40-NJY MAKALA
111-NJI AÝDYM Şatlanyň!
Ýehowa şatlanyp gulluk ediň
«Şatlanyp Hudaýymyň huzuryna... bararyn» (Zeb. 43:4).
ESASY PIKIR
Ruhdan düşürýän ýagdaýlar bolsa-da, Ýehowa şatlanyp gulluk ediň.
1, 2. a) Dünýädäki adamlar özlerini nähili duýýarlar? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
DÜNÝÄDÄKI adamlar durmuşdan lezzet alyp, keýp çekip ýaşamak üçin hiç zatdan gaýtmaýarlar. Olar şonda-da özlerini bagtsyz duýýarlar. Olaryň ýüzi gülse-de, ýüregi aglaýar. Elbetde, Ýehowanyň halkynyň hem her güni şatlyk-şowhun bilen geçmeýär. «Soňky günleriň juda kyn döwründe» ýaşaýandygy üçin olar hem käte göwnüçökgünlige düşýär (2 Tim. 3:1).
2 Şu makalada üç soragyň jogabyny bileris. 1) Hakyky bagtyň Gözbaşy kim? 2) Haýsy zatlar şatlygymyzy alyp biler? 3) Ruhdan düşsegem, aýaga galyp Ýehowa şatlanyp gulluk etmäge näme kömek eder?
ÝEHOWA ŞATLYGYŇ GÖZBAŞY
3. Ýaradylan zatlardan nämäni bilse bolýar? (Surata serediň).
3 Ýehowa hakyky bagtyň Gözbaşy. Ol bagtly bolmagymyzy, durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyzy isleýär. Hudaý bizi nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýär. Ýehowa owadan Ýer şaryny, al-elwan gülleri, geň-taň we gülkünç hereketleri edýän haýwanjyklary, süýji-süýji ir-iýmişleri ýöne ýere ýaratmady. Ol bizi gowy görýär, şatlanmagymyzy isleýär.
Baby elephant: Image © Romi Gamit/Shutterstock; penguin chicks: Vladimir Seliverstov/500px via Getty Images; baby goats: Rita Kochmarjova/stock.adobe.com; two dolphins: georgeclerk/E+ via Getty Images
Bökjekleşip oýnaşýan haýwanjyklar Ýehowanyň şadyýan Hudaýdygyny subut edýär (3-nji abzasa serediň).
4. a) Adamlaryň ejir çekýändigini görse-de, Ýehowa näme üçin şatlygyny ýitirmeýär? b) Ýehowa nädip derdimizi deň çekişýär? (Zebur 16:11).
4 Ýehowa adamlaryň ejir çekýändigini görende gynanýar. Emma şu zatlaryň şatlygyny almagyna ýol bermeýär, sebäbi Mukaddes Kitapda oňa «bagtly Hudaý» diýilýär (1 Tim. 1:11). Ýehowa kynçylyklaryň wagtlaýyndygyny bilýär, olary aýyrjak gününi eýýäm senenamasyna belläp goýdy. Ol agyny, agyryny ebedilik aýyrjak gününe sabyrly garaşýar. Şol güne çenli Ýehowa derdimizi deň çekişýär. Nädip? Bir sebäbi, ol her gün kalbymyzy şatlykdan doldurýar (Zebur 16:11-i okaň). Geliň, Hudaýyň Ogly Isa şatlanmaga nämäniň kömek edendigini bileliň.
5, 6. Isa şatlanmaga näme kömek edýärdi?
5 Ýehowanyň ýaradanlarynyň iň bagtlysy Isa. Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, «ol görünmez Hudaýyň keşbinde» ýaradyldy. Isa Atasynyň göreldesine doly eýerýär (Kol. 1:15; 1 Tim. 6:15). Ikinjiden, ol Ýehowanyň ýanynda hemmeden köp ýaşady. Hiç bir ynsan ýa-da perişde Ýehowany Isadan gowy tanaýan däldir.
6 Atasynyň tabşyran işini edende Isanyň begenjiniň çägi bolmaýardy (Nak. 8:30, 31; Ýah. 8:29). Ýehowa ondan razydy, oňa guwanýardy (Mat. 3:17).
7. Bagtly bolmak üçin näme etmeli?
7 Hakyky bagtyň Gözbaşy Ýehowany gowy tanasak, onuň bilen ýakyn dost bolsak, biziňem begenjimiziň çägi bolmaz. Ýehowany gowy tanamak üçin häsiýetleri, duýgulary hakda okap, oýlanmaly. Şonda ondan görelde alyp bagtly bolarys. Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek hem kalbymyzy şatlykdan doldurýar. Hudaýy razy edýändigiňi bilmekden uly bagt ýoka (Zeb. 33:12). Ýöne dogan-uýalaryň käbiri wagtal-wagtal, käbiri uzak wagtlap göwnüçökgünlige düşýär. Bu Hudaýyň olardan razy däldigini aňladýarmy? Elbetde, ýok. Ýehowa günälidigimiz üçin käte özümizden göwnümiz geçip, bar zatdan elimiziň sowaýandygyny bilýär, ýagdaýymyza düşünýär (Zeb. 103:14). Geliň, nämäniň şatlygymyzy alýandygyny we aýaga galmaga nämäniň kömek edýändigini bileliň.
HIÇ ZAT ŞATLYGYŇYZY ALMASYN
8. Gaýgy-alada nädip şatlygymyzy alýar?
8 1-nji sebäp: gaýgy-aladalar. Biziň köpümiz yzarlamalar, tebigy betbagtçylyklar, ýeter-ýetmezçilik, keselçilik ýa garrylyk sebäpli kösenýäris. Şeýle ýagdaýda eliňden hiç zat gelmese, lapykeç bolýarsyň. Mukaddes Kitapda: «Dertli ýürek ruhdan düşürýär» diýilýär (Nak. 15:13). Bir ýaşuly dogan dört ýylyň içinde doganyndan, ene-atasyndan jyda düşýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özümi ýeke, alaçsyz duýdum. „Işler bilen başagaý bolman, olar bilen köpräk wagt geçiräýmeli ekenim“ diýip öz etimi özüm iýýärin». Dogrudanam, gaýgy-aladalar güýç-gurbatdan gaçyrýar, şatlygyňy alýar.
9. Ruhdan düşenimizde aýaga galmaga näme kömek eder? (Ýermeýa 29:4—7, 10).
9 Kömek. Eger ýagdaýy bolşy ýaly kabul etsek we şükür edip ýaşasak, ýene-de şatlanyp bileris. Hak Hudaýy tanamaýan adamlar hakykatdan bagtly bolmak üçin ertekilerdäki ýaly ýaşamaly diýýärler. Emma olar gaty ýalňyşýar. Geçmişde Ýehowa Wawilona sürgün edilen halkyna nägile bolman, gününe kaýyl bolup ýaşamagy tabşyrypdy (Ýermeýa 29:4—7, 10-njy aýatlary okaň). Biz hem ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli, şükür edip ýaşamaly. Unutmaň, Ýehowa sizi hiç haçan ýeke goýmaz, taşlamaz (Zeb. 63:7; 146:5). Betbagtçylyk sebäpli maýyp bolan Effi uýa şeýle diýýär: «Ýehowa, maşgala agzalarym, dogan-uýalar maňa uly kömek edýär. Men içimden: „Eger durmuşdan umydymy üzsem, gadyrbilmez adam bolmarynmy? Olaryň eden ýagşylygyny bir köpük etmez ýaly, men şatlygymy ýitirmeli däl“ diýýärdim».
10. Kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge näme kömek eder?
10 Durmuşymyzda hemme zat gülala-güllük bolmasa-da, özümize ýa dogan-garyndaşlarymyza bir zat bolsa-da, şatlanyp bilerisb (Zeb. 126:5). Sebäbi şatlygymyz ýagdaýymyza bagly däl. Pioner bolup gulluk edýän Mariýa uýa şeýle diýýär: «Kynçylyklarda Ýehowanyň wadalary hakda oýlansak, ruhdan düşmeris. Elbetde, kynçylyklar sebäpli käte gözýaş dökeris, ýöne Atamyzyň kömegi bilen olara döz gelip, her gün şatlanyp bileris». Dogan-uýalar, ýadyňyzdan çykarmaň, kynçylyklar çekip-çydardan agyr bolsa-da, bary wagtlaýyn. Olar deňziň kenaryndaky aýak yzlara meňzeýär. Tolkun gelip olary ýuwup alyp gidýär. Şonuň ýaly Ýehowa-da tizden ýürek ýaralarymyzy bitirer, bolmadyk ýaly eder.
11. Pawlus resulyň wakasy bizi näme üçin ruhlandyrýar?
11 Eger Ýehowany gynandyrandygym üçin başyma şunça bela inýändir diýip pikir edýän bolsak näme? Onda geçmişdäki hudaýhon adamlaryň hem köp ejir çekendigi hakda oýlanyň. Isa Mesih Pawlus resula hormatly ýumuş ynandy. «Ol başga halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna» wagyz etmelidi (Res. 9:15). Isa Pawlusy bela-beterden goramady. Resul bolansoňam onuň göreni görgi boldy (2 Kor. 11:23—27). Ýehowa Pawlusdan närazydymy? Elbetde, ýok. Ýehowa ony gowy görýärdi, kyn gününde taşlamady. Ýehowa goldamadyk bolsa, Pawlus kyn ýagdaýlara döz gelip bilmezdi (Rim. 5:3—5). Dogan-uýalar, Ýehowa her biriňizi gowy görýär, kyn ýagdaýda çydamaga güýç berýär. Şol sebäpli şu güne çenli hak ýoldan sowulman berk dursuňyz.
12. Lapykeçlik nädip şatlygymyzy alýar?
12 2-nji sebäp: lapykeçlik (Nak. 13:12). Ýehowany söýýändigimiz üçin oňa iň gowy zadymyzy beresimiz gelýär, köpräk gulluk etmegi maksat goýýarys. Mümkinçiligimiz çäkli bolsa-da, elýetmez maksatlary goýsak, lapykeç bolarys (Nak. 17:22). Holli atly pioner uýa şeýle diýýär: «Meniň Hoş habarçylar mekdebinde okap, daşary ýurtda gulluk edesim gelýärdi. Ýa-da Ramapodaky gurluşyga gatnaşyp göresim gelýärdi. Emma ýagdaýym birden üýtgedi. Men ne mekdepde okap, ne-de gurluşyga gatnaşyp bildim. Garaşanyň çykmasa, ruhdan düşýän ekeniň. Maksadyňa ýetip bilmeseň, bar zatdan eliň sowaýar». Dogan-uýalaryň köpüsi Holliniň sözleri bilen ylalaşsa gerek!
13. Mümkinçiligimiz çäkli bolsa nähili maksatlary goýup bileris?
13 Kömek. Unutmaň, Ýehowa talapkär Hudaý däl. Ol güýjümiziň ýetmeýän zadyny talap etmeýär, ýygnakdaky borjumyza görä baha kesmeýär. Ýehowa pespäl hem wepaly bolmagymyzy isleýär (Mik. 6:8; 1 Kor. 4:2). Ol ýygnakda edýän işlerimizi görende begenýär, ýöne içki dünýämizi, ýagşy häsiýetlerimizi we päk niýetimizi görende has-da begenýär. Eger Ýehowa sizden köp zada garaşmaýan bolsa, sizem özüňizden köp zada garaşmaňc. Ýagdaýyňyzyň çäklidigi sebäpli käbir maksadyňyza ýetip bilmeseňiz, başarýan zadyňyzy ediň. Belki, ýaşlara bilýän zadyňyzy öwredersiňiz ýa-da garry dogan-uýalary ruhlandyrarsyňyz. Belki, olaryňka myhmançylyga baryp, çaý başynda gürrüň edersiňiz ýa jaň edip, SMS ýazyp göwünlik berersiňiz. Eger ýetip boljak maksatlary goýsak, özümizem begeneris, Hudaýam razy ederis. Sabyrly boluň, Jennetde Ýehowa üçin has köp işleri ederis, hiç bir maksat elýetmez bolmaz. Ýokarda agzalan Holli uýa şeýle diýýär: «Göwnüçökgünlige düşenimde ebedi ýaşaýşy göz öňüme getirýärin. Jennetde Ýehowa meni köp maksatlaryma ýetirer».
14. Ýene näme zat şatlygymyzy alýar?
14 3-nji sebäp: diňe özüňi bilip ýaşamak. Sosial ulgamlary özüňi bilip ýaşamagy öwredýär. Seresap bolmasak, «bagtly bolmak üçin bir günüm hoş günüm diýip ýaşamaly, islän zadyňy satyn almaly, syýahat etmeli, ýurt gezmeli» diýip pikir etmegimiz mümkin. Elbetde, durmuşyň hözirini görmegiň hiç hili erbetligi ýok. Ýehowa-da bizi owadan zatlardan lezzet alar ýaly edip ýaratdy. Emma adamlar durmuşdan lezzet almak, bagtly bolmak üçin edýän işleriniň aslynda betbagt edýändigine göz ýetirdiler. Ýewa atly pioner uýa şeýle gürrüň berýär: «Diňe özüňi bilip ýaşamak howply, sebäbi adamyň gözi hiç zatdan doýmaýar». Dogrudanam, özüni bilip ýaşaýan adamyň ýüzi gülse-de, ýüregi gülmeýär.
15. Süleýman patyşadan näme sapak edinýäris?
15 Diňe özüňi bilip ýaşamagyň bagtly etmeýändigini Süleýman patyşanyň wakasy hem subut edýär. Ol adamy bagtly edýän zat bar bolsa, hemmesini edip gördi. Ol her dürli näzi-nygmatlary iýerdi, şirin owazlary diňlärdi, pula satyn alyp bolýan zat bolsa alardy. Emma Süleýman: «Göz görmekden doýmaz, gulak eşitmekden» diýip, bularyň barynyň biderekdigini aýtdy (Nes. 1:8; 2:1—11). Dünýäniň bagtly edýän zatlary ýasama pula meňzeýär. Ol hakyky ýaly görünýär, ýöne hiç hili gymmaty ýok, derde ýaramaýar.
16. Bermek nädip bagtly edýär? (Surata serediň).
16 Kömek. Isa pygamber «bermegiň almakdan has bagtly edýändigini» aýtdy (Res. 20:35). Alekos atly ýaşuly dogan şeýle gürrüň berýär: «Özüňi bilip ýaşamaz ýaly, başgalara ýagşylyk etmeli. Ýönekeýje bolsa-da, birine kömek etseň, örän begenýärsiň, özüň ýadyňa düşmeýär». Siz Alekos dogandan näme öwrenip bilersiňiz? Kyn güne düşen dogan-uýalary ruhlandyryň. Elbetde, siz onuň kynçylygyny çözüp bilmersiňiz. Ýöne ünsli diňläp, duýgudaşlyk bildirip, gaýgy-aladasyny Ýehowa atmaga höweslendirip bilersiňiz (Zeb. 55:22; 68:19). Ýehowanyň ony taşlamaýandygyny, hemişe ýanyndadygyny ýatladyň (Zeb. 37:28; Işa. 59:1). Belki, oňa el kömegini berersiňiz, nahar bişirip eltersiňiz ýa-da gezelenje çagyrarsyňyz. Ruhlanmagyň we ruhlandyrmagyň iň gowy usuly — wagyz etmek. Şonuň üçin ony wagza çagyryň. Goý, Ýehowa siz arkaly başgalara kömek etsin. Adamlara ýagşylyk etmek bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr (Nak. 11:25).
Gaýgy-aladaňyz hakda oýlanyp, içiňizi hümledip oturman, mätäç dogan-uýalara ýagşylyk ediň (16-njy abzasa serediň).d
17. Hakyky bagtyň syry nämede? (Zebur 43:4).
17 Gökdäki Atamyz Ýehowa bilen ýakyn dost bolsak, hakykatdanam bagtly bolarys. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň huzuryndaky adamlaryň «şatlanýandygy» aýdylýar (Zebur 43:4-i okaň). Durmuşymyzda nähili ýagdaý bolsa-da, gorkara zat ýok, sebäbi şatlygyň Gözbaşy Ýehowa ýanymyzda (Zeb. 144:15).
155-NJI AÝDYM Ebedi şatlyk
a «Ýehowa şatlyk berýär» diýen çarçuwa serediň.
b JW.ORG saýtyndan «Ýolbaşçylyk maslahatynyň hasabaty No. 5 (2023)» diýen wideodan Dennis we Irina Kristensen barada biliň.
c «Garawul diňi» žurnalyndan «Ýetip boljak maksatlary goýuň we şatlanyň» diýen makalany okap bilersiňiz (w08-U 15/07).
d SURATYŇ BEÝANY: uýa bazara egin-eşik satyn almaga gidende begenýär. Ýöne ol ruhdan düşen garryja uýa gül satyn almaga gidende hasam begenýär.