20-NJI MAKALA
7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär
Ýehowa göwünlik berýän Hudaýdyr
«Hudaýymyza... şöhrat bolsun! Ol rehimdar Atadyr we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» (2 Kor. 1:3).
ESASY PIKIR
Ýehowa Wawilona sürgün edilen ýehudylara göwünlik berdi. Ol şu günlerem halkyna teselli berýär.
1. Sürgün edilen ýehudylaryň ýagdaýyny gürrüň beriň.
WAWILONLYLAR Ýahudanyň galalaryny basyp aldylar, halkyny bolsa sürgün etdiler. Ýehudylar jaýlarynyň ýykan-ýumran bolandygyny, şäheriň bolsa alawlap ýanýandygyny görüp gynanandyrlar. Emma olar ata-babalarynyň we öz eden günäleri sebäpli şeýle ýagdaýa düşendiklerini bilýärdiler (2 Tar. 36:15, 16, 20, 21). Şeýlelikde, ýehudylar Wawilonda ýaşap başladylar. Olara azda-kände erkinlik berlipdi, emma ýagdaýy öwerlik däldi (Ýer. 29:4—7). Sebäbi Wawilona özleri göçüp gelmändi, olary sürgün edipdiler. Bir wepaly ýehudy şol döwri şeýle beýan edýär: «Wawilon derýalarynyň kenarynda oturardyk, Siony ýatlap aglardyk» (Zeb. 137:1). Hawa, ýehudylar ruhdan düşüpdi. Olara kim göwünlik berip biler?
2, 3. a) Ýehowa ýehudylara haýsy üç usul arkaly göwünlik berdi? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Ýehowa göwünlik berýän Hudaýdyr (2 Kor. 1:3). Ol halkyny gowy görýär, kynçylyk başyna düşende göwünlik bermäge hemişe taýyn. Ol Wawilona sürgün edilen halkynyň temmini kabul edip toba etjekdigini bilýärdi (Işa. 59:20). Şol sebäpli Ýehowa ýesirlikden takmynan ýüz ýyl öň Işaýa pygamber arkaly halkyna şeýle göwünlik beriji sözleri ýazdyrdy: «Siziň Hudaýyňyz şeýle diýýär: „Teselli beriň, halkyma teselli beriň!“» (Işa. 40:1). Hawa, ýesirlikdäki halk Işaýa pygamberiň şu sözlerini okanda göwünleri galkynandyr. Bizem käte ýehudylar ýaly ruhdan düşýäris.
3 Ýehowa ýehudylara üç usul arkaly göwünlik berdi. Birinjiden, toba eden halkyny bagyşlajakdygyny söz berdi; ikinjiden, olara umyt berdi; üçünjiden, howsalaly döwürde halkynyň göwnüne parahatlyk berjekdigini wada berdi. Makalada Ýehowanyň şu üç usul arkaly bize-de göwünlik berýändigine üns beriň.
REHIMDAR ÝEHOWA BAGYŞLÝAR
4. Ýehowa rehimdar Hudaýdygyny nädip subut etdi? (Işaýa 55:7).
4 Ýehowa «rehimdar Atadyr» (2 Kor. 1:3). Ol toba eden halkyny bagyşlap, hakykatdan-da, rehimdar Hudaýdygyny subut etdi (Işaýa 55:7-ni okaň). Ol Işaýa pygamber arkaly: «Çäksiz wepaly söýgim bilen saňa rehim ederin» diýdi (Işa. 54:8). Ýehudylar Ýehowa garşy agyr günä edensoň, Wawilona sürgün edilipdi. Olar eli bilen edenini egni bilen çekýärdi. Emma Ýehowa olary belli bir döwürden soň azatlyga çykarjakdygyny wada berdi. Şeýdip, ol özüniň rehimdar Hudaýdygyny subut etdi (Işa. 40:2). Elbetde, ýehudylar Işaýanyň azatlyk hakdaky pygamberlik sözlerini okanda örän begenendir.
5. Biz näme üçin rehimdar Hudaýa has-da minnetdar bolmaly?
5 Biziň üçin sapak. Ýehowa biziň günämizi doly bagyşlaýar. Elbetde, ýehudylar rehimdar Alla örän minnetdar bolandyrlar. Emma biz ýehudylara garanyňda, Ýehowa has-da minnetdar bolmaly. Sebäbi Ýehowanyň biziň günämizi ýuwmak üçin näme edendigini bilýäris. Işaýanyň pygamberliginden 700 ýyl geçenden soňra Ýehowa söwer Ogluny töleg gurbany hökmünde berdi. Töleg gurbany arkaly Ýehowa biziň günämizi doly ýuwýar (Res. 3:19; Işa. 1:18; Efes. 1:7). Dogrudan-da, Ýehowa örän rehimdar Hudaý!
6. Ýehowanyň rehimdarlygy barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar? (Surata serediň).
6 Biz käte geçmişde eden günämizi ýatlap ruhdan düşýändiris. Esasan-da, eden agyr günämiziň ajy miwesini her gün dadanymyzda, ynsabymyz ezýet berýändir. Şonda bize Işaýa 55:7-nji aýat göwünlik berip biler. Eger biz eden erbet işimize toba edip, dogry ýola dönen bolsak, Ýehowa bizi bagyşlaýar. Hak Alla bagyşlasa, günälerimizi hiç haçan ýatlamaýar (Ýermeýa 31:34-i deňeşdiriň). Mähriban dogan-uýalar, rehimdar Hudaýyň göreldesine eýereliň, geçmiş bilen ýaşamalyň. Sebäbi Ýehowa geçeni geçdi bilýär, häzirki edýän işlerimize üns berýär (Hyz. 33:14—16). Tizden geçirimli Hudaý günäniň ýetiren ähli zyýanyny süpürip aýrar.
Ýehowa geçeni geçdi bilýär, häzirki edýän işlerimize üns berýär (6-njy abzasa serediň).
7. Eden günäňi boýun almaga utanýan bolsaň näme etmeli?
7 Mesihçi gizlinlikde agyr günä edip, öz etini özi iýýän bolsa näme? Mukaddes Kitapda ýaşulularyň öňünde eden günäňi boýun almalydygy aýdylýar (Ýak. 5:14, 15). Elbetde, muny etmek aňsat däl, sebäbi mesihçi eden günäsine utanýan bolmagy mümkin. Eger ol toba etse, rehimdar Hudaýyň we ýaşulularyň söýgi bilen kömek etjekdigine düşünse, olara arkaýyn ýüz tutup biler. Geliň, Ýehowanyň ýaşulular arkaly Artura dogana göwünlik berendigi hakda gürrüň edeliň. Artur şeýle gürrüň berýär: «Men bir ýyla golaý gizlinlikde pornografiýa gördüm. Bir güni ýygnakda ynsap barada jemagat nutugyny diňledim welin, ynsabym ezýet berdi. Şonda men eden günämi aýalyma we ýaşululara gürrüň berdim, arkamdan dag aýrylan ýaly boldy. Emma käte şol eden işim ýadyma düşende, ruhdan düşýärdim, keýpim gaçýardy. Men ýaşululara ýene-de derdimi gürrüň berdim. Olar mähir bilen Ýehowanyň meni söýýändigi üçin terbiýeleýändigini düşündirdiler. Olaryň sözleri göwnüme giňlik berdi. Şondan soň men özümi günäkärläp ýörmedim». Häzir Artur dogan pioner we ýygnak hyzmatçysy bolup gulluk edýär. Rehimdar Hudaýyň toba edýän adamlary bagyşlaýandygyny bilmek göwnüňi göterýär.
ÝEHOWA UMYT BERÝÄR
8. a) Ýehowa ýehudylara näme wada berdi? b) Işaýa 40:29—31-nji aýatlar ýehudylara nähili täsir etdi?
8 Beýik Wawilon imperiýasy ýesir eden adamlaryny hiç haçan azatlyga çykarmaýardy. Şol sebäpli ýesirlikdäki ýehudylar indi ata-watanymyzy görmeris diýip umytsyz ýaşamagy mümkindi (Işa. 14:17). Emma älemiň Eýesi Ýehowa halkyny azatlyga çykarmagy wada berýär. Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna hiç kim we hiç zat böwet bolup bilmez (Işa. 44:26; 55:12). Ýehowa üçin beýik Wawilon imperiýasy bir üfläniňde ýitip gidýän tozanjyk ýalydy (Işa. 40:15). Ýehowanyň beren wadasy ýesirlikdäki ýehudylaryň ýüreginde umyt uçgunlaryny döredendir. Şeýle-de Işaýa pygamber: «Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar» diýdi (Işaýa 40:29—31-nji aýatlary okaň). Hawa, ýesirlikdäki halk «bürgüt kimin ganat ýaýdylar» we Ýehowa şatlyk bilen gulluk etdiler.
9. Hak Allanyň beren wadasyna näme üçin ynansa bolýar?
9 Ýesirlikdäki ýehudy halky Ýehowanyň azatlyk hakdaky wadasyna doly ynanyp bilerdi. Sebäbi olar Ýehowanyň pygamberlik sözleriniň köpüsiniň ýerine ýetendigini öz gözi bilen gördüler. Meselem, Assiriýa patyşasynyň Demirgazyk Ysraýyl patyşalygyny basyp alyp, halkyny sürgün edendigini bilýärdiler (Işa. 8:4). Wawilonlylaryň Iýerusalimi derbi-dagyn edip, bütin halkyny ýesirlige alyp gidendiklerini gördüler (Işa. 39:5—7). Şeýle-de Sadykýar patyşanyň «gözleriniň oýulyp», Wawilona äkidilendiginiň diri şaýady boldular (Ýer. 39:7; Hyz. 12:12, 13). Hawa, Ýehowanyň her bir aýdan sözi ýere gaçman ýerine ýetdi! (Işa. 42:9; 46:10). Ýehudylaryň watanyny dolanjakdyklaryna şek-şübhe ýokdy.
10. Biz kynçylyklarda howsala düşmez ýaly näme etmeli?
10 Biziň üçin sapak. Ruhdan düşenimizde, Hudaýyň berýän umydy hakda oýlansak güýjümize güýç goşular. Hawa, biz kyn döwürde ýaşaýarys. Her gün dürli kynçylyklar bilen göreşýäris, duşmanlaryň ýowuz yzarlamalaryna döz gelýäris. Emma biz aljyrap, howsala düşmeli däl. Munuň üçin umydymyz, ýagny Hudaýyň berjek Jenneti hakda oýlanmaly. Umydy penjirä meňzetse bolar. Siz owadan tebigaty synlamak üçin penjiräniň ýanyna barýarsyňyz. Emma onuň hapalygyndan ýaňa gözel tebigaty synlap bilmeýärsiňiz. Siz näme edersiňiz? Elbetde, penjiräni arassalarsyňyz. Edil şonuň ýaly, biz Hudaýyň gelejekdäki berjek bereketleri hakda oýlanmaly. Biz Jennet hakdaky makalalary okamaly, wideolary görmeli we aýdymlary diňlemeli. Şeýle-de Ýehowa doga edip, haýsy wadalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymyzy aýtmaly.
11. Jennifer uýa agyr keseline döz gelmäge näme kömek edýär?
11 Jennifer uýa agyr kesel bilen göreşýär. Emma ol Ýehowanyň berýän umydy hakda oýlananda, göwünlik tapýar we güýjüne güýç goşulýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ruhdan düşenimde gaýgy-aladamy Ýehowa gürrüň berýärin. Ol ýagdaýyma düşünýär, keselime döz gelmäge güýç berýär» (2 Kor. 4:7). Jennifer uýa Jennetde janynyň tut deý sagdyn boljakdygy barada oýlanýar. Şonda onuň göwni giňäp gidýär (Işa. 33:24). Bizem Ýehowa gaýgy-aladamyzy gürrüň bersek, umydymyz hakda oýlansak, «bürgüt kimin ganat ýaýyp» uçarys.
12. Biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris? (Surata serediň).
12 Biz Ýehowanyň wadalarynyň doly ýerine ýetjekdigine ynamly bolup bileris. Sebäbi pygamberlikleriň köpüsi eýýäm ýerine ýetdi. Meselem, biz Danyýaryň heýkel hakdaky pygamberliginiň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris (Dan. 2:42, 43). Şeýle-de Isa pygamberiň «käbir ýerlerde... ýertitremeler bolar» we «hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» diýen sözleriniň ýerine ýetýändiginiň diri şaýady bolýarys (Mat. 24:7, 14). Şu we beýleki pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Ýehowanyň Jennet hakdaky wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine ynamymyzy artdyrýar.
Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Ýehowanyň Jennet hakdaky wadalarynyň hökman amala aşjakdygyna ynamymyzy artdyrýar (12-nji abzasa serediň).
ÝEHOWA KÖŞEŞDIRÝÄR
13. a) Ýehudylara nähili howp abanýardy? b) Işaýa 41:10—13-nji aýatlarda nähili teselli beriji sözler ýazylan?
13 Sürgündäki ýehudylar Ýehowanyň beren ajaýyp umydyndan göwünlik tapdy. Emma olar azatlyga çykmazynyň öňüsyrasy köp kynçylyklara duş gelmelidi. Ýehowa bir patyşanyň Wawilonyň töweregindäki galalary basyp aljakdygyny we Wawilon şäherine hüjüm etjekdigini öňünden aýdypdy (Işa. 41:2—5). Ýehowa halkynyň howsala düşjegini bilýärdi. Şonuň üçin Ýehowa Işaýa pygamber arkaly halkyna: «Gorkma, men seniň bilendirin, howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn» diýdi (Işaýa 41:10—13-nji aýatlary okaň). Ýehowa näme üçin «men seniň Hudaýyňdyryn» diýdi? Ol ýehudylara Özüne sežde etmelidigini ýatlatjak boldumy? Ýok! Ýehudylar Ýehowa sežde edýärdi. Ýehowa «men seniň Hudaýyňdyryn» diýmek bilen halkyny gorajakdygyny we dag ýaly arkasynda durjakdygyny wada berdi (Zeb. 118:6).
14. Ýehowa howsala düşen halkyny nädip köşeşdirdi?
14 Ýehowa howsala düşýän ýehudylary köşeşdirmek üçin gudratly güýji we çäksiz akyldarlygy barada oýlanmaga höweslendirýär. Ol halkyny agşam çagy asmanda petreşip duran ýyldyzlary synlamaga çagyrýar. Ýehowa sansyz-sajaksyz ýyldyzlary ýaratmak bilen çäklenmän, «her biriniň adyny tutup çagyrýar» (Işa. 40:25—28). Heý-de, milliardlarça ýyldyzlaryň atlaryny bilýän Hudaý, wepaly bendeleriniň atlaryny bilmezmi?! Äpet asman jisimlerini gudratly güýji bilen ýaradan Alla, halkyny gorap bilmezmi?! Hawa, ýehudylara gorkara sebäp ýokdy.
15. Ýehowa halkyny howp-hatardan goramak üçin nähili görkezme berdi?
15 Ýehowa halkyny goramak üçin öňünden görkezme berdi. Ol Işaýa pygamber arkaly: «Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň, gapylaryňyzy gulplaň. Gaharym köşeşýänçä, az salym gizleniň» diýdi (Işa. 26:20). Şu pygamberlik ilkinji sapar Kir patyşa Wawilony basyp alanda ýerine ýeten bolmaly. Gadymy grek taryhçysynyň aýtmagyna görä, Kir patyşa esgerlerine Wawilonyň köçesinde duş gelen ähli adamlary gyrmagy buýrupdyr. Göz öňüne getiriň, Wawilonyň ilaty gorkudan ýaňa çar tarapa ylgaýarlar. Emma Ýehowanyň görkezmesine gulak asyp, içgi otagynda oturan ýehudylar janyny halas etdiler.
16. Uly betbagtçylykda howsala düşmezlige näme kömek eder? (Surata serediň).
16 Biziň üçin sapak. Tizden adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik uly betbagtçylyk bolar. Şonda adamlar gorkudan ýaňa näme edip, näme goýjagyny bilmezler. Emma biz asla gorkmarys, sebäbi Hudaýymyz Ýehowa arkamyzda durar. Biz «gutulyşymyzyň golaýlandygyna» düşüneris (Luka 21:28). Milletleriň üýşmegi hüjüm etse-de, ýerimizden asla sarsmarys. Ýehowa bizi perişdeleri arkaly gorar we gerekli görkezmeleri berer. Nädip? Biz muny anyk bilmeýäris. Emma Işaýanyň pygamberligindäki «içki otaglar» ýygnak duşuşyklaryny aňladýan bolmaly. Belki, Ýehowa ýygnaklar arkaly görkezme berer. Şol güne nädip taýýarlyk görmeli? Biz imandaşlarymyz bilen agzybir bolmaly, görkezmä höwes bilen eýermeli we gurama Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine ynanmaly (Ýew. 10:24, 25; 13:17).
Biz Ýehowanyň gudratly güýji hakda oýlansak, uly betbagtçylykda gorkmarys (16-njy abzasa serediň)b.
17. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
17 Ýehowa sürgündäki ýehudylara göwünlik berdi we goldady. Ol bize-de teselli we güýç-kuwwat berer. Gelejekde agyr günler bolsa-da, Ýehowanyň göwünlik berjegine ynamly bolup bileris. Geliň, rehimdar Hudaýa bil baglalyň, Onuň berjek bereketlerine umyt edip ýaşalyň! Hak Alla Ýehowa arkamyzda durka, hiç zatdan gorkmalyň!
3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym
a Käbir atlar üýtgedildi.
b SURATYŇ BEÝANY: dogan-uýalar bir öýe ýygnanyşypdyr. Olar nirede bolsalar-da, Ýehowanyň halas etjekdigine berk ynanýarlar.