Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Oktýabr sah. 12—17
  • Hudaýyň söýgüsi ebedidir

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň söýgüsi ebedidir
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI — MUKADDES KITABYŇ ESASY TAGLYMATY
  • ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSI HAKDA OÝLANYŇ
  • ŞÜBHÄNIŇ GÖZBAŞYNY ANYKLAŇ
  • HUDAÝA WEPALY BOLUŇ
  • Ýehowa mähirli Hudaý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň söýýändigine ynanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Oktýabr sah. 12—17

41-NJI MAKALA

108-NJI AÝDYM Hudaýyň wepaly söýgüsi

Hudaýyň söýgüsi ebedidir

«Ýehowa alkyş aýdyň, sebäbi ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi ebedidir» (Zeb. 136:1).

ESASY PIKIR

Ýehowa her bir adamy söýýär. Mukaddes Kitabyň şu esasy taglymatyna ynansak, kyn günlerde ruhdan düşmeris.

1, 2. Kyn ýagdaýa düşenimizde özümizi nähili duýýarys?

APY-TUPANDA deňizde galan gämini göz öňüne getiriň. Ol tolkunlaryň zarbyna eýläk-beýläk çaýkanýar. Eger deňizçi labyry taşlamasa, tolkunlaryň gämini nireden çykarjagy belli däl. Labyr bolsa gämini apy-tupanda çagşap gitmez ýaly berk saklaýar.

2 Apy-tupan ýaly kynçylyklarda sizem özüňizi eýläk-beýläk çaýkanýan gämi ýaly duýýansyňyz. Keýpiňiz üýtgäp durýandyr. Şu gün Ýehowanyň sizi söýýändigine, goldaýandygyna ynanýan bolsaňyz, ertesi gün «Hudaý kynçylyklarymy görýärmikä?» diýip oýlanýansyňyz (Zeb. 10:1; 13:1). Dostuňyz ruhlandyranda özüňize ynamyňyz artýandyr (Nak. 17:17; 25:11). Ýöne soň ýene-de ruhdan düşýänsiňiz, Ýehowa meni görmeýär, gadyrymy bilmeýär diýýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda göçme manydaky «labyry» nädip taşlamaly? Ýehowanyň söýýändigine, aladaňyzy edýändigine nädip ynamly bolmaly?

3. Zebur 31:7, 136:1-nji aýatlardaky «wepaly söýgi» diýen jümle nämäni aňladýar? Ýehowanyň «wepaly söýgä» baý Hudaýdygyna näme üçin ynanyp bileris? (Surata serediň).

3 «Labyry» taşlamagyň bir usuly Ýehowanyň söýgüsi barada oýlanmaly (Zebur 31:7; 136:1-nji aýatlary okaň). «Wepaly söýgi» diýen jümle ysnyşykly, ýürekden çykýan söýgini aňladýar. Ýehowa «wepaly söýgüden» doly Hudaý. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «wepaly söýgä baýdygy» aýdylýar (2 Mus. 34:6, 7). Şeýle-de Ol «özüni çagyrýanlardan wepaly söýgüsini gaýgyrmaýar» (Zeb. 86:5). Allatagala wepaly bendelerini hiç haçan ýeke goýmaýar. Ýehowanyň wepaly söýgüsini ýatdan çykarmasak, apy-tupan ýaly kynçylyklarda imanymyz sarsmaz (Zeb. 23:4).

Apy-tupanda deňizde galan gämini goraýan labyr.

Deňizde apy-tupan turanda labyryň gämini goraýşy ýaly, Ýehowanyň söýgüsi hem agyr günde berk durmaga kömek edýär (3-nji abzasa serediň).


HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI — MUKADDES KITABYŇ ESASY TAGLYMATY

4. Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna nämeler degişli we muňa näme üçin ynanýarsyňyz?

4 «Labyry» taşlamagyň ýene bir usuly Ýehowanyň söýgüsiniň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatydygy hakda oýlanmaly. Okuw geçip başlanyňyzda siz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny öwrenensiňiz. Olara şular degişli: Hudaýyň ady Ýehowa, Isa pygamber Hudaýyň ýeke-täk Ogly, ölen adamlar hiç zat bilmeýär, adamlar ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşar (Zeb. 83:18; Nes. 9:5; Ýah. 3:16; Ylh. 21:3, 4). Şol hakykatlary ýürekden kabul edendigiňiz üçin hiç kim sizi hak ýoldan sowup bilmedi. Siz köre-körlük bilen iman etmediňiz, ynanýan zatlaryňyz subutnamalara esaslanýar. Geliň, Mukaddes Kitabyň esasy taglymaty bolan Ýehowanyň söýgüsi barada gürrüň edeliň. Şonda «Ýehowa meni söýmeýär, aladamy etmeýär» diýen ruhdan düşürýän pikirleri ýeňeris.

5. Hakykaty tapan adam ýalan dinden nädip azat bolýar?

5 Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyzda ýalan dini düşünjelerden ýüz öwürmäge näme kömek etdi? Belki, çagalykdan aňyňyza siňen däp-dessurlary Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar bilen deňeşdirensiňiz. Meselem, siz adam ölensoň, ruhunyň ýaşaýandygyna ynanansyňyz. Ýöne Mukaddes Kitaby öwrenip, şol düşünjäniň ýalandygyna göz ýetirensiňiz. Siz ýalan dini taglymatdan ýüz öwrüp, Mukaddes Kitabyň şu hakykatyny kabul edensiňiz: ölüler hiç zat bilmeýär, gelejekde dogruçyllar hem-de erbetler direler (Kol. 1:15; Ýah. 3:18). Elbetde, köneden saplanmak aňsat däl. Emma hakykat bizi azat etdi (2 Kor. 10:4, 5). Indi ýalan diniň gulçulygyna dolanmarys (Flp. 3:13).

6. Ýehowanyň «wepaly söýgüsiniň ebedidigine» näme üçin ynanýarsyňyz?

6 Ýehowanyň söýgüsine şübhelenseňiz, ýokardaky usuly ulanyp bilersiňiz. Şübhe dörände: «Meniň şu pikirim dogrumy?» diýip oýlanyň. Soňra şübhäňizi makalanyň baş aýady bolan Zebur 136:1 bilen deňeşdiriň. Hudaýyň söýgüsine näme üçin «wepaly» diýilýär? 136-njy mezmurda näme üçin Ýehowanyň «wepaly söýgüsi ebedidir» diýip 26 gezek aýdylýar? Ýehowanyň halkyny wepaly söýgüsi bilen çoýýandygy hakdaky pikir Mukaddes Kitabyň esasy taglymaty. Beýleki taglymatlary kabul edişimiz ýaly, şu taglymaty hem ýürekden kabul etmeli. «Ýehowa seni söýmeýär, aladaňy etmeýär» diýen pikir barypýatan ýalan. Beýleki ýalan dini düşünjeleri edişiňiz ýaly, şu pikirleri hem aňyňyzdan sogrup taşlaň.

7. Haýsy aýatlar Ýehowanyň her birimizi söýýändigini subut edýär?

7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň her birimizi söýýändigi barada ençeme subutnamalar bar. Bir gezek Isa pygamber şägirtlerine: «Siz serçelerden has gymmatly» diýdi. Üns beren bolsaňyz, ol: «Siziň serçelerden gymmatly bolmagyňyz mümkin» diýmedi, gaýtam: «Siz has gymmatly» diýip anyk aýtdy (Mat. 10:31). Ýehowa hem halkyna: «Men saňa güýç bererin, kömek ederin, seni adalatly sag golum bilen goldaryn» diýdi (Işa. 41:10). Ol: «Saňa kömek etmegim mümkin» diýmedi. «Kömek ederin» diýip ynamly aýtdy. Durmuşyňyzda harasat gopanda Ýehowanyň söýgüsine şübhelenseňiz, şu aýatlar hakda oýlanyň. Şonda Ýehowanyň söýgüsini diňe bir duýman, gözüňiz bilen görersiňiz. Geçmişde aýatlaryň dogrudygyny subut edýän ençeme wakalar boldy. Şübhäňiz hakda Ýehowa doga ediň. Şonda: «Hudaýyň söýýändigini bilip, söýgüsine ynandym» diýip bilersiňiz (1 Ýah. 4:16).

8. Ýehowanyň sizi söýýändigine şübhelenýän bolsaňyz näme etmeli?

8 Eger sizde henizem Hudaý meni söýmeýär diýen pikir, duýgy dörese näme? Onda duýgyňyzy Ýehowa hakda öwrenen zatlaryňyz bilen deňeşdiriň. Adamyň duýgusy üýtgäp durýar, ýöne Ýehowanyň söýgüsi baradaky hakykat hiç haçan üýtgemeýär. Ýehowanyň söýýändigine şübhelenseňiz, onuň esasy häsiýetiniň söýgüdigine ynanmarsyňyz (1 Ýah. 4:8)a.

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSI HAKDA OÝLANYŇ

9, 10. Isa: «Atam sizi söýýär» diýmek bilen şägirtlerine näme öwretjek boldy? (Ýahýa 16:26, 27; surata serediň).

9 Ýehowanyň her birimizi söýýändigini Isa pygamberiň şägirtlerine aýdan sözlerindenem bilse bolýar. Ol: «Atam sizi söýýär» diýdi (Ýahýa 16:26, 27-nji aýatlary okaň). Isa şu sözleri şägirtlerini ýöne bir ruhlandyrmak üçin aýtdymy? Ýok, ol Hudaýa doga-dileg etmek barada wajyp hakykaty düşündirjek boldy.

10 Şu sözleri aýtmazdan öň, Isa özüne däl-de, ady arkaly Ýehowa doga-dileg etmelidigini düşündirdi (Ýah. 16:23, 24). Şägirtler üçin bu wajyp hakykatdy. Isa direlensoň, şägirtleri oňa doga etmegi mümkindi. Olar şeýle diýip bilerdi: «Isa biziň dostumyz. Ol bizi gowy görýär. Diýmek, biz Isa doga etmeli. Ol dileglerimizi ünsli diňlär we biziň üçin Atasyna ýalbarar». Ýöne Isa şeýle pikir etmegiň nädogrudygyny düşündirip: «Atam sizi söýýär» diýdi. Isanyň şu sözleri Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň biri. Siz hem Mukaddes Kitaby öwrenip, Isany tanadyňyz, eden ýagşylyklary hakda okap minnetdar bolduňyz (Ýah. 14:21). Ýöne siz Isa däl-de, Ýehowa dileg edýärsiňiz, sebäbi onuň sizi söýýändigini bilýärsiňiz. Her gezek Ýehowa doga edeniňizde, Mukaddes Kitabyň şu taglymatyna ynanýandygyňyzy görkezýärsiňiz (1 Ýah. 5:14).

Surat: dogan kölüň gyrasynda maşgalasy hakda Ýehowa dileg edýär. 1. Ol düşekde ýatan hassa aýalyna nahar getirip berýär. 2. Ol gyzy bilen maşgala okuwyny geçirýär. 3. Ol çykdajylaryny hasaplaýar.

Ýehowa «sizi söýýär», şonuň üçin dilegleriňize jogap berjekdigine asla şübhelenmäň (9, 10-njy abzaslara serediň).b


ŞÜBHÄNIŇ GÖZBAŞYNY ANYKLAŇ

11. Ýehowanyň söýgüsine şübhelensek, kimi begendireris we näme üçin?

11 Ýehowa seni söýmeýär diýen şübhäni kim aňymyza guýjak bolýar? Elbetde, Şeýtan. Ol «arlaýjy arslan kimin, awuny agtaryp ýör». Ýehowanyň söýgüsine şübhelensek, ol heşelle kakar (1 Pet. 5:8). Hudaý bizi söýýändigi üçin töleg gurbanyny berdi. Ýöne Şeýtan şeýle uly ýagşylyga özümizi mynasyp görmegimizi islemeýär (Ýew. 2:9). Eger Ýehowanyň söýgüsine şübhelensek, kim begener? Şeýtan begener. Ruhdan düşüp gulluk etmegimizi goýsak, kim heşelle kakar? Elbetde, Şeýtan. Içigara Şeýtan Ýehowa seni söýmeýär diýip ynandyrjak bolýar. Aslynda, onuň özi Hudaýyň söýgüsine mynasyp däl. Ol mekirlik bilen: «Sen ýaly adam kime gerek? Ýehowa senden ne peýda?» diýen pikiri aňymyza saljak bolýar (Efes. 6:11). Eger duşmanymyzyň hilelerini bilsek, oňa «garşy durmagy» berk ýüregimize düweris (Ýak. 4:7).

12, 13. Ýene näme sebäpden Ýehowanyň söýgüsine şübhelenip bileris?

12 Günälidigimiz üçin hem käte kellämize Ýehowa seni söýmeýär diýen pikir gelýär (Zeb. 51:5; Rim. 5:12). Adam atadan geçen günä Ýaradyjymyzdan daşlaşdyrdy. Günä zäher ýaly aňymyzy, ýüregimizi, içki dünýämizi we bedenimizi çüýredýär.

13 Bikämillik sebäpli dury pikirlenmek kyn bolýar. Käte özümizi alaçsyz, ynamsyz duýýarys. Köplenç şeýle duýgular ýalňyşlyk goýberenimizde döreýär. Aslynda, Hudaýyň başdaky niýetinde kämil adamda şeýle duýgular bolmaly däldi (Rim. 8:20, 21). Günäli adamy tekeriniň ýeli goýberen maşyna meňzetse bolýar. Şeýle maşyny tekiz ýolda-da sürmek aňsat bolmaýar. Şonuň ýaly günäli adama-da hak ýoldan ýöremek kyn bolýar. Ýehowa meni söýmeýär, aladamy etmeýär diýen pikirler badymyzy gowşadýar. Dogan-uýalar, sizde-de Ýehowanyň söýgüsine şübhe dörese, onuň «hudaýhonlary, tabşyryklaryny berjaý edýänleri söýýändigini, beýik hem haýbatly Hudaýdygyny» unutmaň (Neh. 1:5).

14. Töleg gurbany barada oýlanmak şübhäni ýeňmäge nädip kömek edýär? (Rimliler 5:8; «Günäniň aldawyna düşmäň» diýen çarçuwa serediň).

14 Köplenç günä sebäpli Ýehowanyň söýgüsine şübhelenýäris. Aslynda, hiç bir adam Ýehowanyň söýgüsine mynasyp däl. Ýöne Ýehowa söýýändigi, gadyrymyzy bilýändigi üçin töleg töledi. Muny bilibem, şeýle uly ýagşylyk eden Hudaýyň söýgüsine nädip şübhelenjek? (1 Ýah. 4:10). Isa pygamber kämil adamlary däl-de, günäli adamlary halas etmek üçin ýer ýüzüne geldi (Rimliler 5:8-i okaň). Dogry, ýalňyşmaýan adam ýok. Ýehowa-da bizden kämillige garaşmaýar. Ganymyza siňen günä sebäpli Hudaýyň söýgüsine şübhelensek, her gün içimizdäki duşman, ýagny günä garşy aldym-berdimli söweş alyp barmaly (Rim. 7:24, 25).

«Günäniň aldawyna düşmäň»

Mukaddes Kitapda «günäniň aldawa düşürýändigi» aýdylýar (Ýew. 3:13). Biz Adam atadan geçen günä sebäpli köp ýalňyşýarys. Üstesine-de, Ýehowanyň söýýändigine şübhelenýäris. Hawa, günä garşy durmak kyn.

Belki-de, siz ýygnan puluma hiç kim el urup bilmez, aldap pulumy alyp bilmez diýýänsiňiz. Ýöne seresap bolmasaňyz hilegär, ýalançy adamlaryň duzagyna düşüp, bar puluňyzy aldyrmagyňyz mümkin.

Günä-de edil hilegär adam ýaly. Ol ýüregimizdäki iň gymmat zady, ýagny Ýehowanyň söýgüsini ogurlajak bolýar. Günä duzaga düşürmek üçin ejizliklerimizi, ýalňyşlarymyzy ýadymyza salýar. Ýüregiňizde Ýehowanyň söýgüsine şübhe dörese, «günäniň aldawa düşürjek» bolýandygyna düşüniň we oňa garşy duruň.

HUDAÝA WEPALY BOLUŇ

15, 16. Ýehowa wepaly bolsak, nämä ynamly bolup bileris we näme üçin? (2 Şamuwel 22:26).

15 Ýehowa biziň wepaly bolmagymyzy isleýär (5 Mus. 30:19, 20). Şonda olam wepaly söýgüsi bilen çoýýar (2 Şamuwel 22:26-ny okaň). Eger Ýehowa wepaly bolsak, durmuşyň apy-tupan ýaly kynçylyklaryndan baş alyp çykarys.

16 Şu makalada «labyry» taşlamak üçin näme etmelidigini öwrendik. Şeýle-de Ýehowanyň bizi söýýändigini we aladamyzy edýändigini bildik. Bu Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň biri. Siz şübhe ýaly ýürekde döreýän duýgulara däl-de, Ýehowa barada öwrenýän zatlaryňyza ynanyň. Sebäbi duýgularymyz üýtgäp durýar, öwrenen zatlarymyz bolsa subutnamalara esaslanýar. Dogan-uýalar, geliň, Ýehowanyň wepaly söýgüsiniň ebedidigi baradaky hakykaty hiç haçan unutmalyň.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Hudaýyň söýgüsiniň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatydygy barada näme üçin oýlanmaly?

  •  Adam atadan geçen günä nädip şübhe döredýär?

  •  Şübhäni nädip ýeňmeli?

159-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdyň!

a  Şeýle-de 5 Musa 31:8, Zebur 94:14, Işaýa 49:15-nji aýatlary okasaňyz ruhlanarsyňyz.

b SURATYŇ BEÝANY: dogan ýarawsyz aýalynyň aladasyny eder ýaly, çykdajylaryny azaldar ýaly we gyzyna Hudaýy söýmegi öwreder ýaly Ýehowa doga edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş