«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
2—8 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 79—81
Hudaýyň adyny joşup wasp ediň
Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»
5 Ýehowanyň adyny söýýändigimizi biz nädip görkezip bileris? Edim-gylymymyz bilen. Ýehowa biziň mukaddes bolmagymyzy isleýär (1 Petrus 1:15, 16-njy aýatlary okaň). Munuň üçin diňe Ýehowa sežde etmeli we oňa ýürekden tabyn bolmaly. Yzarlamalarda-da Ýehowanyň adyl prinsiplerine, kanunlaryna eýermek üçin elimizde baryny etmeli. Dogry işleri etsek, edim-gylymymyz bilen Ýehowanyň adyna şöhrat getireris (Mat. 5:14—16). Özümizi mukaddes halk hökmünde alyp barsak, Ýehowanyň kanunlarynyň peýdalydygyny, Şeýtanyň bolsa barypýatan ýalançydygyny subut ederis. Eger ýalňyşlyk goýbersek, geliň, ýürekden toba edeliň we Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça duralyň (Zeb. 79:9).
ijwbv 3 sah. 4, 5
Rimliler 10:13. «Hudaýyň adyny çagyran her bir adam halas bolar»
Mukaddes Kitapdaky «Ýehowanyň adyny çagyran» diýen sözler diňe bir Hudaýyň adyny bilmegi we tutmagy däl-de, oňa bil baglap kömek soramagy hem aňladýar (Zebur 116:12—14; 20:7; 99:6).
Isa Hudaýyň adyny tutmagy wajyp hasaplaýardy. Ol nusgalyk dogasyny «eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun!» diýen sözler bilen başlaýar (Matta 6:9). Isa pygamber adam ebedi ýaşamak üçin şol ady göterýän Hudaýy tanamalydyny, gulak asmalydygyny we söýmelidigini aýtdy (Ýahýa 17:3, 6, 26).
Dürdäne pikirler
it «Ýusup»
Ýusup
Ýusubyň ady arşa galýar. Ýakub Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görýärdi, şonuň üçin käte Ysraýylyň (Zb 80:1) ýa-da demirgazyk patyşalygyň tire-taýpalary hakda aýdylanda, Ýusubyň ady agzalýar (Zb 78:67; Ams 5:6, 15; 6:6). Ýusubyň ady Mukaddes Kitapdaky pygamberliklerde hem duş gelýär. Hyzkylyň görnüşinde «Ýusuba iki esse paý berlendigi» aýdylýar (Hyz 47:13). «Ýehowanyň mekany» diýen şäheriň derwezeleriniň biri Ýusubyň adyny göterýär (Hyz 48:32, 35). Abdyýaryň pygamberliginde «Ýusubyň öýüniň» «Ysawyň öýüni» ýok etmäge gatnaşjakdygy aýdylýar (Abd 18); Zekerýanyň pygamberliginde bolsa Ýehowanyň «Ýusubyň öýüni» halas etjekdigi aýdylýar (Zek 10:6). Ruhy Ysraýylyň taýpalary hakda aýdylanda Efraýymyň däl-de, Ýusubyň ady agzalýar (Ylh 7:8).
9—15 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 82—84
Ýehowanyň tabşyran işiniň gadyryny biliň
wp16.6 sah. 8, abz. 2, 3
Guşlardan näme öwrenýäris?
Ysraýýyllar garlawaçlary günde-günaşa diýen ýaly görýärdi. Garlawaçlar jaýlaryň üçeginiň gyrasynda, ýagny karnizinde höwürtge ýasaýar. Olar Süleýmanyň ybadathanasynda hem höwürtge ýasaýardy, sebäbi şol ýer olaryň jüýjeleri üçin howpsuzdy.
84-nji Zebury ýazan mezmurçy ybadathanadaky garlawaçlaryň höwürtgelerini görüpdi. Ol Karunyň ogllarynyň biridi we ybadathanada alty aýdan bir gezek (bir hepde) gulluk edýärdi. Şol sebäpli ol garlawaçlar ýaly hemişe Ýehowanyň öýünde bolasy gelýärdi. Ol: «Eý Serkerdebaşy Ýehowa, mukaddes çadyryňy ýürekden söýýärin! Ýehowanyň howlularyny bütin ýüregim bilen küýseýärin, küýsemekden ýaňa ysgyndan gaçdym... Serkerdebaşy Ýehowa! Patyşam, Allam! Seniň beýik gurbanlyk ojagyň ýanynda, guşlar özüne öý, garlawaçlar höwürtge ýasaýarlar, jüýjelerini iýmitlendirýärler» diýdi (Zebur 84:1—3). Bizem mezmurçy ýaly çagalarymyz bilen Ýehowanyň öýüne höwes bilen barýarysmy? Ýygnak duşuşyklarynyň gadyryny bilýärismi? (Zebur 26:8, 12).
Dogry garaýyşda bolup, şatlygyňyzy ýitirmäň
Garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli biz Ýehowa köpräk gulluk edip bilýän däldiris. Eger siziň kiçijik çagalaryňyz bar bolsa, çuňňur şahsy okuwyny geçirmek, ýygnakda ünsli diňlemek kyn bolýandyr. Sebäbi siziň köp wagtyňyz we güýjüňiz çagalaryňyza gidýändir. Şonda siz edip bilýän işleriňize üns bermän, edip bilmeýän işleriňize gynanmagyňyz mümkin.
Müňlerçe ýyl mundan öň ýaşand lewi köpräk zat etmek isleýändigini aýtdy. Ol ybadathanada her ýyl iki hepde gulluk edip bilýärdi. Emma ol gurbanlyk ojagynda hemişi hyzmat edesi gelýärdi. Elbetde, onuň gowy niýeti bardy (Zb 84:1—3). Hudaýa wepaly lewä şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi? Ol ybadathananyň howlusynda ýekeje gün gulluk etmegiň hem uly hormatdygyna düşünýär (Zb 84:4, 5, 10). Lewi bize gowy görelde galdyrdy. Biz dogry garaýyşda bolsak, edip bilmeýän zatlarymyza gynanyp oturman, edip bilýän zatlarymyza begeneris.
Sen Ýehowa üçin gymmatly!
12 Eger siz hem keselçilik bilen göreşýän bolsaňyz, Ýehowanyň ýagdaýyňyza gaty gowy düşünýändigine ynamly bolup bilersiňiz. Şonuň üçin dogry garaýşy saklap biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Soňra Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň teselli beriji sözlerini okaň. Onuň öz gullukçylaryny näderejede gymmat saýýandygyna üns beriň. Şeýtseňiz, Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryndan «ýagşylygyny gaýgyrmaýandygyna» göz ýetirersiňiz (Zeb. 84:11).
Dürdäne pikirler
it «Ýetim»
Ýetim
Ýehowa ysraýyllara ýetimleriň aladasyny etmegi tabşyrdy. Halk Ýehowa wepaly gulluk edýän döwri ýetimleriň aladasy edilýärdi. Emma halk Ýehowadan ýüz öwürende ýetimler äsgerilmeýärdi (Zb 82:3; 94:6; Işa 1:17, 23; Ýer 7:5—7; 22:3; Hyz 22:7; Zek 7:9—11; Mel 3:5). Ýehowa ýetimleri ezýänleri näletledi (5Ms 27:19; Işa 10:1, 2). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Halasgär Hudaýdygy (Nak 23:10, 11), ýetimlere kömek edýändigi (Zb 10:14) we olaryň Atasydygy aýdylýar (Zb 68:5).
Ýehowanyň Şaýatlary adamlary ýürekden söýýär, ýanýoldaşyny ýa-da ene-atasyny ýitirenlere kömek edýär. Ýakup mesihçilere şeýle hat ýazdy: «Atamyzyň we Hudaýymyzyň öňünde arassa, päk sežde etmek üçin, ýetimleri we dul aýallary kyn gününde goldamaly hem-de dünýäniň haram ýollaryndan uzakda durmaly» (Ýak 1:27).
16—22 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 85—87
Kynçylygy ýeňer ýaly doga-dileg ediň
Sen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?
10 Şeýle-de Hudaýyň şöhratyny aýna kimin görkezmek üçin «dogada erjellik etmeli» (Rim. 12:12). Biz Ýehowanyň isleýşi ýaly gulluk eder ýaly, ondan kömek soramaly. Munuň üçin Hudaýdan mukaddes ruhuny, imanyňy berkitmegi, synaga garşy durmagy we «hakykat sözüni dogry ulanmak» ukybyny diläp bileris (2 Tim. 2:15; Mat. 6:13; Luka 11:13; 17:5). Kakasyna bil baglaýan çaga kimin, biz hem Atamyz Ýehowa bil baglamaly. Eger Ýehowadan has-da gowy gulluk etmek barada kömek sorasak, ol hökman kömek eder. Hudaýa köp doga edip, ýüregine düşýändiris öýtmäliň! Gaýtam, dogalarymyzda oňa öwgüler hem alkyşlar aýdalyň, synaglara uçranda, maslahat soralyň we mukaddes adyny şöhratlandyryp, gulluk etmek üçin kömek diläliň (Zeb. 86:12; Ýak. 1:5—7).
Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý
17 Zebur 86:6, 7-nji aýatlary okaň. Dawut pygamber Ýehowanyň dogalaryna jogap berýändigine asla şübhelenmeýärdi. Bizem Dawut pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Makalada ýazylan wakalar Ýehowanyň dogalarymyza jogap berýändigini subut edýär. Ol dogalarymyza nädip jogap berýär? Allatagala bize akyldarlyk berýär, kynçylyklara çydamaga güýç berýär we dogan-uýalar, iman etmeýän adamlar arkaly gerekli goldawy berýär.
18 Ýehowa biziň dogalarymyza hemişe isleýşimiz ýaly jogap bermeýär, emma jogapsyz hem goýmaýar we tüýs wagtynda gerekli kömegi berýär. Şonuň üçin Ýehowa iman bilen doga edeliň. Onuň şu günler aladamyzy etjekdigine we geljekde bol bereket berjekdigine şübhelenmäliň (Zeb. 145:16).
Dürdäne pikirler
it «Ýürek»
Ýürek
«Bütin kalbyň bilen» gulluk etmek. Adamyň göçme manydaky ýüregi ikä bolünip bilýär. Bir gezek Dawut patyşa Ýehowa: «Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn» diýip dileg edipdi (Zb 86:11). Şu aýatdan görnüşi ýaly adamyň kalby, ýagny ýüregi (bir zady söýende ýa-da bir zatdan gorkanda) ikä bölünip bilýär. Şeýle adam Hudaýa bütin ýüregi bilen däl-de, göwünli-göwünsiz gulluk edýär (Zb 119:113; Ylh 3:16). Eger adam iki hojaýyna hyzmat edýän bolsa ýa ýalan sözläp ýaranjaňlyk etse, ýa-da aýdýan sözleri bilen edýän işleri deň gelmese, ol adamyň ýüregi ikä bölünendir (1Tr 12:33; Zb 12:2, çykgyt). Isa pygamber ikiýüzli adamlary ýazgarýardy (Mat 15:7, 8).
23—29 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 88, 89
Ýehowa — iň gowy Hökümdar
Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!
5 Ýehowa başga sebäbe görä-de älem-jahanyň kanuny Hökümdary hasaplanýar. Ol adalatyny kämil derejede görkezýär. Ýehowa özi barada şeýle diýýär: «Ýer ýüzünde söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men — Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn» (Ýer. 9:24). Bikämil adamlaryň çykaran hiç bir kanuny adalata esaslanmaýar. Emma Ýehowa adalatyň gözbaşy, onuň adamlara beren kanunlary hem adalata esaslanýar. Hudaýyň «tagtynyň düýp-teýkary dogrulyk, adyllykdyr», şol sebäpli biz onuň ähli kanunlarynyň, prinsipleriniň we çykarýan kararlarynyň adalatlydygyna ynamly bolup bileris (Zeb. 89:14; 119:128). Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny şübhä goýsa-da, onuň özi dünýäde adalatyň bolmagyny gazanyp bilmedi.
Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!
10 Zalym we rehimsiz hökümdarlardan tapawutlylykda, Ýehowanyň hökümdarlygy adamyň erkinligini çäklendirmeýär we oňa şatlyk berýär (2 Kor. 3:17). Dawut patyşa bu barada şeýle diýdi: «Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, onuň mekanyndadyr güýç we şatlyk» (1 Ýyl. 16:7, 27). Mezmurçy Asaf hem ol hakda: «Şatlyk owazyny bilýän halk nähili bagtly! Olar Seniň ýüzüň nury bilen ýörär, ýa Reb. Olar bütin gün Seniň adyň bilen şatlanar, dogrulygyň bilen beýgeler» diýip ýazdy (Zeb. 89:15, 16).
11 Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansak, onuň iň gowy Hökümdardygyna bolan ynamymyz has-da berkär. Bizem özümizi: «Seniň howlularyňda geçen bir gün daşarda geçen müň günden gowudyr» diýen mezmurçy ýaly duýarys (Zeb. 84:10). Bu duýgular hemmämize tanyş bolsa gerek! Ähli zatlary ýaradyp, olara ýaşaýyş beren Ýehowa bagtly bolmagymyz üçin bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär we olary bolluk bilen berýär. Onuň talaplaryny berjaý etmek üçin hatda käbir zatlardan geçmeli bolsa-da, olaryň ählisi biziň peýdamyza we uly şatlyk getirýär (Işaýa 48:17-ni okaň).
Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň
14 Geliň, Ýehowanyň gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut bilen äht baglaşanda nämäni wada berendigine seredeliň (2 Şamuwel 7:12, 16-njy aýatlary okaň). Dawut Iýerusalimde höküm sürýärkä, Ýehowa onuň bilen äht baglaşyp, Mesihiň onuň neslinden boljakdygyny wada berdi (Luka 1:30—33). Şeýdip, Ýehowa Mesihiň nesil şejeresini aýan etdi. Hudaý Dawudyň bu nesliniň Mesihi Patyşalykda Patyşa bolmaga ygtyýarynyň bardygyny aýtdy (Ezek. 21:25—27). Dawudyň tagty ebedi durar, sebäbi onuň nesli Isa ebedidir we onuň «tagty Gün kimin bolar» (Zeb. 89:34—37). Hawa, Isa Mesih hiç haçan nebisjeň bolmaz we Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar!
Dürdäne pikirler
Ýehowa Dawut bilen äht baglaşýar
4 Mesihiň hökümdarlygy Gün we Aý kimin ebedi durar (Zb 89:35—37). Şöhle saçýan Güni, gijelerine asmany bezeýän Aýy göreniňizde, Ýehowanyň Patyşalygy arkaly size we maşgalaňyza berjek bereketleri hakda oýlanyň.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nutuk
lff sapak 1, sözb. 1, 2
Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
1. Mukaddes Kitapda haýsy soraglara jogap berilýär?
Mukaddes Kitapda şeýle wajyp soraglara jogap berilýär: ýaşaýyş nädip döredi? Adamlar näme üçin ýaradyldy? Bigünä adamlar näme üçin kynçylyk çekýär? Adam ölensoň, oňa näme bolýar? Ähli halklar parahat ýaşamak islese-de, näme üçin uruş köp? Gelejekde ýer ýüzi nähili bolar? Millionlarça adamlar şol soraglara jogap tapdylar. Sen hem Mukaddes Kitapdan öz soraglaryňa jogap tapyp bilersiň.
2. Mukaddes Kitap durmuşda nädip kömek edýär?
Mukaddes Kitapda gowy maslahatlar berilýär. Mysal üçin, sen maşgalany bagtly etmegi, kynçylyklary çözmegi hem-de höwes bilen zähmet çekmegi öwrenersiň. Mukaddes Kitapdan başga-da köp zatlary bilersiň. Şonda «mukaddes kitaplaryň ählisiniň... peýdalydygyna» göz ýetirersiň (2 Timoteos 3:16).
30 SENTÝABR—6 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 90, 91
Ebedi ýaşamak üçin Ýehowa bil baglaň
wp19.3 sah. 5, abz. 4, 5
Uzak ömür sürmegiň arzuwynda
3 500 ýyl mundan öň ýaşan Musa pygamber: «Ömrümiz 70 ýyldyr, jany sag adam, belki, 80 ýaşar. Günlerimiz jebir-jepa içinde geçer, ömrümiz tiz öter, uçup gider» diýdi (Zb 90:10). Adam uzak ömür sürmek üçin näçe jan etse-de, Musanyň aýdyşy ýaly uzak ýaşap bilmeýär.
Adamlardan tapawutlylykda deňiz jandarlarynyň käbir görnüşi ýagny, deňiz kirpisi we balykgulaklar 200 ýyldan gowrak ýaşaýarlar; berk hem beýik sekwoýa agajy bolsa müňlerçe ýyl ýaşaýar. Bary-ýogy 70 ýa-da 80 ýyl ýaşaýan adamyň ömri bilen uzak ýaşaýan janly-jandarlary deňeşdireniňizde haýran galsaňyz gerek!
wp19.1 sah 5, çarçuwa
Hudaýyň ady näme?
Allatagala nädip döredi? Köp adamlar şu soragyň jogabyny bilesi gelýär. Siziň hem bilesiňiz gelýärmi? Eger älem-jahan ýaradylan bolsa, onda Hudaý nädip döredi?
Alymlar älem-jahanyň ýaradylandygyna ynanýar. Muny Mukaddes Kitabyň ilkinji aýady hem tassyklaýar: «Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (1 Musa 1:1).
Älem-jahan öz-özünden ýa-da birden peýda bolmady. Ýok zat heý-de bir zat döredip bilermi? Eger kimdir biri ýaratmadyk bolsa, onda älem-jahan hem bolmazdy. Bu zatlara doly akyl ýetirmek kyn, emma älem-jahany owaldan bar bolan ýaratdy, ol göze görünmeýär, ýöne ebedi ýaşaýar. Şol owaldan bar bolan güýç-kuwwatly, akyldarlygy çäksiz Ýehowa Hudaýdyr (Ýahýa 4:24).
Mukaddes Kitapda Hudaý barada şeýle diýilýär: «Daglar dünýä inmezinden öň, Ýer, bereketli toprak dogulmazyndan öň, Sen ýeke-täk Hudaýsyň, ebedilik barsyň» (Zebur 90:2). Aýatdan görnüşi ýaly, Hudaý ebedi ýaşaýandyr. Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitabyň ilkinji aýady «ilkibaşdan» Hudaýyň älem-jahany ýaradandygyny subut edýär (Ylham 4:11).
Ýehowanyň söýgüsi gorkudan azat edýär
16 Jan bir süýji zat. Şeýtan hem muny gowy bilýär. Şeýtan adam şirin jany üçin Hudaý bilen dostlugyny bozar diýip pikir edýär (Eýp. 2:4, 5). Şeýtan ýalňyşýar! Mukaddes Kitapda Şeýtanyň «ölümiň sebäpkäridigi» aýdylýar (Ýew. 2:14, 15). Şeýtan biziň ölümden gorkýandygymyzy bilýär we şol duzagy ulanyp Ýehowadan ýüz öwürtjek bolýar. Şeýtanyň golastyndaky adamlar käte Hudaýyň halkyna ýarag çenäp: «Janyňy saýla ýa-da imanyňy» diýip haýbat atýarlar. Käte bolsa Şeýtan ýarawsyz dogan-uýalara Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolmagy mümkin. Belki, lukmanlar ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary olara gan goýbertjek bolar. Ýa-da Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän başga bir bejergini teklip eder.
17 Biz ölümden gorkmaýan gözsüz batyr däl. Elbetde, ölümden gorkýarys. Ýöne biz aradan çyksak-da, Ýehowanyň direltjekdigine iman edýäris, sebäbi ol bizi söýýär (Rimliler 8:37—39-njy aýatlary okaň). Ýehowa aradan çykan dostlaryny unutmaýar, olary diri hasaplaýar (Luka 20:37, 38). Ol wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Eýp. 14:15). Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmak üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16). Ýehowanyň bizi söýýändigine we aladamyzy edýändigine şübhelenmeýäris. Bizi öldürjek bolsalar-da, agyr kesellesek-de, Ýehowadan dänmeris. Gaýtam Ondan güýç, akyldarlyk we kalbymyza rahatlyk sorarys. Waleriýa bilen äri hem şeýle etdiler (Zeb. 41:3)
Dürdäne pikirler
Ýehowa geçirimli Hudaý
9 Ýehowa bikämil kazylardan tapawutlylykda diňe bir görýän we eşidýän zatlaryna görä höküm çykarmaýar (1 Mus. 18:20, 21; Zeb. 90:8). Ol adamlaryň alan terbiýesini, medeniýetini, önüp-ösen ýerini, duýgusyny we oý-pikirini göz öňünde tutýar. Ýehowa adamyň ýüregini görýär we onuň niýetini, isleg-arzuwyny bilýär. Ol şu zatlaryň hemmesini göz öňünde tutup günä eden adamy bagyşlaýar. Hawa, Ýehowa ähli zady görýär (Ýew. 4:13).
7—13 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 92—95
Ýehowa sežde etmek — iň gowy durmuş ýoly
Ýaşlar, ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdiriň!
5 Birinjiden, ruhy maksatlary goýmak Ýehowanyň söýgüsine we onuň biziň üçin eden ähli zatlaryna bolan minnetdarlygyňy görkezmäge mümkinçilik berýär. Mezmurçy şeýle diýdi: «Rebbe şükür etmek... gowudyr. Çünki, ýa Reb, Sen meni eden işiň bilen şatlandyrdyň; men Seniň elleriň işlerini aýdym edip aýdaryn» (Zeb. 92:1, 3, 4). Ýaşlar, Ýehowanyň size beren zatlary barada oýlanyp görüň. Ol size ýaşaýşy, imany, Mukaddes Ýazgylary, gelejege bolan ajaýyp umydy we ýygnak duşuşyklaryny sowgat berdi. Ruhy maksatlary ileri tutsaňyz, alýan bereketleriňiz üçin Ýehowa minnetdardygyňyzy görkezersiňiz we oňa has-da ýakynlaşarsyňyz.
Siz kimiň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňiz?
8 Çagasyny söýýän ene-ata ýaly Ýehowa-da biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Iş. 48:17, 18). Şonuň üçin ol bize ahlak kadalary we başgalar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada esasy prinsipleri berýär. Şeýle meselelerde ol bizi öz pikirine eýermäge we muny başgalar bilen paýlaşmaga çagyrýar. Bu biziň erkinligimizi çäklendirmän, gaýtam, pikirlenmek ukybymyzy has-da ösdürýär we baýlaşdyrýar (Zeb. 92:5; Sül. tym. 2:1—5; Iş. 55:9). Şeýle-de ol bize özümizi terbiýelemäge we bagtly bolmaga kömek edýän kararlara gelmäge ýardam edýär (Zeb. 1:2, 3). Dogrudan-da, Ýehowanyň pikirine eýermek köp peýda getirýär.
Sen Ýehowa üçin gymmatly!
18 Garranymyzda hem Ýehowanyň biziň üçin köp zatlary edýändigine ynamly bolup bileris (Zeb. 92:12—15). Isa ukyp-başarnygymyz bolmasa-da we Ýehowa üçin az zat etsek-de, Hudaýyň bizi gymmat saýýandygyny öwretdi (Luka 21:2—4). Şonuň üçin ünsüňizi edip bilýän zatlaryňyza gönükdiriň. Meselem, adamlara Ýehowa hakda gürrüň beriň, dogan-uýalar üçin doga ediň we başgalary Hudaýa wepaly galmaga höweslendiriň. Ýehowa bizi näçeräk iş başarýandygymyz üçin däl-de, oňa gulak asmaga taýyndygymyz üçin öz işdeşi hasaplaýar (1 Kor. 3:5—9).
Dürdäne pikirler
Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer
11 Ýehowanyň kömegi. Ol bizi goldamagy wada berýär (Zebur 94:18-i okaň). Şikes alan türgene lukmanyň kömegi gerek bolşy ýaly, bize-de Beýik Lukman Ýehowanyň goldawy gerek. Biz hak Allanyň kömegi bilen aýaga galyp, ýene-de yhlasly wagyz ederis. Ýehowa bize şeýle wada berýär: «Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn. Sag eliňden berk tutup: „Gorkma, saňa kömek ederin!“ diýýän Hudaýyňdyryn» (Işa. 41:13). Dawut patyşa-da Ýehowanyň kömegini öz gözi bilen gördi. Ol agyr güne düşende we duşmanlardan gaçanda, hak Hudaýa: «Sag eliň bilen meni goldaýarsyň» diýdi (Zeb. 18:35). Ýehowa bizi nädip goldaýar?
12 Ýehowa bizi köplenç dostlarymyz arkaly goldaýar. Bir sapar Dawut güýç-kuwwatdan gaçýar. Şonda Ýehowa ony dosty Ýonatan arkaly ruhlandyrýar we goldaýar (1 Şam. 23:16, 17). Hak Hudaý Alyşa arkaly Ylýas pygamberi goldaýar (1 Pat. 19:16, 21; 2 Pat. 2:2). Şu günler Ýehowa dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz ýa-da ýaşuly doganlar arkaly güýjümize güýç goşýar. Emma ruhdan düşenimizde käte ýeke bolmak isleýändiris. Bu adaty zat, ýöne Ýehowa bizi goldar ýaly käbir ädimleri ätmeli.
14—20 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 96—99
«Hoş habary aýdyň»
jl sapak 12, abz. 3
Patyşalyk baradaky wagyz işi nädip guramaçylykly ýerine ýetirilýär?
Biz adamlaryň bolýan ýerlerinde wagyz edýäris. Isa köplenç adamlaryň bar ýerinde, ýagny deňziň kenarynda ýa-da guýynyň başynda wagyz edýärdi (Markus 4:1; Ýahýa 4:5—15). Biz hem onuň göreldesine eýerip, ähli ýerlerde, ýagny köçelerde, adamlaryň işleýän ýerlerinde, dükanlarda, seýilgählerde ýa-da telefon arkaly wagyz edýäris. Şeýle-de biz mümkin boldugyndan goňşularymyza, işdeşlerimize, synpdaşlarymyza we dogan-garyndaşlarymyza wagyz edýäris. Şeýlelikde, bütin dünýäde millionlarça adamlar «gutulyş» habaryny eşidýärler (Zebur 96:2).
Höküm gününde näme bolar?
Köp adamlar Höküm gününi sag tarapdaky suratdaky ýaly göz öňüne getirýärler, ýagny milliardlarça adamlar Hudaýyň tagtynyň öňünde durarlar we geçmişde eden işlerine görä höküm ediler. Şondan soňra käbirleri gökde jennetde ýaşar, käbirleri bolsa dowzahda ejir çekerler. Emma Mukaddes Kitaba görä, Höküm gününde adamlar adalatsyzlykdan azat bolar (Zebur 96:13). Allatagala adamzada adalatly höküm çykarmak üçin Isa Mesihi Kazy edip belledi (Işaýa 11:1—5; Resullar 17:31-i okaň).
Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!
18 Adamzat maşgalasy Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykanda, şol parahatlyk bozuldy. Ýöne 1914-nji ýyldan bäri, Mesihi Patyşalyk öňki parahatlygy hem agzybirligi kem-kemden dikeldip başlady (Efes. 1:9, 10). Müňýyllyk hökümdarlykda «görünmeýän» ajaýyp zatlar ýerine ýeter. Soňra «ahyrzamana bolar», ýagny Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňy geler. Soňra näme bolarka? Ýerde-gökde ähli ygtyýar Isa berilse-de, ol şöhratparaz däl. Ol Ýehowanyň ornuna dalaş etmeýär. Kiçigöwünli Isa «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrar». Hawa, ol hemişe-de ornuny hem häkimiýetini «Ata Hudaýyň şöhraty üçin» ulanýar (Mat. 28:18; Flp. 2:9—11).
19 Şol wagta çenli Patyşalygyň ýerdäki ýaşaýjylary kämillige ýeterler. Olar Isanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hökümdarlygyna kiçigöwünli hem höwes bilen boýun bolarlar. Olar soňky synagda Ýehowa höwes bilen gulluk edýändigini subut edip bilerler (Ylh. 20:7—10). Şondan soňra pitneçi adamlaryň we perişdeleriň ählisi ýok ediler. Şonda bagtly döwran başlasa gerek! Ýehowanyň älem-jahandaky tutuş agzybir maşgalasy «ähli zatda höküm sürýän» Hudaýy şatlyk bilen şöhratlandyrar (Zebur 99:1—3-nji aýatlary okaň).
Dürdäne pikirler
it «Aýdym»
Aýdym
Zebur, Işaýa kitaplarynda we Ýahýa resul «täze aýdym» hakda aýtdylar (Zb 33:3; 40:3; 96:1; 98:1; 144:9; 149:1; Işa 42:10; Ylh 5:9; 14:3). Kontekstden görnüşi ýaly, köplenç «täze aýdym» Ýehowanyň Beýik Hökümdarlygy bilen bagly çäre geçirlende aýdylypdyr. Meselem, Zebur 96:10-da: «Ýehowa Patyşa boldy!» diýen hoş habar ýazylan. «Täze aýdym» Ýehowanyň Hökümdarlygy bilen bagly täze wakalar bolanda, şeýle-de ýer ýüzi bilen gök asman hakda agzalanda aýdylypdyr (Zb 96:11—13; 98:9; Işa 42:10, 13).
21—27 OKTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 100—102
Ýehowanyň wepaly söýgüsine minnetdar boluň
Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?
18 Ýehowany söýmek — iň gerekli häsiýetleriň biri (Nakyllar 3:3—6-njy aýatlary okaň). Eger Ýehowany söýsek, islendik kynçylyga döz gelip bileris. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygy aýdylýar. Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsi asla sowamaýar, halkyny hiç haçan ýeke goýmaýar (Zeb. 100:5). Adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradyldy (1 Mus. 1:26). Siz söýgüden doly Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bilesiňiz?
19 Hudaýa her gün minnetdar boluň (1 Sel. 5:18). Siz her gün özüňizden: «Şu gün Ýehowa maňa nähili ýagşylyk etdi?» diýip soraň. Soňra Hudaýa doga edip, ýagşylygy üçin minnetdarlyk bildiriň. Pawlus resuldan görelde alyp, Ýehowanyň sizi söýýändigi we gadyryňyzy bilýändigi hakda oýlanyň (Galatýalylar 2:20-ni okaň). Soňra özüňizden: «Men Ýehowanyň ýagşylygyny nädip gaýtaryp bilerin?» diýip soraň. Ýehowany söýseňiz islendik synaga we kynçylyga döz gelip bilersiňiz. Şonda siz Hudaýa edýän seždäňizi birinji orunda goýarsyňyz we her gün Ýehowany söýýändigiňizi subut edersiňiz..
«Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň»
10 Göze görünýän howplara näz-kereşme etmek, içegenlik, iýermenlik, gödek sözler, erbet göwnaçmalar, pornografiýa we şuňa meňzeş zatlar degişli (Zeb. 101:3). Mekir duşmanymyz Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy gowşatmak üçin her dürli duzaklary gurýar (1 Pet. 5:8). Ol biziň ýüregimizde ýigrenç, tekepbirlik, açgözlük, göriplik, ýalan sözlemek we nägilelik ýaly häsiýetleriň tohumyny ekmek üçin mümkinçilik gözleýär (Gal. 5:19—21). Başda biz şol häsiýetlere üns bermezligimiz mümkin. Ýöne howpy görüp öňüni almasak, duşmanyň eken tohumlary ýüregimizde gögerip, Ýehowa bilen dostlugymyza howp salar (Ýak. 1:14, 15).
Sen Ýehowanyň aýdyň duýduruşlaryna üns berermiň?
7 Biz ýalan mugallymlardan gaça durmak üçin näme etmeli? Biz olar bilen gepleşmeli ýa-da öýümize çagyrmaly däl. Onsoňam, olaryň kitaplaryny okamaýarys, telewizordaky çykyşlaryny diňlemeýäris, Internetde ýazýan makalalaryny hem okamaýarys. Biz näme üçin olardan gaça durýarys? Birinjiden, biz «hakykat Hudaýy» Ýehowany söýýäris. Şol sebäpli Hudaýyň Sözündäki hakykata garşy gelýän ýalan taglymatlary diňlemek islemeýäris (Zeb. 31:5; Ýahýa 17:17). Şeýle-de biz Ýehowanyň ajaýyp hakykaty öwredýän guramasyny söýýäris. Ýehowanyň guramasy bize Hudaýyň ady, onuň manysy, ýer ýüzi babatda niýeti, ölüm we direliş barada öwredýär. Şu we beýleki hakykatlary ilkinji sapar eşidip, nähili begeneniň ýadyňdamy? Onda ýalan mugallymlaryň ýaýradýan taglymatlary sebäpli, hakykaty öwreden guramany terk etme (Ýahýa 6:66—69).
8 Ýalan mugallymlar näme diýseler-de, biz olaryň yzyna düşmeris! Suwsuz guýa meňzeýän adamlary diňlemegiň deregi ýok. Olary diňleýänler lapykeç bolar. Biz Ýehowa we onuň guramasyna wepaly bolmagy ýüregimize berk düwdük. Hudaýyň guramasy bizi hiç haçan lapykeç etmedi we hemişe Mukaddes Ýazgylar arkaly arassa hakykat suwuny bolluk bilen berýär (Iş. 55:1—3; Mat. 24:45—47).
Dürdäne pikirler
it «Gotan»
Gotan
Gotan guşlary hiç kimiň baryp bilmejek ýerine uçup gidýär. Olar kellesini ganatynyň aşagyna salyp, hiç hili gymyldaman doňup durýar. Olaryň durşy naýynjar görünýär. Gotanlary uzakdan göreniňde ak daşa meňzeýär. Olar şeýle ýagdaýda ençeme sagatlap durup bilýär. Mezmurçy jebir-jepa çekip, gaýgy-gama batanda: «Ýalňyz galan gotan ýaly boldum» diýip, öz ýagdaýyny gowy suratlandyrýar (Zb 102:6).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nutuk
ijwbq 129
Mukaddes Kitabyň üýtgedilen ýa-da manysynyň ýoýlan ýeri barmy?
Ýok. Gadymy golýazmalar bir-biri bilen deňeşdirilende, Mukaddes Kitabyň müňlerçe ýylyň dowamynda zeper ýetýän zatlara göçürilendigine garamazdan, onuň üýtgedilmändigi anyklanyldy.
Mukaddes Kitaby göçüren adamlar ýalňyşlyk goýbermedilermi?
Şu günlere çenli Mukaddes Kitabyň gadymy nusgalaryndan ençemesi tapyldy. Olaryň käbiri bir-birinden tapawutlanýar; bu bolsa ony göçürenlerinde, ýalňyşlyk goýberendiklerini görkezýär. Ýalňyşlyklaryň köpüsi ujypsyz bolandygy üçin, tekstiň manysyna täsir etmändir. Emma käbiri şeýle uly welin, hatda olar gadymy döwürde Mukaddes Kitaba bilgeşleýin üýtgeşiklik girizilmegine getirdi. Geliň, iki mysala seredeliň:
1. Mukaddes Kitabyň käbir gadymy terjimelerinde 1 Ýahýa 5:6-da: «Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir» diýilýär. Ýöne ygtybarly golýazmalar asyl nusgada şeýle sözleriň ýokdugyny we olaryň soň goşulandygyny tassyklaýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň häzirki ygtybarly terjimelerinde bu sözler agzalmaýar.
2. Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalarynda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelýär. Emma köp terjimelerde onuň ady «Reb» we «Hudaý» diýen titullara üýtgedilipdir.
Mukaddes Kitapda näme üçin başga ýalňyşlyklar ýok diýse bolar?
Şu günlere çenli gadymy golýazmalaryň örän köp tapylandygy üçin, ondaky goýberilen ýalňyşlyklary anyklamak kyn däl. Olary bir-biri bilen deňeşdirip, Mukaddes Kitabyň dogrudygy barada nähili netijä gelse bolar?
Ýewreý ýazgylary (Köne Äht) barada Uilýam Grin alymy şeýle belläp geçdi: «Hiç bir gadymy golýazmanyň şeýle dogry edip göçürilendigini ynam bilen aýdyp bolmasa gerek».
Grek ýazgylary, ýagny Täze Äht barada Friderik Brýus alymy şeýle ýazdy: «Täze Äht baradaky subutnamalar klassyky eserleriň takyklygyny barlamak üçin getirilýän subutnamalardan has köp we olar hiç hili şübhe döretmeýär».
Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny barlamakda ady belli alym Frederik Kenon şeýle netijä geldi: «Adam eline Mukaddes Kitaby alyp, onuň Hudaýyň Sözüdigini we biziň günlerimize çenli nesilden-nesle üýtgedilmän gelip ýetendigini batyrgaýlyk bilen şübhelenmän aýdyp biler».
Mukaddes Kitabyň şu günlere çenli üýtgedilmän gelip ýetendigini görkezýän ýene nähili subutnamalar bar?
Ýewreý we Grek ýazgylaryny göçüren adamlaryň ählisi Hudaýyň halkynyň goýberen agyr ýalňyşlyklaryny ýoýman ýazypdyrlar (4 Musa 20:12; 2 Şamuwel 11:2—4; Galatýalylar 2:11—14). Olar ýehudylaryň gulak asmandygy üçin ýazgarylandygy we adamlaryň oýlap tapan taglymatlary üçin paş edilendigi baradaky aýatlary üýtgetmändirler (Hoşeýa 4:2; Melek 2:8, 9; Matta 23:8, 9; 1 Ýahýa 5:21). Aýatlary ýoýman geçirmek bilen, bu adamlar ynama mynasypdyklaryny we Hudaýyň Sözüne çuňňur hormat goýýandyklaryny görkezdiler.
Eger Hudaý Mukaddes Kitaby ylhamlandyryp ýazdyran bolsa, onuň içindäki sözleriň ýoýulmazlygy üçin aladasyny edip bilmezdimi? (Işaýa 40:8; 1 Petrus 1:24, 25). Hudaý Mukaddes Kitaby diňe geçmişde ýaşan gullukçylary däl-de, eýsem, biziň hem peýdamyz üçin ýazdyrdy (1 Korinfliler 10:11). Dogrudanam, «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rimliler 15:4).
Isa pygamber we onuň şägirtleri Ýewreý ýazgylaryna arkaýyn salgylanýardy, sebäbi onuň ýoýulmandygyna doly ynanýardylar (Luka 4:16—21; Resullar 17:1—3).
(ÇYKGYTLAR)
Bu sözler Sinaý we Aleksandiriýa kodeksinde, Watikan golýazmasynda (1209 ý), latyn Wulgatasynyň asyl nusgasynda, siriýa dilindäki Filokseniýa-Harkliniň hem-de Peşittanyň terjimesinde ýok.
Meselem, Täze Ähtiň, ýagny Grek ýazgylaryň 5 müňden gowragy tapyldy.
Mukaddes Kitapda Hudaýyň gullukçylarynyň günäsizdigi aýdylmaýar. Onda: «Günä etmeýän adam ýokdur» diýilýär (1 Patyşalar 8:46).
Mukaddes Kitabyň aýtmagyna görä, Hudaý ony sözme-söz ýazdyrtman, olary ýazan adamlaryň pikirini ugrukdyrypdyr (2 Timoteos 3:16, 17; 2 Petrus 1:21).
28 OKTÝABR—3 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 103, 104
«Toprakdandygymyz (Ýehowanyň) ýadynda»
Eglişikli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň
5 Ýehowa pesgöwünli we duýgudaş Hudaý bolansoň, adamlara eglişik hem edýär. Günlerde bir gün Allatagala Sodom şäherini ýok etmekçi bolýar. Şonda Ol dogruçyl Luty we maşgalasyny halas etmek üçin iki perişdesini ýollaýar. Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa: «Sen maňa garşy çykjak bolýarmyň?» diýip, aýak diräp oturman, Lutuň haýyşyny bitirýär we onuň hatyrasyna Sogar şäherini ýok etmeýär (1 Mus. 19:18—22). Mundan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Ninewiýa şäherine duýgudaşlyk bildirýär. Ol Ýunus pygamberi Ninewiýa iberip, zalym halky ýok etjekdigini aýdýar. Ýöne halk toba edýär. Ýehowa-da olara rehimdarlyk bildirip şäheri ýok etmeýär (Ýun. 3:1, 10; 4:10, 11).
Şimşon serdar ýaly Ýehowa bil baglaň
16 Şimşon eli bilen edenini egni bilen çekdi. Emma ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmegi ýüregine düwüpdi. Biz bikämil adam. Şol sebäpli ýalňyşmagymyz, käýinç eşitmegimiz, hatda borjumyzy ýitirmegimiz mümkin. Emma özümizden göwnümiz geçmeli däl, sebäbi Ýehowa bizi bagyşlamaga taýyn (Zeb. 103:8—10). Biz ýalňyşlyk goýbersek-de, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris.
17 Geliň, ýaş dogan Maýkl hakda gürrüň edeliň. Ol ýygnakda hyzmatçy we pioner bolup gulluk edýärdi. Gynansak-da, Maýkl ýalňyşlyk goýberýär we ýygnakdaky borçlaryny ýitirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men şol güne çenli ynamly ädimler bilen öňe barýardym. Emma durmuşym birdenkä çepbe çöwrülen ýaly boldy. Men Ýehowanyň söýgüsine asla şübhelenmeýärdim. Ýöne käbir soraglar biynjalyk edýärdi: „Men Ýehowa bilen öňkim ýaly ýakyn dost bolup bilerinmi? Men ýygnakda ýene-de jogapkärli borçlary ýerine ýetirerinmi?“»
18 Maýkl ruhdan düşmedi, ýan bermedi. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ýürekden doga etdim, Mukaddes Kitaby okadym we oýlandym». Wagtyň geçmegi bilen, Maýkl ýene-de ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirip başlaýar. Häzir ol ýaşuly we pioner bolup gulluk edýär. Maýkl sözüni şeýle dowam edýär: «Ýygnak ýaşululary maňa aýaga galmaga, Ýehowanyň meni ýürekden söýýändigine düşünmäge kömek etdi. Men indi Ýehowa arassa ynsap bilen gulluk edýän. Men bir zada düşündim: Ýehowa toba edýän islendik adamy bagyşlaýan ekeni». Bizem ýalňyşymyzdan sapak edinsek we Ýehowa bil baglasak, gökdäki Atamyzyň bagyşlajakdygyna hem-de tagallamyza ak pata berjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 86:5; Nak. 28:13).
Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?
2 Siz goýan maksadyňyza ýetip bilmeýän bolsaňyz ruhdan düşmäň, sebäbi islendik maksada ýetmek üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Siziň maksat goýmagyňyzyň özi Ýehowa bilen dostlaşyp, iň gowy zadyňyzy bermek isleýändigiňizi görkezýär. Ýehowa siziň tagallaňyzy gymmat saýýar we güýjüňizden artyk zady talap etmeýär (Zeb. 103:14; Mik. 6:8). Şol sebäpli ýagdaýyňyzy göz öňüne tutup, ýetip biljek maksatlaryňyzy goýuň. Şu makalada goýan maksatlaryňa ýetmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.
Dürdäne pikirler
Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň
4 Beýik Ýaradan Ýehowa ýaradylan zatlary synlamagymyzy isleýär. Ol: «Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy?» diýip soraýar. Soragyň jogaby mese-mälim (Işa. 40:26). Gök asmanda, ýer ýüzünde we ummanyň jümmüşinde Ýehowanyň sansyz-sajaksyz ýaradan zatlaryny görüp bolýar (Zeb. 104:24, 25). Geliň, Allatagalanyň adamlary täsin edip ýaradandygy hakda oýlanalyň. Ol biziň kalbymyza tebigata bolan söýgini guýdy. Şeýle-de Ýehowa bize bäş sany duýgy berdi. Olar: görüş, eşidiş, syzyş (elläp görmek), tagam biliş we ys alyş. Gudrat diýip şuňa aýdaýsaň!