Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Ýanwar sah. 26—31
  • Hakykaty ýumşaklyk bilen aýdyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakykaty ýumşaklyk bilen aýdyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HAKYKATY NIREDEN TAPMALY?
  • HAKYKATY NÄME ÜÇIN AÝTMALY?
  • HAKYKATY NÄDIP AÝTMALY?
  • HAKYKATY HAÇAN AÝTMALY?
  • Hudaýyň hakykatyna berk ýapyşyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2025/2026-njy ýylyň etrap kongresiniň meýilnamasy. Etrap gözegçisiniň gatnaşmagynda
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Ýanwar sah. 26—31

30 MART—5 APREL, 2026

76-NJY AÝDYM Hoş habar göwnüňi göterýär

Hakykaty ýumşaklyk bilen aýdyň

«  Ýehowa... hakykatyň Hudaýy» (Zeb. 31:5, çykgyt).

ESASY PIKIR

Hakykaty haçan we nädip aýtmalydygyny öwreneliň.

1. Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin näme etmeli?

DOGAN-UÝALAR ilkinji sapar tanyşanlarynda: «Hakykata nädip geldiň?» diýip soraýarlar. Olaryň käbiri: «Men hakykaty çagalygymdan bäri bilýärin» diýip jogap berýärler. Käbiri bolsa: «Men hakykaty ýaňy-ýakynda eşitdim» diýýärler. Biz Ýehowany tanan günümizden bäri, Onuň Sözündäki hakykat boýunça ýaşaýarys. Eger hakykaty söýsek we hakykata görä ýaşasak, Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolarys. Munuň üçin biz sözde we iş ýüzünde dogruçyl bolmaly (Zeb. 15:1—3).

2. a) Adamlar Isa barada nämäni bilýärdi? b) Adamlar Hudaý hem Isa baradaky hakykata nähili seslendiler?

2 Isa pygamber hemişe hakykaty aýdýardy. Hatda duşmanlary onuň hemişe hakykaty aýdýandygyny, adamlara ýaranjaňlyk etmeýändigini aýtdy (Mat. 22:16). Isa pygamber şägirtlerine adamlaryň hakykata nähili seslenjekdigini aýdyp: «Men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim» diýdi (Mat. 10:35). Isa adamlaryň hakykatdan ýüz öwürmegini islemeýärdi, ýöne olaryň gulagyna hoş ýakmajakdygyny bilýärdi (Mat. 23:37). Şol sebäpli ol käbir adamlaryň hakykaty kabul etse-de, käbirleriniň ony ýigrenjekdigine düşünýärdi (2 Sel. 2:9—11).

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip dogruçyl bolmaly. Adamlar halamasa-da, hemişe hakykaty aýtmaly. Aýdýan zatlarymyz adamlaryň göwnüne ýaramasa-da, wagyz etmeli we Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwretmeli. Ýöne biz hakykaty nädip we haçan aýdýandygymyza üns bermeli. Geliň, ilki bilen, «Ýehowa baradaky hakykaty nireden bilmeli?» diýen soragyň jogabyny bileliň. Soňra hakykaty näme üçin, haçan we nädip aýtmalydygy hakda gürrüň ederis. Şu soraglaryň jogabyny bilsek, adamlara dogrymyzy aýdanymyzda we hoş habary wagyz edenimizde has ýumşak hem-de sypaýy bolarys.

HAKYKATY NIREDEN TAPMALY?

4. Ýehowa näme üçin «hakykatyň Hudaýy» diýilýär?

4 Ýehowa hakykatyň Gözbaşy, Onuň aýdýan zatlarynyň barysy dogry. Meselem, Ýehowa nämäniň ýagşydygyny, nämäniň ýamandygyny öwredýär (Zeb. 19:9; 119:142, 151). Onuň aýdan her bir sözi ýerine ýetýär. Ol hemişe sözünde durýar (4 Mus. 23:19; Işa. 55:10, 11). Dogrudanam, Ýehowa hiç haçan ýalan sözlemeýär (Ýew. 6:18). Şonuň üçin hem Oňa «hakykatyň Hudaýy» diýilýär (Zeb. 31:5, çykgyt).

5. «Hakykatyň Hudaýyny» tanamak näme üçin kyn däl? Düşündiriň (Resullar 17:27).

5 Köp adamlar: «Hudaý ýok, eger bolaýanda-da Ony tanap bolmaz» diýýärler. Aslynda beýle däl. Ýaradylan zatlar Ýehowanyň hakykatdanam bardygyny subut edýär (Rim. 1:20). Pawlus Afinadaky bilimli greklere ýüzlenende Hudaýyň «Ony gözlemegimizi» isleýändigini we «hiç kimden uzakda däldigini» aýtdy (Resullar 17:27-ni okaň). Dogrudanam, Ýehowa pesgöwünli adamlara hakykaty açýar (Ýah. 6:44).

6. a) Mukaddes Kitapda haýsy hakykatlar barada aýdylýar? b) Siz hakykaty bilýändigiňize näme üçin begenýärsiňiz?

6 Ýehowany tanamak üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Ýehowa ony mukaddes ruhy arkaly ýazdyrdy (2 Pet. 1:20, 21). Mukaddes Kitapdaky ýazylan zatlaryň ählisi dogry, biz oňa arkaýyn ynanyp bileris. Meselem, biz älem-jahany we ondaky ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyna ynanýarys (1 Mus. 1:1, 26). Miras geçen günä sebäpli ähli adamlaryň kösenip ýaşaýandygyny we ölýändigini bilýäris (Rim. 5:12; 6:23). Şeýle-de Ýehowanyň Ogly Isa arkaly «ýalanyň atasy» Şeýtanyň ýetiren zyýanynyň öwezini doljakdygyna şübhelenmeýäris (Ýah. 8:44; Rim. 16:20). Mundan başga-da, Mukaddes Kitapdaky wadalaryň ýerine ýetjekdigine, ýagny Isanyň erbetligi aýyrjakdygyna, ölüleri direltjekdigine, ýer ýüzüni Jennet etjekdigine we adamlary kämillige ýetirjekdigine berk ynanýarys (Ýah. 11:25, 26; 1 Ýah. 3:8). Ýehowa bize Özi baradaky hakykaty öwredýär we bize-de şol hakykaty adamlara öwretmegi tabşyrdy. Biz Ýehowany tanap, adamlara Ol hakda öwredip bilýändigimize örän begenýäris (Mat. 28:19, 20).

HAKYKATY NÄME ÜÇIN AÝTMALY?

7, 8. Ýehowa hakykaty näme maksat bilen aýdýandygymyza üns berýärmi? Mysal getiriň (Markus 3:11, 12; surata serediň).

7 Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin hakykaty aýtmaly. Ýöne Hudaýy razy etmek üçin diňe hakykaty aýtmak ýeterlik däl. Ýehowa hakykaty näme üçin aýdýandygymyza üns berýär. Geliň, Isanyň ýer ýüzünde wagyz edende bolan waka seredeliň (Markus 3:11, 12-nji aýatlary okaň). Bir gezek Isa Jelile deňziniň golaýynda wagyz edip ýördi. Onuň daş-töweregi adamdan doludy. Märekäniň arasynda içine jyn giren adamlar hem bardy. Olar Isanyň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Ogly» diýip gygyrýardylar. Aslynda, jynlar Isa barada hakykaty aýtdylar, ýöne olaryň niýeti gowy däldi. Belki-de, olar märekäni içine jyn giren adamlaryň dogry zatlary aýdýandygyna ynandyrjak bolandyrlar. Şeýdip, adamlary Ýehowa gulluk etdirmejek bolandyrlar. Ýöne jynlar Isany aldap hem, onuň göwnünden turup hem bilmediler. Şonuň üçin Isa olara özi hakda wagyz etdirmedi.

8 Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Ýehowa biziň hakykaty näme maksat bilen aýdýandygymyzy görýär. Şol sebäpli biz adamlara hakykaty Ýehowany söýýändigimiz üçin gürrüň bermeli. Hakykaty wagyz edýändigimiz üçin öwenlerinde özümizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly (Mat. 5:16; Resullar 14:12—15-nji aýatlary deňeşdiriň).

Uýa bir gyz bilen okuw geçýär. Suratlarda bir-birine gapma-garşy iki ýagdaý görkezilen. 1) Uýa Mukaddes Kitaby ýapyp, özi hakda gürrüň berýär. 2) Uýa Mukaddes Kitaby açyp, okuw geçýänine aýady düşündirýär.

Hakykaty öwredeniňizde kimi şöhratlandyrmaly? (7, 8-nji abzaslara serediň).


