Aksakgal gojalar, çal saçly eneler — ýygnagyň diregi
«Adam garrasa-da, göwni garramaýar. Şonuň üçin ýaşlygymdaky ýaly Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýändigime ruhdan düşýärin». Kamillaa, 83 ýaşynda.
Belki, sizem garrylyk sebäpli ruhdan düşýänsiňiz. Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsaňyz, ýygnakda köp işleri edip bilmeýändigiňize gynanýansyňyz. Häzirki edýän işleriňizi ujypsyz hasaplaýansyňyz. Şeýle ruhdan düşürýän pikirleri ýeňmäge näme kömek eder?
ÝEHOWA SIZIŇ NÄME ETMEGIŇIZI ISLEÝÄR?
Şu soragyň jogabyny bilmäge 5 Musa 6:5-däki sözler kömek edýär. Ol ýerde: «Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin güýjüňiz bilen söýüň» diýilýär.
Diýmek, Ýehowa siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly däl-de, häzirki güýjüňiz bilen gulluk etmegiňizi isleýär. Mähriban çal saçly dogan-uýalar, Ýehowa sizi gowy görýär, başgalar bilen deňeşdirmeýär. Siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly köp gulluk edip bilmejekdigiňize düşünýär.
Siz ýaş wagtyňyz yssy, sowuk diýmän, armany-ýadamany bilmän, uzak ýerlere gidip wagyz etdiňiz. Şeýdip, Ýehowa iň gowy zadyňyzy berdiňiz. Indi garradyňyz, güýç-gurbatdan gaçdyňyz. Ýehowanyň sizden göwni geçdimi? Elbetde, ýok! Ol siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly häzirem eliňizde baryny edip gulluk edýändigiňizi görüp begenýär. Güýjüňiziň ýetdiginden iň gowy zadyňyzy berýändigiňizi bilýär.
Garry dogan-uýalar, siz ýaş wagtyňyzam, häzirem Ýehowa iň gowy zadyňyzy berip gulluk edýärsiňiz
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK
«Dert ýamany garrylyk» diýip içiňizi hümledip oturman, näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Belki, siziň edip bilýän işleriňizi ýaşlar başarýan däldir.
Başdan geçiren wakalaryňyzy gürrüň beriň. Mukaddes Kitapda hem şeýle eden adamlar hakda ýazylan.
Dawut patyşa: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym, Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni, zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni» (Zeb. 37:25).
Ýuşa: «Indi meniň ölümim golaýlap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi» (Ýuşa 23:14).
Belki, sizem ýaşlara şeýle öwüt-nesihatlary berensiňiz. Dawut, Ýuşa ýaly garry dogan-uýalaryň agzyndan şeýle sözleri eşitmek örän ruhlandyrýar. Sebäbi olar ondan-mundan eşiden zatlaryny däl-de, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edende başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär.
Belki, siz gulluk eden ýyllaryňyzda Ýehowanyň elini ençeme sapar görensiňiz. Onuň size, dogan-uýalara eden ýagşylygynyň diri şaýady bolansyňyz. Dogan-uýalar şol wakalary siziň agzyňyzdan eşitseler, örän ruhlanar, sizem ruhlanarsyňyz (Rim. 1:11, 12).
Dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin ýygnaklara Internet arkaly däl-de, ýagdaýyňyzyň boldugyndan Ýygnak jaýyna baryp gatnaşyň. Ýokarda agzalan Kamilla uýa şeýle diýýär: «Ýygnaklara baranymda aňsat-aňsat ruhdan düşmeýärin. Güler ýüzli dogan-uýalary görüp nädip ruhdan düşjek diýsene?! Men olara kiçiräk sowgat berýärin. Men ömrümiň soňuna çenli dogan-uýalar bilen görşüp, Ýehowany şöhratlandyrmagy ýüregime düwdüm».
SIZ ÝEHOWANYŇ DÜRDÄNESI
Mukaddes Kitapda-da Ýehowa jany-teni bilen gulluk eden erkekdir aýallar bar. Olaryň biri Şimgon goja. Ol Isanyň doglan wagtlary ýaşapdy. Şimgon her gezek ybadathana baranda ýaş ýigitleriň arman-ýadaman gulluk edýändigini görýärdi. Ol Ýehowa üçin köp zat edip bilmeýändigine gynanandyr. Ol özüni dereksiz duýanam bolsa, Ýehowa ony «dogruçyl we hudaýhon adam» hasaplaýardy. Hatda bäbek Isany görmäge mümkinçilik berdi. Şimgon Mesih barada pygamberlik hem etdi (Luka 2:25—35). Şimgonyň bedeni gowşasa-da, imany gowşamandy, «onda Hudaýyň mukaddes ruhy bardy», Ýehowa söýgüsi ot bolup ýanýardy.
Ýehowa Şimgona bäbek Isany görkezdi we Mesih hakda pygamberlik etdirdi
Garrylyk sebäpli köp zat edip bilmeseňiz-de, Ýehowanyň edýän gullugyňyzyň gadyryny bilýändigini unutmaň, «sebäbi Hudaý adamyň güýji ýetmeýän zadyny däl-de, güýji ýetýän zadyny bermegini isleýär» (2 Kor. 8:12).
Güýjüňiziň ýetýän zadyny etjek boluň. Belki, az wagt bolsa-da, öýden-öýe ýa-da köçede wagyz edip bilersiňiz. Dogan-uýalara jaň edip ýa-da hat ýazyp ruhlandyryň. Siziň ýaly çal saçly garrylardan ýakymly sözleri eşitse, olar hasam ruhlanar.
Syrkaw bolsaňyz hem Ýehowa iň gowy zadyňyzy berip şatlanyp bilersiňiz. Gündogar Afrikada ýaşaýan uýanyň wakasyny «Onuň janyny halas etdi» diýen çarçuwadan okaň.
Siz sarsmaz imanyňyz, wepalylygyňyz we çydamlylygyňyz bilen dogan-uýalara görelde bolýarsyňyz. «Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).
ELIŇIZDE BARYNY EDIŇ
Barlaglara görä, garrylar başgalara kömek etse, özüni gowy duýýar, dury pikirlenýär we uzak ýaşaýar.
Elbetde, ýagşylyk etmek adamy gudrat bilen ýigdeltmeýär. Garrylygy, ölümi we Adam atadan geçen günäni diňe Hudaýyň Patyşalygy aýrar (Rim. 5:12).
Ýöne siz eliňizde baryny edip gulluk etseňiz, hoş habary wagyz etseňiz, umydyňyz berk, saglygyňyzam gowy bolar. Garry dogan-uýalar, unutmaň, siz Ýehowanyň göz-guwanjy.
a Käbir atlar üýtgedildi.