Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Oktýabr sah. 2—5
  • Ýüz ýyl mundan öň (1925)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýüz ýyl mundan öň (1925)
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • UZAGA ÇEKEN TAMA
  • RADIOSTANSIÝALAR GURULÝAR
  • TÄZE DÜŞÜNDIRILIŞ
  • ÝEHOWA HAKDA ŞAÝATLYK EDILÝÄR
  • GAÝTADAN IDEG EDILÝÄR
  • GÜÝÇLI DEPGINDE ÖŇE GITDILER
  • Ýüz ýyl mundan öň (1924)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýüz ýyl mundan öň (1922)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Wagyz etmegiň usullary — Hoş habary dürli ýollar bilen wagyz edýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Oktýabr sah. 2—5
Dogan-uýalaryň 1925-nji ýylda Indiýana ştatynyň Indiýanapolis şäherinde kongresde düşen suraty.

Indiýana ştatynyň Indiýanapolis şäherinde geçirilen kongres (1925)

Ýüz ýyl mundan öň (1925)

1925-NJI ÝYLYŇ 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Şu ýyl üýtgeşik ýyl bolar. Ýöne biz nähili wakalar bolarka diýip alada etmeli däl. Ýogsam elimiz sowap, Halypamyzyň işini şatlyk bilen ýerine ýetirip bilmeris». Mukaddes Kitaby öwrenýänler 1925-nji ýylda nähili wakalara garaşýardylar? Olaryň garaşany çykmasa-da, yhlasly wagyz etmäge näme kömek etdi?

UZAGA ÇEKEN TAMA

Mukaddes Kitaby öwrenýänler 1925-nji ýylda ýer ýüzi Jennet bolar öýdýärdiler. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Albert Şrýoder dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar şol ýyl saýlanan mesihçileriň hemmesi göge alnar. Ybraýym, Dawut ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylary direler we ýer ýüzündäki adamlara ýolbaşçylyk eder diýip pikir edýärdiler». Emma olaryň garaşany çykmady. Şonuň üçin köpüsi ruhdan düşdi (Nak. 13:12).

Mukaddes Kitaby öwrenýänler şonda-da badyny gowşatman hoş habary wagyz etdiler, sebäbi olar Ýehowa hakda şaýatlyk etmegiň wajypdygyna düşünýärdiler. Geliň, olaryň radio arkaly nädip hoş habary köp adamlara ýetirendigini bileliň.

RADIOSTANSIÝALAR GURULÝAR

1924-nji ýylda WBBR radiostansiýa arkaly hoş habary köpler eşidýär. Mukaddes Kitaby öwrenýänler 1925-nji ýylda Çikagoda (Illinoýs ştaty) has güýçli WORD atly radiostansiýany gurýar. Radiostansiýanyň gurluşygyna gatnaşan Raf Leffler dogan: «Gyş güni agşam WORD-yň sesi alyslara ýaň saldy» diýýär. Täze radiostansiýanyň sesi hatda 5 000 kilometr uzakda ýerleşýän Alýaska-da baryp ýetdi. Alýaskanyň Paýlot şäherinde ýaşaýan bir maşgala WORD-y diňläp örän ruhlanýar we minnetdarlyk hatyny ýazýar. Olar hatynda hak Hudaý we Mukaddes Kitap hakda köp zatlary öwrenendigini aýdýar.

Çepde: Illinoýs ştatynyň Batawiýa şäherinde gurlan WORD atly radiostansiýa

Sagda: Radiostansiýada işleýän Raf Leffler dogan

1925-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» radiotolkunlaryň nädip uzak aralyga ýetendigi düşündirildi. WORD ABŞ-daky iň güýçli radiostansiýalaryň biridi. Onda 5 000 wattlyk gural oturdyldy. Indi WORD-y ABŞ-nyň dört künjeginden, ýagny gündogaryndan, günbataryndan, günortasyndan, demirgazygyndan diňläp bolýardy. Şeýlelikde, hoş habary eşitmedik köp adamlar hakykat bilen gyzyklanýar.

Jorj Neýş

Kanadadaky Mukaddes Kitaby öwrenýänler hem hoş habary radio arkaly wagyz etmek isleýär. Olar 1924-nji ýylda Saskaçewan welaýatynyň Saskatun şäherinde «Si-eýç-ýu-si» (CHUC) atly radiostansiýany gurdular. Ol Kanadadaky dini zatlar hakda gürrüň edilen ilkinji radiostansiýalaryň biri boldy. 1925-nji ýylda radiostansiýany uly bina göçürmeli boldy. Şeýlelikde, doganlar radiostansiýany «Garawul diňi jemgyýetiniň» adyna geçirýärler. Soňra Saskatundaky köne binany satyn alyp abatlaýarlar we radiostansiýany şol ýere göçürýärler.

Saskaçewanyň çet obalarynda ýaşaýan adamlaram ilkinji sapar hoş habary radiodan eşidýär. Bir obada ýaşaýan hanym Graham radiony diňlänsoň edebiýat sorap hat ýazýar. Jorj Neýş dogan şeýle ýatlaýar: «Ol hatynda tälim bermegi ýalbaryp sorapdyr welin, oňa „Mukaddes Ýazgylary öwrenmek“ kitabynyň ähli tomuny iberdik». Biraz wagtdan hanym Graham uzak ýerlere gidip, Patyşalyk baradaky habary wagyz edýär.

TÄZE DÜŞÜNDIRILIŞ

1925-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňinde» «Halkyň döremegi» diýen makala çap edildi. Makala çykmanka Mukaddes Kitaby öwrenýänler «gökde jynlaryň üstünden höküm sürýän Şeýtanyň guramasy bar, ol ýer ýüzündäki dini, söwda-satyk we syýasy guramalaryň üstünden agalyk edýär» diýip pikir edýärdiler. Emma şol makalada «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» Ýehowanyňam guramasynyň bardygyny, Şeýtanyňkydan düýbünden tapawutlanýandygyny düşündirdi (Mat. 24:45). Şeýle-de 1914-nji ýylda gökde urşuň bolandygyny, Şeýtanyň jynlary bilen ýer ýüzüne zyňlandygyny we Hudaýyň Patyşalygynyň dikeldilendigini düşündirdi (Ylh. 12:7—9).

Gynansak-da, käbirleri täze düşündiriliş bilen ylalaşmady. Şonuň üçin «Garawul diňinde» şeýle duýduryş berildi: «Eger „Garawul diňini“ okaýan adam makaladaky pikirler bilen ylalaşmasa, Ýehowa sabyrly garaşsyn, Oňa bil baglap aýypsyzlygyny saklasyn».

Britaniýada ýaşaýan Tom Eýr kitap paýlaýardy (şol wagt pionerler şeýle atlandyrylýardy). Ol täze düşündirilişe Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň nähili seslenendigini şeýle düşündirdi: «Dogan-uýalar Ylham 12-nji bapdaky düşündirilişi okap örän begendiler. Hudaýyň Patyşalygy gökde dikeldilensoň, has-da yhlasly wagyz etmelidigimize düşündik. Badymyzy gowşatmasak, Ýehowanyň gelejekde etjek işlerini gözümiz bilen göreris».

ÝEHOWA HAKDA ŞAÝATLYK EDILÝÄR

Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynda, wideolarynda Işaýa 43:10 köp düşündirilýär. Ol ýerde Ýehowa halkyna ýüzlenip: «Siz meniň şaýatlarym, meniň saýlan gullarym» diýýär. 1925-nji ýyldan öň doganlar edebiýatlarymyzda şol aýady örän seýrek ulanýardy. Ýöne 1925-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 11 sanynda Işaýa 43:10, 12-nji aýatlar düşündirildi.

1925-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Indiýana ştatynyň Indiýanapolis şäherinde kongres geçirilýär. Kongresiň meýilnamasynyň giriş sözlerinde Jozef Ruterford doganyň sözleri ýazylandy: «Biz kongrese Ýehowadan güýç almaga geldik. Goý, kongres sizi ruhlandyrsyn we Ýehowanyň Şaýady hökmünde has-da yhlasly wagyz etmäge höweslendirsin». Kongresiň sekiz gününde-de her bir mümkinçilikden peýdalanyp Ýehowa hakda şaýatlyk etmek maslahat berildi.

29-njy awgust, şenbe güni Ruterford dogan «Aýaga galyň!» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Ol nutugynda wagyz etmegiň wajypdygyny düşündirip şeýle diýdi: «Ýehowa halkyna şeýle diýýär: „Men hak Hudaý, siz bolsa meniň şaýatlarym“. Soňra Ýehowa bize: „Halklar üçin bellik dikiň“ diýip tabşyrýar. Ýer ýüzünde Hudaýyň halkyndan başga hiç kim halklar üçin bellik dikmeýär. Sebäbi olara mukaddes ruh ýol görkezýär. Olar Ýehowanyň şaýatlary» (Işa. 43:12; 62:10).

«Umyt beriji habar» diýen kitapça.

«Umyt beriji habar» kitapçasy

Ruterford dogan çykyş edip bolansoň, eline bir kagyzy alyp okap başlady. Onda diňe Hudaýyň Patyşalygynyň adamlara «parahatlygy, gowy durmuşy, jan-saglygy, ebedi ýaşaýşy, azatlygy we hakyky bagty» berjekdigi ýazylandy. Ruterford sözüni tamamlansoň kongrese gelenleriň hemmesi ör turup, onuň aýdanlary bilen ylalaşýandygyny görkezdiler. Soňra şol hat «Umyt beriji habar» diýen kitapça görnüşde çap edildi, köp dillere terjime edildi we 40 million nusgasy paýlandy.

Hudaýyň halky 1931-nji ýyla çenli özlerine Ýehowanyň Şaýatlary däl-de, Mukaddes Kitaby öwrenýänler diýýärdiler. Ýöne şonda-da Ýehowa hakda şaýatlyk etmegiň wajypdygyna düşünýärdiler.

GAÝTADAN IDEG EDILÝÄR

Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň sany ýyl-ýyldan artansoň, doganlar gyzyklanan adamlary gaýtadan ideg etmegi maslahat berdi. Başda olar «Umyt beriji habar» diýen kitapçany paýlamak üçin kampaniýa geçirdiler. Şondan soň «Bulletinde»a şeýle görkezme berildi: «„Umyt beriji habar“ diýen kitapçany beren adamlaryňyzyň öýüne baryp, olary gaýtadan idäň».

1925-nji ýylyň ýanwarynda çykan «Bulletinde» Tehasyň Pleýno şäherinde gulluk edýän doganyň sözleri getirilýär: «Biz wagyz eden adamlarymyza gaýtadan ideg etdik. Öň wagyz edilmedik ýerlerde ýaşaýan adamlara garanyňda gaýtadan ideg eden adamlarymyz hoş habara has gowy seslenýärdi. Muňa örän haýran galdyk. Bir kiçiräk obada soňky on ýylyň dowamynda bäş gezek wagyz edildi. Golaýda Hendriks uýa bilen ejem şol obadaky adamlara gaýtadan ideg etdi. Olar öňküden hem köp kitap paýladylar».

Panamada ýaşaýan kitap paýlaýan dogan şeýle ýazýar: «Men wagyz eden adamlarymy gaýtadan ideg etdim. Birinji sapar meni kowup goýberen adamlar ikinji, üçünji sapar höwes bilen söhbetdeş boldular. Şu ýylyň dowamynda men, esasanam, gyzyklanan adamlary gaýtadan ideg etdim. Şonda köp gyzykly wakalar boldy».

GÜÝÇLI DEPGINDE ÖŇE GITDILER

Ýylyň ahyrynda Ruterford dogan kitap paýlaýanlara minnetdarlyk hatyny ýazýar. Ol hatynda 1925-nji ýylda edilen işleri jemleýär we 1926-njy ýylda edilmeli işleri ýazýar. Hatda şeýle diýilýär: «Berekella dogan-uýalar! Siz geçen ýyl gamgyn ýüzlere nur çaýdyňyz, özüňiz hem ruhlandyňyz. 1926-njy ýylda bolsa hak Hudaý, onuň Patyşalygy hakda şaýatlyk etmäge we Hudaýyň gullukçysydygyňyzy adamlara subut etmäge köp mümkinçilikler bolar. Şonuň üçin, geliň, Hudaýymyzy we Patyşamyzy mundan beýläk hem joşup wasp edeliň».

1925-nji ýylyň ahyrynda doganlar Bruklindäki Beýteli ulaltmaly diýen karara geldiler. Şeýlelikde, 1926-njy ýylda doganlar Ýehowanyň guramasynda görlüp eşidilmedik uly gurluşyk işine başladylar.

Ýaňy gurluşyga başlan dogan-uýalar.

Nýu-Ýorkuň Bruklin (Adams strit) şäherindäki gurluşyk (1926)

a  Häzir «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi» diýilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş