Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr24 Iýul sah. 1—13
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
  • Sözbaşylar
  • 1—7 IÝUL
  • 8—14 IÝUL
  • HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 60—62
  • 15—21 IÝUL
  • 22—28 IÝUL
  • Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý
  • 29 IÝUL—4 AWGUST
  • 5—11 AWGUST
  • 12—18 AWGUST
  • I topar: Ýalan taňrylara sežde etmek
  • II topar: Hak Hudaýa ýaramaýan ýol bilen sežde etmek
  • 19—25 AWGUST
  • 26 AWGUST—1 SENTÝABR
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
mwbr24 Iýul sah. 1—13

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

1—7 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 57—59

Ýehowa halkyna garşy çykýanlaryň niýetini puja çykarýar

bt bap 28, abz. 14, 15

«Bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz»

14 Stefanus soňky demine çenli gorkman wagyz etdi (Res. 6:5; 7:54—60). Duşmanlar Stefanusy öldürensoň, yzarlamalar hasam güýjedi. Resullar bilen şägirtlerem Ýahuda we Samariýa gaçyp gitdiler. Ýöne hoş habar şonda-da wagyz edilýärdi. Meselem, Filipus Samariýa gidip, şol ýerde «Mesih barada wagyz edip başlady» (Res. 8:1—8, 14, 15, 25). Şeýdip, köpler Isanyň şägirdi boldy. Şeýle-de Resullar 11:19, 20-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Stefanus öldürilenden soň, yzarlamalar sebäpli çar tarapa dargan şägirtler Finikiýa, Kipre we Antakyýa baryp ýetdiler. Ýöne olar diňe ýehudylara wagyz edýärdiler. Antakyýa gelenleriň arasynda kiprli we kirenaly şägirtler hem bardy. Olar grekçe gepleýän adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Halypamyz Isa hakdaky hoş habary wagyz edýärdiler». Yzarlamalar sebäpli resullaryň, şägirtleriň başga ýere gaçyp gidendigi üçin hoş habary köp adamlar eşitdi.

15 Sowet Soýuzy döwründe-de şeýle wakalar bolupdy. 1950-nji ýyllarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň müňlerçesini Sibire sürgün etdiler. Sürgün edilen dogan-uýalaryň wagyz etmegi hoş habaryň köp ýerlere ýaýramagyna sebäp boldy. Dogan-uýalar 10 000 kilometr uzakda ýerleşýän şäherlere gitmek üçin pul tapyp bilmezdiler. Ýöne hökümetiň sürgün edendigi sebäpli dogan-uýalara şol ýerlere barmak üçin pul çykarmak gerek bolmady. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Hökümet ýolbaşçylary wagyz etdirmejek boldy. Ýöne bar zat tersine boldy, Sibirdäki müňlerçe akýürekli adamlar Hudaýyň Sözüni eşitdiler».

Dürdäne pikirler

w23.07 sah. 18, 19, abz. 16, 17

«Berk we tutanýerli boluň»

16 Hudaýa wepaly bolmagy ýüregiňize düwüň. Dawut pygamber Ýehowany söýýändigi hakda şeýle aýdym aýdýar: «Ýa Alla, men saňa wepaly, saňa wepaly!» (Zeb. 57:7). Bizem Ýehowa ýürekden bil baglasak, Oňa hemişe wepaly bolarys (Zebur 112:7-ni okaň). Geliň, ýokarda agzalan Bob dogan hakda gürrüň edeliň. Lukman oňa ätiýaçlyk üçin ganyň gerek boljagyny aýdypdy. Şonda ol lukmana: «Eger meniň kararyma hormat goýmasaňyz, häziriň özünde hassahanadan gitjek» diýip, çürt-kesik aýdýar. Soňra Bob şeýle gürrüň berýär: «Men birjik-de ikirjiňlenmedim, sebäbi gan goýbertmezligi ýüregime berk düwüpdim».

17 Bob dogana ikirjiňlenmezlige näme kömek etdi? Ol hassahana girmänkä Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwüpdi. Birinjiden, ol Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak isleýärdi. Ikinjiden, Mukaddes Kitapda we oňa esaslanan edebiýatlarda ganyň mukaddesligi hakda okapdy. Üçünjiden, Ýehowanyň görkezmesiniň hemişe peýda berýändigine ynanýardy. Bizem Bobuň göreldesine eýersek, kyn ýagdaýlarda-da Hudaýa wepaly bolup bileris.

8—14 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 60—62

Ýehowa bizi goraýar, pena we gala bolýar

it «Diň»

Diň

Göçme manysy. Ýehowa özüne iman edýän we gulak asýan adamlary goraýar. Şeýle adamlar Dawut pygamberiň şu sözlerine goşulýar: «Sen meniň penamsyň, duşmandan goraýan berk diňimsiň» (Zeb. 61:3). Hudaýyň adynyň manysyna düşünýän, oňa hormat goýýan we Ýehowa daýanýan adamlar hiç zatdan gorkmaýar, sebäbi «Ýehowanyň ady berk diňdir, hudaýhon ylgap baryp, pena tapýar» (Nak. 18:10; deňeşdiriň: 1 Şam. 17:45—47).

it «Çadyr»

Çadyr

Gadymy döwürde adamlar çadyrda ýaşapdyrlar. Olar çadyrda dynç alypdyrlar, yssydan-sowukdan, ýagyşdan, gardan goranypdyrlar (1Ms 18:1). Öňler däp boýunça çadyryna myhman alan adam myhmana hezzet-hormat etmelidi. Ylham 7:15-de hem Hudaýyň uly märekäniň «üstüne çadyryny dikjekdigi» aýdylýar. Bu bolsa Hudaýyň halkyny gorajakdygyny we aladasyny etjekdigini görkezýär (Zb 61:3, 4). Işaýa pygamber Sionyň, ýagny Hudaýyň göçme manydaky gelniniň ogullary üçin «çadyryny giňeltjekdigini» aýdýar (Işa 54:2). Diýmek, Sion çagalaryny hemme taraplaýyn gorar.

w02 15/4 sah. 16, abz. 14

Hudaýyň kanunlary bizi bagtly edýär

14 Hudaýyň kanuny ygtybarly we üýtgemeýär. Şu aladaly dünýäde Ýehowa biziň gaýamyz, ebedi Hudaýymyz (Zebur 90:2). Ol özi hakda şeýle diýýär: «Men — Ýehowa. Men üýtgeýän däldirin» (Melek 3:6). Adamlaryň çykarýan kanunlary üýtgäp durýar, ýöne Hudaýyň Mukaddes Kitaba ýazdyran kada-kanunlary hiç haçan üýtgemeýär (Ýakup 1:17). Mysal üçin, öňler psihologlar çaganyň islän zadyna rugsat bermeli diýip maslahat beýärdiler, häzir bolsa olaryň käbiri beren maslahatlarynyň ýalňyşdygyna düşünip, pikirini üýtgetdiler. Mukaddes Kitapda: «Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň, gaýtam olary Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» diýilýar (Efesliler 6:4). Şu sözleriň ýazylanyna ençeme ýyllar geçse-de, şol maslahatlar adamlara çagalaryny söýgi bilen terbileýelmäge kömek edip gelýär. Görşümiz ýaly, Hudaýyň kada-kanunlary hiç haçan üýtgemeýär, olar bize hemişe peýda berýär.

Dürdäne pikirler

w06 1/6 sah. 11, abz. 6

Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler

62:11. Hudaý daşky güýçlere bagly däl, sebäbi «gudrat Hudaýyňkydyr». Ýehowanyň özi güýjüň çeşmesi.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ.

Nutuk

w22.02 sah. 4, 5, abz. 7—10

Ýehowa hemişe bil baglaň

7 Biz Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyny bilýäris. Emma Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekillerine ynanmak kyn bolup biler. Belki, biz: «Jogapkär doganlar karara gelende Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutýarmyka ýa-da öz düşünjesine eýerýärmikä?» diýip oýlanýandyrys. Şeýle sorag gadymy döwürde ýaşan adamlary hem biynjalyk edendir. Geliň, ýene-de 3-nji abzasdaky wakalara seredeliň. Sabat baradaky kanuny bozan adamyň dogan-garyndaşlary: «Musa pygamber ölüm jezasyny bermezden öň Ýehowadan maslahat soradymyka?» diýendirler. Uryýanyň dost-ýarlary bolsa: «Dawuda patyşa bolandygy üçin jeza berilmedi. Onuň ýerine başga biri bolan bolsa şol günüň özünde öldürilerdi» diýendirler. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekilleriniň çykarýan kararyna şübhelenmeli däl, sebäbi Ýehowa olara ynanýar.

8 Şu günler Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ýaly wepaly hyzmatkär hem bütin ýer ýüzündäki Hudaýyň halkynyň aladasyny edýär we ýygnak ýaşulularyna görkezme berýär (Resullar 16:4, 5-nji aýatlary okaň). Ýaşulular şol görkezmelere ýürekden eýerýärler. Eger biz wepaly hyzmatkäriň we ýaşulularyň görkezmesine eýersek, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris.

9 Käte bize ýaşulularyň gelen karary bilen ylalaşmak kyn bolup biler. Meselem, soňky ýyllarda käbir ýygnaklar birleşdirildi we başga etraba geçirildi. Şol sebäpli ýaşulular Ýygnak jaýyndan doly peýdalanmak üçin käbir wagyzçylardan başga ýygnaga geçmegi haýyş edip biler. Şonda dost-ýarlarymyzy we dogan-garyndaşlarymyzy goýup başga ýygnaga geçmek aňsat düşmez. Elbetde, Ýehowa wagyzçylaryň haýsy ýygnaga geçmelidigini ýaşululara görnüş arkaly aýtmaýar. Şonuň üçin olaryň görkezmesine eýermek kyn bolup biler. Ýehowa ýaşululara ynanýar. Geliň, bizem olaryň kararyny ýürekden goldalyň.

10 Käte ýaşulularyň gelen karary bilen ylalaşmak kyn hem bolsa, olary goldap eginme-egin işleşmeli. Şonda biz Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys (Efes. 4:2, 3). Eger dogan-uýalar ýaşulular maslahatynyň kararyna pesgöwünlilik bilen eýerseler ýygnak gülläp öser (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Biz ýaşululara gulak assak, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Sebäbi Ýehowa olara halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Res. 20:28).

15—21 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 63—65

«Wepaly söýgiň janymdan hem süýjüdir»

w01 15/10 sah. 15, 16, abz. 17, 18

Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez

17 Siz Hudaýyň söýgüsine minnetdarmy? Belki, sizem Dawut patyşanyň şu sözlerine goşularsyňyz: «Wepaly söýgiň janymdan hem süýjüdir, dilim saňa alkyş aýdar. Seni ömürboýy şöhratlandyraryn, ellerimi galdyryp doga ederin, adyňy dilimden düşürmerin» (Zebur 63:3, 4). Adam üçin Hudaý bilen dost bolmakdan gowy zat barmy? Mysal üçin, girdejili iş Hudaý bilen dostlugyň berýän şatlygynyň ýerini tutup bilermi? (Luka 12:15). Ikinji jahan urşy döwründe konslagerlerdäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi ýa Ýehowany ýa-da ölümi saýlamaly boldy. Şonda doganlaryň köpüsi Hudaýy jany-teni bilen söýýändigi üçin ölmäge-de razy boldular. Ýehowa her bir wepaly gullukçylaryna gelejekde ebedi ýaşaýyş sylagyny wada berýär. Şeýle uly sowgady Ýehowadan başga hiç kim berip bilmeýär (Markus 8:34—36).

18 Ýöne Ýehowa bize diňe bir ebedi ýaşaýşy däl-de, manyly we bagtly durmuşy wada berýär. Sebäbi Hudaý bize häzirden gyzykly, şatlykly işi tabşyrdy. Gelejekde bolsa biz ebedi ýaşaýşa ýetenimizde hasam gyzykly işlere gatnaşarys (Nesihat 3:11).

w19.12 sah. 28, abz. 4

«Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň»

Aýratynam, Hudaýa minnetdarlyk aýtmak wajyp. Elbetde, sen Ýehowanyň berýän bereketleri we edýän ýagşylyklary hakda wagtal-wagtal oýlanýansyň (5 Mus. 8:17, 18; Res. 14:17). Emma Hudaýyň berýän ajaýyp sowgatlary hakda ýöne bir oýlanyp goýman, Ýehowanyň saňa we ýakynlaryňa dolup-daşýan bereketleri barada çuňňur oýlanyp, oňa ýürekden minnetdarlyk aýtsaň gowy bolmazmy? Ýaradyjymyzyň jomartlygy hakda oýlansaň, oňa bolan minnetdarlygyň artar we onuň seni nähili güýçli söýýändigine hem-de gymmat saýýandygyna göz ýetirersiň (1 Ýah. 4:9).

w15 15/10 sah. 24, abz. 7

Hemişe ruhy zatlar barada oýlanyň

7 Okan zadyňyz hakda oýlanmak we ünsüňi jemlemek üçin tagalla etmeli. Başgaça aýdanyňda, ýadaw däl wagtymyz we ünsümiz bölünmeýän ýerde okasak, has gowy oýlanmaga kömek eder. Mezmurçy hem gijelerine oýlanmaga wagt sarp edýärdi (Zeb. 63:6). Isa kämil bolsa-da, oýlanmak we doga etmek üçin ümsüm ýeri saýlaýardy (Luka 6:12).

w09 15/7 sah. 16, abz. 6

Isanyň göreldesine eýerip, söýgi bilen okadyň

6 Biz gowy görýän zatlarymyz barada gürrüň bermegi halaýarys. Esasanam, gowy görýän adamlarymyz we zatlarymyz barada gürrüň berenimizde, biziň mähirliligimiz hem joşgunlylygymyz aýan bolýar. Adatça, biz ol adam barada bilýän zadymyzy başga adamlara gürrüň bermek isleýäris. Biz oňa hormat goýup, öwgüli sözleri aýdýarys we onuň tarapyny tutýarys. Näme üçin? Sebäbi, ony we onuň häsiýetlerini başga adamlaryň hem biziň ýaly gowy görmegini isleýäris.

Dürdäne pikirler

w15 15/12 sah. 20 abz. 10

Diliňizi abatlyk üçin ulanyň

10 Söz adama hem ýara salyp, hem şypa berip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:18-i okaň). Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar köplenç ýürege ýara salýan awuly sözleri aýdýarlar. Olar «dillerini gylyç kimin ýiteldýärler» we «ajy sözlerini» peýkam ýaly çeneýärler (Zeb. 64:2, 3). Olaryň köpüsi muny telegepleşiklerden we kinofilmlerden öwrenýär. Emma mesihçiler şeýle ýaramaz endikden gaça durmaly. «Ajy sözlere» adama göwnüýetmezçilik edip, üstünden gülmek maksady bilen aýdylýan ýaňsyly gürrüňler hem degişlidir. Ýaňsylamak köplenç degişmä salyp, kimdir birini äsgermezçilikli sözler bilen kemsitmegi aňladýar. Mesihçiler ýaňsylaýjy sözlerden «daş bolmaly». Degişmeklik biziň gürrüňimiziň gyzykly bolmagyna ýardam etse-de, biz başgalary güldürmek üçin oýun edip, kimdir birini kemsitmekden ýa-da onuň göwnüne degiji sözleri aýtmakdan seresap bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» diýip maslahat berilýär (Efes. 4:29, 31).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Nutuk

ijwfq 51

Ýehowanyň Şaýatlary wagyz edýän habaryna seslenmeýän adamlar bilen näme üçin gürrüňdeş bolýarlar?

Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy we ýakynyny söýýändigi üçin Mukaddes Kitapdaky habary ähli adamlara, şol sanda hoş habara seslenmeýänlere-de höwes bilen wagyz edýärler (Matta 22:37—39). Biziň Hudaýa bolan söýgimiz Isanyň: «Birkemsiz şaýatlyk ediň» diýen tabşyrygyna gulak asmaga höweslendirýär (Resullar 10:42; 1 Ýahýa 5:3). Hudaýyň geçmişdäki pygamberleri ýaly, bizem adamlara hoş habary ýetirmek üçin gaýta-gaýta gürrüňdeş bolýarys (Ýermeýa 25:4). Ýakynymyza bolan söýgi bolsa «Patyşalyk baradaky hoş habary» ähli adamlara, şol sanda gyzyklanmaýanlara-da wagyz etmäge höweslendirýär. Sebäbi adamyň ýaşaýşy bu hoş habara bagly (Matta 24:14).

Biz hoş habara öň seslenmedik adamlaryň öýüne baranymyzda, köplenç gyzyklanýanlara duş gelýäris. Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň:

Öňki öý eýeleriniň deregine täze adamlar göçüp gelýär.

Maşgalanyň beýleki agzalary gyzyklanyp biler.

Adamlaryň ýagdaýy üýtgäp bilýär. Dünýädäki wakalar ýa-da durmuşyň kynçylygy sebäpli käbir adamlar «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünip», Mukaddes Kitapdaky hoş habara seslenýärler (Matta 5:3). Hatda Pawlus resul ýaly öň garşylyk görkezen adamlar hem garaýşyny üýtgedip biler (1 Timoteos 1:13).

Nähili ýagdaý bolaýanda-da, biz hiç kimi wagyz edýän habarymyza seslenmäge mejbur etmeýäris (1 Petrus 3:15). Biz Hudaýa sežde etmek meselesinde her bir adamyň özüniň karara gelmelidigine düşünýäris (5 Musa 30:19, 20).

22—28 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 66—68

Ýehowa her gün aladamyzy edýär

w23.05 sah. 12, abz. 15

Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý

15 Ýehowa edýän dogalarymyza hemişe gudrat bilen jogap bermese-de, Ol biziň dileglerimizi eşidýär we wepaly galmaga kömek edýär. Şonuň üçin doga-dileglerimize Ýehowanyň jogap berýändigini görjek bolalyň. Ýoko uýa: «Ýehowa dogalaryma jogap bermeýär» diýip pikir edýärdi. Bir gün ol edýän dogalaryny depdere ýazýar we biraz wagt geçensoň depderine ýazan belliklerini okaýar. Ýokonyň eden käbir dilegleri ýadyndan çykan ekeni, emma Ýehowa onuň dogalarynyň köpüsine jogap beripdir. Geliň, biz hem wagtal-wagtal yzymyza ser salyp, Ýehowanyň doga-dileglerimize berýän jogabyny görjek bolalyň (Zeb. 66:19, 20).

w10 1/12 sah. 23, abz. 6

Çagasyny ýeke terbiýeleýän ene-atalary goldaň

Ysraýyllar Hudaýa sežde edende aýdymlary we mezmurlary aýdýardylar. Ýehowa şol aýdymlary we mezmurlary Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Aýdymlar aýdylanda dul aýallaryň we ýetim çagalaryň göwni göterilýärdi. Sebäbi aýdymlarda Ýehowanyň «ýetimleriň atasydygy, dul aýallaryň hossarydygy» aýdylýardy (Zebur 68:5; 146:9). Biziň hem çagasyny ýeke terbiýeleýän ene-atalara aýdýan öwgüli sözlerimiz olaryň ýüregine güýçli täsir edip, ruhlandyryp bilýär. Bir ata çagasyny ýeke terbiýeleýän Rut atly aýala: «Sen ogullaryňa gowy terbiýe beripsiň. Berekella, yhlasyň gowşamasyn» diýýär. Onuň sözleri Ruty ruhlandyrýar. Şondan bäri 20 ýyl geçse-de, Rut häli-häzire çenli onuň sözlerini ýatlaýar. Dogrudanam, «mähirli dil — ýaşaýyş daragty» diýlişi ýaly, öwgüli sözlerimiz çagasyny ýeke terbiýeleýän ene-atalaryň güýjüne güýç goşup bilýär (Nakyllar 15:4). Olara nähili öwgüli sözleri aýdyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň.

w09 1/4 sah. 31, abz. 1

Ýehowa — ýetimleriň atasy

«MUKADDES mekanynda oturan Hudaý, ýetimleriň atasy» (Zebur 68:5). Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şu sözler Ýehowa Hudaýyň ýetimlere biparh garamaýandygyny görkezýär. Ysraýyllara beren Kanunynda hem Ýehowanyň kakasy ýa ejesi aradan çykan çagalaryň mähir bilen aladasyny edýändigi aýdyň görünýär. Ýetimler barada Mukaddes Kitabyň 2 Musa 22:22—24-nji aýatlarynda ilkinji sapar aýdylýar.

w23.01 sah. 19, abz. 17

Ýehowanyň goldawyny görüň

17 Zebur 40:5-i okaň. Alpinistiň maksady dagyň çür depesine çykmak. Ýöne ol daga çykýan wagty käte durup, tebigatyň gözelligini synlaýar. Edil şonuň ýaly, bizem Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Munuň üçin her günüň ahyrynda özümize şeýle soraglary berip bileris: «Şu gün Ýehowa meni nädip goldady? Synaglar dowam edýän hem bolsa, Ýehowa maňa döz gelmäge nädip güýç berýär?» Soňra Ýehowanyň size edýän ýagşylyklarynyň iň bolmanda birini görjek boluň.

Dürdäne pikirler

w06 1/6 sah. 10, abz. 5

Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler

68:18. «Ynsanlar arasyndan... sylaglar alan» kimler? Olar Wada edilen diýar basylyp alnanda, ýesirlige düşen adamlar. Olara soňra lewililere kömek etmek tabşyryldy (Ezra 8:20).

29 IÝUL—4 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 69

69-njy mezmurdaky pygamberlikler Isada ýerine ýetdi

w11 15/8 sah. 11, abz. 17

Olar Mesihe garaşdylar

17 Adamlar Mesihi sebäpsiz ýigrener (Zebur 69:4). Isa şeýle diýdi: «Men başgasynyň etmedik işlerini olaryň arasynda görüp, hem Meni, hem-de Atamy ýigrendiler. Kanunlarynda: «Meni nähak ýigrendiler» diýip ýazylan söz berjaý bolmalydyr» (Ýahýa 15:24, 25). Şu aýatlarda «kanun» diýlende, şol döwürde bolan ähli Ýazgylar göz öňüne tutulýardy (Ýahýa 10:34; 12:34). Injilde Isa barada okap, adamlaryň köpüsi, esasanam, ýewreý dini ýolbaşçylarynyň Isany ýigrenendigini bilýäris. Şeýle-de Isa: «Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň erbetdigine güwä geçýärin» diýdi (Ýahýa 7:7).

w10 15/12 sah. 8, abz. 7, 8

Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň

7 Bir gezek Isanyň güýçli yhlasy has-da aýdyň göründi. Ol şonda gullugyna ýaňy başlapdy. B. e. 30-njy ýylynyň Pasha baýramynda Isa şägirtleri bilen Iýerusalime gelýär. Ol ybadathana girip, «sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary görýär». Şonda Isa näme etdikä we bu şägirtlerine nähili täsir edýär? (Ýahýa 2:13—17-nji aýatlary okaň).

8 Isanyň eden işi we aýdan sözi şägirtlerine Dawudyň: «Seniň öýüňe yhlaslylyk meni iýdi» diýen sözlerini ýatlatdy (Zeb. 69:9). Näme üçin? Sebäbi diňe hakyky seždä yhlasly adam özüni şeýle howp astyna salyp bilerdi. Çünki bu biabraý söwdanyň arkasynda ybadathananyň ýolbaşçylary, ýagny ruhanylar, kanunçylar we şuňa meňzeş adamlar durdy. Isa bu adamlaryň mekirligini paş edip, puja çykarmak bilen, özüni olaryň duşmany etdi. Şonda şägirtler Hudaýyň öýüne, ýagny arassa seždä bolan yhlasyň nämedigine göz ýetirdiler. Eýsem, yhlasly bolmak nämäni aňladýar? Işi gyssagly etmek bilen yhlasly bolmagyň näme tapawudy bar?

g95 22/10 sah. 31, abz. 4

Adam ýürek ýarasy sebäpli ölüp bilýärmi?

Mukaddes Kitapda Isa barada şeýle pygamberlik edilipdi: «Meni kemsidip, ýüregime ýara saldylar, ýaralarym bitmedi». Şonuň üçin käbir adamlar Isa Mesih ýürek ýarasy sebäpli ölendir öýdýärler (Zebur 69:20). Pygamberlikdäki sözlere göni manyda düşünse-de bolýar, sebäbi jan berýänçä Isany birnäçe sagatlap urdular, gynadylar, kemsidip, üstünden güldüler. Şonuň üçin ol hem beden, hem duýgy taýdan ejir çekdi (Matta 27:46; Luka 22:44; Ýewreýler 5:7). Şeýle-de esgerleriň biri Isanyň böwrüne naýzasyny sanjada, «gan bilen suw» akdy. Adamyň ýüregi bölünende ýa-da uly damary kesilende, döşüne ýa-da ýüreginiň daşyndaky suw saklaýan gatlagyna gan ýygnanyp bilýär. Şol sebäpli adamyň döşüne ýa ýüreginiň daşyndaky ýuka gatlagyna bir zat sanjysa, ol ýerden gana we suwa meňzeş suwuklyk akyp bilýär (Ýahýa 19:34).

it «Zäherli ösümlik»

Zäherli ösümlik

Mukaddes Kitapda Mesihe «zäher beriler» diýip pygamberlik edilipdi (Zb 69:21). Isany pürse çüýlejek bolanlarynda, kän agyry duýmaz ýaly, oňa ajy zat garylan şerap berdiler. Ýöne Isa şerapdan dadyp görse-de, içmedi. Şonda Zebur kitabyndaky pygamberlik ýerine ýetdi. Matta şu pygamberlik hakda aýdanda, holeʹ (ajy) diýen grek sözüni ulandy (Mat 27:34). Şol söz grek Septuagintasynda Zebur 69:21-de hem duş gelýär. Ýöne Markusyň hoş habarynda mür berlendigi aýdylýar (Mar 15:23). Şonuň üçin käbir adamlar Isa «ajy» ýa-da «zäherli ösümlik» däl-de, «mür» berildi diýip pikir edýärler. Isa berlen şeraba zäherli ösümlik bilen mürüň ikisi hem goşulan bolmagy mümkin.

Dürdäne pikirler

w23.5 sah. 4, abz. 7—9

Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!

7 Biz doga edenimizde Ýehowany şöhratlandyrmaly we Ony söýýändigimizi, hormat goýýandygymyzy aýtmaly. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowanyň häsiýetlerini görjek bolmaly (Eýp. 37:23; Rim. 11:33). Şonda doga edenimizde Ýehowanyň haýsy häsiýetini gowy görendigimizi aýdyp bileris. Şeýle-de biziň we dogan-uýalaryň aladasyny edýändigi hem-de pena bolýandygy üçin Ýehowa alkyş aýtmaly (1 Şam. 1:27; 2:1, 2).

8 Ýehowa minnetdar boluň. Ýehowa minnetdar bolmak üçin bizde ençeme sebäpler bar (1 Selanikliler 5:18-i okaň). Mukaddes Kitapda Hudaýyň «her bir gowy we kämil sowgady» berendigi hakda ýazylan (Ýak. 1:17). Meselem, ol owadan Ýer şaryny, gözel tebigaty ýaratdy we bize ýaşaýyş demini, gelejege bolan umydy berdi. Şeýle-de biz hak Hudaýyň maşgala agzalarymyzy we dost-ýarlarymyzy penasynda aman saklaýandygy üçin, Oňa minnetdar bolup bileris. Galyberse-de, biziň bilen dostlaşýandygy üçin Ýehowa sag bolsun aýtmaly.

9 Ýehowa minnetdarlyk bildirip doga etmek üçin, Onuň eden ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Biz gadyr bilmez adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olar baryna kaýyl bolman, öz bähbidine çapýar. Eger biz seresap bolmasak, olaryň täsirine düşeris we doga edenimizde Ýehowa minnetdar bolman, diňe öz isleg-arzuwlarymyzy aýdarys. Geliň, gadyr bilmez adamlara meňzemäliň! Her gün Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolalyň (Luka 6:45).

5—11 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 70—72

«Geljekki nesle» Hudaýyň güýji hakda gürrüň beriň

w99 1/9 sah. 18, abz. 17

Ýaşlar hemişe paýhasly boluň!

17 Biz Şeýtanyň duzaklaryna düşmez ýaly oýa we batyrgaý bolmaly. Käwagt biz diňe bir deň-duşlarymyza däl-de, bütin dünýäniň täsirine garşy göreşmeli bolýarys. Dawut Hudaýa şeýle doga edýär: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa umyt edýärin, ýaşlygymdan bäri saňa bil baglaýaryn. Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň, seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin» (Zebur 71:5, 17). Dawut batyr adamdy, ol batyrgaýlyk häsiýetini ýaşlygyndan ösdüripdi. Ol ýaş wagty sürüsini goramak üçin ýolbars bilen aýyny öldüripdi. Soňra bolsa Jalut bilen söweşdi (1 Şamuwel 17:34—37). Ýöne Dawut «ýaşlygymdan bäri saňa bil baglaýaryn» diýip özüne däl-de, Ýehowa daýanýandygyny görkezdi. Şonuň üçinem Dawut islendik kynçylygy ýeňip bildi. Eger sizem Ýehowa bil baglasaňyz, ol size «dünýäni ýeňmek» üçin batyrgaýlyk we güýç berer (1 Ýahýa 5:4).

g04 8/10 sah. 23, abz. 3

Gartaşan dogan-uýalara goldaw beriň!

Mezmurçy Hudaýa şeýle doga edýär: «Garranymda meni taşlama, güýç-gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme» (Zebur 71:9). Dogan-uýalar garransoň özüni dereksiz duýsalar-da, Ýehowa wepaly gullukçylaryndan «ýüz öwürmeýär». Mezmurçy şol sözleri aýtmak bilen özüni taşlanan ýaly duýmaýardy, gaýtam garran çagy Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyna düşünýärdi. Ýehowa mezmurçy ýaly wepaly gullukçylaryny ömrüniň soňuna çenli goldaýar (Zebur 18:25). Ol gartaşanlara köplenç dogan-uýalar arkaly kömek edýär.

w14 15/1 sah. 23, abz. 4, 5

Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň

4 Eger siz Ýehowa ençeme ýyl gulluk edip tejribe toplan bolsaňyz, özüňize şeýle sorag beriň: «Heniz güýç-gaýratym barka, ony nämä sarp etmeli?» Tejribeli mesihçileriň başgalara garanda, has köp mümkinçiligi bolýar. Meselem, siz ýaşlara Ýehowa barada köp zatlary öwredip bilersiňiz. Hudaýa gulluk edeniňizde bolan ajaýyp wakalary gürrüň berip, başgalary ruhlandyryp bilersiňiz. Dawut patyşa bu barada doga edýärdi. Ol şeýle ýazdy: «Eý Hudaý, Sen maňa ýaşlygymdan tälim berdiň... Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama» (Zeb. 71:17, 18).

5 Siz toplan akyldarlygyňyzy başgalar bilen nädip paýlaşyp bilersiňiz? Siz ýaş mesihçileri öýüňize çagyryp, abatlaýjy gürrüňleri edip bilermisiňiz? Olara wagza çykmagy teklip edip, Ýehowa gulluk etmegiň şatlyklydygyny görkezip bilermisiňiz? Elihu şeýle diýipdi: «Goý, gojalar geplesinler, ýaşulular paýhas bersinler» (Eýýup 32:7). Pawlus resul hem tejribeli uýalary sözde we iş ýüzünde başgalara görelde bolmaga çagyryp, şeýle diýdi: «Garry aýallar... ýagşylygy öwredýänler bolsun» (Titus 2:3).

Dürdäne pikirler

it «Ýewfrat»

Ýewfrat

Ysraýyl topragynyň serhedi. Ýehowa Ybraýym bilen äht baglaşanda onuň nesline «Müsür derýasyndan beýik Ýewfrat derýasyna çenli» aralykdaky ýerleri berjekdigini aýtdy (1Ms 15:18). Ýehowa şol wadasyny ysraýyl halkyna hem beripdi (2Ms 23:31; 5Ms 1:7, 8; 11:24; Ýuş 1:4). 1 Taryh 5:9-da Dawut entek patyşa bolmanka Rubeniň nesliniň «Ýewfrat derýasynyň golaýynda ýerleşýän çöle çenli aralykda ýaşandygy» aýdylýar. Ýewfrat derýasy «Gileadyň gündogaryna» gideniňde 800 km uzaklykda ýerleşýärdi (1Tr 5:9), şol sebäpli rubenler Siriýa çölüni çenli aralykda ýaşan bolmaly. Siriýa çöli bolsa Ýewfrat derýasyna çenli baryp ýetýärdi. Şeýdip, Ýehowanyň wadasy ilkinji gezek Dawudyň we Süleýmanyň höküm süren döwründe, ýagny ysraýyllar Soba topragyny basyp alanda ýerine ýetdi. Soba topragy bolsa Siriýanyň demirgazygyndan akyp geçýän Ýewfrat derýasyna çenli uzaýardy (2Şm 8:3; 1Pa 4:21; 1Tr 18:3—8; 2Tr 9:26). Ýewfrat derýasy wajyp orun tutýandygy üçin oňa ýöne «Derýa» hem diýýärdiler.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Nutuk

ijwfq 49

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir garaýyşlaryny özgertdiler?

Biziň taglymatlarymyz hemişe Mukaddes Kitaba esaslanýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitaba has aýdyň düşünenimizde, biz garaýşymyzy özgerdýäris.

Şeýle özgerişler Nakyllar 4:18-däki prinsipe esaslanýar. Onda: «Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, Ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar» diýilýär. Günüň nury daş-töweregi kem-kem ýagtylandyryşy ýaly, Hudaý hem hakykat baradaky düşünjämizi öz wagtynda kem-kemden aýdyňlaşdyrýar (1 Petrus 1:10—12). Mukaddes Kitapdaky pygamberlige görä, Hudaý muny «dünýäniň soňuna», ýagny soňky günlerde has-da çaltlandyrdy (Danyýar 12:4).

Düşünjämiz bilen bagly edilen özgerişlikler bizi geň galdyrmaly ýa-da biynjalyk etmeli däl. Hudaýyň geçmişde ýaşan gullukçylary hem käbir zatlara nädogry düşünipdiler we umyt edýän zatlary babatda ýalňyşypdylar. Şol sebäpli olar garaýşyny üýtgetmeli boldular.

Hudaýyň bellän wagtyndan 40 ýyl öň Musa pygamber özüni ysraýyl halkynyň halasgäri saýýardy (Resullar 7:23—25, 30, 35).

Resullar Mesihiň öldürilip, soňra direldiljekdigi baradaky pygamberlige nädogry düşünýärdiler (Işaýa 53:8—12; Matta 16:21—23).

I asyrdaky mesihçileriň käbiri «Ýehowanyň gününiň» gelmeli wagty barada ýalňyşypdylar (2 Selanikliler 2:1, 2).

Ýöne Hudaý olara nädogry garaýşyny özgertmäge kömek etdi. Şu günler onuň bize-de kömek etmegi üçin doga edýäris (Ýakup 1:5).

[ÇYKGYT]

Biz Mukaddes Kitaba esaslanan düşünjämizi özgerdenimizde, muny gizlemeýäris, gaýtam, olary aç-açan ýazýarys we çap edýäris. Mysal üçin, edebiýatlarymyzyň elektron görnüşindäki indeksinden «Taglymatlaryň düşündirilişi» diýen bölüme seredip bilersiňiz.

12—18 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 73, 74

Hudaýa gulluk etmeýänlere gözüňiz gitmesin

w20.12 sah. 19, abz. 14

«Ýehowa göwnüçökgünlere göwünlik berýär»

14 73-nji Zebury ýazan lewi Hudaýyň öýünde mukaddes gullugy berjaý edýärdi. Emma ol göwnüçökgünlige düşýär. Näme üçin? Ol zalym, tekepbir adamlaryň gün-günden baýap, bolelin hem eşretli durmuşda ýaşaýandygyna gözi gidýär we olara göriplik edip başlaýar (Zeb. 73:2—9, 11—14). Ol göwnüçökgünlige düşüp: «Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn, elimi arassa saklapdyryn» diýýär. Lewi şu zatlar hakda gaýta-gaýta oýlanyp, tas hormatly borjundan mahrum bolupdy.

w20.12 sah. 19, 20, abz. 15, 16

Ýehowa göwnüçökgünlere göwünlik berýär

15 Zebur 73:16—19, 22—25-nji aýatlary okaň. Bir güni lewi Hudaýyň «mukaddes mekanyna» baranda, özi ýaly lewileriň Ýehowa wepaly gulluk edip ýörendigine syn edýär we özüniň düşen ýagdaýy hakda çynlakaý oýlanýar. Şonda ol özüniň akmaklyk edendigine we hakykat ýolundan sowlup, Ýehowadan daşlaşyp başlandygyna düşünýär. Şeýle-de zalym adamlaryň «typançak ýerde» durandygyna we heläk boljakdygyna göz ýetirýär. Ol ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, ýüregindäki göripligi köki bilen sogurýar. Soňra ol rahatlyk hem şatlyk tapyp, durmuşyndan razy bolup ýaşaýar. Ol: «Ýehowa ýanymda bolsa, başga hiç zat gerek däl» diýýär.

16 Biziň üçin sapak. Baý we lezzetli durmuşda ýaşaýan adamlara gözümiz gitmeli däl. Olaryň bagtly ýaşaýşy wagtlaýyndyr, gelejegi ýokdur (Nes. 8:12, 13). Eger biz hem olaryň ýaşaýşyna höwes edip başlasak, göwnüçökgünlige düşüp, imanymyz gowşar. Baý adamlaryň ýaşaýşyna göz gyzdyryp başlan bolsak, onda 73-nji Zebury ýazan lewi ýaly aýgytly ädim ätmeli. Ýehowanyň maslahatyna gulak asmaly we onuň islegini berjaý edýänler bilen gatnaşmaly. Eger biz Ýehowany ýürekden söýsek, bagtly bolarys we «hakyky ýaşaýyş» ýolundan sowulmarys (1 Tim. 6:19).

w14 15/4 sah. 4, abz. 5

Musanyň imanyndan görelde alyň

5 Siz günäli höweslere nädip garşy durup bilersiňiz? Günäniň az salymlyk lezzet berýändigini unutmaň. Iman size «dünýäniň we onuň höwesleriniň geçip gidýändigine» düşünmäge kömek eder (1 Ýahýa 2:15—17). Toba etmeýän adamlara gelejekde näme boljakdygy hakda oýlanyň. Ýehowa «olaryň aýaklaryny sürçek ýerlere basdyrar, olary harabalyga gaçyrar» (Zeb. 73:18, 19). Günäli höwesler dörände, özüňize şeýle sorag beriň: «Men gelejegimiň nähili bolmagyny isleýärin?»

w13 15/2 sah. 25, 26, abz. 3—5

Hudaýyň şöhratyny gazanmaga hiç zat päsgel bermesin

3 Mezmurçy Ýehowanyň ony sag elinden tutup, hakyky şöhrata ýetirjekdigine ynanýardy (Zebur 73:23, 24-nji aýatlary okaň). Ýehowa muny nädip edýär? Ol kiçigöwünli gullukçylaryna dürli ýollar bilen hormat bildirip, olary şöhrata ýetirýär. Meselem, Ýehowa Sözüne gulak asýan adamlara Öz islegine düşünmäge we dostlaşmaga ýardam edýär (1 Kor. 2:7; Ýakup 4:8).

4 Şeýle-de Ýehowa gullukçylaryna gymmatly hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik berdi (2 Kor. 4:1, 7). Bu gulluk bizi şöhrata ýetirýär. Bu hormatly işe gatnaşyp, Ýehowany şöhratlandyrýan we başgalara kömek edýän adamlara Ol: «Men Özümi sylany sylaryn» diýip wada berýär (1 Şam. 2:30). Şeýle adamlar Ýehowanyň öňünde-de, başga mesihçileriň öňünde-de ýagşy at gazanýarlar (Sül. tym. 11:16; 22:1).

5 «Rebbe umyt baglap, Onuň ýoluny saklaýan» adamlara nähili gelejek garaşýar? Mukaddes Ýazgylar şeýle wada berýär: «Ýeri miras almagyň üçin Ol (Ýehowa) seni beýgelder; sen erbetler kesilip taşlananda görersiň» (Zeb. 37:34). Şeýle adamlara ajaýyp gelejek, ýagny ebedi ýaşaýyş garaşýar (Zeb. 37:29).

Dürdäne pikirler

it «Liwýatan»

Liwýatan

Zebur kitabynyň 74-nji babynda Hudaýyň öz halkyny halas edişi hakda aýdylýar. Şol babyň 13, 14-nji aýatlarynda Hudaýyň ysraýyllary Müsürden azat edendigi göçme manyda suratlandyrylýar. Aýatlarda «deňiz läheňi» (ýewreýçe tanninimʹ, köplük sanda tanninʹ) we «liwýatan» diýen sözler duş gelýär. «Deňiz läheňleriniň kellelerini owratdy» diýilmegi Hudaý ysraýyllary Müsürden azat edende faraony we goşunyny ýok edendigini aňladýan bolmaly. Arameý targumlary kitabynda «deňiz läheňiniň kellesi» diýen jümle «faraonyň güýçli goşuny» diýip tejime edildi (Deňeşdiriň: Hyz 29:3—5, aýatlarda faraon Nil derýasyndaky «uly deňiz läheňine» meňzedilýär; Hyz 32:2). Işaýa 27:1-däki «deňiz läheňi» diýen söz bütin dünýä täsirini ýetirýän we Mukaddes Kitapdaky «ýylana» we «aždarha» tabyn bolýan imperiýanyň nyşanyny aňladýan bolmaly (Ylh 12:9). Şu pygamberlikde ysraýyl halkynyň dikeldilişi hakda aýdylýandygy üçin, Ýehowanyň liwýatany «öldürer» diýen sözleri Wawilona hem degişli bolmaly. 12 we 13-nji aýatlarda Müsür bilen Assiriýa hem agzalýar. Diýmek, aýatdaky liwýatan Ýehowa we halkyna garşy çykýan bütindünýä guramany ýa-da imperiýany aňladýar.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Nutuk

ijwbq 89

Dinleriň bary meňzeşmi? Olaryň hemmesi Hudaýa ýakynlaşdyrýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Ýok. Hemme dinler meňzeş däl. Mukaddes Kitapda Hudaýa ýaramaýan dinler barada birnäçe gezek aýdylýar. Olar esasan iki topara bölünýär.

I topar: Ýalan taňrylara sežde etmek

Mukaddes Kitapda ýalan taňrylara sežde etmek «boş», «ýalan» we «biderek» diýen sözler bilen suratlandyrylýar (Ýermeýa 10:3—5; 16:19, 20). Geçmişde Ýehowa Hudaý ysraýyl halkyna: «Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn» diýip tabşyryk berdi (2 Musa 20:3, 23; 23:24). Ysraýyl halky başga hudaýlara sežde edende, Ýehowanyň «gahary geldi» (4 Musa 25:3; 3 Musa 20:2; Serdarlar 2:13, 14).

Ýehowa «adamlaryň taňry diýip» sežde edýän hudaýlaryny häzirem ýigrenýär (1 Korinfliler 8:5, 6; Galatýalylar 4:8). Ol özüne gulluk etmek isleýänlere ýalan dini goldaýanlar bilen gatnaşmazlygy tabşyryp: «Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň» diýýär (2 Korinfliler 6:14—17). Eger hemme dinler birmeňzeş we ählisi Hudaýa ýakynlaşdyrýan bolsa, näme üçin şeýle tabşyryk berildi?

II topar: Hak Hudaýa ýaramaýan ýol bilen sežde etmek

Ysraýyllylar birmahal Hudaýa sežde edenlerinde ýalan dine uýýan halklaryň ynançlaryny we däp-dessurlaryny ulanypdylar. Ýöne Hudaý hakyky din bilen ýalan diniň garyşmagyna ýol bermändi (2 Musa 32:8; 5 Musa 12:2—4). Hudaýa ýaramaýan usul bilen sežde edýändikleri üçin, Isa I asyrdaky dini ýolbaşçylary ýazgarypdy. Olar daşyndan göräýmäge dindar adamlardy, ýöne ikiýüzlülik edip, «Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýardylar» (Matta 23:23).

Şonuň ýaly şu günlerem diňe hakykaty öwredýän din adamlary Hudaýa ýakynlaşdyrýar. Bu hakykat Mukaddes Kitapda bar (Ýahýa 4:24; 17:17; 2 Timoteos 3:16, 17). Aslynda, öwredýän zatlary Mukaddes Kitaba garşy gelýän dinler adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýar. Köp adamlar Troisa (Üç ýüzli taňry), ölmeýän jan we dowzah ody ýaly öwretmeleriň köpüsi Mukaddes Kitaba esaslanýar diýip pikir edýärler. Emma bularyň ählisi ýalan hudaýlara sežde edýänleriň öwretmeleri. Şeýle öwretmelere esaslanýan sežde Hudaý üçin «biderekdir», sebäbi olar Hudaýyň tabşyryklaryny dini däp-dessurlar bilen çalyşýarlar (Markus 7:7, 8).

Hudaý ikiýüzlülik bilen edilýän seždäni ýigrenýär (Titus 1:16). Din belli bir däp-dessurlary ýa-da düzgünleri bilen adamlara çäk goýmaly däl-de, olaryň gündelik durmuşyna täsir edip, Hudaýa ýakynlaşmaga kömek etmeli. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Kimdir biri Hudaýa sežde edýändirin öýdüp, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, edýän seždesi-de biderekdir. Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmek üçin kynçylyk çekýän ýetimleriň, dul aýallaryň aladasyny etmeli hem-de özüňi bu dünýäden tegmiltsiz saklamaly» (Ýakup 1:26, 27). «Karol Ýakobyň terjimesinde» hakyky din diýlende arassa hem-de göz üçin edilmeýän seždäni aňladýar.

Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — hak Hudaýyň ady.

19—25 AWGUST

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 75—77

Biz näme üçin öwünjeň bolmaly däl?

w18.01 sah. 28, abz. 4, 5

Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriň

4 Pawlus resul köpleriň özüni we puly söýjekdigini aýdandan soň, adamlaryň öwünjeň, tekepbir, gopbamsy boljakdygy barada ýazdy. Dogrudan-da, adamlar ukybyna, daş keşbine, baýlygyna we wezipesine buýsanyp, özlerini köplenç başgalardan ýokary tutýarlar. Olar özlerini öwüp, arşa çykarýarlar. Bir alym özüni ulumsylyga aldyran adam barada şeýle diýdi: «Onuň ýüreginde bir kiçijik seždegäh bar ýaly; ol hamala şoňa, ýagny öz-özüne sežde edýär». Käbirleriniň aýtmagyna görä, ulumsylyk şeýle bir ýakymsyz zat welin, ony hatda tekepbir adamlaryň özlerem halamaýar.

5 Ýehowa ulumsylygy we «tekepbir gözleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Ulumsylyk häsiýeti Hudaýa ýakynlaşmaga päsgel berýär (Zeb. 10:4). Sebäbi ol Iblise mahsus häsiýet (1 Tim. 3:6). Gynansak-da, Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary hem ulumsylygyň täsirine düşdüler. Meselem, Ýahudanyň patyşasy Uzyýa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi» diýilýär. Hizkiýa patyşa hem az wagtlyk gopbamsylygyň duzagyna düşdi (2 Ýyl. 26:16; 32:25, 26).

w06 15/7 sah. 11, abz. 2

Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler

75:4, 5, 10. «Şah» diýen söz näme aňladýar? Haýwanlaryň şahy olaryň güýçli ýaragy. Şonuň üçin «şah» sözi göçme manyda güýji we kuwwaty aňladýar. Ýehowa öz halkyny beýgeltmek üçin olaryň şahyny dikelder, «erbetleriň ähli şahlaryny çapar». «Şahlarymyzy ýokary galdyrmakdan», ýagny ulumsylykdan ýa-da özümizi ýokary tutmakdan gaça durmaly diýip, bize duýduryş berilýär. Ýehowanyň «dikeldýändigi» sebäpli, ýygnakdaky islendik ýumuş Ýehowa tarapyndan berilýär (Zebur 75:7).

Dürdäne pikirler

w06 15/7 sah. 11, abz. 3

Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler

76:10. «Ynsan gazaby» nädip Ýehowa sena getirip biler? Ýehowa biziň peýdamyz üçin gullukçysy hökmünde bize garşy bolýan adamlaryň gazabyna ýol berýär. Islendik kynçylykdan köp zady öwrenýäris. Ýehowa terbiýelemek üçin diňe döz gelip biljek horluklara ýol berýär (1 Petrus 5:10). «Artyp galan gazaplar bilen [Hudaý] özüni guşaýar». Eger biz horluk çekip ölsek näme? Bu-da Ýehowa sena getirip biler, sebäbi biziň wepaly galanymyzy gören adamlar Hudaýy şöhratlandyryp başlar.

26 AWGUST—1 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 78

Dönük ysraýyllardan sapak ediniň

w96 1/12 sah. 29, 30

Näme üçin geçmişde bolan zatlar hakda oýlanmaly?

Gynansak-da, ysraýyllar Hudaýyň görkezen gudratlaryny ýatdan çykarandygy üçin köp günä etdiler. Olar «gaýta-gaýta Allany synadylar, Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýüregine ýara saldylar. Olar Allanyň güýçli goluny, duşmanlardan halas eden gününi ýatlamadylar» (Zebur 78:41, 42). Netijede, Ýehowa olardan ýüz öwürdi (Matta 21:42, 43).

Mezmurçy bize gowy görelde galdyryp, şeýle sözleri ýazdy: «Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn, gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn. Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn, gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn» (Zebur 77:11, 12). Bizem Hudaýyň wepaly gullukçylary we Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansak, ruhlanarys, Hudaýa minnetdar bolarys. Geçmişde bolan zatlar hakda oýlanmak, ejizlän gollarymyza güýç berýär we elimizde baryny edip Hudaýa wepaly gulluk etmäge kömek edýär.

w06 15/7 sah. 17, abz. 16

Hüňürdemekden gaça duruň

16 Biz nägilelik bildirmek bilen diňe özümiz we öz aladalarymyz barada oýlanýarys. Hatda Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde alýan bereketlerimiziň hem gadyryny bilmeýäris. Nägilelik bildirmek islegini ýeňmek üçin alýan bereketleriňi hemişe özüňe ýatladyp durmaly. Meselem, biziň her birimiz üçin Ýehowanyň adyny götermek uly hormat (Işaýa 43:10). Biz oňa ýakynlaşyp hem-de «Dogalary eşidýäne» islendik wagt ýüzlenip bilýäris (Zebur 65:2; Ýakup 4:8). Biziň durmuşymyz manyly, sebäbi älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli mesälä we Hudaýyň öňünde aýypsyz galyp biljekdigimize düşünýäris (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Patyşalyk baradaky hoş habary yzygiderli wagyz edip bilýäris (Matta 24:14). Şeýle-de Isa Mesihiň töleg gurbanyna bolan iman päk ynsap berýär (Ýahýa 3:16). Nähili synagymyz bolsa-da, bu bereketleriň baryny alyp bilýäris.

w11 1/7 sah. 10, abz. 3, 4

Ýehowany begendirip ýaşaň

Mezmurçy ysraýyllar «çölde ençeme gezek gozgalaň turuzdylar» diýip ýazdy (40-njy aýat). 41-nji aýatda bolsa «gaýta-gaýta Allany synadylar» diýilýär. Aýatlardan görnüşi ýaly, ysraýyllar Hudaýa garşy çykýardylar. Müsürden çykanyna köp wagt geçmänkä halk Hudaýa igenip başlady. Ysraýyllar «Hudaý aladamyzy etmez, halas etmäge güýji hem ýetmez» diýip pikir edýärdiler (4 Musa 14:1—4). Mukaddes Kitabyň terjimeçileri üçin niýetlenen sözlükde «gozgalaň turuzdylar» diýen jümläni «olaryň ýüregi gatady» ýa-da «olar Hudaýa „ýok“ diýdiler» diýip hem terjime edip bolýandygy aýdylýar. Ýöne halk toba edende, Ýehowa olara rehim edip bagyşlady. Olar şonda-da Hudaýa gaýta-gaýta garşy çykdylar (Zebur 78:10—19, 38).

Halkyň igenmegi Ýehowa nähili täsir etdi? 40-njy aýatda olar «Hudaýyň ýüregini agyrtdylar» diýilýär. Gulak asmaýan çaganyň ene-atasynyň ýüregini agyrdyşy ýaly, gozgalaňçy halk «Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýüregine ýara saldy» (41-nji aýat).

Dürdäne pikirler

w06 15/7 sah. 11, abz. 4

Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler

78:24, 25. Näme üçin manna «gökleriň gallasy» we «perişdeleriň çöregi» diýilýär? Bu jümleleriň hiç biri-de perişdeleriň iýmitidigini aňlatmaýar. Mannanyň gökden ýagandygy üçin oňa «gökleriň gallasy» diýilýär (Zebur 105:40). Perişdeler gökde ýaşaýar we mannany gökde ýaşaýan Hudaýyň bereni sebäpli, oňa «perişdeleriň çöregi» diýilýär (Zebur 11:4). Onsoňam, Ýehowa perişdeler arkaly ysraýyllylary manna bilen üpjün eden bolmagy mümkin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş