Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

13-nji oktýabr, duşenbe

Ýehowa ýürege seredýär (1 Şam. 16:7).

Dogan-uýalar, eger siziň käte özüňize göwnüňiz ýetmese, Ýehowanyň sizi hakykata getirendigi hakda pikirleniň (Ýah. 6:44). Belki, siz: «Ýehowa meniň nämämi haladyka?» diýip oýlanýansyňyz. Unutmaň, Ýehowa sizi özüňizden hem gowy tanaýar, ýagşy häsiýetiňizi görýär (2 Tar. 6:30). Şonuň üçin Ýehowa: «Siz meniň dürdänäm!» diýende şübhelenmäň, ýürekden ynanyň (1 Ýah. 3:19, 20). Käbirleri geçmişde eden günälerini ýatlap, özünden göwni geçýär (1 Pet. 4:3). Käbirleri bolsa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etseler-de, ejizläp ýalňyşlyk goýberýär. Sizem özüňizi şeýle duýýarsyňyzmy? Siz: «Ýehowa meni bagyşlamaz» diýip pikir edýärsiňizmi? Onda geçmişde şeýle duýgular bilen göreşen Hudaýa wepaly adamlar hakda oýlanyň. Pawlus resul bikämillik sebäpli goýberýän ýalňyşlary hakda oýlananda özüni erbet duýýardy (Rim. 7:24). Elbetde, ol günäsine toba edipdi, suwa çümdürilipdi. Emma geçmişi hakda pikirlenende özüni dereksiz duýdy we «resullaryň iň kiçisidigini», «günäkärleriň... iň erbedidigini» aýtdy (1 Kor. 15:9; 1 Tim. 1:15). w24.03 sah. 27, abz. 5, 6

Her günki aýady okalyň — 2025

14-nji oktýabr, sişenbe

Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni taşladylar (2 Tar. 24:18).

Ýaşlar, Ýehoýaş patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýärsiňiz? Siz Ýehowany söýýän we ony razy edýän adamlar bilen dostlaşyň. Siz diňe öz deň-duşlaryňyz bilen dostlaşmalydyryn öýtmäň. Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaşdan has uludy. Emma olar jana-jan dost boldular. Biri bilen dostlaşmazdan öňürti şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Ol meniň Ýehowa imanymy berkidýärmi? Meni Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýärmi? Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary hakda gürrüň etmegi halaýarmy? Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarmy? Men ýalňyşanymda düzedýärmi ýa-da diňe gulagyma hoş ýakýan zatlary aýdýar?» (Nak. 27:5, 6, 17). Ýaşlar, Ýehowany söýmeýän adamlardan arany açyň, emma hak Allany söýýänlere gujak açyň (Nak. 13:20). w23.09 sah. 9, 10, abz. 6, 7

Her günki aýady okalyň — 2025

15-nji oktýabr, çarşenbe

Men Alfa we Omega (Ylh. 1:8).

Alfa grek elipbiýiniň birinji harpy, omega bolsa soňky harpy. Ýehowa özüne «Alfa we Omega» diýmek bilen başlan işini hökman tamamlajakdygyna kepil geçýär. Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradandan soňra: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň» diýdi (1 Mus. 1:28). Şonda Ýehowa «Alfa» diýen ýaly boldy. Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil, gulak asýan neslinden dolmalydy. Ýehowa niýetini gelejekde amala aşyranda «Omega» diýen ýaly bolar. Ýehowa «gögi, ýeri we olardaky bar zady» ýaradandan soňra wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçdi. Ýedinji günüň ahyrynda Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti doly amala aşar (1 Mus. 2:1—3). w23.11 sah. 5, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş