Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

14-nji sentýabr, ýekşenbe

Hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz (Efes. 3:18).

Eger siz owadan jaý satyn aljak bolsaňyz näme edersiňiz? Elbetde, satyn almankaňyz baryp, ýaşajak jaýyňyzy başdan-aýak barlarsyňyz. Mukaddes Kitaby ýüzleý däl-de, çuňňur okaýan adamy öýi satyn almazdan öň jikme-jik gözden geçirýän adama meňzetse bolýar. Eger siz Mukaddes Kitaby ýüzleý okasaňyz, diňe «esasy taglymatlaryny» bilersiňiz, emma çuňňur hakykatlara düşünmersiňiz (Ýew. 5:12). Şonuň üçin «öýe» giriň, «otaglaryny» gözden geçiriň. Mukaddes Kitapdaky wakalaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny biljek boluň. Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykatlara näme üçin ynanýandygyňyzy anyklajak boluň. Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin çuňňur gözleg geçirmeli. Pawlus resul hem imandaşlaryny «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmäge» höweslendirdi. Şonda olaryň «imany kök urar we berk bolar» (Efes. 3:14—19). Bizem Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. w23.10 sah. 18, abz. 1—3

Her günki aýady okalyň — 2025

15-nji sentýabr, duşenbe

Doganlarym, kynçylyklara döz gelip, sabyrly bolmakda Ýehowanyň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň (Ýak. 5:10).

Mukaddes Kitapda Hudaýa sabyrly gulluk eden hudaýhon adamlar hakda ýazylan. Siz şahsy okuw geçirip, olar hakda öwrenseňiz gowy bolar. Meselem, Dawut ýaş wagty Ysraýyla patyşa edip bellenýär, emma tagta geçýänçä köp ýyl garaşýar. Şimgon we Anna wada edilen Mesihi görýänçäler, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edýärler (Luka 2:25, 36—38). Şu wakalary okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Olara sabyrly bolmaga näme kömek etdi? Olar sabyrly bolup nähili bereket aldy? Men olaryň göreldesine nädip eýerip bilerin?» (1 Şam. 13:8—14). Şeýle-de siz sabyrly bolup bilmedik adamlar hakda okaň we şu sorag hakda oýlanyň: «Olar näme üçin sabyrly bolup bilmediler we nähili zyýan çekdiler?» w23.08 sah. 25, abz. 15

Her günki aýady okalyň — 2025

16-njy sentýabr, sişenbe

Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe göz ýetirdik (Ýah. 6:69).

Petrus resul Halypasyna wepaly boldy. Onuň Halypasy bilen dostlugyny hiç zat bozup bilmedi. Bir güni Isa özi baradaky pygamberligi aýdanda, köpler onuň manysyna düşünmediler we Isany terk edip gitdiler. Emma Petrus Isa: «Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär» diýdi (Ýah. 6:68). Isa pygamber ölmezinden öňki gije resullarynyň we Petrusyň özüni terk etjegini bilýärdi. Emma Isa Petrusyň soňra ýalňyşyndan sapak edinjekdigine we ömrüniň ahyryna çenli wepaly boljakdygyna ynanýardy (Luka 22:31, 32). Şeýle-de Isa pygamber «adamyň ýüreginiň yhlaslydygyna, ýöne bedeniniň ejizdigine» düşünýärdi (Mar. 14:38). Petrus resul Halypasyny tanamaýandygyny üç sapar aýtsa-da, Isa ony ýürekden bagyşlady. Ölümden direlenden soňra Isa ýörite Petrusyň ýanyna bardy we ony ruhlandyrdy (Mar. 16:7; Luka 24:34; 1 Kor. 15:5). Isanyň geçirimliligi, mähirli sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga kömek etdi. w23.09 sah. 22, abz. 9, 10

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş