Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

12-nji sentýabr, anna

Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr (1 Kor. 7:31).

Biz eglişikli bolmak üçin özümize şu soraglary bermeli: «Meni geçirimli, sabyrly, eglişikli adam hökmünde tanaýarlarmy ýa-da talapkär, gödek, kesir adam hökmünde tanaýarlar? Men adamlary ünsli diňläp, ýerlikli bolsa olaryň tekliplerini kabul edýärinmi?» Biz näçe eglişikli bolsak, şonça-da Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Paýhasly adam eglişikli bolýar. Ol durmuşda bolýan öwrümlere taýyn bolýar. Meselem, biziň agyr kesele ýolukmagymyz mümkin. Syýasy ýolbaşçylaryň çalyşmagy we ykdysadyýetiň pese düşmegi mümkin (Nes. 9:11). Belki-de, ýygnakdaky borçlarymyz üýtgäp biler. Şonda çydamly bolmaga dört maslahat kömek eder: 1) ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli, 2) geçmişiň bilen ýaşamaly däl, 3) dogry garaýyşda bolmaly we 4) adamlara ýagşylyk etmeli. w23.07 sah. 21, 22, abz. 7, 8

Her günki aýady okalyň — 2025

13-nji sentýabr, şenbe

Hudaý seni gowy görýär (Dan. 9:23).

Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alýar we ysraýyllary sürgün edýär. Olaryň arasynda Danyýar atly ýaş ýigit hem bardy. Wawilonyň emeldarlary Danyýaryň boý-syratyna, akyl-paýhasly ýigitdigine syn edip, atly-abraýly maşgaladandygyny bilip, oňa tälim berýärler we Wawilonyň ýokary gatlagynyň agzasy edip ýetişdirmek isleýärler (1 Şam. 16:7; Dan. 1:3, 4, 6). Ýehowa Danyýary berk imanlydygy üçin gowy görýär. Danyýar Wawilona sürgün edilende 20 ýaşlaryndady. Ýehowa ondan razydy. Hudaý ony özüne onlarça ýyl wepaly gulluk eden Nuh we Eýýup pygamberler bilen deň görýärdi (1 Mus. 5:32; 6:9, 10; Eýp. 42:16, 17; Hyz. 14:14). Hak Alla Danyýary ýaş wagtynda-da, gojalyk çagynda-da goldaýar we aman-esen saklaýar (Dan. 10:11, 19). w23.08 sah. 2, abz. 1, 2

Her günki aýady okalyň — 2025

14-nji sentýabr, ýekşenbe

Hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz (Efes. 3:18).

Eger siz owadan jaý satyn aljak bolsaňyz näme edersiňiz? Elbetde, satyn almankaňyz baryp, ýaşajak jaýyňyzy başdan-aýak barlarsyňyz. Mukaddes Kitaby ýüzleý däl-de, çuňňur okaýan adamy öýi satyn almazdan öň jikme-jik gözden geçirýän adama meňzetse bolýar. Eger siz Mukaddes Kitaby ýüzleý okasaňyz, diňe «esasy taglymatlaryny» bilersiňiz, emma çuňňur hakykatlara düşünmersiňiz (Ýew. 5:12). Şonuň üçin «öýe» giriň, «otaglaryny» gözden geçiriň. Mukaddes Kitapdaky wakalaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny biljek boluň. Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykatlara näme üçin ynanýandygyňyzy anyklajak boluň. Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin çuňňur gözleg geçirmeli. Pawlus resul hem imandaşlaryny «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmäge» höweslendirdi. Şonda olaryň «imany kök urar we berk bolar» (Efes. 3:14—19). Bizem Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. w23.10 sah. 18, abz. 1—3

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş