SAPAK 17
Düşnükli gepläň
1 Korinfliler 14:9
BELLIK: Diňleýjilere aýdýan sözleriňiziň manysyna düşünmäge kömek etmeli.
NÄDIP ETMELI?
Berlen maglumata gowy taýýarlanyň. Diňleýjiler tema düşüner ýaly, ony sada dilde we öz sözleriňiz bilen düşündiriň.
Gysga sözlemleri we ýönekeý jümleleri ulanyň. Elbetde, uzyn sözlemleri ulansa bolýar. Ýöne esasy pikirleri gysga hem ýönekeý sözler bilen aýdyň.
Nätanyş sözleri düşündiriň. Diňleýjilere nätanyş bolan sözleri ýa jümleleri azrak ulanyň. Eger siz nätanyş jümleler, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan gahrymanlar, gadymy ölçeg birlikleri we däp-dessurlar hakda aýtmaly bolsaňyz, onda olaryň manysyny düşündiriň.