Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Noýabr sah. 10—15
  • Kesel ýa garry ýakynlaryňyza seretseňiz-de, şatlanyp ýaşaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kesel ýa garry ýakynlaryňyza seretseňiz-de, şatlanyp ýaşaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ŞATLANMAK NÄME ÜÇIN KYN?
  • ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?
  • BIZ NÄDIP KÖMEK EDIP BILERIS?
  • Garrylyk çagynda-da güler ýüzüňiz solmasyn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa şatlanyp gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2025/2026-nji ýylyň etrap kongresiniň meýilnamasy. Etrap gözegçisiniň gatnaşmagynda
  • Ata-eneňiziň aladasyny ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Noýabr sah. 10—15

45-NJI MAKALA

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

Kesel ýa garry ýakynlaryňyza seretseňiz-de, şatlanyp ýaşaň

«Gözýaş döküp ekenler, şatlyk bilen orarlar» (Zeb. 126:5).

ESASY PIKIR

Kesel ýa-da garry adamlara seredýänlere hemişe şatlanyp ýaşamaga kömek edýän maslahatlar.

1, 2. Ýakynlarynyň aladasyny edýän adamlara Ýehowa nähili garaýar? (Nakyllar 19:17; surata serediň).

«TOÝ edenimize 32 ýyldan gowrak wagt geçdi» diýip, koreýaly Jen-ýol gürrüň berýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men bäş ýyldan bäri aýalyma seredýärin. Onda parkinson keseli bolansoň, özbaşdak hereket edip bilmeýär. Men aýalymy gaty gowy görýärin, onuň höwes bilen aladasyny edýärin. Ol her gün agşam hassalar üçin krowatda ýatýar, menem onuň elinden tutup gapdalynda ýatýaryn».

2 Belki, siz garry ýa-da kesel ene-ataňyza, ýanýoldaşyňyza, çagaňyza, dostuňyza seredýänsiňiz. Siz olary gowy görýändigiňiz üçin gijäňizi gündiz edip aladasyny edýänsiňiz. Şeýdip, Ýehowany hem gowy görýändigiňizi subut edýärsiňiz (1 Tim. 5:4, 8; Ýak. 1:27). Ýöne size aňsat bolýan däldir. Käte nähili kynçylyklary başdan geçirýändigiňizi diňe özüňiz bilýänsiňiz. Adamlar siziň ýagdaýyňyza düşünmeýän ýalydyr. Ýüzüňiz gülüp dursa-da, ýüregiňiz gan aglaýandyr, gözýaşlaryňyzy gizleýänsiňiz (Zeb. 6:6). Size nähili kyn bolýandygyny hiç kim bilmese-de, Ýehowa ýagdaýyňyza gowy düşünýär (2 Musa 3:7-ni deňeşdiriň). Ýehowa siziň ýakynlaryňyza seredýändigiňiz sebäpli köp zat edip bilmeýändigiňize düşünýär. Ol eliňizden gelýän işleri edýändigiňizi görýär. Şeýle-de gözýaş dökýändigiňizi bilýär, şonuň üçin gadyryňyzy bilýär (Zeb. 56:8; 126:5). Ýakynlarynyň aladasyny edýän adamlara Ýehowa özüni bergidar hasaplaýar. Olaryň edýän ýagşylyklarynyň öwezini doljakdygyny söz berýär (Nakyllar 19:17-ni okaň).

Surat: garry ýa hassa ýakynlaryna seredýänleriň edýän işleri. 1) Uýa krowatda ýatan garry ejesini iýdirip içirýär. 2) Uýa maýyplaryň arabasynda oturan ärine köwşüni çykarmaga kömek edýär. 3) Oglanjyk kakasy bilen top oýnap başlamanka, ejesi onuň kellesine kaska geýdirýär. 4) Bir dogan garry doganyň öýüne barýar we onuň bilen doga edýär.

Köp dogan-uýalar garry ýa hassa ýakynlaryna seretmek üçin köp zähmet çekýär (2-nji abzasa serediň).


3. Ybraýym bilen Bibisara Taraha seretmek näme üçin aňsat däldi?

3 Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň hem köpüsi garry ýa-da kesel ýakynlarynyň aladasyny edipdirler. Olaryň biri Ybraýym bilen Bibisara. Ur şäherinden çykyp gaýdanlarynda Ybraýymyň kakasy Tarah 200 ýaşlaryndady. Tarah garry bolsa-da, olardan galmaýar. Olar Harana gelýänçäler takmynan 960 kilometr ýol geçýärler (1 Mus. 11:31, 32). Ybraýym bilen Bibisara Tarahy gowy görse-de, uzak ýolda garry adamyň aladasyny etmek aňsat bolan däldir. Şol wagtlar ulag ýokdy, adamlar düýeli ýa-da eşekli gitmeli bolýardylar. Garry Taraha-da düýä ýa eşege münüp-düşmek, uzak wagtlap onuň üstünde oturmak kyn bolandyr. Ybraýym bilen Bibisara-da käte halys ýadandyrlar. Nähili kynçylyk bolan bolsa-da, Ýehowa Ybraýym bilen Bibisara kömek edendir. Ýehowa size-de ýakynlaryňyzyň aladasyny etmäge güýç berer (Zeb. 55:22).

4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Eger şadyýan bolsaňyz, ýakynlaryňyzyň aladasyny etmek kyn bolmaz (Nak. 15:13). Şadyýan adam kyn ýagdaýlarda-da begenip bilýär (Ýak. 1:2, 3). Siz nädip şadyýan bolup bilersiňiz? Ýehowa dileg edip, şatlanmaga sebäp tapar ýaly kömek soraň. Biz makalada kesel ýa garry ýakynyna seredýänlere şatlanmaga nämäniň kömek etjekdigini bileris. Şeýle-de ýakynyna seredýänlere biziň nädip kömek edip biljekdigimize serederis. Geliň, ilki bilen, garry ýa hassa ýakynyna seredýänleriň näme üçin şatlanmalydygy we olara nämeleriň päsgel berýändigi hakda gürrüň edeliň.

ŞATLANMAK NÄME ÜÇIN KYN?

5. Garry ýa kesel adama seretmegiň kyndygy hakda oýlansak näme bolar?

5 Eger biz hemişe garrylara ýa hassalara seretmegiň kyndygy hakda pikir etsek güýçden gaçarys (Nak. 24:10). Netijede, olaryň aladasyny etmek we ýumşak gepleşmek kyn bolar. Geliň, ýakynlaryna seredýän adamlara şatlanmagyň näme üçin kyn bolýandygyny bileliň.

6. Garra ýa hassa seredýänler näme üçin ýadaýarlar?

6 Ýadawlykdan ýaňa hiç zada eliňiz barýan däldir. Leýa şeýle gürrüň berýär: «Hemme zat gowy bolsa-da, günüň ahyryna çenli lütüň çykýar. Käte ýazylan SMS-e jogap bermäge-de ysgynym bolmaýar». Garry ýa kesel adamlara seredýänleriň käbiri ýeterlik dynjyny, ukusyny alyp bilmeýär. Eneş şeýle diýýär: «Köplenç uka zar bolýaryn. Gijelerine gaýyneneme seretmek üçin her iki sagatdan turýaryn. Ýoldaşym bilen dynç alyşa gitmedigimize-de ep-esli ýyl boldy». Käbirleri bolsa uzakly gün ýakynyna seretmeli bolansoň, dost-ýarlary bilen oturylyşyklara gidip bilmeýärler, guramada-da käbir borçlary alyp bilmeýärler. Olar isleýän zatlaryny edip bilmeýändigi üçin gynanýarlar we özüni ýeke duýýarlar.

7. Garry ýa hassa seredýänleriň käbiri näme üçin özüni günäkär duýýar?

7 Ýüregiňiz awasa-da, eliňizden hiç zat gelýän däldir. Jessika şeýle diýýär: «Men özümi kakam üçin köp zat etmeli ýaly duýýaryn. Şonuň üçin sähelçe dynç alsamam, özümi günäkärläp başlaýaryn». Kesel ýa garry adama seredýänleriň käbiri özüne nebsi agyrýandygy üçin, öz-özüni günäkärleýär ýa-da elinden hiç zat gelmeýändigi üçin gynanýar. Olar ýadaw ýa gaharly wagty aýtmasyz zady aýdyp, ýakynynyň ýüregine ýara salýarlar (Ýak. 3:2). Käbirleriniň bolsa ýakynynyň gün-günden erbetleşýändigini görüp, ýüregi para-para bolýar. Barbara şeýle diýýär: «Gözüň alnynda ýakyn adamyň gynanyp ýatyşyny görmekden erbet zat ýok».

8. Minnetdarlyk sözleri garry ýa hassa seredýänlere nähili täsir edýär? Gürrüň beriň.

8 Gadyryňyz bilinmeýän ýaly bolýansyňyz. Size edýän işleriňiz üçin köplenç sagbolsun aýtmaýandyrlar. Birki agyz hoş söze-de monça bolýansyňyz (1 Sel. 5:18). Melissa şeýle gürrüň berýär: «Käte şeýle bir ýadaýan welin, gözümden boýur-boýur ýaş dökülýär. Seredýän garrylarym „taňryýalkasyn“ aýdanda göwnüm göterilýär. Minnetdarlyk sözleri olaryň ýene-de höwes bilen aladasyny etmäge güýç berýär». Ahmadu bolsa sagbolsun aýdanlarynda begenýändigi hakda şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz ýaşajyk ýegenimize seredýäris. Onda garaguş keseli bar. Ýegenimiz biziň köp zat edýändigimize düşünmese-de, sagbolsun ýa-da gowy görýändigini aýdanda begenjimiziň çägi bolmaýar».

ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?

9. Garry ýa hassa seredýänler näme üçin pesgöwünli bolmaly?

9 Pesgöwünli boluň (Nak. 11:2). Köp zat edesimiz gelse-de, wagtymyz, güýjümiz çäkli bolýar. Käte siz ýagdaýyňyz sebäpli gowy görýän zatlaryňyzdan el çekmeli bolýansyňyz. Şonda gynanmaň, siz pesgöwünlidigiňizi görkezýärsiňiz. Biri size kömek etmek islese, ondan ýüz öwürmäň. Jeý şeýle diýýär: «Her gün ýetişjek ýa-da güýjüň ýetjek zatlary etmeli. Ondan artyk etjek bolsaň şatlygyňy ýitirýärsiň».

10. Kesel ýa garry adama seredýänler näme üçin düşünjeli bolmaly? (Nakyllar 19:11).

10 Düşünjeli boluň (Nakyllar 19:11-i okaň). Düşünjeli adam hassa ýa-da kesel adamyň sözlerini, hereketini göwnüne almaýar. Gaýtam onuň näme üçin şeýle sözleri aýdýandygyna we özüni näme üçin şeýle alyp barýandygyna düşünjek bolýar. Käbir keseller sebäpli adam öň etmeýän zadyny edip biler (Nes. 7:7). Meselem, ýumşak, sypaýy adam özüni gödek alyp barmagy mümkin. Ýa-da sähel zada yrsarap, gaharlanmagy mümkin. Eger sizem syrkaw adama seredýän bolsaňyz, onda onuň keseli barada öwrenseňiz gowy bolar. Şonda onuň bilgeşleýin däl-de, keseli sebäpli özüni gödek alyp barýandygyna düşünersiňiz (Nak. 14:29).

11. Garry ýa kesel adamlara seredýänler nämä wagt tapmaly? (Zebur 132:4, 5).

11 Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin wagt tapyň. Käte «iň wajyp zatlara» wagt tapmak üçin, beýleki işlere sarp edýän wagtymyzy azaltmaly bolýar (Flp. 1:10). Ýehowa bilen dost bolmak iň wajyp zatlaryň biri. Meselem, patyşa bolansoň Dawudyň etmeli-goýmaly işleri köpdi. Ýöne ol hiç zady Ýehowa bilen dostlugyndan öňe geçirmedi (Zebur 132:4, 5-nji aýatlary okaň). Elbetde, Dawut ýaly patyşa bolmasak-da, her gün etmeli işlerimiz başymyzdan agdykdyr. Ýöne biz her gün Mukaddes Kitaby okamaga we Ýehowa dileg etmäge wagt tapmaly. Aýşa şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa doga edenimde, mezmurlary okap, olar hakda oýlananymda ýüregim giňeýär we özümi bagtly duýýaryn. Maňa durmuşda iň kömek edýän zatlaryň biri — Ýehowa doga-dileg etmek. Men günüň dowamynda birnäçe gezek Ýehowadan ýüregime giňlik bermegini dileýärin».

12. Garry ýa kesel adama seredýänler näme üçin saglygyna seretmeli?

12 Saglygyňyza serediň. Belki, garry ýa-da kesel adama seredeniňiz üçin peýdaly gök-önümleri satyn almaga we nahar bişirmäge wagtyňyz azdyr. Eger siz peýdaly gök-önümleri iýseňiz we yzygiderli maşk etseňiz sagdyn bolarsyňyz, şähdiňiz hem açyk bolar. Şonuň üçin wagt tapyp, saglygyňyza gowy serediň (Efes. 5:15, 16). Şeýle-de ýeterlik ukyňyzy alyň (Nes. 4:6). Ukyňy almak köp zatda kömek edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, ýeterlik ukusyny alýan adamyň gaýgy-aladasy az bolýar we kyn ýagdaýlarda kän howsala düşmeýär. Ondan başga-da dynç almagy ýatdan çykarmaň (Nes. 8:15). Bir uýa şatlygyny ýitirmezlige nämäniň kömek edýändigini şeýle gürrüň berýär: «Howa gowy bolanda daşaryk gezmelemäge çykýaryn. Güneşli howada ýöräp lezzet alýaryn. Iň bolmanda, aýda bir gezek dostlarym bilen dynç alyp, wagtymy hoş geçirýärin».

13. Gülşüp-degişmegiň nähili peýdasy bar? (Nakyllar 17:22).

13 Degşip-gülşüň (Nakyllar 17:22-ni okaň; Nes. 3:1, 4). «Gülmek ömürden» diýlişi ýaly, gülki adamyň ömrüni uzaldýar. Şadyýan adam kän göwnüçökgünlige düşmeýär. Eger siz garry ýa kesel adama seredýän bolsaňyz, onda ähli zat isleýşiňiz ýaly bolýan däldir. Ýöne şeýle kyn ýagdaýlarda-da gülşüp-degişmegi başarsaňyz, oňa döz gelmek aňsat bolar. Seredýän adamyňyz bilenem gülşüp-degişseňiz, onuň bilen dil tapyşmak kyn bolmaz.

14. Dostuňa içiňi dökmegiň nähili peýdasy bar?

14 Dostuňyza içiňizi döküň. Käte näçe jan etseňiz-de, gaýgy-alada basmagy mümkin. Şonda ýagdaýyňyza düşünýän we sizi günäkärlemeýän dostuňyza içiňizi döküň (Nak. 17:17). Ol sizi ünsli diňlär we ruhlandyrar. Şeýlelikde, güýjüňize güýç goşulyp, ýene-de şatlanyp bilersiňiz (Nak. 12:25).

15. Jenneti göz öňüne getirmek nädip şatlyk berýär?

15 Jennet hakda oýlanyň. Ýehowa adamlary kesellemek ýa-da garramak üçin ýaratmady. Şonuň üçin sizem kesel ýa garry adamlara hemişe seretmeli bolmarsyňyz (2 Kor. 4:16—18). «Hakyky ýaşaýyş» entek öňde (1 Tim. 6:19). Siz birek-birege Jennetde etmek isleýän zatlaryňyz hakda gürrüň beriň. Şonda ýakynyňyz hem, siz hem ýürekden şatlanarsyňyz (Işa. 33:24; 65:21). Hesel şeýle gürrüň berýär: «Men köplenç seredýän garrylaryma gelejekde tikin tikjekdigimiz, ylgajakdygymyz we tigir sürjekdigimiz hakda aýdýaryn. Biz direlen dogan-garyndaşlarymyz bilen çörek, süýji-süýji naharlary bişireris. Biz bilelikde umydymyz hakda oýlananymyzda, Ýehowa örän minnetdar bolýarys».

BIZ NÄDIP KÖMEK EDIP BILERIS?

16. Kesel ýa garry adama seredýänlere nädip kömek edip bileris? (Surata serediň).

16 Dynç alar ýaly kömek ediň. Dogan-uýalar hem kesel ýa-da garry adama seredişmäge kömek edip biler. Şonda olara seredýänler dynç alyp ýa-da etmeli işlerini edip bilerler (Gal. 6:2). Käbir wagyzçylar kömek edip biljek günlerini gün tertibine bellediler. Nataliýa şeýle gürrüň berýär: «Ärim ysmaz bolansoň ýöräp bilmeýär. Ýygnagymyzdan bir dogan hepde-de birki sapar ärime seredişmäge gelýär. Ol ärimi wagza alyp gidýär, bile gürrüň edýär we film görýär. Ärim hem onuň gelerine garaşyp oturýar. Doganyň ärime seredişen wagty men dynç alýaryn, daşaryk ýöremäge çykýaryn». Käbir dogan-uýalar kesel ýa garry adama diňe gündiz däl-de, gijelerine hem seredişip biler. Şonda oňa seredýän adam gije ýatyp, gowy dynjyny alyp biler.

Iki uýa garry uýanyň öýüne barýar. Oňa seredýän bolsa elini galgadyp hoşlaşýar.

Kesel ýa-da garry adama seredişmäge nädip kömek edip bilersiňiz? (16-njy abzasa serediň)a.


17. Kesel ýa garry adama seredýänlere ýygnaklarda nädip kömek edip bileris?

17 Ýygnak duşuşyklarynda kömek ediň. Belki-de, garry ýa-da kesel adama seredýänler ýygnakda, etrap hem welaýat kongreslerinde aýdylýan pikirleri gowy diňläp bilýän däldir, sebäbi olaryň bar ünsi-aladasy ýakynyndadyr. Käbir dogan-uýalar bütin ýygnagyň dowamynda ýa-da onuň käbir bölümlerinde kesel ýa garry adamyň ýanynda oturyp, oňa seredişip biler. Eger garry ýa kesel adam öýünden çykyp bilmeýän bolsa, oňa seredýän dogan ýa uýa ýygnaga gidip gelýänçä, oňa seredip bileris.

18. Garry ýa kesel adamlara seredýänlere ýene nädip kömek edip bileris?

18 Ruhlandyryň we olar üçin doga ediň. Ýaşulular kesel ýa garry adama seredýänleri yzygider idäp, olary ruhlandyryp durmaly (Nak. 27:23). Olary diňe ýaşulular ruhlandyrman, eýsem ýygnakdaky ähli dogan-uýalar gowy görýändigini, gadyryny bilýändigini aýdyp bilerler. Şeýle-de biz Ýehowadan olara güýç bermegini, şatlygyny ýitirmezlige kömek etmegini diläp bileris (2 Kor. 1:11).

19. Biz nämä sabyrly garaşmaly?

19 Ýehowa tizden gara gözlerden akan ýaşlary süpürip aýrar. Keseliň, ölümiň nämedigini bilmeris (Ylh. 21:3, 4). «Agsaklar keýik kimin böker» (Işa. 35:5, 6). Garrylyk bolmaz. Hiç bir adam dogan-garyndaşynyň keselläp, garrap kösenişini görmez. «Öňki zatlar ýada düşmez» (Işa. 65:17). Ýehowanyň wada beren durmuşy gelýänçä, Ol hemişe ýanymyzda bolup, bize kömek eder. Geliň, mundan beýlägem Ýehowa bil baglalyň. Şonda «sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Garry ýa kesel adama seredýänlere şatlanmak näme üçin kyn bolup biler?

  •  Olara şatlanyp ýaşamaga näme kömek edip biler?

  •  Garry ýa kesel adama seredýänlere siz nädip kömek edip bilersiňiz?

155-NJI AÝDYM Ebedi şatlyk

a SURATYŇ BEÝANY: iki uýa garry uýa seredişmäge barýar. Oňa seredýän bolsa gezelenje gidip barýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş