Zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara göwünlik berýän habar
«BÜTIN dünýäde millionlarça gelin-gyzlara zorluk-sütem edilýär. Size-de sütem edilýärmi? Eger şeýle bolsa, Allatagalanyň gelin-gyzlaryň howpsuz ýaşamagyny isleýändigini we olara garşy edilýän zorluk-sütemiň soňuna çykjakdygyny bilseňiz ýüregiňiz giňär».
JW.ORG saýtyndaky «Gelin-gyzlaryň howpsuzlygy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makala şeýle sözler bilen başlaýar. Makalanyň soňundaky salgydan onuň PDF görnüşini ýükläp bilersiňiz. Soňra ony çap edip, kitapça ýaly ulanyp bilersiňiz. ABŞ-da ýaşaýan Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Men makalanyň birnäçe nusgasyny çap etdim. Soňra bir uýa bilen ýygnagymyzyň golaýyndaky gelin-gyzlaryň goralýan öýüne baryp, şol makalalary paýladyk».
Şol ýerde işleýän bir aýal uýalardan beýleki gelin-gyzlara-da paýlar ýaly şol makaladan bermegi haýyş edýär. Uýalar hem şol makalanyň kitapça görnüşiniň 40-dan gowragyny we 30 sany jw.org kartoçkasyny paýlaýarlar. Başga bir gezek şol ýeriň müdiri uýalardan Mukaddes Kitapdan okuw geçilişini görkezmegi haýyş edýär.
Steýsi bilen iki uýa başga bir gelin-gyzlaryň goralýan öýüne baranlarynda şol kitapçadan bäşisini paýlaýarlar we olardan ýene birnäçesini getirmegi haýyş edýärler. Işgärleriň biri şeýle diýýär: «Tüýs bize gerek kitapça eken. Ol şu ýerdäki gelin-gyzlara gowy kömek eder». Birnäçe günden uýalar ýene şol ýere baranlarynda käbir gelin-gyzlar Mukaddes Kitap okuwynyň geçilişini görmek islediler. Şeýle-de olaryň ikisi indiki hepdäniň dynç güni Ýygnak jaýynda geçirilýän duşuşyga gatnaşmak isleýändigini aýtdylar.
Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Biz gelin-gyzlaryň kitapçany halandyklaryna haýran galdyk. Makalany çap edip, kitapça görnüşinde ulanmak — zorluk-sütem edilýän gelin-gyzlara hoş habary ýetirmegiň iň gowy usuly. Adamlaryň şeýle habary eşidip begenişini görmek göwnüňi göterýär. Biz Ýehowanyň şeýle gelin-gyzlara hoş habary ýetirmäge kömek edişini görenimizde begenjimiziň çägi bolmady».