Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzalary
2024-NJI ÝYLYŇ 5-nji oktýabrynda geçirilen Ýyllyk duşuşygynda iki doganyň Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy edip bellenendigi bildiriş edildi. Olar Ýehowa ençeme ýyl bäri wepaly gulluk edýän Jodi Jedli bilen Jeýkob Ramf.
Jodi Jedli bilen aýaly Damaris
Jodi Jedli dogan ABŞ-nyň Missuri ştatynda dogulýar. Ol Hudaýyň Sözüni çagalykdan bilýärdi. Onuň maşgalasy Ýehowanyň Şaýatlarynyň az ýerinde ýaşaýardy. Şol ýere ýurduň dürli künjeginden dogan-uýalar wagyz etmäge barýardy. Olaryň söýgüsini we agzybirligini görüp, Jedli doganyň suwa çümdürilesi gelýär. Şeýlelikde, 1983-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda suwa çümdürilýär. Ol wagyz etmegi gowy görýärdi, mekdebi gutaransoň, 1989-njy ýylyň sentýabrynda pioner gullugyna başlaýar.
Jedli dogany we gyz jigisini ene-atasy Beýtele syýahata äkiderdi. Şeýdip, olaryň ikisem Beýtelde gulluk etmegi maksat goýýarlar, maksadyna-da ýetýärler. Jedli dogany 1990-njy ýylyň sentýabrynda Wolkildäki Beýtele çagyrýarlar. Ol başda Tämizlik bölüminde, soňra Lukmançylyk gullugynda zähmet çekýär.
Şol wagtlar ispan ýygnaklarynda wagyzçylaryň sany artýardy. Şonuň üçin doganlaryň kömegi gerekdi. Jedli dogan ispan ýygnagyna geçip, şol dili öwrenip başlaýar. Biraz wagtdan ol şol etrapda pioner bolup gulluk edýän Damaris uýa bilen tanyşýar. Köp wagt geçmänkä olar durmuş gurýar. Toýdan soň Damaris uýa hem Beýtele çagyrylýar.
2005-nji ýylda olar garry ene-atasyna seretmek üçin Beýtelden gitmeli bolýar. Olar pioner bolup gulluk edýär. Jedli dogan Pionerler mekdebinde mugallym bolýar, Keselhanalar bilen işleşýän komitetde we Welaýat gurluşyk komitetinde gulluk edýär.
2013-nji ýylda Jedli dogany we aýalyny ýene-de Beýtele çagyrýarlar. Olar Worwikdäki gurluşyga gatnaşýar. Şeýle-de olar Pattersonda we Wolkilde gulluk edýär. Jedli dogan Taslama we gurluşyk bölüminde, Keselhanalar barada maglumat gullugynda hyzmat edýär. 2023-nji ýylyň martynda ol Gulluk komitetiniň kömekçisi edip bellenýär. Jedli dogan Ýehowa gulluk eden ýyllaryny ýatlap şeýle diýýär: «Her gezek täze borç alanymda gaty alada edýärdim. Ýöne Ýehowa bil baglasaň, almajak galaň ýokdugyna göz ýetirdim. Sebäbi Ýehowa kimi näme edeýin diýse, başarýan Hudaý».
Jeýkob Ramf bilen aýaly Inga
Ramf dogan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda dogulýar. Onuň ejesi ýygnaklara yzygider barmaýardy we wagyz etmeýärdi. Ýöne ogluna Hudaýyň Sözüni öwretmek üçin elinde baryny edýärdi. Ramf dogan her ýyl mamalaryna gezmäge giderdi. Mamasy Ýehowanyň Şaýadydy. Garry ene agtygyna Mukaddes Kitaby gyzykly edip gürrüň bererdi. Mamasynyň gürrüň beren zatlary ýaşajyk oglana güýçli täsir etdi. Şeýdip, ol 13 ýaşynda Mukaddes Kitap okuwyna başlaýar. Ol 1992-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ýetginjek wagty suwa çümdürilýär. Wagtyň geçmegi bilen Ramf doganyň ejesi ýene ýygnaklara gatnap, wagyz edip başlaýar. Kakasy we doganlary ösüş edip suwa çümdürilýär.
Ramf dogan ýaş wagty pionerleriň Ýehowa hezil edip gulluk edýändigine üns berýär. Ol orta mekdebi tamamlansoň, 1995-nji ýylyň sentýabrynda pioner gullugyna başlaýar. 2000-nji ýylda Ramf dogan Ekwadora göçýär, sebäbi şol ýere kömek gerekdi. Şol ýerde Kanadadan gelen Inga uýa bilen tanyşýar we oňa öýlenýär. Toýdan soň olar Ekwadoryň bir obasynda gulluk edýärler. Ol ýerde sanlyja wagyzçy bardy, häzir bolsa uly ýygnak döredi.
Soňra Ramf dogan bilen aýaly ýörite pioner we etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. 2011-nji ýylda olary Gileadyň 132-nji klasynda okamaga çagyrýarlar. Mekdepden soň olar dünýäniň dürli künjeginde beýtelçi, missioner we etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Ramf dogan Hoş habarçylar mekdebiniň mugallymy hem bolýar.
Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Ramf dogan bilen aýaly ABŞ-a gaýdyp gelýär. Olar Wolkildäki Beýtele çagyrylýar. Şol ýerde Ramf dogan Gulluk bölüminde tälim alýar. Soňra ony Ekwadoryň filial komitetiniň agzasy edip belleýärler. 2023-nji ýylda olar Worwige dolanýar. 2024-nji ýylyň ýanwarynda Ramf dogany Gulluk komitetiniň kömekçisi edip belleýärler. Ol geçen günlerini ýatlap şeýle diýýär: «Gulluk eden ýerleriň däl-de, işleşen adamlaryň ýüregiňde öçmejek yz galdyrýar».
Dogan-uýalar, geliň, şeýle janaýamaz we zähmetsöýer «doganlaryň gadyryny bileliň» (Flp. 2:29).