14-nji oktýabr, sişenbe
Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni taşladylar (2 Tar. 24:18).
Ýaşlar, Ýehoýaş patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýärsiňiz? Siz Ýehowany söýýän we ony razy edýän adamlar bilen dostlaşyň. Siz diňe öz deň-duşlaryňyz bilen dostlaşmalydyryn öýtmäň. Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaşdan has uludy. Emma olar jana-jan dost boldular. Biri bilen dostlaşmazdan öňürti şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Ol meniň Ýehowa imanymy berkidýärmi? Meni Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýärmi? Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary hakda gürrüň etmegi halaýarmy? Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarmy? Men ýalňyşanymda düzedýärmi ýa-da diňe gulagyma hoş ýakýan zatlary aýdýar?» (Nak. 27:5, 6, 17). Ýaşlar, Ýehowany söýmeýän adamlardan arany açyň, emma hak Allany söýýänlere gujak açyň (Nak. 13:20). w23.09 sah. 9, 10, abz. 6, 7
15-nji oktýabr, çarşenbe
Men Alfa we Omega (Ylh. 1:8).
Alfa grek elipbiýiniň birinji harpy, omega bolsa soňky harpy. Ýehowa özüne «Alfa we Omega» diýmek bilen başlan işini hökman tamamlajakdygyna kepil geçýär. Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradandan soňra: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň» diýdi (1 Mus. 1:28). Şonda Ýehowa «Alfa» diýen ýaly boldy. Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil, gulak asýan neslinden dolmalydy. Ýehowa niýetini gelejekde amala aşyranda «Omega» diýen ýaly bolar. Ýehowa «gögi, ýeri we olardaky bar zady» ýaradandan soňra wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçdi. Ýedinji günüň ahyrynda Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti doly amala aşar (1 Mus. 2:1—3). w23.11 sah. 5, abz. 13, 14
16-njy oktýabr, penşenbe
Ýehowa üçin ýol taýýarlaň! Allamyz üçin çölüň üstünden şaýoluny çekiň (Işa. 40:3).
Wawilondan azat bolan ýehudylar watanyna dolanmak üçin dört aýlap ýöremelidi, emma Ýehowa olaryň ýolundan ähli böwetleri aýyrjakdygyny wada berdi. Hudaýa wepaly ýehudylar watanyna dolanmak we arassa seždäni dikeltmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Wawilonda Ýehowa sežde eder ýaly ýekeje ybadathana-da ýokdy. Ol ýerde Musanyň kanuny boýunça gurbanlyk berer ýaly ne ruhanylar bardy, ne-de gurbanlyk ojagy. Şeýle-de Wawilonda ýehudylara garanda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar köpdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunyny äsgermeýärdiler. Şol sebäpli hudaýhon ýehudylar watanyna dolanjak we arassa seždäni dikeltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. w23.05 sah. 14, 15, abz. 3, 4