13-nji sentýabr, şenbe
Hudaý seni gowy görýär (Dan. 9:23).
Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alýar we ysraýyllary sürgün edýär. Olaryň arasynda Danyýar atly ýaş ýigit hem bardy. Wawilonyň emeldarlary Danyýaryň boý-syratyna, akyl-paýhasly ýigitdigine syn edip, atly-abraýly maşgaladandygyny bilip, oňa tälim berýärler we Wawilonyň ýokary gatlagynyň agzasy edip ýetişdirmek isleýärler (1 Şam. 16:7; Dan. 1:3, 4, 6). Ýehowa Danyýary berk imanlydygy üçin gowy görýär. Danyýar Wawilona sürgün edilende 20 ýaşlaryndady. Ýehowa ondan razydy. Hudaý ony özüne onlarça ýyl wepaly gulluk eden Nuh we Eýýup pygamberler bilen deň görýärdi (1 Mus. 5:32; 6:9, 10; Eýp. 42:16, 17; Hyz. 14:14). Hak Alla Danyýary ýaş wagtynda-da, gojalyk çagynda-da goldaýar we aman-esen saklaýar (Dan. 10:11, 19). w23.08 sah. 2, abz. 1, 2
14-nji sentýabr, ýekşenbe
Hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz (Efes. 3:18).
Eger siz owadan jaý satyn aljak bolsaňyz näme edersiňiz? Elbetde, satyn almankaňyz baryp, ýaşajak jaýyňyzy başdan-aýak barlarsyňyz. Mukaddes Kitaby ýüzleý däl-de, çuňňur okaýan adamy öýi satyn almazdan öň jikme-jik gözden geçirýän adama meňzetse bolýar. Eger siz Mukaddes Kitaby ýüzleý okasaňyz, diňe «esasy taglymatlaryny» bilersiňiz, emma çuňňur hakykatlara düşünmersiňiz (Ýew. 5:12). Şonuň üçin «öýe» giriň, «otaglaryny» gözden geçiriň. Mukaddes Kitapdaky wakalaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny biljek boluň. Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykatlara näme üçin ynanýandygyňyzy anyklajak boluň. Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin çuňňur gözleg geçirmeli. Pawlus resul hem imandaşlaryny «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmäge» höweslendirdi. Şonda olaryň «imany kök urar we berk bolar» (Efes. 3:14—19). Bizem Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. w23.10 sah. 18, abz. 1—3
15-nji sentýabr, duşenbe
Doganlarym, kynçylyklara döz gelip, sabyrly bolmakda Ýehowanyň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň (Ýak. 5:10).
Mukaddes Kitapda Hudaýa sabyrly gulluk eden hudaýhon adamlar hakda ýazylan. Siz şahsy okuw geçirip, olar hakda öwrenseňiz gowy bolar. Meselem, Dawut ýaş wagty Ysraýyla patyşa edip bellenýär, emma tagta geçýänçä köp ýyl garaşýar. Şimgon we Anna wada edilen Mesihi görýänçäler, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edýärler (Luka 2:25, 36—38). Şu wakalary okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Olara sabyrly bolmaga näme kömek etdi? Olar sabyrly bolup nähili bereket aldy? Men olaryň göreldesine nädip eýerip bilerin?» (1 Şam. 13:8—14). Şeýle-de siz sabyrly bolup bilmedik adamlar hakda okaň we şu sorag hakda oýlanyň: «Olar näme üçin sabyrly bolup bilmediler we nähili zyýan çekdiler?» w23.08 sah. 25, abz. 15