Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

16-njy oktýabr, penşenbe

Ýehowa üçin ýol taýýarlaň! Allamyz üçin çölüň üstünden şaýoluny çekiň (Işa. 40:3).

Wawilondan azat bolan ýehudylar watanyna dolanmak üçin dört aýlap ýöremelidi, emma Ýehowa olaryň ýolundan ähli böwetleri aýyrjakdygyny wada berdi. Hudaýa wepaly ýehudylar watanyna dolanmak we arassa seždäni dikeltmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Wawilonda Ýehowa sežde eder ýaly ýekeje ybadathana-da ýokdy. Ol ýerde Musanyň kanuny boýunça gurbanlyk berer ýaly ne ruhanylar bardy, ne-de gurbanlyk ojagy. Şeýle-de Wawilonda ýehudylara garanda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar köpdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunyny äsgermeýärdiler. Şol sebäpli hudaýhon ýehudylar watanyna dolanjak we arassa seždäni dikeltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. w23.05 sah. 14, 15, abz. 3, 4

Her günki aýady okalyň — 2025

17-nji oktýabr, anna

Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň (Efes. 5:8).

«Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmek» üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhy gerek. Näme üçin? Sebäbi ahlaksyzlykdan doly dünýäde päk ýaşamak aňsat däl (1 Sel. 4:3—5, 7, 8). Mukaddes ruh bize Hudaýyň pikirine garşy gelýän ahlaksyz zatlara we filosofiýa garşy göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýagtylygyň miwesi bolan «gowulyk we dogruçyllyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Efes. 5:9). Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin doga etmeli. Isa pygamber Ýehowanyň dileýänlere mukaddes ruhuny berjekdigini aýtdy (Luka 11:13). Biz dogan-uýalar bilen ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany wasp edip, alkyş aýdanymyzda mukaddes ruhuny alýarys (Efes. 5:19, 20). Mukaddes ruh biziň durmuşymyza täsir edende, Ýehowany hemişe razy edip ýaşarys. w24.03 sah. 23, 24, abz. 13—15

Her günki aýady okalyň — 2025

18-nji oktýabr, şenbe

Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar (Luka 11:9).

Siz sabyrly adam bolmak isleýärsiňizmi? Munuň üçin Hudaýa doga ediň. Sabyrlylyk häsiýeti mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Şonuň üçin biz Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga-dileg etmeli. Eger bize sabyrly bolmak kyn bolsa, onda Hudaýa «gaýta-gaýta» dileg etmeli (Luka 11:13). Şeýle-de Ýehowanyň islegine düşünmek üçin kömek soramaly. Hawa, biz sabyrly bolmak üçin Hudaýdan kömek sorasak we öz üstümizde işlesek, mukaddes ruhuň miwesi bolan sabyrlylyk häsiýetini ösdüreris. Mukaddes Kitapdaky wakalary okap oýlanyň. Mukaddes Kitapda Allany razy eden sabyrly adamlaryň wakalary ýazylan. Eger biz şol wakalary okap oýlansak sabyrly bolup bileris. w23.08 sah. 22, abz. 10, 11

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş