9-NJY SAPAK
Sesiň üýtgemegi
BASYMY dogry goýmak siziň aýdýan sözleriňiziň manysyna düşünmäge kömek edýär. Eger siz sesiň güýçlüligini, tizligini we äheňini ussatlyk bilen üýtgetseňiz, diňleýjiler sizi has-da höwesli diňlärler. Şeýle-de aýdýan sözleriňiz tema bolan garaýşyňyzy görkezer. Siziň garaýşyňyz bolsa diňleýjileriň garaýşyna täsir eder. Bu ýygnak duşuşygynda çykyş edeniňizde-de, wagyzda-da wajypdyr.
Ynsan sesi — dürli sesleri çykaryp bilýän täsin gural. Eger ony dogry ulanyp bilseňiz, çykyşyňyzy janlandyrmaga, ýüreklere täsir edip, duýgulary oýarmaga we herekete höweslendirmäge kömek eder. Emma bu maksada ýetmek üçin sesiňi nirede güýçlendirmelidigini, nirede tiz aýtmalydygyny ýa-da nirede äheňiňi üýtgetmelidigini bellik etmek ýeterlikli däl. Eger şeýle bellikleri ulansaňyz çykyşyňyz ýasama bolar. Olar sözüňizi janlandyrmaga derek, diňleýjileri oňaýsyz ýagdaýa salar. Sesiň dogry üýtgedilmegi ýürekden çykmalydyr.
Nutukçy sesiň üýtgedilmegini dogry ulansa, diňleýjileriň ünsüni özüne çekmän, nutugyň manysyna düşünmäge kömek eder.
Sesiň güýçlüligini üýtgediň. Sözi täsirli etmegiň bir usuly sesiň güýçlüligini üýtgetmekdir. Emma bu belli bir aralykda gatyrak ýa-da ýuwaşrak geplemelidigini aňlatmaýar. Eger şeýle geplenilse, sözüň manysy ýoýular. Nutukçy ýygy-ýygydan sesini güýçlendirip dursa, diňleýjilerde ýaramaz täsir galdyrar.
Sesiň güýçlüligi aýdýan sözleriňize bagly bolmaly. Meselem, Ylham 14:6, 7 ýa-da 18:4-däki gaýragoýulmasyz tabşyryklary, ýa-da Müsürden çykyş 14:13, 14-däki berk ynamly sözleri sesiňi güýçlendirip okamaly. Eger Işaýa 14:19—27-däki ýaly paş ediji sözleri okamaly bolsaňyz, onda diňe gerekli jümleleri batlyrak ses bilen aýtmaly.
Siz goýan maksadyňyzy hem göz öňünde tutmaly. Aýdaly, siz diňleýjileri belli bir zada höweslendirmek ýa-da nutugyňyzyň esasy bölümlerini nygtamak isleýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda sesiňizi gerekli ýerlerde güýçlendirseňiz, maksadyňyza ýetip bilersiňiz. Emma sesiňizi ýerliksiz ýere güýçlendirseňiz, ters netije gazanarsyňyz. Näme üçin? Sebäbi käte güýçli ses bilen däl-de, ýumşak we mähirli geplemeli bolýar. Bu barada 11-nji sapakda jikme-jik gürrüň ederis.
Biraz ýuwaş geplemeklik ýerlikli ulanylsa, diňleýjileri aýdyljak zada garaşmaga höweslendirer. Emma şondan soň, sesiňi derrew güýçlendirip geplemeli. Ýuwaş hem-de güýçli ses bilelikde ulanylsa, diňleýjilerde rahatsyzlyk we gorky döredýär. Şeýle-de ýuwaş aýdylýan pikirler beýleki pikirlere garanyňda, wajyp däl ýaly bolup görner. Emma hemişe ýuwaş gepleseňiz, bu siziň ynamsyzlygyňyzy ýa-da tema bilen gyzyklanmaýandygyňyzy görkezip biler. Görşümiz ýaly, has ýuwaş ses bilen geplemek üçin düşgürlik gerek.
Sesiň tizligini üýtgediň. Adatça, geplänimizde sesimiziň tizligi öz-özünden üýtgeýär. Tolgunan wagtymyz çalt gepleýäris. Emma aýdýan sözlerimiziň adamlaryň ýadynda galmagyny islesek, onda biz howlukman gepleýäris.
Nutuk bilen ýaňy çykyş edip başlan doganlar, köplenç, bir tizlikde gepleýärler. Näme üçin? Sebäbi olar her bir aýtjak sözlerine üns berip, taýýarlyk görýärler. Olar taýyn nutuk bilen çykyş etmeseler-de, ony sözme-söz ýazyp, hatda ýat tutan ýaly aýdýarlar. Netijede, olaryň sözleri bir tizlikde aýdylýar. Şeýle ýagdaýdan gaça durmak üçin, meýilnama boýunça çykyş etmegi öwrenmeli.
Gepleýiş tizligini birden üýtgetmäň, çünki bu pişigiň iti görüp, birden böküp yzyna gaçyşyna meňzär. Şeýle-de düşnükli geplemäge päsgel berjek tizlikde geplemäň.
Dogry tizlikde geplemek üçin belli bir aralykda kä çalt, käte haýal sözlemek ýeterlikli däl. Şeýle endik siziň çykyşyňyzy gowulandyrman, gaýtam, diňleýjileriň ünsüni sowar. Gepleýiş tizligi siziň aýdýan sözleriňize, ýetirjek duýgularyňyza we goýan maksadyňyza bagly bolmaly. Nutugyňyzy ortaça tizlikde aýdyň. Şatlykly ýa-da tolgunma bilen aýdylýan habarlary adaty gepleýiş tizliginde aýdyň. Şeýle-de wajyp bolmadyk pikirleri ýa-da wakalary çaltrak aýtmaly. Bu siziň çykyşyňyzy janlandyrar we ony diňlemek aňsat bolar. Emma esasy pikirleri we delilleri, köplenç, haýalrak aýtmaly.
Sesiň äheňini üýtgediň. Aýdaly, bir adam saz guralyny çalýar. Siz ony bir sagatdan bäri diňleýärsiňiz, emma şol bir nota çalynýar. Ol kä güýçli, käte pes, kä çalt, käte haýal çalýar. «Sazyň» güýçlüligi we tizligi üýtgäp, notasy, ýagny äheňi üýtgemese, ony diňläsiň gelmez. Şonuň ýaly-da, geplänimizde sesiň äheňini üýtgetmesek, ol gulaga ýakymly bolmaz.
Sesiň äheňi her dilde dürli-dürli üýtgeýär. Meselem, hytaý dilinde sesiň äheňiniň üýtgemegi sözüň manysyna täsir edýär. Emma bu başga dillerde-de bolup biler. Şeýle dillerde basymyň düşýän sözleri biraz ýokary äheň bilen okamaly bolýar. Sesiň äheňiniň üýtgemegi bir zadyň möçberini ýa-da uzakdadygyny görkezip biler. Şeýle-de ol sözlemiň sorag ýa-da habardygyny mälim edýär.
Tolgunma we şatlykly habar belent äheňde, gam-gussa ýa-da aladalar bolsa pes äheňde aýdylýar. Eger-de nutukçy bu duýgulary dogry aýtmagy başarsa, diňleýjileriň ýüregine täsir edip biler. Olary diňe bir söz bilen beýan etmän, eýsem, öz duýgularyňyz ýaly edip aýtmaga çalşyň.
Öňünden edilmeli işler. Sesiň äheňini nirede üýtgetmelidigini nädip bilmeli? Bu siziň saýlan maglumatyňyza bagly bolýar. Eger ol diňe çagyryşdan ýa-da subutnamadan ybarat bolsa, onda sesiň äheňini kän üýtgedip bilmeseňiz gerek. Şol sebäpli meýilnamaňyzy derňäň; gyzykly we peýdaly maglumatlary toplandygyňyza göz ýetiriň.
Aýdaly, siz çykyş edip durkaňyz nutugyňyzy janlandyrmak üçin bir zadyň ýetmeýändigini duýýarsyňyz. Şonda näme etmeli? Çykyş edişiňizi üýtgediň. Nädip? Munuň üçin ýöne bir geplemegiň deregine, Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamaly bolanda, diňleýjileri kitaby açmaga höweslendiriň. Käbir habar sözlemlerini sorag sözlemlerine üýtgediň, olary nygtamak üçin säginiň. Ýönekeýje mysal ýa-da tymsal getiriň. Şeýle usullary ökde nutukçylar ulanýarlar. Emma siziň tejribäňiz bolmasa-da, çykyşa taýýarlananyňyzda bu usullary ulanyp bilersiňiz.
Sesiň üýtgedilmegini nahary tagamly etmek üçin goşulýan zatlara meňzetse bolýar. Eger ony ýerlikli hem dogry ulansaňyz, çykyşyňyz üstünlikli bolar we diňleýjiler lezzet alar.