Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

17-nji oktýabr, anna

Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň (Efes. 5:8).

«Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmek» üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhy gerek. Näme üçin? Sebäbi ahlaksyzlykdan doly dünýäde päk ýaşamak aňsat däl (1 Sel. 4:3—5, 7, 8). Mukaddes ruh bize Hudaýyň pikirine garşy gelýän ahlaksyz zatlara we filosofiýa garşy göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýagtylygyň miwesi bolan «gowulyk we dogruçyllyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Efes. 5:9). Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin doga etmeli. Isa pygamber Ýehowanyň dileýänlere mukaddes ruhuny berjekdigini aýtdy (Luka 11:13). Biz dogan-uýalar bilen ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany wasp edip, alkyş aýdanymyzda mukaddes ruhuny alýarys (Efes. 5:19, 20). Mukaddes ruh biziň durmuşymyza täsir edende, Ýehowany hemişe razy edip ýaşarys. w24.03 sah. 23, 24, abz. 13—15

Her günki aýady okalyň — 2025

18-nji oktýabr, şenbe

Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar (Luka 11:9).

Siz sabyrly adam bolmak isleýärsiňizmi? Munuň üçin Hudaýa doga ediň. Sabyrlylyk häsiýeti mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Şonuň üçin biz Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga-dileg etmeli. Eger bize sabyrly bolmak kyn bolsa, onda Hudaýa «gaýta-gaýta» dileg etmeli (Luka 11:13). Şeýle-de Ýehowanyň islegine düşünmek üçin kömek soramaly. Hawa, biz sabyrly bolmak üçin Hudaýdan kömek sorasak we öz üstümizde işlesek, mukaddes ruhuň miwesi bolan sabyrlylyk häsiýetini ösdüreris. Mukaddes Kitapdaky wakalary okap oýlanyň. Mukaddes Kitapda Allany razy eden sabyrly adamlaryň wakalary ýazylan. Eger biz şol wakalary okap oýlansak sabyrly bolup bileris. w23.08 sah. 22, abz. 10, 11

Her günki aýady okalyň — 2025

19-njy oktýabr, ýekşenbe

Torlaryňy taşla (Luka 5:4).

Isa pygamber Petrusa Ýehowanyň goldajakdygyny, aladasyny etjekdigini aýtdy. Isa ölümden direlenden soňra Petrusa we beýleki resullara gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek etdi (Ýah. 21:4—6). Şonda Petrus Ýehowanyň iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ýürekden ynandy. Ol we beýleki resullar «Hudaýyň Patyşalygyny» durmuşynda birinji ýerde goýdy (Mat. 6:33). Indi Petrus köp wagtyny balyk tutmaga däl-de, wagyz etmäge sarp etdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Petrus resul müňlerçe adamlara hoş habary wagyz etdi (Res. 2:14, 37—41). Ol samariýalylara, başga milletlere Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. 8:14—17; 10:44—48). Hawa, Ýehowa Petrus arkaly ähli halklardan özüne dürdäneleri ýygnady. w23.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 11

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş