37-NJI MAKALA
114-NJI AÝDYM Sabyrly boluň
Adalatsyzlyga duş gelenimizde näme etmeli?
«Ol halkynyň adalatly bolmagyna garaşdy, emma olar adalatsyzlyk etdi» (Işa. 5:7).
ESASY PIKIR
Adalatsyzlyk edilende Isadan görelde alalyň.
1, 2. Köp adamlar adalatsyzlygy görende näme edýär we biz näme hakda gürrüň ederis?
ŞU dünýäde köp adamlar adalatsyzlyga duş gelýär. Olary milleti, daş keşbi ýa-da garyp ýaşaýandygy üçin ezýärler, kemsidýärler. Puldan ýaňa gözi gapylan baý söwdagärler we hökümet ýolbaşçylary sebäpli adamlar gün-güzeranyny zordan görýärler. Şu we başga sebäplere görä köpler kösenip ýaşaýar.
2 Köp adamlar adalatsyzlygy görüp gaharlanýarlar. Biziň ählimiz asuda, parahat, kösenmän ýaşamak isleýäris. Käbir adamlar adalaty dikeltjek bolup hökümete arz edýärler, gozgalaňlara goşulýarlar, adalaty dikeltmegi söz berýän syýasy ýolbaşçylary ýa-da syýasy toparlary goldaýarlar. Emma mesihçiler şu «dünýäden däl», olar adalaty diňe Hudaýyň Patyşalygynyň dikeltjekdigini bilýärler (Ýah. 17:16). Biz muny bilsek-de, käte adalatsyzlyk edilýändigini görüp gynanýandyrys ýa-da gaharymyz gelýändir. Belki, siz: «Ýehowa adalaty dikeldýänçä näme edip bolarka?» diýýänsiňiz. Geliň, ilki bilen Ýehowanyň hem-de Isanyň adalatsyzlyga nähili garaýandygyny bileliň.
ÝEHOWA-DA, ISA-DA ADALATSYZLYGY ÝIGRENÝÄR
3. Adalatsyzlyk edilende näme üçin gaharlanýarys? (Işaýa 5:7).
3 Mukaddes Kitapda biziň näme üçin adalatsyzlygy halamaýandygymyzyň sebäbi düşündirilýär. Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaratdy, Ol «dogruçyllygy hem adalaty söýýär» (Zeb. 33:5; 1 Mus. 1:26). Ýehowa hiç haçan adalatsyzlyk etmeýär. Ol hiç bir adamyň hem birek-birege adalatsyzlyk etmegini islemeýär (5 Mus. 32:3, 4; Mik. 6:8; Zek. 7:9). Meselem, Işaýa pygamberiň döwründe käbir ysraýyllar öz ildeşlerini köseýärdiler. Şonuň üçin Ýehowa «ezilenleriň sesini eşidipdi» (Işaýa 5:7-ni okaň). Ýehowa kanunlaryna gulak asmaýan we ildeşine adalatsyzlyk edýän ysraýyllary jezasyz goýmady (Işa. 5:5, 13).
4. Isa adalatsyzlygy görende özüni nähili duýdy? (Surata serediň).
4 Ýehowa ýaly Isa-da adalatsyzlygy ýigrenýär, hatda gahary gelýär. Bir gezek ol sinagogada eli ysmaz adamy görüp ýüregi awaýar we ony sagaldýar. Ýöne fariseýler Isanyň eli ysmaz adamy sagaldandygyny görüp gaharlanýarlar. Olar birnäçe wagt bäri ejir çekip ýören ysmaz adamyň sagalandygyna begenmän, gaýtam Isany kanuny bozmakda aýyplaýarlar. Şonda «Isa adamlaryň doňýürekdigine örän gynanýar» (Mar. 3:1—6).
Dini ýolbaşçylardan tapawutlykda, Isanyň adamlara ýüregi awaýardy we olara kömek edýärdi (4-nji abzasa serediň).
5. Adalatsyzlyk edilende näme üçin gaharlanyp ýörmeli däl?
5 Görşümiz ýaly, Ýehowa-da, Isa-da adalatsyzlyk edilende gaharlanýar. Şol sebäpli biz hem adalatsyzlygy görüp gaharlanýarys (Efes. 4:26). Emma janyňy ýakanyňa degmeýär, sebäbi biz adalatsyzlygy aýryp bilmeýäris. Eger gaharymyzy saklamasak, diňe özümize zyýan ýetireris, keselläris ýa-da göwnüçökgünlige düşeris (Zeb. 37:1, 8; Ýak. 1:20). Geliň, adalatsyzlyk edenlerinde Isadan nädip görelde almalydygyny öwreneliň.
ISA ADALATSYZLYGY GÖRENDE NÄME ETDI?
6. Isa ýer ýüzünde ýaşanda nähili adalatsyzlygy gördi? (Surata serediň).
6 Isa köp adamlara adalatsyzlyk edilýändigini gözi bilen görüpdi. Dini ýolbaşçylar birgiden kanunlary çykaryp, adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýardylar (Mat. 23:2—4). Üstesine-de, ol Rim ýolbaşçylarynyň adamlary ezýändigini görýärdi. Şol sebäpli ýehudylaryň köpüsi Rimiň golastynda bolmak islemeýärdi. Şol döwürler Rimden garaşsyz bolmak üçin göreşýän toparlar döräpdir. Emma Isa şol toparlaryň hiç birine goşulmaýardy. Hatda bir gezek adamlar Isany patyşa bellejek bolanlarynda ol gaçyp gitdi (Ýah. 6:15).
Isa hiç wagt syýasata goşulmaýardy. Hatda bir gezek patyşa etjek bolanlarynda, Isa gaçyp gidýär (6-njy abzasa serediň).
7, 8. Isa ýer ýüzünde ýaşanda näme üçin adalaty dikeltjek bolmady? (Ýahýa 18:36).
7 Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda adalaty dikeltjek bolup syýasata goşulmady. Ol hiç bir ynsanyň adamlaryň üstünden höküm sürmäge hakynyň ýokdugyna we muny başarmajakdygyna düşünýärdi (Zeb. 146:3; Ýer. 10:23). Şeýle-de hiç bir adam kynçylyklary köki-damary bilen aýryp bilmeýär. Şu dünýäniň hökümdary zalym Şeýtan. Onuň golastyndaky adamlar hem Şeýtan ýaly zalym we doňýürek (Ýah. 8:44; Efes. 2:2). Hatda gowy adamlar hem kynçylygy doly aýryp bilmeýär. Olar hem günäli bolandygy üçin şu gün bolmasa, ertir adalatsyzlyk ederler (Nes. 7:20).
8 Isa ähli kynçylygy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýyrjakdygyny bilýändigi üçin elinde baryny edip, «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etdi» (Luka 8:1). Şeýdip, ol «adalatyň dikelmegini isleýän» adamlara göwünlik berdi (Mat. 5:6; Luka 18:7, 8). Hiç bir ynsan hökümeti adalatsyzlygyň soňuna çykyp, kynçylyklary köki-damary bilen sogrup aýryp bilmeýär. Muny diňe Hudaýyň Patyşalygy başarýar, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy «şu dünýäden däl» (Ýahýa 18:36-ny okaň).
ADALATSYZLYGA DUŞ GELENIŇIZDE ISADAN GÖRELDE ALYŇ
9. Ähli kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýyrjakdygyna näme üçin ynanýarsyňyz?
9 Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys, şol sebäpli adalatsyzlyga köp duş gelýäris. I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem Şeýtan hem-de zalym adamlar sebäpli adalatsyzlyk köpelýär (2 Tim. 3:1—5, 13; Ylh. 12:12). Isa ýaly bizem diňe Hudaýyň Patyşalygynyň adalatsyzlygy doly aýyrjakdygyny bilýäris we ol barada wagyz edýäris. Şol sebäpli adalaty dikeltjek bolýan syýasy toparlara, gozgalaňlara goşulmaýarys. Geliň, Steýsia bilen bolan ýagdaý hakda gürrüň edeliň. Ol hakykata gelmänkä adalatsyzlyga garşy göreşýän toparlara goşulyp, gozgalaňlara gatnaşýardy. Emma ol şeýle etmek bilen kynçylygy çözüp boljakdygyna känbir ynanmaýardy. Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Käte men: „Gozgalaňa gatnaşyp hernä dogry edýändirin-dä“ diýýärdim. Ýöne häzir men Hudaýyň Patyşalygy barada şübhelenmän wagyz edýärin. Sebäbi adalatsyzlygy Ýehowadan başga hiç kim aýryp bilmez» (Zeb. 72:1, 4).
10. Matta 5:43—48-nji aýatlara görä, biz näme üçin adalaty dikeltjek bolmaýarys? (Surata serediň).
10 Köp adamlar adalaty dikeltjek bolup syýasy toparlara goşulýarlar. Olaryň köpüsi gaharyna bäs gelip bilmän, hökümetiň kanunyna gulak asmaýarlar we biri-birine zyýan ýetirýärler. Olaryň edýän zatlary Isanyň öwredenlerine gabat gelmeýär (Efes. 4:31). Jeffri şeýle gürrüň berýär: «Adalaty dikeltmek üçin ýygnanyşan adamlar gahar-gazaba münüp, daş-töweregini ýykyp-ýumrup, ogurlyk edýärler. Olar hatda bir-birini urup-ýençýärler». Isa bolsa bize ähli adamlary, hatda garşy çykýan, bizi yzarlaýan adamlary hem söýmegi öwretdi (Matta 5:43—48-nji aýatlary okaň). Biz Isa gulak asyp, onuň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny edýäris.
Syýasata we gozgalaňa goşulmaz ýaly mertlik gerek (10-njy abzasa serediň).
11. Käte Isanyň göreldesine eýermek näme üçin kyn bolup bilýär?
11 Biz Hudaýyň Patyşalygynyň ähli kynçylyklary hemişelik aýyrjakdygyny bilsek-de, adalatsyzlyga duş gelenimizde Isanyň göreldesine eýermek kyn bolup bilýär. Janiýa bilen hem şeýle bolupdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Adamlar meni kemsidenlerinde ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Gahar-gazapdan ýaňa olardan ar alasym gelýärdi. Men adalatsyzlyga garşy göreşýän topara goşulyp, gozgalaňa gatnaşsam, içim sowar öýtdüm. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men Ýehowa däl-de, adamlara bil baglaýandygyma düşündim we gozgalaňa gatnaşmadym». Bizem adalatsyzlyga duş gelenimizde gaharymyza erk etmeli we ähli ýagdaýda şu dünýä goşulmaly däl (Ýah. 15:19).
12. Biz okaýan, görýän we diňleýän zatlarymyzy näme üçin saýlamaly?
12 Adalatsyzlyk edenlerinde gaharymyzy saklamaga näme kömek eder? Biz okaýan, görýän we diňleýän zatlarymyzy saýlamaly. Käbir Internet sahypalary adamlaryň hökümeti, onuň ýolbaşçylaryny ýazgaryp goýýan hatlaryndan we wideolaryndan hyryn-dykyn. Köpleriň olary okap, görüp ýüregi ýarylýar. Käte habarlarda adamlar çaklaýan zatlaryny bolan ýaly edip görkezýärler. Şol habarlar dogry bolaýanda-da, adalaty dikeltmek üçin elimizden hiç zat gelmeýär. Eger biz şeýle täzelikleri okasak ýa-da görsek, islesek-islemesek gaharymyz geler we gynanarys (Nak. 24:10). Iň erbedi bolsa, ähli kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp bilýändigini ýadymyzdan çykaryp, ony birinji ýerde goýmarys.
13. Mukaddes Kitaby her gün okamak adalatsyzlyga döz gelmäge nädip kömek edýär?
13 Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak we oýlansak, adalatsyzlyga duş gelenimizde näme etmelidigini bileris. Aliýa käbir adamlara adalatsyzlyk edilýändigini görüp gynanýardy. Onuň edenini edip ýaşaýan adamlara hiç zat diýilmeýändigine we çäre görülmeýändigine gahary gelýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özüme: „Çyndanam ähli kynçylyklary Ýehowanyň aýyrjakdygyna ynanýan bolsaň, sen pikiriňi üýtgetmeli“ diýdim. Şol wagt men Eýýup 34:22—29-njy aýatlary okap otyrdym. Şol aýatlar maňa Ýehowanyň ähli zady görýändigini ýatlatdy. Dogrudanam, diňe Ýehowa adamlara nähili höküm çykarmalydygyny bilýär we ähli kynçylyklary diňe Ol aýrar». Hudaýyň Patyşalygy ähli kynçylyklary aýyrýança biz näme edip bileris?
ADALATSYZLYGA GARŞY IŇ ULY GÖREŞ NÄME?
14. Adalatsyzlyk köpelmez ýaly näme edip bileris? (Koloslylar 3:10, 11).
14 Biz adalatsyzlyk edýän adamlary düzedip bilmesek-de, olara bolan garaýşymyzy üýtgedip bilýäris. Biz Isanyň göreldesine eýerip, olara söýgimizi görkezmeli. Isa bize ähli adamlary, hatda adalatsyzlyk edýän adamlary hem söýmegi öwretdi (Mat. 7:12; Rim. 12:17). Eger biz ähli adamlary söýsek we olara adalatly bolsak, Ýehowa begener (Koloslylar 3:10, 11-nji aýatlary okaň).
15. Adamlara Ýehowa barada gürrüň bermegiň nähili peýdasy bar?
15 Adamlara Ýehowa hakda gürrüň bermek adalatsyzlyga garşy iň uly göreş. Ýehowa hakdaky bilim adamy bütinleý üýtgedýär, erbet hem zalym adam mähirli bolýar, adamlary söýmegi öwrenýär (Işa. 11:6, 7, 9). Kemal hakykata gelmänkä hökümete garşy gozgalaň turuzýan topara gatnaşýardy, sebäbi ol adalatsyzlygy görüp gynanýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Adamlara garşy gozgalaň turzup, olaryň üstüne topulyp üýtgedip bolmaýar. Olary diňe Hudaýyň Sözi üýtgedip bilýär. Meni hem hakykat adam etdi». Adamlary diňe Hudaýyň Sözüniň üýtgedip bilýändigine düşünenden soň, Kemal gozgalaňa gatnaşmagyny bes etdi. Biz näçe köp adama Ýehowany tanatsak, şonça-da adalatsyzlyk edýän adam azalar.
16. Siz näme üçin adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada höwes bilen gürrüň berýärsiňiz?
16 Biz Isa ýaly ähli kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýyrjakdygyny höwes bilen aýdýarys. Biziň aýdýan habarymyz adalatsyzlykdan kösenýän adamlara göwünlik berýär (Ýer. 29:11). Ýokarda agzalan Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Men ähli kynçylyklary Hudaýyň aýyrjakdygyny bilenimden soň, özüme ýa-da başga birine adalatsyzlyk etseler-de janymy ýakmaýaryn. Ýehowa Sözi arkaly maňa göwünlik berýär». Biz adamlara göwünlik bermek üçin Hudaýyň Patyşalygynyň tizden adalatsyzlygy aýyrjakdygy baradaky aýatlary gowy bilmeli. Şonda biz mekdepde ýa işde bolsun, kynçylyklaryň näme üçin bolýandygyny we Ýehowanyň olary tizden aýyrjakdygyny ynamly gürrüň bererisb.
17. Ýehowa adalatsyzlyga döz gelmäge nädip kömek edýär?
17 Biz Şeýtanyň dünýäsi ýok edilýänçä, kynçylyk çekjekdigimizi bilýäris. Emma Ýehowa bize gowy günler gelýänçä kömek etjekdigini wada berýär. Ol tizden Şeýtany we zalym adamlary ýok eder (Ýah. 12:31). Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly adamlaryň diňe bir näme üçin kynçylyk çekýändigini däl-de, eýsem kösenýänlere kömek edýändigini hem aýdýar (Zeb. 34:17—19). Şu makalada adalatsyzlyga duş gelenimizde Isanyň göreldesine eýermegi öwrendik. Şeýle-de tizden Hudaýyň Patyşalygynyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny we hiç bir adamyň kösenmejekdigini bildik (2 Pet. 3:13). Geliň, ähli adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin elimizde baryny edeliň. Ýeriň ýüzüni «adalatly hem dogruçyl» adamlar miras alýança sabyrly garaşalyň (Işa. 9:7).
158-NJI AÝDYM Gijä galmarsyň!
a Käbir atlar üýtgedildi.
b «Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň» broşýura seredip bilersiňiz (Goşmaça maglumat A, bölüm 24—27).