Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Sentýabr sah. 2—7
  • Ýaşululardan kömek soraň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşululardan kömek soraň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAŞULULARDAN HAÇAN KÖMEK SORAMALY?
  • ÝAŞULULARDAN NÄME ÜÇIN KÖMEK SORAMALY?
  • ÝAŞULULAR NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?
  • HER KIMIŇ ÖZI KARARA GELMELI
  • Ýaşulular ýygnakdan çykarylanlara nädip kömek edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Doganlar, ýaşuly bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň halky üçin zähmet çekýän çopanlar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Sentýabr sah. 2—7

36-NJY MAKALA

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

Ýaşululardan kömek soraň

«Goý, ol ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn» (Ýak. 5:14).

ESASY PIKIR

Ýaşululardan kömek soramaga çekinmäň.

1. Ýehowa gullukçylaryny gowy görýändigini nädip görkezýär?

ÝEHOWA her bir gullukçysyny gowy görýär. Çopanyň goýunlarynyň aladasyny edişi ýaly, Ýehowa hem gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär. Ol halky üçin eziz Ogluny gurban berdi we olara kömek eder ýaly ýygnak ýaşulularyny belledi (Res. 20:28). Ýaşulular Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny etmeli. Olar Isanyň görkezmesine eýerip dogan-uýalary ruhlandyrýarlar we Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýärler (Işa. 32:1, 2).

2. Ýehowa kimlere köp üns berýär? (Hyzkyl 34:15, 16).

2 Ýehowa ähli gullukçylarynyň aladasyny edýär, emma Ol ejizlere has köp üns berýär. Ýehowa ýaşulularyň üsti bilen ruhy taýdan gowşanlara kömek edýär (Hyzkyl 34:15, 16-njy aýatlary okaň). Ejizlän wagtymyz Ýehowa bize-de elini uzadýar. Emma biz Ýehowadan kömek sorap diňe bir doga-dileg etmän, ýygnakdaky «çopanlara we mugallymlara» ýüz tutmaly (Efes. 4:11, 12).

3. Ýehowanyň ýaşulular arkaly kömek edýändigini bilmegiň nähili peýdasy bar?

3 Biz makalada Ýehowanyň ýaşulular arkaly ruhy taýdan gowşanlaryň nädip aladasyny edýändigine serederis we şu soraglaryň jogabyny bileris: biz ýaşululardan haçan kömek soramaly? Biz näme üçin kömek soramaly? Ýaşulular bize nädip kömek edýär? Belki, häzir Ýehowa bilen dostlugymyz berkdir, ýaşululara ýüz tutmak hem hökman däldir. Emma makaladaky pikirler Ýehowanyň ýaşulular arkaly berýän goldawyna minnetdar bolmaga kömek eder. Şeýle-de kömek gerek bolanda näme etmelidigini öwreneris.

ÝAŞULULARDAN HAÇAN KÖMEK SORAMALY?

4. Ýakup 5:14—16, 19, 20-nji aýatlarda näme üçin ruhy taýdan syrkaw adam hakda gürrüň edilýär diýse bolýar? (Surata serediň).

4 Ýakup şägirt Ýehowanyň ýaşulular arkaly nädip kömek edýändigini şeýle düşündirdi: «Araňyzda biri syrkawmy? Goý, ol ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn» (Ýakup 5:14—16, 19, 20-nji aýatlary okaň). Şol bapda Ýakup Ýehowa bilen dostlugy gowşan adamy göz öňünde tutdy. Ol ruhy taýdan syrkawlan adamyň lukmana däl-de, ýaşululara ýüz tutmalydygyny aýtdy. Şonda onuň günäsi geçilip, sagalyp bilýärdi. Adatça, syrkawlan wagtymyz biz lukmana ýüz tutýarys, oňa keselimiziň alamatlary barada gürrüň berýäris we maslahatlaryna eýerýäris. Edil şonuň ýaly, ruhy taýdan syrkawlanymyzda ýygnak ýaşulularyna ýüz tutmaly. Olara ýagdaýymyz barada gürrüň bermeli we Mukaddes Kitaba esaslanyp berýän maslahatlaryna eýermeli.

