Markus
11 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ýerleşýän Beýtfagiýa we Betaniýa+ baryp ýetdiler. Isa iki şägirdini ýollap+, 2 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýhary çözüp, alyp gaýdyň. 3 Biri size: „Edýäniňiz näme?“ diýse: „Ol Halypamyza gerek. Taýhary derrew yzyna getirip bereris“ diýiň». 4 Olar hem gidip, gapyda daňylgy duran taýhary görüp çözdüler+. 5 Şol ýerde duranlaryň käbiri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýdiler. 6 Şägirtler hem Isanyň aýdyşy ýaly jogap berdiler, şonda adamlar hiç zat diýmediler.
7 Olar taýhary+ Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardylar, käbiri bolsa agajyň şahalaryny çapyp, ýere düşeýärdiler+. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ 10 Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän Patyşalygyna şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!» diýip gygyrýardy. 11 Isa Iýerusalime bardy. Ol ybadathana girip, daş-töwerekdäki zatlara syn etdi. Wagt giç bolansoň, 12 resuly bilen Betaniýa gitdi+.
12 Ertesi Betaniýadan gaýdyp gelýärkäler, Isa ajykdy+. 13 Ol uzakdan ýapraklan injir agajyny gördi. Isa injir iýmek üçin agajyň ýanyna baranda, ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Sebäbi injiriň bişýän wagty däldi. 14 Şonda ol: «Mundan beýläk senden hiç kim injir iýmesin»+ diýdi. Muny şägirtleri-de eşitdiler.
15 Şeýdip, olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 16 Ol hiç kime ybadathananyň içinden zat geçirmäge rugsat bermedi. 17 Şeýle-de ol adamlara öwredip: «„Meniň öýüme milletleriň doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 18 Uly ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Ýöne olar Isadan gorkýardylar, sebäbi adamlar onuň öwredişine haýran galýardy+.
19 Gün ýaşyp ugranda, olar şäherden çykdylar. 20 Ertesi irden ýolda barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler+. 21 Şonda Petrus bolan wakany ýatlap: «Mugallym*, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr»+ diýdi. 22 Isa: «Hudaýa iman et. 23 Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz daga: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýse, aýdýan zadynyň boljakdygyna şübhelenmese, ol hökman bolar+. 24 Size diýýärin, iman edip dilän zadyňyzy hökman alarsyňyz+. 25 Doga edýän wagtyňyz, göwnüňize degen adamy bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlar»+ diýdi. 26 *——
27 Olar ýene-de Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanadaka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip: 28 «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýdiler. 29 Isa: «Mende-de bir sorag bar. Jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. 30 Ýahýa+ suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*+ Hany, jogap beriň» diýdi. 31 Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32 Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys». Sebäbi adamlar Ýahýany pygamber hasaplaýardy+. 33 Şonuň üçin olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.