GÖZLEG GEÇIRIŇ
Mukaddes Kitapdaky wakalary göz öňüne getiriň
Mukaddes Kitapda geçmişde bolan ençeme wakalar ýazylan. Biz olardan köp zatlary öwrenip bilýäris. Wakalary göz öňüne getirsek, okaýan zadymyza has gowy düşüneris we öwrenen zadymyzy durmuşda ulanarys. Geliň, Mukaddes Kitapdaky wakalary göz öňüne getirmäge kömek edýän käbir maslahatlara seredeliň.
Sesli okaň. Mukaddes Kitaby sesli okasaňyz wakany göz öňüne getirmek aňsat bolar. Eger Mukaddes Kitaby maşgalaňyz bilen okasaňyz waka gatnaşýan gahrymanlaryň sözlerini paýlaşyp okaň. Şonda wakanyň içine girip gidersiňiz.
Göz öňüne getiriň. Wakadaky gahrymanyň pikirine we nähili duýgyny başdan geçirýändigine düşünjek boluň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Gahryman näme üçin şol sözleri aýtdy? Ol näme sebäpden şeýle hereket etdi? Onuň ýerine bolan bolsam men näme ederdim?»
Suratyny çekiň. Okan wakaňyzyň suratyny çekiň. Munuň üçin ökde suratkeş bolmak hökman däl. Siziň çeken suratyňyz ýönekeýje bolsa-da, wakany göz öňüne getirmäge we ýatda saklamaga kömek eder.