11:10—14; 14:1—4, 11; 16:41, 49; 17:5). Onuň özem birnäçe gezek ýalňyşlyk goýberdi. Bir gezek ysraýyllar Kadeşde düşelge gurdular. Şol wagt olaryň çölde sergezdan bolup ýörenine 40 ýyl bolupdy. Musa pygamber «oýlanman gepledi», Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmady (Zeb. 106:32, 33). Ýehowa-da oňa wada edilen ýurda girmäge rugsat bermedi (5 Mus. 32:50—52). Ýehowanyň temmisi agyr degse-de, Musa pesgöwünlik bilen kabul etdi. Eýýup kitabyndaky wakalar wada edilen ýurda giren ysraýyllara-da gowy kömek etdi. Olar Eýýubyň göreldesine eýerip, Ýehowa ýüregini döküp doga edendirler, özüni aklamagyň deregine, ýalňyşyny boýun alandyrlar. Şeýle-de Ýehowanyň temmisini pesgöwünlik bilen kabul edendirler.
13. Eýýubyň göreldesi çydamly bolmaga nädip kömek edýär? (Ýewreýler 10:36).
13 Bize berýän peýdasy. Her kimiň derdi özüne ýetik (Ýewreýler 10:36-ny okaň). Käbir dogan-uýalar keselçilikden, göwnüçökgünlikden kösenýär, käbirleriniň maşgalasynda kynçylyk bolýar, käbirleriniň dogan-garyndaşy aradan çykýar ýa-da başga kynçylyklar bilen göreşýär. Käte biri sözi ýa hereketi bilen ýüregimize bitmejek ýara salýar (Nak. 12:18). Eýýup pygamberiň göreldesi Ýehowa ýüregimizi döküp doga etmäge höweslendirýär, onuň dileglerimizi diňleýändigine ynandyrýar (1 Ýah. 5:14). Eýýup ýaly ýürek derdinden ýaňa «oýlanman geplesek», Ýehowa bizi ýazgarmaýar, gaýtam çydamaga güýç we akyldarlyk berýär (2 Tar. 16:9; Ýak. 1:5). Ýehowa Eýýup pygamberi düzedişi ýaly, bizem Sözi, guramasy we imany berk dogan-uýalar arkaly düzedýär (Ýew. 12:5—7). Eýýup maslahaty pesgöwünlik bilen kabul edip, bereket aldy. Bizem maslahaty diňlesek, Hudaýdan ak pata alarys (2 Kor. 13:11). Hawa, Eýýup kitaby durşuna hazyna! Geliň, indi Eýýup kitaby arkaly wagyz edýän adamlarymyza nädip kömek edip biljekdigimize seredeliň.
EÝÝUP KITABY ARKALY ADAMLARA GÖWÜNLIK BERIŇ
14. Siz adamlara horluklaryň sebäbini nädip düşündirersiňiz?
14 Şu günler köp adamlaryň horluklaryň sebäbini bilesi gelýär. Olara muny nädip düşündirersiňiz? Belki, siz gürrüňi Erem bagyndan başlarsyňyz, Şeýtanyň Adam ata bilen How enäni aldap, Hudaýa garşy çykandygyny aýdarsyňyz (1 Mus. 3:1—6). Adam ata bilen How enäniň günä edensoň, nesliniň ejir çekip ölýändigini gürrüň berersiňiz (Rim. 5:12). Soňra Hudaýyň Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etmek üçin wagt berendigini aýdarsyňyz. Ýöne Allanyň adamlara umyt berendigini, tizden ýer ýüzüni ýene-de Jennete öwürjekdigini gürrüň berersiňiz (Ylh. 21:3, 4). Şeýle jogap adamyň ýüregine jüňk bolar. Ol horluklara Hudaýyň günäkär däldigine göz ýetirer.
15. Horluklaryň Hudaýdan däldigini ýene nädip düşündirip bolýar? (Surata serediň).
15 Adamlara Mukaddes Kitapdaky başga waka arkaly hem horluklaryň sebäbini düşündirip bolýar. Ilki bilen adamy wajyp soraglar hakda oýlanýandygy üçin öwüň. Soňra Eýýup pygamberiňem köp ejir çekendigini, horluklaryň sebäbini bilmek isländigini, hatda ony Hudaýdan görendigini gürrüň beriň (Eýp. 7:17—21). Şonda ol: «Horluklaryň sebäbini bilesi gelýän ýeke men däl ekenim. Geçmişde ýaşan adamlarda-da şeýle sorag döräpdir» diýer. Siz Eýýuby Hudaýyň däl-de, Şeýtanyň agyr güne salandygyny aýdyň. Belki, şeýle diýip bilersiňiz: «Şeýtan Eýýubyň Hudaýa öz peýdasy üçin gulluk edýändigini, ejir çekse Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýtdy. Hudaý wepaly guluny gowy tanaýardy, onuň synagda berk durjakdygyna, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etjekdigine ynanýardy. Eýýup pygamber Hudaýyň tamasyny ödedi. Hudaý hem ony agyr derdinden gutaryp, bereket berdi». Hawa, siz Eýýubyň wakasy arkaly akýürekli adamlara horluklaryň Hudaýdan däldigini düşündirip, göwünlik berip bilersiňiz.
Eýýup kitaby arkaly horluklara Hudaýyň günäkär däldigini nädip düşündirip bilersiňiz? (15-nji abzasa serediň).
16. Eýýup bilen bolan waka bir adamy nädip ölümden alyp galdy?
16 Eýýup bilen bolan waka Mariony ölümden alyp galdy. 2021-nji ýylda bir uýa Mario telefon arkaly wagyz edýär. Ol Ýermeýa 29:11, 12-nji aýatlary okap, Hudaýyň diňe bir doga-dilegleri diňlemän, ýagty gelejege umyt hem berýändigini aýdýar. Şonda Mario ýaňyja dogan-garyndaşlaryna hoşlaşyk hatyny ýazandygyny, janyna kast etjek bolýandygyny aýdýar. Ol: «Men Hudaýa ynanýaryn, ýöne meniň aladamy edýändigine ynanmaýaryn» diýýär. Birki günden uýamyz oňa ýene-de jaň edip, Eýýup pygamberiň çeken derdi hakda gürrüň berýär. Mario Eýýup kitabyny tutuşlygyna okap çykmak isleýär. Uýamyz oňa Mukaddes Kitabyň salgysyny iberýär. Şeýlelikde, Mario Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar, Ýehowanyň aladaçyl Hudaýdygyny bilip örän begenýär.
17. Siz Eýýubyň wakasynyň Mukaddes Kitaba ýazylandygyna näme üçin begenýärsiňiz? (Eýýup 34:12).
17 Hudaýyň Sözi kynçylykdan gözi açylmaýan adamlara göwünlik berýär (Ýew. 4:12). Biz Ýehowanyň Eýýup pygamberiň wakasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrandygyna diýseň minnetdar (Eýp. 19:23, 24). Eýýup kitaby «Hudaýyň erbetlik etmeýändigini» subut edýär (Eýýup 34:12-ni okaň). Onda Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigi we çydamly bolmaga nämäniň kömek edýändigi aýdylýar. Bu kitap diňe bir göwünlik bermän, gowy maslahat bermegi hem öwredýär. Indiki makalada şu hakda gürrüň ederis.
156-NJY AÝDYM Iman bilen
a Ýehowa bilen Şeýtanyň gürrüňdeşligi we Eýýubyň başyna inen betbagtçylyklar Ýusup aradan çykansoň (b. e. öň 1657), Musa pygamber heniz halka baştutan bellenmänkä (tak. b. e. öň 1514) bolan bolmaly.
b Käbir atlar üýtgedildi.