Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Sentýabr sah. 14—19
  • Sylag-hormat — gyzyldan gymmat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sylag-hormat — gyzyldan gymmat
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HORMAT GOÝMAK NÄME?
  • MAŞGALA AGZALARYŇYZA HORMAT GOÝUŇ
  • DOGAN-UÝALARA HORMAT GOÝUŇ
  • ÄHLI ADAMLARA HORMAT GOÝUŇ
  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Sentýabr sah. 14—19

38-NJI MAKALA

120-NJI AÝDYM Isa ýaly ýumşak boluň

Sylag-hormat — gyzyldan gymmat

«Sylag-hormat altyn-kümüşden ýagşydyr» (Nak. 22:1).

ESASY PIKIR

Aňsat bolmasa-da, her bir adama hormat goýalyň.

1. Hormat goýanlarynda özüňizi nähili duýýarsyňyz? (Nakyllar 22:1).

SIZE hormat goýsalar halaýarsyňyzmy? Elbetde, her bir adam özüne hormat goýulmagyny isleýär. Hormat goýanlarynda monça bolýarys. Mukaddes Kitapda: «Sylag-hormat altyn-kümüşden ýagşydyr» diýilýär (Nakyllar 22:1-i okaň).

2, 3. Hormat goýmak näme üçin hemişe aňsat däl we makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Käte adamlara hormat goýmak aňsat bolmaýar. Birinjiden, biz olaryň kemçiliklerini, ýalňyşlaryny görýäris. Ikinjiden, daş-töwerekde biri-birine hormat goýmaýan adamlar köp. Ýöne biz olara meňzemeli däl, sebäbi Ýehowa «ähli adamlara» hormat goýmagymyzy isleýär (1 Pet. 2:17).

3 Makalada hormat goýmagyň näme aňladýandygyny we 1) maşgala agzalarymyza, 2) dogan-uýalara, 3) Ýehowa gulluk etmeýän adamlara nädip hormat goýmalydygyny bileris. Esasan-da, kyn ýagdaýlarda hormat goýmagy öwreneris.

HORMAT GOÝMAK NÄME?

4. Hormat goýmak näme aňladýar?

4 «Sylamak, hormat goýmak» diýen sözler adamlar barada näme pikir edýändigimizi we olar bilen özümizi nähili alyp barýandygymyzy görkezýär. Biz gowy häsiýetli, ýagşy edim-gylymly ýa-da wezipeli adamlar bilen özümizi sylaşykly alyp barýarys. Şeýle-de biz adamlara mejburlyk bilen däl-de, ýürekden hormat goýmaly (Mat. 15:8).

5. Biz adamlara näme üçin hormat goýmaly?

5 Ýehowa biziň ähli adamlara hormat goýmagymyzy isleýär. Meselem, Ol «ýokary häkimiýetlere» hormat goýuň diýdi (Rim. 13:1, 7). Ýöne käbir adamlar: «Meni sylasa, menem ony sylaryn» ýa-da «Sylaşyksyz bolup, özi bilen deň bolmaýyn» diýýärler. Şeýle pikir etmek dogrumy? Ýok, biz adamlaryň özüni alyp barşyna ýa-da edýän işine seredip hormat goýmaly däl. Biz Ýehowa gulak asyp, Ony begendirmek üçin her bir adama hormat goýmaly (Ýuşa 4:14; 1 Pet. 3:15).

6. Sylaşyksyz adama hormat goýup bolýarmy? Düşündiriň (Surata serediň).

6 Käbirleri: «Sylaşyk ikitaraplaýyn, seni sylamaýan adamy hem sylap bolarmy?» diýmegi mümkin. Emma Mukaddes Kitapda her bir adama hormat goýup bolýandygyny görkezýän wakalar bar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň. Şawul patyşa ogly Ýonatany märekäniň öňünde kemsidip, ýüregine ýara salýar (1 Şam. 20:30—34). Emma Ýonatanyň kakasyndan göwni geçip sylag-hormatyny ýitirmedi. Hatda ol söweşde kakasynyň ýanynda bolup, soňky demine çenli ony goldady (2 Mus. 20:12; 2 Şam. 1:23). Bir gezek Aly ruhany Hanna içgilidir öýdüp, oňa käýeýär (1 Şam. 1:12—14). Aly ruhanynyň ogullarynyň erbet işleri edýändigini, onuň ogullaryna käýemeýändigini il-günem, Hanna-da bilýärdi. Şonda-da Hanna Aly ruhany bilen sylaşykly gepleşdi (1 Şam. 1:15—18; 2:22—24). I asyrda bolsa afinalylar Pawlusy diňlemän, oňa «ýaňra» diýýärler (Res. 17:18). Pawlus afinalylaryň özi ýaly bolman, olara hormat goýýar (Res. 17:22). Görşümiz ýaly, Ýehowany söýsek we Ony razy etmek islesek, diňe hormat goýýan adamlary däl-de, eýsem hormat goýmaýan adamlary hem sylarys. Geliň, kimlere we näme üçin hormat goýmalydygy hakda gürrüň edeliň.

Ýonatan, Şawul we ysraýylly esgerler gylyçly, naýzaly hem-de galkanly söweşe gatnaşýar.

Şawul patyşa köpçülikde ogluny kemsitse-de, Ýonatan ony goldamagy we kömek etmegi bes etmeýär (6-njy abzasa serediň).


MAŞGALA AGZALARYŇYZA HORMAT GOÝUŇ

7. Maşgalada birek-birege hormat goýmak näme üçin kyn bolýar?

7 Näme üçin kyn? Maşgala agzalarymyz hemişe ýanymyzda bolandygy üçin olaryň kemçiliklerini, ejiz taraplaryny görýäris. Meselem, olaryň biri kesellese ýa-da bir zady çendenaşa alada etse, yrsarap gödek gepleşmegi mümkin. Käbirleri bolsa sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degmegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda olara hormat goýmak kyn bolýar. Maşgala ojagy iň rahat, ýyly ýer bolmaly. Emma birek-birege sylag-hormat bolmasa, maşgala ojagy iň sowuk ýer bolýar. Şeýlelikde, maşgalada agzybirlik bolmaýar. Maşgalany adam bedenine meňzetse bolýar. Beden agzalary biri-biri bilen sazlaşykly işleýär. Eger olaryň birine şikes ýetse, beýlekilerine-de zyýan edýär. Edil şonuň ýaly, maşgalada birek-birege hormat goýulmasa, agzybirlik bozulýar. Emma köp keselleri bejerip bolşy ýaly, maşgala agzalary hem birek-birege hormat goýmagy öwrenip bilýär.

8. Näme üçin maşgala agzalarymyza hormat goýmaly? (1 Timoteos 5:4, 8).

8 Näme üçin hormat goýmaly? (1 Timoteos 5:4, 8-nji aýatlary okaň). Pawlus Timoteosa ýazan birinji hatynda maşgala agzalarymyzyň aladasyny etmelidigini düşündirdi. Biz diňe borjumyz bolany üçin däl-de, Hudaýyň halaýandygy üçin birek-birege hormat goýmaly. Maşgalada birek-birege hormat goýsak, Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Sebäbi maşgalany Ýehowa döretdi (Efes. 3:14, 15; 1 Tim. 5:4). Ine, şonuň üçin hem biz maşgala agzalarymyza hormat goýmaly.

9. Är-aýal biri-birine nädip hormat goýmaly? (Surata serediň).

9 Nädip hormat goýmaly? Är aýalyna köpçülikde-de, öýde-de hormat goýmaly we onuň gadyryny bilýändigini görkezmeli (Nak. 31:28; 1 Pet. 3:7). Ol hiç haçan aýalyny urmaly däl ýa-da kemsitmeli däl. Argentinada ýaşaýan dogan şeýle gürrüň berýär: «Aýalym ýarawsyz bolansoň, köplenç awuly sözleri bilen ýüregime ýara salýar. Ýöne men aýalymyň ýürekden däl-de, kesel bolandygy üçin şeýle sözleri aýdýandygyna düşünýärin. Şeýle-de men 1 Korinfliler 13:5-däki sözler hakda oýlanýaryn. Şonda aýalyma gaharlanman, onuň bilen sylaşykly gepleşýärin» (Nak. 19:11). Aýal hem ärini başgalaryň ýanynda ýamanlaman, oňa hormat goýýandygyny görkezmeli (Efes. 5:33). Ol ärini kemsitmeli däl, gödek gepleşmeli däl ýa-da başgalaryň ýanynda ärine kakdyryp geplemeli däl. Ýogsam ol öýüni ýykar (Nak. 14:1). Italiýada ýaşaýan uýa şeýle gürrüň berýär: «Köplenç ärimiň was-waslygy ýüregime düşýär. Öň meniň aýdýan sözlerimden, ýüz-gözümden oňa hormat goýmaýandygym bes-bellidi. Ýöne men dostlarymyň biri-birine hormat goýşuny görüp, ärime hormat goýmagy öwrendim».

Surat: är-aýal bir-birine hormat goýýar. 1) Aşhanada nahar taýýarlap durkalar, äri aýaly bilen mähirli gepleşýär. 2) Äri garry dogana nahar eltip berýär, aýaly hem ony myhmanlaryň ýanynda öwýär.

Maşgala agzalarymyza hormat goýsak, Maşgalabaşymyz Ýehowa hormat goýýarys (9-njy abzasa serediň).


10. Ýaşlar ene-atasyna hormat goýýandygyny nädip görkezmeli?

10 Çagalar hem-de ýaşlar, ene-ataňyzyň goýýan tertip-düzgünine eýeriň (Efes. 6:1—3). Olar bilen sylaşykly gepleşiň (2 Mus. 21:17). Ene-ataňyz garradygyça, olara hasam hormat goýuň. Olaryň aladasyny edip, kömegiňizi gaýgyrmaň. Geliň, Mariýa hakda gürrüň edeliň. Onuň kakasy Ýehowanyň Şaýady däldi. Bir gezek ol kesellände, Mariýa kakasynyň aladasyny etmek kyn bolýar. Sebäbi ol gyzy bilen gödek gepleşýärdi. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowadan kakama hormat goýýandygymy görkezip biler ýaly kömek etmegini diledim. Men özüme: „Ýehowa ene-atama hormat goý diýýän bolsa, maňa kömegem eder“ diýýärdim. Kakam düzelip, meniň bilen mähirli gepleşmese-de, oňa hormat goýmalydygyma düşündim». Biz kyn bolsa-da ene-atamyza hormat goýsak, maşgalany döreden Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýäris.

DOGAN-UÝALARA HORMAT GOÝUŇ

11. Dogan-uýalara hormat goýmak näme üçin kyn bolup biler?

11 Näme üçin kyn? Dogan-uýalar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan edýärler. Ýöne olar käte özüni gödek alyp barmagy, bize nädogry düşünmegi ýa-da gaharymyzy getirmegi mümkin. Eger dogan ýa uýa göwnümize degse, oňa hormat goýmak has-da kyn bolup biler (Kol. 3:13). Dogan-uýalara hormat goýmaga näme kömek eder?

12. Dogan-uýalara näme üçin hormat goýmaly? (2 Petrus 2:9—12).

12 Näme üçin hormat goýmaly? (2 Petrus 2:9—12-nji aýatlary okaň). Petrus ikinji hatynda I asyrda käbirleriniň «şöhrata eýe bolanlara», ýagny ýaşululara hormat goýmaýandygyny ýazdy. Perişdeler olaryň aýdýan sözlerini, edýän işlerini görüp durdylar. Olar näme etdiler? Perişdeler «Ýehowanyň hatyrasy üçin» sylaşyksyz adamlar hakda ýekeje erbet sözem aýtmadylar. Haýran galaýmaly, kämil hem-de ygtyýarly perişdeler özdiýenli adamlar hakda hiç zat aýtmadylar. Gaýtam höküm çykarmagy Ýehowa tabşyrdylar (Rim. 14:10—12; Ýahuda 9-y deňeşdiriň). Biz perişdelerden näme öwrenýäris? Eger olar erbet adamlara hormat goýan bolsalar, onda biz Ýehowany söýýän dogan-uýalara has-da köp hormat goýmaly. Olara «ilkinji bolup hormat goýmak» üçin elimizde baryny etmeli (Rim. 12:10). Şeýdip, biz Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýäris.

13, 14. Dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris? Mysal getiriň (Surata serediň).

13 Nädip hormat goýmaly? Ýaşulular, dogan-uýalar bilen mähirli boluň (Flm. 8, 9). Olara gaharlanman, ýumşaklyk bilen maslahat beriň we öwrediň. Uýalar, dogan ýa-da uýa hakda erbet zatlary aýtmaň, gybatyny etmäň. Şeýtseňiz, dogan-uýalar biri-birine hormat goýar (Tit. 2:3—5). Biziň ählimiz ýygnak ýaşulularyna hormat goýmaly. Munuň üçin olar bilen işleşmeli we ýygnak duşuşyklaryny geçirmek, wagyz işine gözegçilik etmek, «ýalňyş ädim äden» dogan-uýalary düzetmek üçin çekýän agyr zähmetine minnetdarlyk aýtmaly (Gal. 6:1; 1 Tim. 5:17).

14 Bir gezek ýaşuly Roza maslahat berýär. Oňa ýaşula hormat goýmak kyn bolýar. Roza şeýle gürrüň berýär: «Ýaşuly dogan ýumşak gepleşmändigi üçin onuň sözlerini göwnüme aldym. Öýde-de ol barada erbet zatlary aýdýardym. Men näçe bildirmejek bolsam-da, onuň maňa kömek etjek bolýandygyna ynanmaýardym. Şonuň üçin gulak asmadym». Roza garaýşyny düzetmäge näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Bir gün 1 Selanikliler 5-nji baby okap otyrdym. Şol babyň 12, 13-nji aýatlaryna ýetenimde maňa maslahat beren ýaşuly dogana hormat goýmaýandygyma düşündim. Şondan soň ynsabym ezýet berip başlady. Men garaýşymy düzetmek üçin Ýehowa doga etdim we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirdim. Şonda doganyň günäkär däl-de, özümiň tekepbirdigime düşündim. Eger men kiçigöwünli bolmasam, dogan-uýalara hormat goýmagyň kyn bolýandygyna göz ýetirdim. Men entegem hormat goýmagy öwrenýärin. Ýehowa-da jan edýändigime begenýär».

Surat: garry uýa Mukaddes Kitaby okaýar we ýaşuly doganlaryň edýän işleri hakda oýlanýar. 1) Ýaşuly dogan nutuk bilen çykyş edýär. 2) Ol maýyplaryň arabasynda oturan dogana kömek edýär. 3) Dogan Ýygnak jaýynyň daş-töweregindäki garlary aýyrýar.

Ýaşulular bilen işleşsek we edýän işlerine minnetdarlyk aýtsak, hormat goýýandygymyzy görkezeris (13, 14-nji abzaslara serediň).


ÄHLI ADAMLARA HORMAT GOÝUŇ

15. Ýehowa gulluk etmeýän adamlara hormat goýmak näme üçin kyn bolup biler?

15 Näme üçin kyn? Biz wagyzda köplenç Hudaý we Mukaddes Kitap barada gürrüňdeş bolmak islemeýän adamlara duş gelýäris (Efes. 4:18). Käbirleri bolsa alan terbiýesi sebäpli bizi diňlemän geçip gidýär. Belki-de, işde başlygymyz her zada nägile bolýandyr ýa-da mekdepde mugallymymyza ýaranmak kyndyr. Käbirimize bolsa işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz bilen dil tapyşmak aňsat bolýan däldir. Adamlaryň özüni alyp barşy sebäpli, olara hormatymyz gaçyp, mähirli gepleşmek kyn bolup biler.

16. Biz näme üçin hemmelere hormat goýmaly? (1 Petrus 2:12; 3:15).

16 Näme üçin hormat goýmaly? Ýehowa biziň diňe dogan-uýalar bilen däl, başga adamlar bilen hem özümizi alyp barşymyza üns berýär. Petrus resul mesihçileriň ýagşy edim-gylymyny görüp, köp adamlaryň «Hudaýy şöhratlandyrýandygyny» aýtdy. Şonuň üçin ol mesihçilere imany hakda «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýtmagy» ündedi (1 Petrus 2:12; 3:15-nji aýatlary okaň). Mesihçiler imany üçin kazyýete eltilende ýa-da adamlara wagyz edende hemişe sylaşykly gepleşmeli. Ýehowa biziň adamlar bilen gepleşenimizde näme aýdýandygymyzy diňleýär we ony nädip aýdýandygymyzy görýär. Ine, şol sebäpli-de biz hemmelere hormat goýmaly.

17. Adamlara nädip hormat goýup bileris?

17 Nädip hormat goýmaly? Adamlara wagyz edenimizde özümizi olardan köp bilýän ýaly görkezjek bolmaly däl. Gaýtam olaryň Hudaý üçin gadyr-gymmatlydygyny ýatdan çykarman, özümizden ýokary saýmaly (Hag. 2:7; Flp. 2:3). Eger adamlar sizi ýaňsylasa ýa-da üstüňizden gülse, olar bilen gödek gepleşmäň. Meselem, akyllysyrap olaryň gaharyny getirmäň (1 Pet. 2:23). Aýtmasyz zady aýtsaňyz, derrew ötünç soraň. Biz işleýän ýerimizdäki adamlar bilen hem sylaşykly bolmaly. Meselem, işiňize janyňyz-teniňiz bilen ýapyşyň. Başlygyňyz, işdeşleriňiz gowy häsiýetleriňizi görer ýaly, eliňizde baryny ediň (Tit. 2:9, 10). Eger dogruçyl we zähmetsöýer bolsaňyz, hemişe adamlara ýaranyp bilmeseňiz-de, hökman Ýehowanyň göwnünden turarsyňyz (Kol. 3:22, 23).

18. Her bir adama hormat goýmak näme üçin wajyp?

18 Biz şu makalada her bir adama näme üçin hormat goýmalydygyna seretdik. Biz maşgala agzalarymyza hormat goýsak, Maşgalabaşymyz Ýehowa hormat goýýarys. Dogan-uýalara hormat goýsak, gökdäki Atamyzy sylaýandygymyzy görkezýäris. Şeýle-de Hudaýa gulluk etmeýän adamlara hormat goýup, hak Hudaýymyzyň adyna şöhrat getirýäris. Adamlar bizi sylasyn-sylamasyn, olara hormat goýmaly. Şonda Ýehowa bizden ýagşylygyny gaýgyrmaz, sebäbi Ol: «Meni sylany sylaryn» diýip wada berýär (1 Şam. 2:30).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Maşgala agzalarymyza nädip hormat goýup bileris?

  •  Dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris?

  •  Ýehowa gulluk etmeýän adamlara nädip hormat goýup bileris?

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş