Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 8 sah. 107—sah. 110 abz. 2
  • Sesiň batlylygy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sesiň batlylygy
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Sesiň üýtgemegi
    Wagyz mekdebi
  • Sesiňi üýtgetmek
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Goşmaça maglumat
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Seretmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 8 sah. 107—sah. 110 abz. 2

8-NJI SAPAK

Sesiň batlylygy

Munuň üçin näme etmeli?

Ýeterlikli derejede sesli ýa-da batly geplemeli. Sesiň batlylygyny bilmek üçin: 1) diňleýjileriň sanyny we kimlerden ybaratdygyny, 2) päsgel berýän sesleri, 3) temanyň mazmunyny, 4) goýan maksadyňy göz öňünde tutmaly.

Bu näme üçin wajyp?

Eger sesiňiz gowy eşidilmese, diňleýjileriň ünsi sowlar we olar aýdýan zatlaryňyza düşünmezler. Eger has batly gepleseňiz, diňleýjileriň gahary gelmegi, hatda olary hormatlamaýan ýaly bolup görünmegi-de mümkin.

ÇYKYŞ edýän dogan ýuwaş geplese, diňleýjileriň käbiri irkilip başlar. Eger mesihçi wagyzda ýuwaş geplese, onda ol adamyň ünsüni çekip bilmez. Diňleýjiler ýygnak duşuşygynda jogap berende ýeterlikli derejede batly geplemeseler, başgalary ruhlandyryp bilmezler (Ýew. 10:24, 25). Emma nutukçy dogan sebäpsiz ýere sesini güýçlendirse, diňleýjiler özüni oňaýsyz duýup, hatda gaharlanmaklary-da mümkin (Sül. tym. 27:14).

Diňleýjileri göz öňünde tutuň. Siz kime ýüzlenýärsiňiz? Bir adamamy? Bir maşgalamy? Wagyz duşuşygyna gelen kiçiräk toparamy ýa-da tutuş ýygnaga? Kongrese gelen uly märekämi? Bularyň birinde ýuwaşrak geplemeli bolsa, beýlekisinde batlyrak geplemeli.

Hudaýyň gullukçylary kä ýagdaýda uly märekä ýüzlenip gepläpdirler. Süleýman patyşanyň döwründe sesi güýçlendirýän gurallar bolmandyr. Şol sebäpli Iýerusalimdäki ybadathananyň dabaraly açylyşynda, Süleýman halka ak pata bermek üçin belent ýere çykyp, «batly ses bilen» ýüzlenýär (1 Pat. 8:55; 2 Ýyl. 6:13). Ýüzlerçe ýyl geçenden soň, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde birnäçe adama mukaddes ruh inende, olaryň daşyna märeke üýşýär. Olaryň käbiri hakykat bilen gyzyklansa, käbiri mesihçileriň üstünden gülüpdir. Şonda Petrus paýhaslylyk bildirip, «ýerinden turdy-da, sesini gataldyp olara ýüzlendi» (Res. iş. 2:14). Şol gün güýçli güwälik edildi.

Siz ýeterlikli derejede batly gepleýändigiňizi nädip anyklap bilersiňiz? Munuň üçin diňleýjilere üns berseňiz paýhasly bolar. Eger siz olaryň zordan eşidýändigini görseňiz, onda batlyrak geplejek boluň.

Biz bir ýa-da birnäçe adama ýüzlensek-de, diňleýjileriň kimlerden ybaratdygyny göz öňünde tutsak gowy bolar. Eger kimdir biri sizi kynlyk bilen eşidýän bolsa, batly geplemeli bolarsyňyz. Ýöne käbir gartaşan adamlara maglumaty kabul etmek üçin wagt gerek bolýar. Siz olaryň ýagdaýyny göz öňünde tutman gygyryp gepleseňiz, olaryň ýüregine täsir edip bilmersiňiz. Hatda olar sizi medeniýetsiz saýyp biler. Käbir döwletlerde gaty gepleýän adamy gaharly ýa-da sabyrsyz hasaplaýarlar.

Päsgel berýän sesler. Käte wagyzda adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda batly sesli geplemeli bolýarys. Size maşynyň, çagalaryň, aýdym-sazyň ýa-da telewizoryň sesi we itleriň üýrüşi päsgel berip biler. Emma biri-birine ýakyn ýerleşýän öýlerde wagyz edeniňizde has batly gepleseňiz, goňşularyň ünsüni çekip, öý eýesini oňaýsyz ýagdaýa salmagyňyz mümkin.

Ýygnak duşuşygynda we kongreslerde çykyş edýän doganlar hem dürli kynçylyklara duş gelýärler. Zalda, ýagny sesiň gowy eşidilýän ýerinde çykyş etmek bir zat — açyk howada märekäniň öňünde çykyş etmek başga zat. Latyn Amerikada iki missioner gyzyklanýan adamyň howlusynda jemagat nutugy bilen çykyş edenlerinde, golaýda geçirilýän baýramçylygyň sesi eşidilýärdi we kimdir biriniň horazy dynman gygyrýardy.

Şeýle sesler päsgel berende, nutuk bilen çykyş edýän dogan ses ýatýança säginmeli ýa-da batlyrak geplemeli bolýar. Meselem, ýygnak duşuşygy demir üçekli jaýda geçirilýän bolsa we birden çabga ýagyp başlasa, çykyş edýän doganyň sesi eşidilmezligi mümkin. Gijä galyp gelen adam ýa-da aglaýan çaganyň sesi-de päsgel berip biler. Eger siz şeýle päsgelçilikleriň hötdesinden gelmegi başarsaňyz, diňleýjiler siziň çykyşyňyzdan köp peýda alyp bilerler.

Sesi güýçlendirýän enjamlar bar bolsa, olar çykyşy ýeňilleşdirýär. Emma şonda-da batlyrak geplemeli ýagdaýlar döreýär. Käbir ýerlerde elektrik togy ýygy-ýygydan öçýär. Şeýle ýagdaýda mikrofonsyz çykyş etmeli bolýar.

Temanyň mazmuny. Nutugyň temasy-da batlyrak geplemegi talap edýär. Eger siz batlyrak aýtmaly ýerinde ýuwaş ses bilen gepleseňiz, nutugyň täsiri bolmaz. Meselem, Mukaddes Ýazgylardan höküm ediji sözleri okamaly bolanda, ony söýgi bilen berilýän maslahat ýaly däl-de, batly ses bilen okamaly. Şol sebäpli sesiňizi temanyň mazmunyna görä güýçlendiriň, ýöne diňleýjileriň ünsüni özüňize çekmekden ägä boluň.

Maksadyňyzy göz öňünde tutuň. Siz diňleýjileri bir zada höweslendirmekçi bolsaňyz, onda batlyrak ses bilen geplejek boluň. Eger olaryň pikirini özgertmek isläp, çendenaşa batly gepleseňiz, olara diňlemek ýakymly bolmaz. Emma teselli bermeli bolanda, ýumşaklyk bilen geplesek has ýerlikli bolar.

Sesiň batlylygyny dogry ulanyň. Batly ses bir iş bilen meşgullanýan adamyň ünsüni çekmäge kömek edýär. Ata-eneler hem oýna gyzan çagalaryny çagyranda, sesini batlandyrmalydygyny bilýärler. Şeýle-de ýygnak duşuşygy ýa-da kongres başlanda, oňa gelen adamlara ýerinde oturmagy haýyş edýän dogan gatyrak gepleýär. Daşarda işläp ýören adama wagyz etmekçi bolanymyzda, olaryň ünsüni çekmek üçin batlyrak ses bilen salamlaşmaly bolýarys.

Kimdir biriniň ünsüni çekenimizden soň hem ýeterlikli derejede batly geplemek wajypdyr. Has ýuwaş geplesek, adamlar bize gowy taýýarlyk gören däldir ýa-da aýdýan zatlarymyza ynamymyz ýokdur öýderler.

Buýruk beriji sözler batlyrak aýdylsa, adamlar olary ýerine ýetirmäge çalşarlar (Res. iş. 14:9, 10). Şeýle-de batly ses betbagtçylykdan halas edip biler. Meselem, Filipidäki türmäniň garawuly tussaglar gaçandyr öýdüp, özüni öldürjek bolýar. «Emma Pawlus gaty ses bilen gygyryp: „Özüňe tyg çekme, biziň hemmämiz şu ýerde!“ diýýär». Şeýdip, ol türmeçini ölümden halas edýär. Pawlus bilen Silas türmeçä we onuň öý-içerisine wagyz edenlerinde, olaryň ählisi hakykaty kabul edýär (Res. iş. 16:27—33).

Sesiň batlylygyny gowulandyryň. Käbir adamlar batly geplemek üçin has köp tagalla etmeli bolýarlar. Sebäbi olar dogabitdi ýuwaş gepleýän bolmaly. Emma tagalla edilse, olar biraz gaty geplemegi öwrenip bilerler. Munuň üçin dem alşyňa we durşuňa üns bermeli. Oturanyňda we duranyňda göwräňi dik tutmaly. Egniňi göni tutup, uludan dem almaly. Şonda öýkeniň aşaky bölegi howadan dolup, batly geplemäge kömek eder.

Käbir adamlar bolsa çendenaşa gaty gepleýärler. Mümkin, olar daşarda ýa-da goh-galmagally ýerde işläp, şeýle endigi edinen bolmaly. Belki-de, olar gaty gepleýän we başgalaryň sözüni bölýän adamlaryň arasynda önüp-ösendir. Şol sebäpli olar adamlar bilen gürrüňdeş bolanda gaty geplemelidir öýdýärler. Emma olar Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna eýerseler, «rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýnip», ýuwaşrak geplemegi öwrenip bilerler (Kol. 3:12).

Ýeterlikli derejede batly geplemek üçin gowy taýýarlanmaly, wagza yzygiderli gatnaşyp tejribe toplamaly we Ýehowa doga etmeli. Ýygnak duşuşygynda çykyş edeniňizde-de, wagyzda-da aýdýan sözleriňiziň adamlara berjek peýdasy barada oýlanmaly (Sül. tym. 18:21).

HAÝSY ÝAGDAÝLARDA BATLY SES BILEN GEPLEMELI

  • Uly märekä ýüzlenilende.

  • Ünsüňi sowýan we päsgel berýän sesler bolanda.

  • Diňleýjileriň ünsüni wajyp zatlara gönükdirmeli bolanda.

  • Bir zada höweslendirmeli bolanda.

  • Adamyň ünsüni çekmeli bolanda.

SESIŇ BATLYLYGYNY DOGRY ULANMAK ÜÇIN

  • Adamlaryň diňleýşine üns bermeli; olar arkaýyn eşider ýaly geplemeli.

  • Öýkeniň aşaky bölegi howadan dolar ýaly, uludan dem almaly.

GÖNÜKME Resullaryň işleri 19:23—41-nji aýatlary sessiz okaň. Aýatlary okaýarkaňyz, ondaky wakalary we konteksti göz öňünde tutuň. Kimiň gepleýändigine we olaryň garaýşyna üns beriň. Soňra her bir bölümi manysyna görä batly ses bilen okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş