Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Sentýabr sah. 31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • Süleýmanyň aýdymy kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowa ejizleri kuwwatlandyrýar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • «Ähliňiz halas bolarsyňyz»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Sentýabr sah. 31

Okyjylaryň sowallary

Nakyllar 30:18, 19-njy aýatlarda «gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoluna» akyl ýetirip bolmaýar diýilýär. Şol sözler näme aňladýarka?

Köp adamlar, hatda käbir alymlar hem şu sözleriň manysyny bilmeýär. Mukaddes Kitapda şol aýatlarda şeýle sözler bar: «Akyl ýetirip bilmeýän üç zadym bar (ýa-da: Meniň üçin örän täsin üç zat bar, çykgyt), düşünip bilmeýän dört zadym bar: gökde bürgüdiň ýoly, gaýada ýylanyň ýoly, deňizde gäminiň ýoly, gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoly» (Nak. 30:18, 19).

Biz öň «gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoly» diýen sözler erbet many berýändir öýdýärdik. Sebäbi Nakyllar 30-njy babyň beýleki aýatlarynda «doýdum» diýmeýän zatlar hakda aýdylýar (Nak. 30:15, 16). Nakyllar 30:20-de bolsa erbetlik etmedim diýýän «ahlaksyz aýal» hakda gürrüň edilýär. Biz aýatda hiç kime görünmeýän işler hakda gürrüň edilýändir öýdýärdik. Bürgüdiň al-asmanda uçuşy, ýylanyň gaýalaryň arasyndan bildirmän geçişi ýa-da aňyrsy-bärsi görünmeýän deňizde gäminiň ýüzüşi ýaly ýigit hem gizlinlikde bir zat edýändir öýdýärdik. Şol sebäpli-de «gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoly» diýende ýaş gyzyň gözüni-başyny aýlap, onuň bilen ýatjak bolýan ýigit hakda gürrüň edilýändir diýip pikir edýärdik.

Emma şol aýatlarda gowy zat hakda gürrüň edilýär. Ýazyjy şol aýatlarda haýran galan zatlary hakda ýazypdyr.

Gadymy ýewreý golýazmalary hem muny subut edýär. Bir sözlükde aýdylmagyna görä, Nakyllar 30:18-de «akyl ýetirip bilmeýän» diýip terjime edilen ýewreý sözi «haýran galdyrýan, üýtgeşik, hatda mümkin däl zady» suratlandyrýar («Theological Lexicon of the Old Testament»).

Garward uniwersitetiniň professory Kroford Toý Mukaddes Kitabyň şol aýatlarynda erbet zat hakda gürrüň edilmeýändigini şeýle belleýär: «Ýazyjy olaryň (ýagny agzalýan dört zadyň) üýtgeşikdigini beýan etjek bolupdyr».

Şeýlelikde, Nakyllar 30:18, 19-njy aýatlarda, hakykatdanam, täsin, akyla sygdyryp bolmaýan zatlar hakda gürrüň edilýär diýsek ýalňyşmarys. Mukaddes Kitapdaky şol sözleri ýazan adam ýaly, bizem bürgüdiň asmanda uçuşyna, ýylanyň aýagy bolmasa-da, gaýalaryň arasyndan çalasynlyk bilen geçişine, üsti agyr ýükli gäminiň deňizde ýüzüşine we ýigit bilen gyzyň biri-birini söýüp, bagtly ýaşaýşyna haýran galýarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş