47-NJI MAKALA
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
«Hudaý seni gowy görýär»
«Hudaý seni gowy görýär» (Dan. 9:23).
ESASY PIKIR
Özüne kembaha garaýan adamlara Ýehowanyň olary gowy görýändigine ynanmaga kömek ediň.
1, 2. Ýehowanyň bizi gowy görýändigini nireden bilýäris?
ÝEHOWA üçin her bir gullukçysy gyzyldan gymmat. Ýöne käbir dogan-uýalar Ýehowanyň olary gowy görýändigine ynanmaýarlar. Belki-de, olar kemsidilýändir, sylanmaýandyr ýa-da gadyry bilinmeýändir. Eger sizem özüňizi dereksiz, hiç kime gerekmejek ýaly duýýan bolsaňyz, Ýehowanyň sizi söýýändigine nädip ynamly bolup bilersiňiz?
2 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlara bolan garaýşyny görkezýän ençeme wakalar ýazylan. Siz olary okap, Ýehowanyň adamlary gowy görýändigine ynamyňyzy artdyryp bilersiňiz. Meselem, Isa pygamber adamlara hemişe hormat goýýardy we mähirli gepleşýärdi. Şeýdip, ol özüne kembaha garaýan adamlaryň Ýehowa üçinem, özi üçinem gadyr-gymmatlydygyny görkezdi (Ýah. 5:19; Ýew. 1:3). Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: 1) Ýehowanyň adamlary söýýändigini Isa pygamber nädip görkezdi? 2) Ýehowa üçin gadyr-gymmatlydygymyza ynanmaga bize näme kömek eder? (Hag. 2:7).
ISA ADAMLARA SÖÝÜLÝÄNDIGINE DÜŞÜNMÄGE KÖMEK ETDI
3. Isa Jeliledäki adamlara nädip kömek etdi?
3 Isa Jelile şäherinde üçünji gezek wagyz edip ýörkä, köp adamlar ony diňlemek we keselinden sagalmak üçin ýanyna geldiler. Isa olaryň «çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdygyny, hor-homsy ýaşaýandygyny» gördi (Mat. 9:36). Dini ýolbaşçylar adamlary kemsidýärdiler, olara hatda «nälet bolsun» diýýärdiler (Ýah. 7:47—49). Ýöne dini ýolbaşçylardan tapawutlylykda, Isa adamlar bilen mähirli gepleşýärdi we olara Hudaýyň Sözüni öwredýärdi, keselinden sagaldýardy (Mat. 9:35). Şeýle-de Isa şägirtlerine adamlara wagyz eder ýaly tälim berdi we syrkawlary sagaltmagy tabşyrdy (Mat. 10:5—8).
4. Isanyň äsgerilmeýän adamlara hormat goýup gepleşmegi nämäni görkezýär?
4 Isa kemsidilýän, äsgerilmeýän adamlar bilen mähirli gepleşip we hormat goýup, Atasynyň hem özüniň olary gowy görýändigini görkezdi. Eger sizem Ýehowa gulluk etseňiz-de, Onuň sizi söýýändigine şübhelenýän bolsaňyz, Isanyň Jeliledäki adamlar bilen özüni nähili alyp barandygy hakda oýlanyň. Şonda Ýehowanyň sizi gowy görýändigine ynamyňyz artar.
5. Jelileli aýal hakda gürrüň beriň.
5 Isa pygamber diňe bir köpçülige öwretmän, adamlara aýratynlykda hem üns berýärdi. Meselem, ol Jelilede wagyz edip ýörkä, 12 ýyl bäri gan akma keselinden kösenýän bir aýala duşýar (Mar. 5:25). Kanuna görä, aýal hapa hasaplanýardy, oňa degen adam hem hapa hasaplanýardy. Şol sebäpli aýal köpçülige goşulyp bilmeýärdi, beýleki adamlar bilen sinagogada ýa-da baýramçylyklarda Ýehowa sežde edip bilmeýärdi (3 Mus. 15:19, 25). Aýal diňe bir gan akma keselinden ejir çekmän, ruhdan düşüp, özüni söýülmeýän ýaly duýandyr (Mar. 5:26).
6. Gan akma keselinden ejir çekýän aýal sagalmak üçin näme etdi?
6 Birnäçe ýyl bäri ejir çekip ýören aýalyň keselinden sagalasy gelýärdi. Ýöne ol Isanyň ýanyna baryp: «Meni sagaldaý» diýip aýdyp bilmeýärdi. Belki-de, aýal öz ýagdaýyndan utanandyr ýa-da märekäniň arasyna barmaga gorkandyr. Hapa halyna märekäniň arasyna barsa, Isa käýäp, kowup goýberer öýdendir. Ýöne gan akma keselinden ejir çekýän aýal Isanyň donuna elini degirse-de, sagaljakdygyna ynanýardy (Mar. 5:27, 28). Onuň iman edişi ýaly-da bolýar. Aýal Isanyň donuna elini degren badyna, gan akmasy kesilýär. Isa märekeden özüne kimiň elini degrendigini soranda, aýal oňa ähli zady gürrüň berýär. Şonda Isa aýal bilen özüni nähili alyp barýar?
7. Isa köp ýyl bäri kösenýän aýala Ýehowanyň ony gowy görýändigine düşünmäge nädip kömek etdi? (Markus 5:34).
7 Isa aýalyň «gorkudan ýaňa titräp» durandygyny görýär (Mar. 5:33). Şol sebäpli onuň bilen mähirli hem-de sylaşykly gepleşýär. Isa onuň ýagdaýyna düşünip, ruhlandyrýar. Oňa hatda «gyzym» diýip ýüzlenýär. Şeýdip, Isa diňe bir hormat goýýandyny däl-de, mähirlidigini, ony söýýändigini görkezdi (Markus 5:34-i okaň). Öwrenmek üçin Mukaddes Kitapda şu söze şeýle düşündiriliş berilýär: «Isanyň gyzym diýen sözi Mukaddes Kitapda diňe şu wakada duş gelýär. Belki-de, Isa aýalyň gaty gorkandygyny görüp, şol mähirli sözi ulanandyr». «Gyzym» diýen sözi eşidende, aýal özüni nähili duýduka? Isanyň mähirli gepleşýändigini görüp, aýalyň başy göge ýetendir. Eger Isa onuň bilen mähirli gepleşmedik bolsa, aýal keselinden sagalsa-da, kanuny bozandygy üçin ömürboýy ynsaby kösärdi. Ýöne Isa aýalyň diňe bir keselinden sagalman, eýsem gökdäki Atasynyň gyzyny eý görýändigini, söýýändigini bilmegini isleýärdi.
8. Braziliýaly Mariýa nähili kynçylyklar bilen göreşýärdi?
8 Şu günler käbir dogan-uýalar ýarawsyzlygy, keseli sebäpli ruhdan düşýärler we özüni hiç kime gerekmejek ýaly duýýarlar. Braziliýada pioner bolup gulluk edýän Mariýaa şeýle gürrüň berýär: «Men maýyp bolup dünýä indim. Doglanymda iki aýagym we çep elim ýokdy. Maýyp bolanym üçin klasdaşlarym üstümden gülýärdi. Olar meni kemsidip, her hili lakam dakýardylar. Käte öýde-de özümi artykmaç ýük, hiç kime gerekmejek ýaly duýýardym».
9. Mariýa Ýehowanyň söýýändigine nädip düşündi?
9 Kynçylyklaryna çydamaga nämäniň kömek edendigi hakda Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň Şaýady bolanymdan soň dogan-uýalar meni ruhlandyrdylar. Olar özüme Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga kömek etdiler. Kömek eden dogan-uýalaryň atlaryny ýazyp, depderim dolup gitdi. Aladaçyl dogan-uýalary bereni üçin Ýehowa näçe minnetdarlyk aýtsamam az. Dogan-uýalaryň kömegi bilen Ýehowanyň arzyly gyzydygyma düşündim».
10. Magdalaly Merýem nämeden kösenýärdi we ol özüni nähili duýýardy? (Surata serediň).
10 Geliň, Isa pygamberiň magdalaly Merýeme Ýehowanyň ony söýýändigine düşünmäge nädip kömek edendigini bileliň. Merýemiň içine ýedi jyn giripdi (Luka 8:2). Jynlar oňa azar ýamanyny berýärdiler, şol sebäpli adamlar Merýemiň özüni alyp barşyndan gorkup, ondan gaçandyrlar. Jynlardan ýaňa Merýemiň görmedik güni ýokdy. Ol: «Hiç kim meni gowy görmeýär, kömek edip bilmeýär» diýip pikir edendir we hemişe gorkuda ýaşandyr. Isa Merýemiň içinden ýedi jyny çykarýar, şondan soň Merýem onuň şägirdi bolýar.
Isa magdalaly Merýeme Ýehowanyň ony gowy görýändigine düşünmäge nädip kömek etdi? (10, 11-nji abzaslara serediň).
11. Isa magdalaly Merýeme Hudaýyň ony gowy görýändigine düşünmäge nädip kömek etdi? (Surata serediň).
11 Isa magdalaly Merýeme Hudaýyň ony gowy görýändigine düşünmäge nädip kömek etdi? Isa şägirtleri bilen oba-oba aýlanyp wagyz edýärdi. Ol magdalaly Merýemi hem şägirdi bolmaga çagyrdyb. Şeýdip, Merýem Isanyň adamlara tälim berşini görüp, ondan köp zatlary öwrendi. Şeýle-de Isa direlen güni magdalaly Merýeme göründi. Merýem Isa direlensoň, onuň bilen gepleşen ilkinji şägirtleriň biridi. Mundan başga-da, Isa Merýeme özüniň direlendigini şägirtlere habar bermegi tabşyrdy. Şu zatlary görüp, Merýem Ýehowanyň ony gowy görýändigine, gadyryny bilýändigine göz ýetirendir (Ýah. 20:11—18).
12. Lidiýa näme üçin özüni söýülmeýän ýaly duýýardy?
12 Magdalaly Merýem ýaly şu günlerem köpler özüni hiç kime gerekmejek, söýülmeýän ýaly duýýarlar. Ispaniýada ýaşaýan Lidiýa şeýle gürrüň berýär: «Heniz ejemiň göwresindekäm ol meni aýyrtjak bolupdyr. Ýadyma düşýär, bäbek wagtym ejem mähir bermedi, onuň üçin meniň barym-ýogum birdi. Ol maňa ajysyny pürkýärdi. Şonuň üçinem hemişe adamlaryň meni söýmegini, dostlaşmagyny isleýärdim. Men näme etsemem, adamlar gowy görmez öýdüp gorkýardym. Kemsidilip ulalanym üçin özümden göwnüm geçipdi».
13. Lidiýa söýülýändigine düşünmäge näme kömek etdi?
13 Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlansoň, Lidiýanyň durmuşy bütinleý üýtgeýär. Doga-dileg, Mukaddes Kitap we dogan-uýalaryň mähirli, hoşamaý sözleri oňa söýülýändigine, gadyr-gymmatlydygyna düşünmäge kömek edýär. Lidiýa şeýle diýýär: «Ärim hemişe meni söýýändigini aýdýar. Ol meni gowy häsiýetlerim üçin öwüp durýar. Jana-jan dostlarym hem meni öwüp, ruhlandyrýarlar». Belki, siziň hem ýygnagyňyzda özüni söýülmeýän ýaly duýýan dogan-uýalar bardyr. Siz olar bilen mähirli gepleşip, söýgiňizi görkezip, Ýehowanyň olary söýýändigine düşünmäge kömek edip bilersiňiz.
ÖZÜŇIZE ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY ÝALY GARAŇ
14. 1 Şamuwel 16:7 özümize Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga nädip kömek edýär? («Ýehowa halkyny näme üçin gowy görýär?» diýen çarçuwa serediň).
14 Ýehowanyň garaýşy adamyňky ýaly däl (1 Şamuwel 16:7-ni okaň). Şu dünýäde köplenç daş-keşbe, at-abraýa, baýlyga ýa-da bilime seredip adama baha kesýärler (Işa. 55:8, 9). Ýöne Ýehowanyň garaýşy adamlaryňkydan tapawutlanýar. Şonuň üçin özüňize şu dünýäniň adamlary ýaly däl-de, Ýehowanyň garaýşy ýaly garaň. Geçmişde Ýehowanyň Ylýas, Nagomy we Hanna ýaly wepaly gullukçylary hem özlerini hiç kime gerekmejek ýaly duýupdyrlar. Mukaddes Kitapdan olar hakda okanyňyzda, Ýehowanyň nädip söýgüsini bildirendigine, gadyryny bilendigine üns beriň. Şeýle-de Ýehowanyň haýsy ýagdaýlarda size söýgüsini görkezendigi hakda oýlanyp, olary belläp goýuň. Mundan başga-da, edebiýatlarymyzdan özüňe baha bermek baradaky makalalary okap bilersiňizc.
15. Ýehowa näme üçin Danyýar pygamberi gowy görýärdi? (Danyýar 9:23).
15 Ýehowa wepaly adamlaryň gadyryny bilýär. Bir gezek Danyýar pygamber «örän ýadap», ruhdan düşýär. Şol wagt ol 90 ýaşlaryndan geçen bolmaly (Dan. 9:20, 21). Ýehowa Danyýary ruhlandyrmak üçin onuň ýanyna Jebraýyl perişdäni iberýär. Perişde Danyýara: «Hudaý seni gowy görýär» diýýär we onuň dogalaryny eşidýändigini aýdýar (Danyýar 9:23-i okaň). Hudaý Danyýary näme üçin gowy görýärdi? Danyýaryň ençeme gowy häsiýetleri bardy, üstesine-de, ol Hudaýa wepalydy we dogruçyldy (Hyz. 14:14). Ýehowa bizi ruhlandyrmak üçin Danyýaryň wakasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4). Dogan-uýalar, Danyýar pygamberiňki ýaly, Ýehowa siziňem doga-dilegleriňizi eşidýär, sebäbi siz dogruçyl ýaşamaga jan edýärsiňiz we Ýehowa wepaly gulluk edýärsiňiz (Mik. 6:8, çykgyt; Ýew. 6:10).
16. Ýehowanyň mähirli Atadygyna düşünmäge näme kömek edýär?
16 Ýehowa mähirli, aladaçyl Ata. Ol sizden kemçilik gözlemeýär, gaýtam kömek etmek isleýär (Zeb. 130:3; Mat. 7:11; Luka 12:6, 7). Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlanmak köp dogan-uýalara özlerine dogry baha bermäge kömek etdi. Geliň, ispaniýaly Mişel hakda gürrüň edeliň. Mişel özüni hiç kime gerekmejek, söýülmeýän ýaly duýýardy, sebäbi äri ony kemsidýärdi we gödek gepleşýärdi. Mişel şeýle gürrüň berýär: «Özümi hiç kime gerekmejek ýaly duýanymda, Ýehowany çagasyny gujagynda göterýän ata ýaly göz öňüne getirýärin. Ol meni hem söýüp, eliniň aýasynda gorap saklaýar» (Zeb. 28:9). Günorta Afrikada ýaşaýan Loren hemişe özüne şeýle sözleri ýatladýar: «Eger Ýehowa meni özüne ýakynlaşdyrmadyk bolsa, Onuň bilen ýakyn dost bolup, gulluk edip bilmezdim. Dogrudanam, Ýehowa meni gowy görýär we gadyrymy bilýär» (Hoş. 11:4).
17. Ýehowanyň bizden razydygyny nädip bilmeli? (Zebur 5:12; surata serediň).
17 Ýehowa bizden razy (Zebur 5:12-ni okaň). Dawut Ýehowanyň dogruçyl adamlardan razydygyny we olary «galkan kimin goraýandygyny» aýtdy. Özüňize kembaha garap, erbet adam hasaplap başlanyňyzda Ýehowanyň sizden razydygy hakda oýlanyň. Şonda erbet pikirleri ýeňip bilersiňiz. Ýehowanyň bizden razydygyny nädip bilmeli? Ol muny Mukaddes Kitap arkaly aýdýar. Şeýle-de ýaşulular, jana-jan dostlarymyz we dogan-uýalar Ýehowanyň bizi gowy görýändigini, gadyrymyzy bilýändigini ýatladýar.
Ýehowanyň bizden razydygyny ýatdan çykarmasak, özümize kembaha garamarys (17-nji abzasa serediň).
18. Biz öwgüli sözleri näme üçin kabul etmeli?
18 Dost-ýarlaryňyz, dogan-uýalar ýagşy işleriňiz üçin öwende, içiňizden: «Ol meniň göwnümi göterjek bolýar, aslynda beýle däl» diýip pikir etmäň. Ýadyňyzdan çykarmaň, Ýehowa olaryň üsti bilen sizden razydygyny aýdýar. Ýokarda agzalan Mişel şeýle diýýär: «Men ýuwaş-ýuwaşdan dogan-uýalaryň aýdýan öwgüli sözleriniň dogrudygy bilen ylalaşyp başladym. Elbetde, aňsat bolmady. Ýöne bir zada göz ýetirdim, Ýehowa meniň öwgüli sözleri kabul etmegimi isleýär». Ýaşulular hem Mişele Ýehowanyň ondan razydygyna düşünmäge kömek etdiler. Häzir Mişel hem pioner, hem Beýtelde meýletinçi bolup gulluk edýär.
19. Ýehowanyň arzyly ogul-gyzydygyňyza näme üçin ynamly bolup bilersiňiz?
19 Isa bize gökdäki Atamyz Ýehowanyň gyzyldan gymmat saýýandygyny ýatladýar (Luka 12:24). Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowanyň bizi söýýändigini, gadyrymyzy bilýändigini hiç wagt ýatdan çykarmaň. Geliň, başgalara hem Ýehowanyň olary arzylap söýýändigine düşünmäge kömek edeliň.
139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!
a Käbir atlar üýtgedildi.
b Isa bilen şäher-şäher, oba-oba aýlanyp wagyz eden aýallaryň arasynda magdalaly Merýem hem bardy. Olar Isanyň hem-de resullaryň zerur zatlaryny ýetirmek üçin öz pullaryny harçladylar (Mat. 27:55, 56; Luka 8:1—3).
c «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabynyň 24-nji babyny we «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitabynyň «Özüňe kembaha garamak» temasyndaky aýatlary hem-de Mukaddes Kitapdan mysallary okaň.