Surat: 1) Bir adam lukmana egnini görkezýär. 2) Bir dogan ýaşuly bilen gepleşýär we oňa ýagdaýyny düşündirýär.

Bir ýerimize şikes ýetse lukmana ýüz tutýarys, ruhy taýdan gowşanymyzda-da ýaşulular bilen gepleşmeli (4-nji abzasa serediň).


5. Ýehowa bilen dostlugymyzyň gowşandygyny nädip bilip bolýar?

5 Ýakup 5-nji bapda Ýehowa bilen dostlugymyz gowşap başlasa, ýaşululara ýüz tutmalydygymyz maslahat berilýär. Ýöne biz Ýehowa bilen dostlugymyz entek bozulmanka, ýaşululardan kömek soramaly. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, eger seresap bolmasak, Ýehowa bilen dostlugymyz gowşan bolsa-da, berk diýip pikir etmegimiz mümkin (Ýak. 1:22). Sardisdäki käbir mesihçiler hem Ýehowa bilen dostlugy berkdir öýdýärdiler. Ýöne Isa olara Ýehowany razy etmeýändiklerini aýtdy (Ylh. 3:1, 2). Biz Ýehowa bilen dostlugymyzyň berkdigini ýa-da gowşandygyny nädip bilmeli? Munuň üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: Ýehowa bolan söýgim häzirem suwa çümdürilen wagtymdaky ýaly ýanyp durmy? (Ylh. 2:4, 5). Mukaddes Kitaby öňkim ýaly höwes bilen okap çuňňur oýlanýarynmy? Her hepde ýygnaklara gatnaşýarynmy? Olara taýýarlykly barýarynmy? Men wagza köpräk çykýarynmy ýa-da wagtymy başga zatlara berenimi gowy görýärinmi? Men pul gazanmak barada köp oýlanyp başladymmy? Şu soraglaryň ýekejesine «hawa» diýip jogap bersek, onda Ýehowa bilen dostlugymyz gowşap başlapdyr. Eger sowuk-sala garasak, ýagdaýymyz has-da beterleşer. Eger Ýehowa bilen dostlugymyzy özümiz berkidip bilmesek ýa-da Ony gynandyrýan iş edip, närazy eden bolsak, ýaşululardan kömek soramaly.

6. Agyr günä eden adam näme etmeli?

6 Agyr günä eden adam toba etmese ýygnakdan çykarylýar. Eger biz agyr günä etsek, ýaşulular bilen gepleşmeli (1 Kor. 5:11—13). Günä eden adamyň özi Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip bilmeýär. Ýehowa günämizi geçer ýaly, ýürekden toba edýändigimizi görkezmeli (Res. 26:20). Toba edýändigimizi görkezýän işleriň biri — ýaşulularyň öňünde günämizi boýun almak.

7. Ýaşululardan ýene kimler kömek sorap biler?

7 Ýaşulular diňe bir agyr günä edenlere däl-de, ejizlikleri bilen göreşýän dogan-uýalara-da kömek edýärler (Res. 20:35). Belki, sizde-de käbir dogan-uýalarda bolşy ýaly, hakykata gelmänkäňiz neşe çekmek, pornografiýa görmek ýa-da ahlaksyzlyk etmek ýaly erbet endikleriňiz bolandyr. Size erbet höwesleriňize garşy göreşmek häzirem aňsat däldir. Şonuň üçin ýaşululardan kömek soramaga çekinmäň. Haýsy ýaşula derdiňizi aýtmak aňsat bolsa, onuň bilen gepleşiň. Ol size höwesiňize garşy durmak üçin näme etmelidigini maslahat berer. Şeýle-de göreşde ýan bermeseňiz, Ýehowany begendirip bilýändigiňizi ýatladar (Nes. 4:12). Käte bolsa erbet höwesleri aýryp bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşmegiňiz mümkin. Şonda ýaşuly özüňize bil baglaman, Ýehowadan kömek soraýandygyňyz we Ony razy etmek isleýändigiňiz üçin öwer (1 Kor. 10:12).

8. Her bir meselede ýaşula ýüz tutmalymy? Düşündiriň.

8 Bize her bir meselede ýaşululara ýüz tutmak hökman däl. Aýdaly, siz gaharyňyzy saklap bilmän, doganyň ýa-da uýanyň göwnüne degýärsiňiz. Şonda siz göni ýaşula aýtman, Isanyň maslahat berişi ýaly, dogan ýa uýa bilen gepleşip, ondan ötünç soraň (Mat. 5:23, 24). Onsoňam, şeýle ýagdaý gaýtalanmaz ýaly, edebiýatlarymyzdan ýumşaklyk, sabyrlylyk, özüňe erk etmek barada gözleg geçiriň we berilýän maslahatlara eýeriň. Eger şonda-da meseläni çözüp bilmeseňiz, onda ýaşula ýüz tutuň. I asyrda-da Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda düşünişmezlik dörände Pawlus resul bir dogandan olara kömek etmegi haýyş edýär. Edil şonuň ýaly, siziňem ýygnagyňyzdaky ýaşulular kömek eder (Flp. 4:2, 3).

ÝAŞULULARDAN NÄME ÜÇIN KÖMEK SORAMALY?

9. Biz näme üçin ýaşululardan kömek soramaga utanmaly däl? (Nakyllar 28:13).

9 Bize eden günämizi boýun almak ýa-da ejizliklerimize garşy göreşmek üçin ýaşululardan kömek soramak aňsat bolmaýar. Ýöne biz ýaşulular bilen gepleşmäge utanmaly däl. Sebäbi Ýehowa ýaşululary bize kömek etmek üçin belledi. Eger biz ýaşulular bilen gepleşsek, Ýehowa bil baglaýandygymyzy, Oňa gulak asýandygymyzy görkezeris. Biz Ýehowanyň kömegi bolmasa, aýaga galyp bilmejekdigimize düşünýäris (Zeb. 94:18). Eger aýagymyz taýyp günä etsek, günämizi ýaşulularyň öňünde boýun almaly we eden işimizi gaýtalamaly däl. Şonda Ýehowa bizi hökman bagyşlar (Nakyllar 28:13-i okaň).

10. Eden günämizi ýaşululara aýtmasak näme bolar?

10 Biz ýaşulularyň öňünde günämizi boýun alsak, Ýehowa bagyşlaýar we Onuň bilen dostlugymyz dikelýär. Emma günämizi ýaşululardan gizlesek, ýagdaýymyz has-da erbetleşer. Dawut patyşa günäsini gizläp ruhdan düşdi we ynsaby ezýet berdi. Onuň hatda saglygyna-da zyýan ýetdi (Zeb. 32:3—5). Bir ýerimize şikes ýetse ýa-da kesellesek wagtynda bejergi almaly, ýogsam ýagdaýymyz has beterleşýär. Edil şonuň ýaly, agyr günä etsek, haýal etmän ýaşululara ýüz tutmaly, ýogsam Ýehowa bilen dostlugymyz bozular. Ýehowa biziň ýagdaýymyzyň has beterleşmegini islemeýär. Ol bize ýaşululara ýüz tutmagy maslahat berýär, sebäbi ýaşulularyň kömegi bilen Ýehowa bilen dostlugymyzy dikeldip bilýäris (Işa. 1:5, 6, 18).

11. Agyr günäni gizlesek ýene näme bolar?

11 Biz günämizi ýaşululara aýtmasak, dogan-uýalara zyýan ýetireris. Ýehowa ýygnaga mukaddes ruhuny bolluk bilen bermez we dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirlik bozular (Efes. 4:30). Eger dogan-uýalaryň biriniň agyr günä edendigini bilseňiz, ony belli bir wagtyň içinde ýaşulular bilen gepleşmäge höweslendiriň. Ol berlen wagtyň içinde ýaşulular bilen gepleşmese, ýaşulularyň ýanyna baryp, onuň günäsi hakda özüňiz aýdyň. Eger bizem baryp aýtmasak, Ýehowa garşy günä edýäris (3 Mus. 5:1). Biz Ýehowany söýýändigimiz we wepalydygymyz üçin agyr günäni gizlemeli däl. Şeýdip, ýygnagy arassa saklarys we agyr günä eden adama Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek ederis.

ÝAŞULULAR NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

12. Ýaşulular ejizleri nädip goldaýar?

12 Mukaddes Kitapda ýaşulularyň ejizleri goldamalydygy aýdylýar (1 Sel. 5:14). Eger siz günä eden bolsaňyz, onda ýaşulular siziň pikirleriňize, duýgularyňyza düşünmek üçin käbir soraglary bererler (Nak. 20:5). Belki, siz olaryň beren soragyna jogap bermäge, bolan zatlary aç-açan aýtmaga utanarsyňyz. Emma siz ýaşulular bilen näçe açyk gepleşseňiz, olara şonça-da ýagdaýyňyza düşünmek aňsat bolar. Bir zady ýalňyş aýdaryn öýdüp gorkmaň, ýaşulular size ýalňyş düşünmez (Eýp. 6:3). Olar derrew netije çykarman, ilki sizi diňlärler we ýagdaýa doly göz ýetirensoň maslahat bererler (Nak. 18:13). Olar size kömek etmek üçin bir däl-de, birnäçe gezek görşerler.

13. Ýaşulular günä eden adama nädip kömek edýärler? (Surata serediň).

13 Ýaşulular sizi eden işiňiz üçin utandyrmaz ýa-da günäkärlemez, gaýtam siziň üçin doga ederler. Ýaşulularyň dogasyndan soň ýüregiňiz giňäp, güýjüňize güýç goşulanda, Ýehowanyň olaryň dogasyna jogap berýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle-de ýaşulular «Ýehowanyň adyndan... başyňyza ýag çalarlar» (Ýak. 5:14—16). «Ýag» Hudaýyň Sözüni aňladýar. Ýaşulular siziň bilen Mukaddes Kitapdan käbir aýatlar esasynda gürrüňdeş bolarlar. Şeýdip, göwünlik bererler we Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeltmäge kömek ederler (Işa. 57:18). Olaryň beren maslahaty Ýehowa gulak asmaga we dogry işleri etmäge höweslendirer. Siz ýaşulularyň üsti bilen Ýehowanyň: «Ine ýol! Şu ýoldan ýöräň!» diýen sesini eşidersiňiz (Işa. 30:21).

Surat: 1) Ýokarky suratdaky lukman hassanyň egnini barlaýar. Diwarda egniniň rentgen edilen suraty dur. 2) Ýokarky suratdaky ýaşuly başga bir ýaşuly bilen doganyň öýüne barýar we ony ruhlandyrýar. Dogan ýaşululary höwes bilen diňleýär.

Ýaşulular Mukaddes Kitap arkaly ruhlandyrýar we göwünlik berýär (13, 14-nji abzaslara serediň).


14. Ýaşulular «ýalňyş ädim» äden mesihçä nädip kömek edýärler? (Galatýalylar 6:1; surata serediň).

14 Galatýalylar 6:1-i okaň. «Ýalňyş ädim» äden mesihçi Hudaýyň kada-kanunyny bozýar. Ol ýa nädogry karara gelýär, ýa-da agyr günä edýär. Ýaşulular ony gowy görýändigi üçin «ýumşaklyk bilen düzetjek bolýarlar». «Düzetmek» diýip terjime edilen grek sözi lukmanyň çykan süňki ýerine salşyny suratlandyrmak üçin ulanylýar. Gowy lukman çykan süňki agyrtman ýerine saljak bolýar. Ýaşulularam ýalňyş ädim äden mesihçini ynjytman, mähir bilen düzetjek bolýarlar. Mukaddes Kitapda ýaşulularyň özüne-de «seresap bolmak» maslahat berilýär. Olar günä eden adama kömek edende özüni has dogruçyl hasaplamaly däl. Gaýtam kiçigöwünli bolup, onuň ýagdaýyna düşünmeli (1 Pet. 3:8).

15. Kynçylyga düşenimizde näme etsek gowy bolar?

15 Biz ýygnak ýaşulularyna ynanyp bileris. Ýehowa ýaşululara biziň şahsy meselämiz hakda başgalaryň ýanynda dil ýarmazlygy öwredýär. Şeýle-de olar öz pikirini öňe sürmän, Mukaddes Kitapdan maslahat bermelidigini bilýärler. Mundan başga-da, ýaşulular bize kyn ýagdaýlarda kömek etmäge hemişe taýýar (Nak. 11:13; Gal. 6:2). Ýaşulularyň häsiýetleri, tejribesi deň bolmaýar. Emma biz kynçylygymyz hakda islendik ýaşuly bilen gepleşip bilýäris. Eger biz bir ýaşuludan maslahat soran bolsak, gulagymyza hoş ýakýan jogaby eşitjek bolup başga ýaşululara-da ýüz tutmaly däl. Biz şeýle etsek, Hudaýyň Sözünden maslahat gözlemän, «gulagyna ýakymly zatlary gürrüň berýän mugallymlary gözleýän» adama meňzäris (2 Tim. 4:3). Biz bir ýaşula kynçylygymyz hakda gürrüň bersek, ol bizden beýleki ýaşululara ol barada aýdan-aýtmandygymyzy we aýdan bolsak, olaryň nähili maslahat berendigini sorar. Biz kynçylygymyz hakda başga ýaşula aýdan bolsak-da, aýtmadyk bolsak-da, kiçigöwünli ýaşuly maslahat bermezden öň, beýleki ýaşulular bilen maslahatlaşýar (Nak. 13:10).

HER KIMIŇ ÖZI KARARA GELMELI

16. Ýaşulular maslahat berse-de, näme üçin bize derek karara gelmeýärler?

16 Ýaşulular bize maslahat berse-de, näme etmelidigimizi anyk aýtmaýarlar. Biziň özümiz karara gelmeli, sebäbi her kimiň özi edýän işi üçin Ýehowanyň öňünde jogap berýär. Ýehowanyň kömegi bilen biz dogry karara gelip, Oňa wepaly bolup bilýäris (Rim. 14:12). Ýaşulular bize: «Eýt, beýt» diýmän, Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň garaýşyny düşündirýär we karara gelmegi özümize goýýar. Eger biz ýaşulularyň beren maslahaty hakda oýlansak we olara eýersek, Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwreneris hem-de dogry karara geleris (Ýew. 5:14).

17. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?

17 Biz Ýehowanyň mähir bilen aladamyzy edýändigine örän minnetdar. Ol «gowy çopan» Isanyň töleg gurbany arkaly ebedi ýaşamaga mümkinçilik berdi (Ýah. 10:11). Şeýle-de Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly aladamyzy edýär. Şeýdip, Ol: «Men size göwnümden turýan çopanlary bererin. Olar sizi bilim we düşünje bilen bakar» diýen wadasyny ýerine ýetirýär (Ýer. 3:15). Dogan-uýalar, imanyňyz ýa-da Ýehowa bilen dostlugyňyz gowşanda, ýaşululara arkaýyn ýüz tutuň. Sebäbi Ýehowa bizi eliniň aýasynda saklamak üçin ýygnakda ýaşululary belleýär.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ýaşululardan haçan kömek soramaly?

  •  Ýaşululardan näme üçin kömek soramaly?

  •  Ýaşulular nädip kömek edýär?

31-NJI AÝDYM Hudaýyň ýolundan ýöre

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş