Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr24 Noýabr sah. 1—9
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
  • Sözbaşylar
  • 4—10 NOÝABR
  • 11—17 NOÝABR
  • 18—24 NOÝABR
  • 25 NOÝABR—1 DEKABAR
  • 2—8 DEKABR
  • 9—15 DEKABR
  • 16—22 DEKABR
  • 23—29 DEKABR
  • 30 DEKABR—5 ÝANWAR
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
mwbr24 Noýabr sah. 1—9

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

4—10 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 105

«Ol ähtini hiç haçan unutmaýar»

w23.04 sah. 28, abz. 11, 12

Täze dünýä ýürekden iman ediň!

11 Geliň, Ýehowanyň adamlar üçin mümkin däl gudratlary görkezendigi hakda gürrüň edeliň. Ýehowa Ybraýym bilen Bibisara garrylyk çagynda oglunyň boljakdygyny wada berýär (1 Mus. 17:15—17). Şeýle-de Ybraýym pygambere nesliniň Kengan topragyny miras aljakdygyny aýdýar. Emma Ybraýymyň nesli, ýagny ysraýyllar Müsür ýurdunda gulçulykda ýaşaýardy. Hudaýyň beren wadasy ýerine ýetmejek ýaly bolup görünse-de, Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy. Şondan köp ýyl geçensoň, Ýehowa Elizabete garran çagynda oglunyň boljakdygyny wada berýär. Şeýle-de Ýehowa päk gyz Merýeme wada edilen Mesihi dünýä inderjekdigini aýdýar. Şeýlelikde, müňlerçe ýyl öň Ýehowanyň Erem bagynda beren wadasy ýerine ýetýär (1 Mus. 3:15).

12 Geçmişde Ýehowanyň beren wadalaryny ýerine ýetirendigi hakda oýlansak, täze dünýäniň boljakdygyna ýürekden iman ederis (Ýuşa 23:14; Işaýa 55:10, 11-nji aýatlary okaň). Şonda biz adamlara Hudaýyň berjek täze dünýäsi barada ynamly wagyz edip bileris. Hudaý täze dünýäniň boljakdygyny wada berensoň: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýýär (Ylh. 21:1, 5).

it «Söz»

Söz

Hudaýyň sözüne ýaradylan ähli zatlar, hem janly, hem jansyz zatlar tabyn bolýar. Hudaý olar arkaly niýetini amala aşyrýar (Zb 103:20; 148:8). Onuň sözi ynama mynasypdyr; Allatagala beren wadasyny hiç haçan unutmaýar we amala aşyrýar (5Ms 9:5; Zb 105:42—45). Hudaýyň hut özi sözüniň «ebedi galýandygyny» aýdýar; ol Hudaýyň niýetini amala aşyrman yzyna dolanmaz (Işa 40:8; 55:10, 11; 1Pe 1:25).

Dürdäne pikirler

w18.10 sah. 28, abz. 3, 4

Ýagdaýyňyz üýtgände, kalbyňyzda rahatlygy saklaň

3 Kakasy Ýusuby juda gowy görýärdi. Ol 17 ýaşlaryndaka, doganlary göriplikden ýaňa ony Müsüre gul edip satýarlar (Gel. çyk. 37:2—4, 23—28). Takmynan 13 ýyllap Ýusup kakasy Ýakupdan uzakda, ýagny Müsürde gulçulykda we tussaglykda bolýar. Şeýle kyn döwürde ruhdan düşmezlige we öýke-kine saklamazlyga Ýusuba näme kömek etdikä?

4 Ýusup tussaglykdaka, ünsüni Ýehowanyň berýän patasyna gönükdirýärdi (Gel. çyk. 39:21; Zeb. 105:17—19). Şeýle-de ol ýaşka gören düýşleri barada oýlanandyr. Bu bolsa Ýehowanyň ondan razydygyna ynamyny berkidendir (Gel. çyk. 37:5—11). Ýusup Ýehowa gaýta-gaýta ýüregini döken bolmaly (Zeb. 145:18). Ýehowa Ýusubyň ýürekden eden dogalaryna jogap berip, oňa kalbynda rahatlyk duýmaga kömek edýär. Dogrudan-da, «Hudaý Ýusup bilen» bolup, ähli kynçylyklarynda ony goldaýar (Res. iş. 7:9, 10).

11—17 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 106

«Halasgär Hudaýy unutdylar»

w18.07 sah. 20, abz. 13

Siz Ýehowanyň tarapyndamy?

13 Ysraýyllylar gök gürrüldisini eşidenlerinde, ýyldyrymyň çakyşyny we Hudaýyň başga-da täsin gudratlaryny görenlerinde, juda gorkdular. Şol sebäpli olar Musadan özleri üçin Sinaý dagynda Ýehowa bilen gepleşmegi haýyş etdiler (Müs. çyk. 20:18—21). Şondan soň Musa dagyň depesine çykýar we uzak wagtlap yzyna dolanmaýar. Eýsem, wepaly ýolbaşçysy gidensoň ysraýyllylar çölde ýeke galarmy? Olar Musany görüp durandyklary üçin Hudaýa iman eden bolmaly. Şonuň üçin olar howsala düşüp, Haruna: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemizok» diýýärler (Müs. çyk. 32:1, 2).

Dürdäne pikirler

w06 15/7 sah. 13, abz. 9

Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler

106:36, 37. Bu aýatlar butlara sežde etmegiň jynlara gurban bermek bilen baglanyşygyny görkezýär. Şonuň üçin buta sežde edýän adam jynlaryň täsirine düşüp biler. Mukaddes Ýazgylar: «Özüňizi butlardan goraň» diýýär (1 Ýahýa 5:21).

18—24 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 107, 108

«Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr»

w07 15/4 sah. 20, abz. 2

Ýygnakda Ýehowa öwgi aýdalyň

2 Ýygnak bu ýöne dostlaryň üýşýän ýeri däl. Şeýle-de ol asly meňzeş bolup, birmeňzeş sporta höwesli ýa-da islegli adamlaryň jemgyýet topary we kluby däl. Ýygnak, esasanam, Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrmak üçin gurnalan. Zebur kitabynda ençeme ýyl öň gurnalan ýygnaga üns berilýär. Zebur 35:18-de şeýle sözleri okaýarys: «Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp halkyň arasynda Saňa sena ederin». Şeýle-de bizi Zebur 107:31, 32-nji aýatlar: «Olar merhemeti üçin, adam ogullaryna eden ajaýyp işleri üçin Rebbe şükür etsinler! Halkyň jemagatynda Ony beýgeltsinler» diýip höweslendirýär.

w15 15/1 sah. 9, abz. 4

Ýehowa şükür edip, berekedini alyň

4 Biz Ýehowanyň berýän bereketlerine we söýgi bilen edýän işlerine üns berip, oýlansak, oňa şükür ederis. Mezmurçy hem muny edip, Ýehowanyň edýän ajaýyp işlerine alkyş aýdypdy (Zebur 40:5; 107:43-nji aýatlary okaň).

Dürdäne pikirler

it «Mowap»

Mowap

Dawut patyşalyk tagtyna geçenden soňra, Ysraýyl bilen Mowabyň arasynda ýene-de uruş başlady. Dawut mowaplary doly derbi-dagyn etdi we olary gul edip, salgyt töletdi. Urşuň ahyrynda Mowap goşunynyň üçden iki bölegi öldürildi. Dawut patyşa mowaplary hatara ýatyrýar, soňra şol hataryň uzynlygyny ölçeýär we olaryň üçden iki bölegini öldürýär, bir bölegini bolsa diri galdyrýar (2Şm 8:2, 11, 12; 1Tr 18:2, 11). Belki-de, şol uruşda Ýehoýadanyň ogly Binaýa «mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldüren» bolmaly (2Şm 23:20; 1Tr 11:22). Dawut mowaplar bilen söweşde doly ýeňiş gazananda, 400 ýyl mundan öň Bilgamyň aýdan şu pygamberligi ýerine ýetdi: «Ýakupdan bir ýyldyz çykar, Ysraýyldan şalyk hasasy göteriler. Ol Mowabyň maňlaýyny ýarar, batyr ýigitleriň kellesini pytradar» (4Ms 24:17). Elbetde, şu ýeňşi göz öňünde tutup, mezmurçy Mowaby Hudaýyň «el ýuwýan legeni» hasaplandygyny aýtdy (Zb 60:8; 108:9).

25 NOÝABR—1 DEKABAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 109—112

Patyşamyzy, Isa Mesihi goldalyň!

w06 1/9 sah. 13, abz. 6

Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler

110:1, 2 — «(Dawudyň) Rebbi», Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp näme etdi? Isa direlip göge galansoň, tä 1914-nji ýylda Patyşa hökmünde tagta geçýänçä, Hudaýyň sagynda garaşdy. Şol wagta çenli Isa mesh edilen mesihçilere wagyz we şägirt taýýarlamak işinde görkezme berip ýolbaşçylyk etdi hem-de olary Patyşalygynda bile höküm sürmäge taýýarlady (Matta 24:14; 28:18—20; Luka 22:28—30).

w00 1/4 sah. 18, abz. 3

Hudaýyň duşmanlary üstünlik gazanyp bilmez

3 XX asyryň başlarynda Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlap başladylar. Köp ýutlarda erbet niýetli adamlar Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagyz işini togtatmak üçin elinde baryny etdiler. Munuň arkasynda kim dur? Elbetde, Hudaýyň halkynyň duşmany, «arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýören» Şeýtan Iblis dur (1 Petrus 5:8). 1914-nji ýylda «milletlere berlen wagt tamamlandy». Şonda Ýehowa Ogluny ýer ýüzüne hökümdarlyk etmek üçin Patyşa edip belledi we oňa: «Duşmanlaryň arasynda höküm sür» diýip tabşyryk berdi (Luka 21:24; Zebur 110:2). Şondan soňra Patyşa, ýagny Isa Şeýtany gökden ýer ýüzüne zyňdy. Şeýtan Iblis wagtynyň azdygyny bilip gahar-gazaba mündi we saýlanan doganlara, Hudaýyň halkyna topuldy (Ylham 12:9, 17). Hawa, duşmanlar ençeme sapar hüjüm etdiler. Netijesi nähili boldy?

be 76 sah. 2

Ilerlemegiňizi dowam ediň

Ukyplaryňy dogry ulanmak başgalara görelde görkezmegi aňladýar. Siz wagza belleşmek üçin dogan-uýalaryň ýanyna ilki özüňiz barýarmysyňyz? Täze wagyzçylara, ýaşlara we syrkawlara kömek etmäge çalyşýarmysyňyz? Patyşalyk zalynyň arassaçylyk işlerine ýa-da kongres bilen bagly işlere gatnaşýarmysyňyz? Wagtal-wagtal kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk edip bilermisiňiz? Siz kömege mätäç ýygnaga geçip, dogan-uýalara ýardam edip bilermisiňiz? Doganlar, gulluk hyzmatçysy we ýaşuly bolmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň talabyna laýyk gelmäge jan edýärmisiňiz? Siz kömegiňizi hödürläp, jogapkär borçlary almaga taýyn bolsaňyz, ruhy taýdan ösýändigiňizi görkezersiňiz (Zeb. 110:3).

Dürdäne pikirler

it «Äht»

Äht

Mäliksadyk ýaly ruhany bolmak ylalaşygy. Şu ylalaşyk Zebur 110:4-de ýazylan. Şol pygamberlik Ýewreýler kitabynda mesihçilere degişli edilip ýazylan (Ýew 7:1—3, 15—17). Ýehowa şu ylalaşygy diňe Isa Mesih bilen baglaşdy. Isa-da şol pygamberlige salgylanyp, şägirtleri bilen patyşalyk ähtini baglaşdy (Luk 22:29). Ýehowanyň ähtine görä, gökdäki Hudaýyň Ogly Isa Mesih Mäliksadyk ýaly ruhany bolmalydy. Mäliksadyk ýerde Hudaýyň bellän patyşasy we ruhanysy boldy. Isa bolsa ýerde däl-de, gökde Patyşa we Baş ruhany bolmalydy. Ol göge galandan soň hem Patyşa, hem Baş ruhany bolup gulluk edip başlady (Ýew 6:20; 7:26, 28; 8:1). Isa Ýehowanyň görkezmesine görä, hemişelik Patyşa we Baş ruhany bolmalydy. Şu ylalaşyk ebedilik dowam etmelidi (Ýew 7:3).

2—8 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 113—118

«Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?»

w01 1/1 sah. 11, abz. 13

Söýgiňiz sowamasyn

13 Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, ilki bilen Ýehowa Hudaýy bütin ýüregiň bilen söýmeli. Ýöne Ýehowa bolan söýgi öz-özünden döremeýär, ony ösdürmeli bolýar. Biz Hudaý barada hakykaty eşidenimizde, Ony gowy tanadyk, Onuň häsiýetlerini bildik. Soňra biz Allatagalanyň Ýer şaryny adamzat üçin ýaradandygyna göz ýetirdik (1 Musa 2:5—23). Ilkinji ynsanlar, ýagny Adam ata bilen How ene günä etse-de, Allatagala olaryň neslinden ýüz öwürmedi. Olary günäden halas etmek üçin aýgytly ädimleri ätdi (1 Musa 3:1—5, 15). Allatagala wepaly bendelerine ýagşylyk etdi we olaryň günäsini geçmek üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýahýa 3:16, 36). Biz Ýehowa barada näçe köp bilim alsak, şonça-da oňa minnetdar bolýarys (Işaýa 25:1). Dawut patyşa Ýehowanyň aladasyny edýändigini görüp, Ony jany-teni bilen söýýärdi (Zebur 116:1—9). Ýehowa biziňem aladamyzy edýär, görkezme berýär, imanymyzy berkidýär we ruhlandyrýar. Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, ýüregimizdäki söýgi şonça-da alawlap ýanar (Zebur 31:23; Sepanýa 3:17; Rimliler 8:28).

w23.10 sah. 11, abz. 19

Siz «gulak asmaga taýynmy?»

Biz gulak assak köp bereketleriň eýesi bolarys. Emma biz öz bähbidimiz üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz, Ony razy etmek isleýändigimiz üçin gulak asýarys (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň hiç haçan öwezini dolup bilmeris (Zeb. 116:12). Ýöne biz Ýehowa we erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaly. Gulak asýan adam paýhaslydyr, ol Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Nak. 27:11).

w19.11 sah. 22, 23, abz. 9—11

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

9 Ikinji sapak. Biz Ýehowa minnetdardygymyz üçin gulluk edýäris. Geliň, ysraýyl halkynyň seždesiniň bir bölegi bolan parahatlyk gurbanlygy barada gürrüň edeliň. Musa pygamberiň üçünji kitabynda ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlygyny «minnetdarlyk hökmünde berendikleri» aýdylýar (3 Mus. 7:11—13, 16—18). Olar borçly bolandyklary üçin däl-de, isleýändikleri üçin gurbanlyk berýärdiler. Ysraýyllar Ýehowa Hudaýy söýýändikleri üçin, göwnünden çykaran gurbanlygyny hödürleýärdiler. Olar beren gurbanlygynyň etini maşgalasy we ruhanylar bilen iýýärdiler. Ýöne gurbanlyk berlen malyň käbir bölekleri diňe Ýehowa hödürlenýärdi. Olar haýsylar?

10 Üçünji sapak. Biz Ýehowany söýýäris, şonuň üçin iň gowy zadymyzy bermek isleýäris. Ýehowa malyň ýagyny iň gowy bölegi hasaplaýardy. Şeýle-de malyň böwregini we başga-da käbir böleklerini Ýehowa hödürlemelidi (3 Musa 3:6, 12, 14—16-njy aýatlary okaň). Ysraýyllar malyň ýagyny we böwregini meýletinlik bilen hödürlände, Ýehowa örän begenýärdi. Şeýle gurbanlygy berýän adam Hudaýa iň gowy zadyny bermek isleýändigini görkezýärdi. Şonuň ýaly Isa hem bütin ýüregi bilen Ýehowany söýýändigi üçin, elinde baryny edip gulluk edýärdi (Ýah. 14:31). Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirip şatlanýardy we Hudaýyň kanunlaryny söýýärdi (Zeb. 40:8). Isanyň höwes bilen gulluk edýändigini görüp, Ýehowa örän begenendir!

11 Ýehowa Hudaýa meýletinlik bilen edýän gullugymyzy parahatlyk gurbanlygy bilen deňeşdirse bolýar. Şeýdip, biz Ýehowany güýçli söýýändigimizi görkezýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýýändigimiz üçin, oňa iň gowy zadymyzy bermek isleýäris. Ýehowa millionlarça adamlaryň söýgi we höwes bilen gulluk edýändigini görüp örän begenýär. Ýehowanyň diňe bir edýän işimizi däl, eýsem niýetimizi hem gymmat saýýandygyny bilmek teselli berýär. Eger siz garrylyk sebäpli öňkiňiz ýaly köp işleri edip bilmeýän bolsaňyz, Ýehowanyň ýagdaýyňyza düşünýändigini unutmaň. Belki, siz berýän «gurbanlygyňyz» ujypsyzja hasaplaýansyňyz, ýöne Ýehowa siziň eliňizde baryny edip, söýgi bilen edýän işleriňizi görýär. Ol siziň ýürekden berýän «gurbanlygyňyzy» höwes bilen kabul edýär.

Dürdäne pikirler

w12 15/5 sah. 22 abz. 1, 2

Okyjylaryň sowallary

Mezmurçy ylham bilen: «Takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda gymmatdyr» diýdi. Ýehowa her bir gullukçysynyň janyny gymmat saýýar. Emma Zebur 116:15-däki sözlerde diňe bir adamyň ölümi göz öňünde tutulmaýar.

Aradan çykan mesihçi üçin doklad okalanda, hatda ol Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolsa-da, Zebur 116:15 getirilmese gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi mezmurçynyň aýdan sözleriniň giňişleýin manysy bar. Bu sözleriň manysy Hudaý ähli wepaly gullukçylarynyň topar hökmünde janyny örän gymmat saýýandygyny we olaryň ölümine ýol bermeýändigini aňladýar (Zebur 72:14; 116:8-e serediň).

9—15 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 119:1—56

«Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler?»

w88 1/4 sah. 18, abz. 10

Ähli ýagdaýlarda arassa ynsaply boluň

10 Pawlus resul efeslilere: «Siz ahlaksyzyň, ýigrenjiniň, açgöz, ýagny butparaz adamyň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilýänsiňiz, muňa doly göz ýetirensiňiz» diýdi (Efesliler 5:5). Gynansakda, her ýyl müňlerçe mesihçiler ahlaksyzlyk edip, «öz bedenine zyýan ýetirýär» we ýygnakdan çykarylýar (1 Korinfliler 6:18). Köplenç şeýle duzaga Hudaýyň «sözüni her gün berjaý etmeýän» adamlar düşýär (Zebur 119:9). Meselem, käbir doganlar dynç alýan wagty Hudaýyň ahlak kada-kanunlaryna doly eýermeýärler. Olar Hudaýy tanamaýan adamlar bilen wagtyny geçirýär. Doganlar olary «ýagşy adam» hasaplap, olaryň şübheli, gümürtik işlerine baş goşýar. Käbirleri bolsa işdeşi bilen ýakyndan dostlaşýar. Ýaşuly dogan bile işleýän bir aýal bilen ýakyndan dostlaşýar, soňra öz maşgalasyny taşlap, şol aýal bilen ýaşap başlaýar. Şeýlelikde, ýaşuly ýygnakdan çykarylýar. 1 Korinfliler 15:33-de: «Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» diýilýär. Gör, nähili ýerlikli maslahat!

w06 15/6 sah. 25 abz. 1

Ýatlatmalaryň hem meniň keýpimdir

ŞU KYN günleriň hötdesinden gelmek üçin Ýehowa halkyna ýatlatmalar berýär. Bu ýatlatmalaryň käbirini Mukaddes Ýazgylary özümiz öwrenenimizde okaýarys, beýlekilerini bolsa ýygnak duşuşyklarynda eşidýäris. Okaýan ýa-da eşidýän zatlarymyzyň köpüsi öňdenem tanyşdyr. Ýöne köp zady unudýandygymyz üçin, bize ýygy-ýygydan Ýehowanyň niýetini, kanunyny we tälimini ýatlatmak gerek. Ýehowanyň ýatladýany üçin biz minnetdar bolmaly. Olar bize näme üçin Hudaýyň ýoluny saýlandygymyzy ýatladyp kömek edýär we ruhlandyrýar. Şonuň üçin mezmurçy: «Şaýatlyklaryň (ýatlatmalaryň, TD) hem meniň keýpimdir» diýdi (Zebur 119:24).

w10 15/4 sah. 20, abz. 2

Gözüňi biderek zatlardan sow!

2 Emma seredýän zatlarymyz bize zyýan hem ýetirip biler. Biziň gözümiz we oý-pikirimiz şeýle berk baglanyşykly welin, görýän zatlarymyz ýüregimizde güýçli höwes döredýär. Şeýtan Iblisiň höküm sürýän azgyn we öz keýpini gözleýän dünýäsinde bizi azdyrmak üçin suratlar bary ýagdyrylýar we nädogry maglumatlar ýaýradylýar. Hatda biz olara sähelçe seretsek-de zyýanly bolýar (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli mezmurçynyň Hudaýa: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow; meni Öz ýoluňda direlt» diýip ýalbarany bizi haýran galdyrmaýar (Zeb. 119:37).

Dürdäne pikirler

w24.01 sah. 25, abz. 16

Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer

16 Ätmeli ädimler. Hemişe Ýehowa doga ediň we Mukaddes Kitaby okaň (Zeb. 77:1, 12—14). Siz özüňizi erbet duýanyňyzda, gökdäki Ataňyza ýürekden doga ediň. Oňa gorkýandygyňyzy we howsala düşýändigiňizi aýdyň. Goý, Hudaýyň Sözi size göwünlik bersin! (Zeb. 119:28). Siz gorkanyňyzda, howsala düşeniňizde, Mukaddes Kitapdan bir wakany ýa-da aýady okaň. Size Eýýup, Zebur kitaplary we Matta 6-njy bapdaky Isa pygamberiň göwünlik beriji sözleri kömek eder. Hawa, Ýehowa doga etseňiz we Mukaddes Kitaby okasaňyz, janyňyz aram tapar.

16—22 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 119:57—120

Kynçylyklara döz gelmek üçin näme etmeli?

w06 15/6 sah. 20, abz. 2

«Men seniň kanunyňy nähili söýýärin!»

2 Mezmurçy Hudaýyň kanunlaryndan nädip teselli we göwünlik tapdyka? Ýehowanyň ony gymmatly saýýandygy ony berkidýärdi. Duşmanlarynyň döredýän kynçylyklaryna garamazdan, Hudaýyň söýgi bilen berýän kanunlarynyň peýdalydygyny hem-de bagtly edýändigini mezmurçy bilýärdi we özüni bagtly duýýardy. Ýehowanyň oňa mähirli garaýandygyna ol göz ýetirdi. Galyberse-de, mezmurçy Hudaýyň kanunyny berjaý edip, duşmanlaryndan akylly çykdy we janyny gorady. Hudaýyň kanunyna gulak asýandygy üçin, onda parahatlyk we arassa ynsap bardy (Zebur 119:1, 9, 65, 93, 98, 165).

w00 1/12 sah. 14, abz. 3

Siz Ýehowanyň öwüt-ündewlerine gulak asýarsyňyzmy?

3 Mezmurçy Hudaýyň öwüt-ündewlerine gulak asýardy. Ol şeýle diýdi: «Men eglenmerin, howlugaryn, tabşyryklaryňy berjaý ederin. Erbetleriň ýüpi meni baglady, men şonda-da kanunyňy unutmaýaryn» (Zebur 119:60, 61). Hudaýyň öwüt-ündewlerini yzarlamalara döz gelmäge kömek edýär. Sebäbi Ýehowa duşmanlaryň guran duzaklaryny kül-peýekun eder. Ol bize-de kynçylyklary ýeňmäge kömek eder, sebäbi biz Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz etmeli (Markus 13:10).

w06 1/9 sah. 14, abz. 4

Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler

119:71 — Muşakgatyň näme ýagşylygy bar? Kynçylyklarda Ýehowa has köp bil baglamagy, ýürekden doga etmegi we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, şol boýunça ýaşamagy öwrenýäris. Mundan başga-da synaglara garaýşymyz kemçiliklerimizi ýüze çykaryp, olary düzetmäge kömek eder. Eger synaglarda özümizi düzetmesek, ýüregimiziň gatamagyna ýol bereris.

w17.07 sah. 13, abz. 3, 5

«Aglaýanlar bilen aglaň»

3 Injilde Ýehowanyň «rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýydygy» aýdylýar (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Duýgudaşlyk bildirmekde Ýehowa iň ajaýyp görelde görkezýär. Ol halkyna: «Size göwünlik berýän Mendirin» diýýär (Iş. 51:12; Zeb. 119:50, 52, 76).

5 Ýehowanyň bizi goldajakdygyna doly ynamly bolup bileris. Şol sebäpli çekýän hasratymyz barada doga edip, oňa ýüregimizi dökmäge çekinmeli däl. Ýehowanyň çekýän hasratymyza düşünýändigini we teselli bermäge taýyndygyny bilmek nähili ýakymly! Eýsem, ol bize nädip teselli berýär?

Dürdäne pikirler

w06 1/9 sah. 14, abz. 5

Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler

119:96 — «Kämilligiň çäklidigi» näme diýmegi aňladýar? Mezmurçy kämillik barada adamyň garaýşy boýunça aýdýar. Ol kämillik barada adamyň garaýşynyň çäklidigini görkezýän bolmaly. Adamlaryň garaýşyndan tapawutlylykda, Hudaýyň tabşyryklarynyň çägi ýok. Ol durmuşyň ähli çäklerinde görkezme berýär.

23—29 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 119:121—176

Dertsiz başyňa dert satyn alma

w18.06 sah. 17, abz. 5, 6

Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň

5 Hudaýyň kanunlary bize peýda berer ýaly, olary ýöne bir okamak ýa-da bilmek ýeterlik däl. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi ösdürmeli we olary gymmat saýmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň» diýilýär (Amos 5:15). Ýöne biz muny nädip edip bileris? Munuň üçin, ilki bilen, ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Aýdaly, siz gijesine gowy ýatyp bilmeýärsiňiz. Lukman size berhiz tutmagy, maşk etmegi we başga-da käbir özgerişleri etmegi maslahat berýär. Siz onuň maslahatyna eýereniňizde, munuň peýda berýändigine göz ýetirýärsiňiz. Elbetde, siz munuň üçin lukmana ýürekden minnetdar bolsaňyz gerek.

6 Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz günäniň ýetirýän zyýanyndan goramak we bagtly ýaşamagymyz üçin bize kanunlaryny berdi. Mukaddes Ýazgylardaky ýalan sözlemek, ýamanlyk etmek, ogrulyk, ahlaksyzlyk, zorluk we jadygöýlik bilen bagly kanunlaryň peýdasy hakda oýlanyp görüň (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19-njy aýatlary okaň; Ylh. 21:8). Ýehowanyň islegine laýyk hereket edenimizde, bol bereket alýarys. Bu bolsa Ýehowa we onuň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi hem-de minnetdarlygymyzy artdyrýar.

w93 15/4 sah. 17, abz. 12

Ýaşlar, siz nämäni saýlarsyňyz?

12 Ilki bilen siz zalymlygy ýigrenmegi öwrenmeli (Zebur 97:10). Ýöne göze ýakymly we gyzykly bolup görünýän zady nädip ýigrenip bolar? Onuň netijesi hakda oýlanyň. «Aldanmaň, Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony-da orar. Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm orar» (Galatýalylar 6:7, 8). Ten höwesleriň güýjände netijesi hakda, ýagny Ýehowa Hudaýyň ýüregine ýara saljakdygy hakda oýlanyň (Zebur 78:41-i deňeşdiriň). Şeýle-de göwreli boljakdygyň ýa-da SPID ýaly ýokanç keselleriň geçjekdigi hakda pikirleniň. Onsoňam, göwnüçökgünlige düşersiňiz, özüňizden göwnüňiz geçip dereksiz duýarsyňyz. Şeýle erbet duýgular sizi köp wagtlap gynamagy mümkin. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men bir oglana duşdum. Biz biri-birimizi gowy tanamankak jynsy gatnaşyk etdik, soňra toý tutduk. Häzir biziň ikimiz hem mesihçi. Ýöne şol eden işimiz üçin häli-häzirem biri-birimize ynanmak kyn bolýar, gabanjaňlyk sebäpli düşünişmezlik döreýär». Hawa, ahlaksyzlyk sebäpli ýygnakda jogapkärli borjuňyzdan mahrum bolarsyňyz ýa-da ýygnakdan çykarylarsyňyz (1 Korinfliler 5:9—13). Az salymlyk keýp üçin köp zadyňy ýitirjekdigiňizi utnutmaň!

Dürdäne pikirler

w23.01 sah. 2, abz. 2

«Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ynanýarsyňyzmy?»

2 Biz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna we adamlara hemişe ýagşylyk isleýändigine doly ynanýarys (Zeb. 31:5; Işa. 48:17). Biz Hudaýyň «sözüniň özeniniň» hakykatdygyna şübhelenmeýäris (Zebur 119:160-y we çykgydyny okaň). Biz Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň şu sözleri bilen doly ylalaşýarys: «Hudaý hiç haçan ýalan sözlemeýär, her bir aýdan sözi ýerine ýetýär. Akýürekli adamlar Hudaýyň sözüne ýürekden ynanýar, sebäbi Onuň hemişe hakykaty aýdýandygyny bilýärler».

30 DEKABR—5 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 120—126

Aglaý-aglaý ekenler, şatlyk bilen orarlar

w04 1/6 sah. 16, abz. 10

Hudaýy şöhratlandyrýanlar bereket alar

10 Biz jebir pürsüni alyp, Isa pygamberiň şägirdi bolanymyzda, Şeýtan bilen söweşip başlaýarys. Ýakup 4:7-de: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» diýilýär. Elbetde, muny etmek aňsat däl, Ýehowa gulluk etmek üçin köp tagalla etmeli bolýar (Luka 13:24). Emma Mukaddes Kitapda: «Gözýaş döküp ekenler, şatlyk bilen orarlar» diýilýär (Zebur 126:5). Ýehowa biziň gadyrymyzy bilýär. Ol «ýürekden agtarýanlary sylaglar» we şöhratlandyrýanlara bereket berer (Ýewreýler 11:6).

w21.11 sah. 24, abz. 17

Hak Hudaýa ýürekden iman ediň

17 Siz hem ajy aýralykdan ejir çekýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direlendigi hakdaky wakalary okaň. Şonda direlişe bolan imanyňyz berkär. Belki-de, siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilendir, onda edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň söýgi bilen berýän temmisiniň hemişe peýdalydygy hakda okaň. Siziň duş gelýän kynçylyklaryňyz imanyňyzy gowşatmasyn, gaýtam has-da berkitsin. Ýehowa doga edip, ýürek derdiňizi we gaýgy-aladaňyzy aýdyň. Özüňizi çetde tutmaň, dogan-uýalar bilen dostlaşyň (Nak. 18:1). Elbetde, ýüregiň dertli wagty şeýle işleri etmek aňsat düşýän däldir, ýöne ýan bermäň. Şeýdip, siz gaýgy-hasrata döz gelersiňiz (Zeb. 126:5, 6). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň, yhlasly wagyz ediň we her gün Mukaddes Kitaby okaň. Ýehowanyň Jennetde berjek bereketleri hakda oýlanyň. Ýehowanyň güýç-kuwwaty bilen dag ýaly kynçylyklara döz gelseňiz, imanyňyz has-da berkär.

w01 15/7 sah. 18, 19, abz. 13, 14

Hasyl ýygymyna yhlasly gatnaşyň

13 Hasyl ýygymyna gatnaşýan wagyzçylar zalymlyk bilen yzarlanýarlar. Emma olara Zebur 126:5, 6-njy aýatlar göwünlik berýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Gözýaş döküp ekenler, şatlyk bilen orarlar. Aglap tohum sepen daýhanlar, şatlana-şatlana desseli yzyna dolanar» (Zebur 126:5, 6). Mezmurçynyň «ekerler» we «orarlar» diýen sözleri Ýehowanyň Wawilon ýesirliginden dolanan ýehudylaryň aladasyny edendigini we olara bol bereket berendigini görkezýär. Ýehudylar gulçulykdan azat bolup watanyna dolanandygyna örän begenendirler. Emma olar 70 ýyllap haraba bolup ýatan topraga ekin ekmeli bolanlarynda aglandyrlar. Ýöne ekin ekenler we jaý salanlar çeken zähmetiniň hözirini gördüler.

14 Biz hem, imandaşlarymyz hem dogruçyl ýaşaýandygymyz üçin görgi görýän bolsak, ejizläp aglaýandyrys (1 Petrus 3:14). Biz adamlara wagyz edenimizde diňlemeseler, ruhdan düşýäris we elimiz işden sowaýar. Emma biz şonda-da «tohum sepsek, suwarsak» Hudaý edýän tagallamyza ak pata berer, «eken tohumymyzy ösdürer» (1 Korinfliler 3:6). Biz muňa Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary paýlanymyzda göz ýetirýäris.

Dürdäne pikirler

w18.07 sah. 12, 13, abz. 1, 2

Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?

1 BIZ «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Ýer ýüzünde hakyky parahatlyk dikeldilýänçä, ýaşaýyş gün-günden has-da kynlaşýar (2 Tim. 3:1). Şol sebäpli özümize şu soragy bersek gowy bolar: «Men kimden kömek we görkezme agtarýaryn?» Elbetde, biz ikirjiňlenmän «Ýehowadan» diýeris we bu örän dogry jogap.

2 Emma gözüňi Ýehowa dikmek nämäni aňladýar? Hatda agyr kynçylyklarda-da gözümiziň oňa dikilendigine nädip göz ýetirip bileris? Ençeme asyr mundan öň, mezmurçy, esasan-da, kömege mätäç wagtymyz gözümizi Ýehowa tarap galdyrmalydygymyzy aýtdy (Zebur 123:1—4-nji aýatlary okaň). Ol muny hyzmatkäriň nazaryny hojaýynyna dikişi bilen deňeşdirdi. Ýöne mezmurçy nämäni göz öňünde tutduka? Hyzmatkär hojaýynyndan ýöne bir iýmit soramak ýa-da haraý gözlemek üçin däl-de, hojaýynyň näme isleýändigini bilip, şoňa görä hereket etmek üçin gözlerini oňa dikýär. Şonuň ýaly bizem Ýehowanyň islegine düşünip, şoňa laýyk hereket etmek üçin her gün onuň Sözüni dykgatly öwrenmeli. Şonda Ýehowanyň bize gerekli kömegi berjekdigine doly ynanyp bileris (Efes. 5:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş