SAPAK 6
Aýatlary dogry ulanyň
Ýahýa 10:33—36
BELLIK: Aýady ýöne bir okap, soňra indiki pikire geçmäň. Diňleýjiler okan aýadyňyz bilen aýdýan zatlaryňyzyň arasyndaky baglanyşyga gowy düşünmeli.
NÄDIP ETMELI?
Esasy sözleri nygtaň. Aýady okanyňyzdan soň, ondaky esasy sözleri belläp geçiň. Munuň üçin olary gaýtalaň ýa-da diňleýjiler esasy sözleri görüp biler ýaly, olara sorag beriň.
Pikiri nygtaň. Aýady näme üçin okaýandygyňyzy aýtsaňyz, ondaky sözleriň esasy pikiri nädip nygtaýandygyny düşündiriň.
Gysgaça düşündiriň. Tema bilen baglanyşykly bolmadyk jikme-jiklikleri aýtmakdan gaça duruň. Diňleýjileriň tema barada bilýän zatlaryny göz öňünde tutup, ony düşündireniňizde, näçeräk maglumat aýtmalydygyny kesgitläň.