9. Biz näme etmeli däl we näme üçin?

9 Geliň, özümizi arşa galdyrmaly däldigini görkezýän bir ýagdaýa seredeliň. Aýdaly, jogapkär dogan bize hiç kime aýdylmaly däl maglumaty aýdýar. Bizem ony başgalara aýdýarys. Dogan-uýalar şol maglumatyň dogrudygyny bilenlerinde, biziň nireden eşidendigimize haýran galarlar we başga-da köp zatlary bilýändiris öýderler. Biz adamlaryň öňünde köp zat bilýän ýaly görüneris, ýöne Ýehowanyň öňünde ynamdan gaçarys (Nak. 11:13). Sebäbi aýdýan zadymyz dogry bolsa-da, biz syry paş etdik. Onsoňam, hakykaty nädogry niýet bilen aýtdyk.

HAKYKATY NÄDIP AÝTMALY?

10. «Sözleriňiz ýakymly bolsun» diýen jümle nämäni aňladýar? (Koloslylar 4:6).

10 Koloslylar 4:6-ny okaň. Pawlus resul Kolosdaky mesihçilere: «Sözleriňiz ýakymly bolsun» diýip maslahat berdi. Ol nämäni göz öňünde tutduka? Asyl nusgada şol jümle aýdýan sözlerimiziň diňe bir peýdaly bolman, ýumşak bolmalydygyny we ýürege täsir etmelidigini görkezýär.

11, 12. Hakykaty öwredenimizde näme üçin ünsli bolmaly? Mysal getiriň (Surata serediň).

11 Biz adamlara Mukaddes Kitapdan hakykaty öwredenimizde Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. Mukaddes Kitapda hakykatlar süňkleri bölüp, ýilige çenli baryp ýetýän ýiti gylyja meňzedilýär. Başgaça aýdanyňda, ol adamyň duýgularyny we niýetlerini ýüze çykarýar (Ýew. 4:12). Eger biz Mukaddes Kitapdaky hakykaty ökdelik bilen wagyz etmesek, onda bizi diňleýän adamyň gahary gelip, dawalaşmagy mümkin.

12 Aýdaly, biz wagyzda şekillere sežde edýän, maşgalasy bilen Täze ýyl baýramyny bellemegi gowy görýän adam bilen tanyşýarys. Biz oňa jansyz şekillere sežde etmegiň biderekdigini, Täze ýyl baýramyny bellemegiň Mukaddes Kitaba esaslanmaýandygyny düşündirip bileris (Işa. 44:14—20; 2 Kor. 6:14—17). Ýöne biz şu zatlary ilkinji gürrüňdeşlikde aýtsak nähili bolar? Elbetde, biz dogry zady aýtsak-da, Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwretmeris.

Bir är-aýal maşgalasy bilen Täze ýyl baýramyny belleýän adama gapysynda wagyz edýär. Suratlarda bir-birine gapma-garşy iki ýagdaý görkezilen. 1) Är-aýal adama jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitapda roždestwo barada näme diýilýär?» diýen makalany görkezýär. Öý eýesi elini biri-biriniň üstünden geçirip, gaşyny çytyp diňläp dur. 2) Är-aýal jw.org saýtyndaky «Gowy ata bolmak üçin näme etmeli?» diýen makalany görkezýär. Öý eýesi ýylgyryp, är-aýaly diňläp dur.

Hakykaty nädip ökdelik bilen öwretmeli? (11, 12-nji abzaslara serediň)a.


13. Sözlerimiz tagamly bolar ýaly näme etmeli?

13 Pawlus resul Koloslylara beren maslahatynda aýdýan sözlerimiziň tagamly bolmalydygyny aýtdy. Biz adamyň göwnüne degmejek bolup hakykaty ýoýmaly däl ýa-da ony gizlemeli däl. Gaýtam Mukaddes Kitapdaky hakykaty adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly edip öwretmeli (Eýp. 12:11). Elbetde, ýakymly sözlemek hemişe aňsat däl. Meselem, biz bir tagamy halaýan bolsak, ony başgalar hem halaýandyr diýip pikir etmegimiz mümkin. Edil şonuň ýaly, aýdýan sözlerimizi adamlar hem halaýandyr öýtmegimiz mümkin. Ýöne adamlar dürli-dürli bolýar. Meselem, käbir medeniýetde adamlar pikirini açyk aýdýar. Olar hatda uly adamlardan hem çekinmeýärler. Käbir ýerlerde bolsa pikiriňi göni aýtmak ýerliksiz, hatda gödek hasaplanýar. Şonuň üçin Pawlus resul: «Her kime nädip jogap bermelidigini biliň» diýip maslahat berdi. Diýmek, biz «terbiýäm şeýle» ýa-da «men halaýaryn» diýmän, aýdýan sözlerimizi adamlara görä üýtgetmeli, sebäbi sözlerimiz özümize däl-de, adamlara ýakymly bolmaly.

HAKYKATY HAÇAN AÝTMALY?

14. Isa şägirtlerine bilýän zatlarynyň barysyny bir gezekde öwretdimi? Düşündiriň.

14 Isa pygamber hemişe adamlar bilen mähirli gepleşýärdi, olara köp zatlary öwredýärdi (Mar. 6:34). Ýöne olar Isadan entek köp zatlary öwrenmelidi. Isa adamlara bilýän zatlarynyň barysyny bir gezekde öwretjek bolmady. Sebäbi ol şägirtleriniň käbir hakykatlary kabul edip bilmejekdigine düşünýärdi. Isa şägirtlerine: «Häzir olara düşünmersiňiz» diýdi (Ýah. 16:12). Biz Isadan näme öwrenýäris?

15. Okuw geçip başlan adama ähli zady bir gezekde öwretmelimi? Düşündiriň (Nakyllar 15:23; surata serediň).

15 Görşümiz ýaly, hakykaty bilmek bar zady bir gezekde öwretmegi aňlatmaýar. Biz Isadan görelde alyp, adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Geliň, Täze ýyl baýramçylygyny bellemegi gowy görýän adam hakdaky mysala dolanalyň. Elbetde, biz şol baýramçylygyň ýalan dinden gelip çykandygyny, Hudaýa ýaramaýandygyny bilýäris. Göz öňüne getiriň, siz şol adam bilen Täze ýyl baýramyna birki hepde galanda okuw geçip başlaýarsyňyz. Eger biz oňa Mukaddes Kitapdan baýramçylyklaryň ýalan dinden gelip çykandygyny görkezsek we Täze ýyl baýramyny bellemegi goýmalydygyny aýtsak dogry bolarmy? Ýakymly sözledigimiz bolarmy? Käbir okuw geçýänler Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny kabul edip, şol bada eýerýärler. Käbirlerine bolsa garaýşyny üýtgedip, öňki edip ýören zatlaryny goýmak üçin wagt gerek bolýar. Okuw geçýänlerimiz ruhy taýdan öser ýaly, hakykaty kabul etjek wagty aýtmaly (Nakyllar 15:23-i okaň).

Ýokarky suratdaky är-aýal ýaňky adam bilen öýünde «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyndan sapak geçýär. Olaryň gapdalynda bezelen arça hem dur.

Hakykaty haçan we nädip öwretmelidigi babatda Isadan görelde alyň (15-nji abzasa serediň).


16. Okuw geçýänlere «hakykat ýolunda ýöremäge» nädip kömek edip bileris?

16 Adamlara Ýehowa barada öwredip alýan şatlygymyzy hiç zada deňäp bolmaýar. Eger biz şu makaladaky maslahatlara eýersek, adamlara «hakykat ýolunda ýöremäge» kömek ederis. Ilki bilen, özüňiz hakykat ýolunda ýöräp, görelde boluň (3 Ýah. 3, 4). Siziň ýaşaýşyňyzdan Hudaýyň Sözündäki wadalara ynanýandygyňyz görünsin. Hakykaty, dogry zady päk niýet bilen aýdyň. Sözleriňiz ýakymly we mähirli bolsun. Adamlara Mukaddes Kitabyň hakykatyny haçan we nädip öwretmelidigini biliň. Özüňizi däl-de, ähli zatda Ýehowany şöhratlandyryň. Şonda hakykatyň Hudaýy Ýehowanyň gullukçysy diýip tanalarsyňyz.

ŞU AÝATLARDAN NÄME ÖWRENDIŇIZ?

  •  Resullar 17:27

  •  Koloslylar 4:6

  •  Nakyllar 15:23

160-NJY AÝDYM «Hoş habar»

a SURATYŇ BEÝANY: birinji suratda dogan öý eýesiniň öýünde arça agajyny görýär we oňa Täze ýyl baýramynyň gelip çykyşy hakdaky makalany görkezýär. Ikinji suratda bolsa dogan öý eýesine makaladan atalar üçin peýdaly maslahatlary görkezýär. Teklipleriň haýsysy öý eýesiniň ýüregine jüňk bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş