15-nji sentýabr, duşenbe
Doganlarym, kynçylyklara döz gelip, sabyrly bolmakda Ýehowanyň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň (Ýak. 5:10).
Mukaddes Kitapda Hudaýa sabyrly gulluk eden hudaýhon adamlar hakda ýazylan. Siz şahsy okuw geçirip, olar hakda öwrenseňiz gowy bolar. Meselem, Dawut ýaş wagty Ysraýyla patyşa edip bellenýär, emma tagta geçýänçä köp ýyl garaşýar. Şimgon we Anna wada edilen Mesihi görýänçäler, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edýärler (Luka 2:25, 36—38). Şu wakalary okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Olara sabyrly bolmaga näme kömek etdi? Olar sabyrly bolup nähili bereket aldy? Men olaryň göreldesine nädip eýerip bilerin?» (1 Şam. 13:8—14). Şeýle-de siz sabyrly bolup bilmedik adamlar hakda okaň we şu sorag hakda oýlanyň: «Olar näme üçin sabyrly bolup bilmediler we nähili zyýan çekdiler?» w23.08 sah. 25, abz. 15
16-njy sentýabr, sişenbe
Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe göz ýetirdik (Ýah. 6:69).
Petrus resul Halypasyna wepaly boldy. Onuň Halypasy bilen dostlugyny hiç zat bozup bilmedi. Bir güni Isa özi baradaky pygamberligi aýdanda, köpler onuň manysyna düşünmediler we Isany terk edip gitdiler. Emma Petrus Isa: «Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär» diýdi (Ýah. 6:68). Isa pygamber ölmezinden öňki gije resullarynyň we Petrusyň özüni terk etjegini bilýärdi. Emma Isa Petrusyň soňra ýalňyşyndan sapak edinjekdigine we ömrüniň ahyryna çenli wepaly boljakdygyna ynanýardy (Luka 22:31, 32). Şeýle-de Isa pygamber «adamyň ýüreginiň yhlaslydygyna, ýöne bedeniniň ejizdigine» düşünýärdi (Mar. 14:38). Petrus resul Halypasyny tanamaýandygyny üç sapar aýtsa-da, Isa ony ýürekden bagyşlady. Ölümden direlenden soňra Isa ýörite Petrusyň ýanyna bardy we ony ruhlandyrdy (Mar. 16:7; Luka 24:34; 1 Kor. 15:5). Isanyň geçirimliligi, mähirli sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga kömek etdi. w23.09 sah. 22, abz. 9, 10
17-nji sentýabr, çarşenbe
Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! (Rim. 4:7).
Ýehowa özüne iman edýän adamlaryň günäsini doly bagyşlaýar, hiç haçan ýatlamaýar we hasabat soramaýar (Zeb. 32:1, 2). Şeýle adam imany arkaly Hudaýyň nazarynda dogruçyl we ýazyksyz hasaplanýar. Ybraýym, Dawut we beýleki pygamberler Hudaýa iman etmeýän döwürdeşlerinden düýbünden tapawutlanýardy. Elbetde, wepaly pygamberler hem günälidi, bikämildi. Emma Ýehowa olaryň sarsmaz imanyny görüp, ýazyksyz we dogruçyl hasaplady (Efes. 2:12). Pawlus resul Allatagala bilen dostlaşmak üçin, oňa ýürekden iman etmegiň wajypdygyny nygtap geçdi. Munuň şeýledigini Ybraýym we Dawut pygamberleriň durmuşy subut edýär. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowanyň dosty bolarys. w23.12 sah. 3, abz. 6, 7