Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Dekabr sah. 20—25
  • Toýuňyz Ýehowa şöhrat getirsin

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Toýuňyz Ýehowa şöhrat getirsin
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME ÜÇIN ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRMALY?
  • ÝEHOWANY NÄDIP ŞÖHRATLANDYRMALY?
  • KYNÇYLYKLARYŇ NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Dekabr sah. 20—25

51-NJI MAKALA

132-NJI AÝDYM Biz bir beden

Toýuňyz Ýehowa şöhrat getirsin

«Ýöne ähli zady edepli we tertip-düzgün boýunça ediň» (1 Kor. 14:40).

ESASY PIKIR

Ýehowany şöhratlandyrýan toýlar.

1, 2. Ýehowa toýuň nähili geçmegini isleýär?

SIZ adaglanan ýaşlary tanaýarsyňyzmy? Olaryň ýüzi gülüp durandyr, ýöne aladasy hem ýetikdir. Sebäbi olar toýuny gowy geçirip, abraý bilen sowmak isleýär. Ýehowa-da ýaşlaryň toý günündena başlap, hemişe bagtly bolmagyny isleýär (Nak. 5:18; Aýd. 3:11).

2 Toý güni hemmeleriň ýüzi gülýär, ýöne, esasan, Ýehowanyň ýüzi gülmeli. Mesihçiniň toýy näme üçin Ýehowa şöhrat getirmeli? Şeýle toýy nädip tutmaly? Şu makala toý tutjak ýaşlara degişli bolsa-da, ondaky maslahatlar toýa gelýän myhmanlara-da, toýda hyzmat edýänlere-de peýdaly bolar.

NÄME ÜÇIN ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRMALY?

3. Toý etjek ýaşlar ilki kimiň garaýşyny göz öňünde tutmaly we näme üçin?

3 Ýaşlar toýuň planyny düzende Ýehowanyň Sözündäki maslahata eýermeli, sebäbi maşgala ojagyny Ýehowa döretdi. Ýehowa ilkinji maşgalanyň, ýagny Adam ata bilen How enäniň toýuny tutdy (1 Mus. 1:28; 2:24). Şonuň üçin toý tutjak ýaşlar ilki bilen Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly.

4. Ýaşlar ýene haýsy sebäbi görä, Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly?

4 Toý tutjak ýaşlar ýene bir sebäbi görä, Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Ol diňe maşgala ojagyny döretmän, biziň Atamyz we Dostumyz (Ýew. 12:9). Goý, toý güni hiç zat Ýehowa bilen dostlugyňyzy bozmasyn (Zeb. 25:14). Siz Ýehowanyň şu güne çenli edýän ýagşylyklary we gelejekde berjek bereketleri hakda oýlansaňyz, bir gün üçin Dostuňyzyň göwnüne degmersiňiz (Zeb. 116:12).

ÝEHOWANY NÄDIP ŞÖHRATLANDYRMALY?

5. Mukaddes Kitabyň maslahaty gowy toý tutmaga nädip kömek edýär?

5 Mukaddes Kitapda nädip toý etmelidigi hakda anyk görkezme berilmeýär. Ýaşlar ýagdaýyna, medeniýetine görä toý edip biler, ýöne olar döwletiň kanunyna gulak asmaly (Mat. 22:21). Şeýle-de olar toýuny Mukaddes Kitabyň prinsiplerine görä planlasa, Ýehowany şöhratlandyrar we begendirer. Geliň, käbir prinsiplere seredeliň.

6. Toý tutjak ýaşlar näme üçin döwletiň kanunyna gulak asmaly?

6 Döwletiň kanunyny berjaý ediň (Rim. 13:1, 2). Köp ýurtlarda toý etjek ýaşlardan käbir kanunlary berjaý etmek talap edilýär. Ýaşlar ýaşaýan ýerinde haýsy kanunlary berjaý etmelidigini bilmeli. Eger kömek gerek bolsa, olar ýaşululara ýüz tutup biler.b

7. Toýuň gymmaty gaçmaz ýaly näme etmeli?

7 Hiç zat toýuň gymmatyny gaçyrmasyn (1 Kor. 10:31, 32). Mesihçiler dünýädäki adamlar ýaly däl-de, Hudaýyň islegine görä toý tutmaly (Gal. 5:19—26). Mukaddes Kitaba görä, toýuň gowy geçmegine öýlenýän ýigit jogapkär. Ol toýy nädip gurnap biler? Toýda Mukaddes Kitaba esaslanan nutuk aýdylýar. Nutukçy mähir bilen we ruhlandyryjy äheňde çykyş etse, myhmanlar Hudaýyň maşgala ojagyny mukaddes hasaplaýandygyna düşüner. Şeýle-de toý dabarasynyň ýönekeý çäre däldigine göz ýetirer. Ýaşlaryň köpüsi toýuny Ýygnak jaýynda geçirmek isleýär. Eger şeýle etmek isleseňiz, öňünden ýaşulular maslahatyna haýyşnama ýazsaňyz gowy bolar.

8. Toý dabarasy Ýehowa şöhrat getirer ýaly näme etmeli? (Rimliler 13:13).

8 Rimliler 13:13-i okaň. Nikadan geçen käbir ýaşlar toý etse, käbiri etmeýär. Eger toý etmekçi bolsaňyz, nämeleri göz öňünde tutmaly? Aýatdaky «keýpi-sapaly oturyşyklar» diýen jümle meýlis gurap, içip serhoş bolmagy we ýarygijä çenli aýdym-saz diňlemegi aňladýar. Eger toýda spirtli içgileri goýmakçy bolsaňyz, hiç kim serhoş bolmaz ýaly gözegçilik ediňc. Şeýle-de myhmanlar arkaýyn gürrüňdeş bolup biler ýaly aýdym-sazyň sesini gaty açmaň. Toýdaky aýdymyň sazy we sözi hiç kimi büdretmeli däl.

9. Toýda aýdyljak gutlaglara we wideo-suratlara näme üçin ünsli bolmaly?

9 Toýa gelen myhmanlar ýaşlary gutlaýar, olar üçin taýýarlan wideosyny we suratlaryny görkezýär. Şu zatlar toýy gyzykly edýär, ýöne siz olaryň ruhlandyryjy bolmagyna gözegçilik ediň (Flp. 4:8). Şu soraglar hakda oýlanyň: gutlaglar ýa-da wideo-suratlar myhmanlary büdredermi? Nikanyň gymmatyny gaçyrarmy? Iň esasy zat bolsa, Ýehowany gynandyrarmy? Toýy gutlaýan adamlaryň degşip aýdan sözleri myhmanlaryň göwnüni göterip biler. Ýöne olary güldürjek bolup ýerliksiz, ahlaksyz gürrüňleri etmeli däl (Efes. 5:3). Siz toýa geljek myhmanlar bilen şu zatlar hakda öňünden gepleşseňiz gowy bolar.

10. Ýaşlar näme üçin uludan toý tutmaly däl? (1 Ýahýa 2:15—17).

10 Uludan toý tutmaň (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Ýehowany begendirýän ýaşlar toý tutanda özüne üns çekmän, Hudaýy şöhratlandyrmak isleýärler. Olar köp çykdajy edip, uludan toý tutup adamlary haýran galdyrjak bolmaýarlar. Toýuňyzy ýönekeý etseňiz nähili peýda alarsyňyz? Norwegiýada ýaşaýan Maýk şeýle gürrüň berýär: «Uludan toý tutmansoň, biz köp bergi etmedik. Şeýlelikde, pioner gullugyny dowam etdik. Toýumyz ýönekeý bolsa-da, gyzykly geçdi. Häzir toý günümizi begenip ýatlaýarys». Hindistanda ýaşaýan Tawita şeýle diýýär: «Ýönekeý toý tutansoň, etmeli-goýmaly işler az boldy, başgalary kän alada goýmadyk».

Surat: bütin dünýädäki dogan-uýalar toýda ýaşlaryň şatlygyna goşulýar. 1. Ýigit bilen gelin Ýygnak jaýynda toý nutugyny diňleýär. 2. Bir är-aýal toý tutýan ýaşlary gutlaýar. 3. Ýaş çatynjalar myhmanlar bilen nahar iýýär. 4. Ýigit bilen gelin daşarda toý nutugyny diňleýär.

Ýaşlar nirede ýaşasa-da, toýuny ýönekeý, ýakymly hem ýatdan çykmaz ýaly geçirip biler (10, 11-nji abzaslara serediň).


11. Ýigit bilen gelin nähili egin-eşik geýmeli? (Surata serediň).

11 Belki, siz eýýäm toý güni geýjek egin-eşigiňizi saýlansyňyz. Elbetde, siz toý güni has owadan görünmek isleýänsiňiz. Mukaddes Kitapda hem öýlenýän ýigit bilen gelniň owadan toý lybasyny geýendigi ýazylan (Işa. 61:10). Elbetde, toý günündäki egin-eşigiňiz adaty günlerden tapawutlanar. Ýöne siz: «Ömrümde ýekeje gezek toý edýärin» diýip, göze ilginç geýinmäň (1 Tim. 2:9). Egin-eşigiňiz bilen myhmanlary haýran galdyrjak bolmaň. Goý, toýdan soň olaryň ýadynda siziň egin-eşigiňiz däl-de, ýakymly pursatlar galsyn (1 Pet. 3:3, 4).

12. Ýaşlar toýy arassa geçer ýaly näme etmeli?

12 Däp-dessurlar bilen toýuňyzy hapalamaň (Ylh. 18:4). Şu günler toýlarda ýaşlara bagt arzuw edip, däp-dessurlary, urp-adatlary berjaý edýärler. Olaryň köpüsi ýalan dinden we jadygöýlikden gelip çykan. Ýehowa bize: «Haram zada el degirmäň» diýip açyk aýdýar (2 Kor. 6:14—17). Eger käbir däp-dessurlaryň nireden gelip çykanyny bilmeýän bolsaňyz, şol hakda gözleg geçiriň we Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda oýlanyň. Şonda toýuňyz arassa bolar.

13. Ýehowadan görelde alýan ýaşlar nähili sowgady has gymmat saýýar?

13 Toýa gelen myhmanlar ýigit bilen gelne sowgat berýär. Olaryň gurplylary gymmat sowgat getirse, başgalary ýagdaýynyň çatdygyndan ýönekeý sowgatlary berýär. Elbetde, biz sowgat bermegi gowy görýäris, «bermegiň almakdan has bagtly edýändigini» bilýäris (Nak. 11:25; Res. 20:35). Ýöne öýlenýän ýigit bilen gelin myhmanlar hökman sowgat getirmelidir öýtmeli däl ýa-da ýönekeý sowgat getirenleri utandyrmaly däl. Biz Ýehowanyň göreldesine eýerýäris. Biziň üçin gymmatbaha sowgatlar däl-de, ak ýürekden berlen sowgatlar has gymmatly (2 Kor. 9:7).

KYNÇYLYKLARYŇ NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

14. Ýaşlarda toý tutmak bilen bagly nähili kynçylyk bolup biler?

14 Ýehowany şöhratlandyrýan toý tutmak aňsat däl. Ýönekeý toýlaryňam hysyrdysy ýetik bolýar. Süleýman adalarynda ýaşaýan Çarli şeýle diýýär: «Tanyş-bilişleri toýa çagyrmasaň gaty görýärler. Biziň bolsa dost-ýarlarymyz köp. Şonuň üçin toýa näçe adamy çagyrmalydygyny çözmek kyn boldy». Ýokarda agzalan Tawita şeýle diýýär: «Ýurdumyzda uludan toý tutmak moda. Biz toýumyza bary-ýogy 100 adam çagyrmak isleýärdik. Ene-atamyz bolsa munuň bilen ylalaşmady. Olary razy etmek üçin ençeme sagat gepleşmeli bolduk». Hindistanda ýaşaýan Sara şeýle diýýär: «Biziň ýurdumyzda adamyň abraýyna tutýan toýuna görä baha berýärler. Garyndaşlarymyň çagalary uludan toý etdiler. Dogan-garyndaşlarym meniň olardan hem uly toý etmegimi islediler». Ýaşlar şeýle kynçylyklaryň nädip öňüni alyp biler?

15. Biz näme üçin toýuň planlary hakda Hudaýa doga etmeli?

15 Toýuň planlary hakda Ýehowa doga ediň. Alada goýýan ýagdaýlary birin-birin gürrüň beriň (Flp. 4:6, 7). Ýehowadan dogry karara geler ýaly akyldarlyk, alada edeniňizde kalbyňyza parahatlyk, aýgytly hereket eder ýaly mertlik soraň (1 Pet. 5:7). Ýehowanyň dogaňyza jogap berendigini göreniňizde imanyňyz has-da berkär. Tawita şeýle diýýär: «Biz biri-birimiz ýa-da dogan-garyndaşlarymyz bilen toýuň maslahatyny edenimizde ylalaşmak kyn bolar öýdüp alada etdik. Şonuň üçin her sapar maslahat etmezden öň Hudaýa dileg etdik. Ýehowanyň kömegi bilen asuda ýagdaýda toýuň planlaryny düzdük».

16, 17. Toýy gowy planlar ýaly näme üçin açyk gepleşmeli?

16 Açyk we sylaşykly gepleşiň (Nak. 15:22). Ýaşlar toý bilen bagly wajyp kararlara gelmeli bolýar. Meselem, toýy haçan etmeli? Näçe çykdajy bolar? Toýa kimleri çagyrmaly? Karara gelmezden öň Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda gepleşiň we imany berk dogan-uýalardan maslahat soraň. Pikiriňizi aýdanyňyzda ýumşak boluň, öz diýeniňizi tutup durmaň, başgalaryň teklibini kabul ediň. Ýerlikli bolsa, ene-ataňyzyň toý bilen bagly haýyşlaryny göz öňünde tutuň, sebäbi olar hem şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olaryň haýyşyny edip bilmeýän bolsaňyz, sebäbini ýumşaklyk bilen düşündiriň (Kol. 4:6). Olara toýuňyzyň, esasan, Ýehowa şöhrat getirmelidigi hakda aýdyň.

17 Ene-ataňyz Ýehowanyň Şaýady bolmasa, garaýşyňy düşündirmek has kyn bolup biler. Hindistanda ýaşaýan Santoş şeýle diýýär: «Ene-atamyz toýda hindi däp-dessurlaryny berjaý etmek islediler. Olara toýda däp-dessur etmeli däldigini düşündirmek üçin ençeme sagat gepleşmeli bolduk. Ýöne Mukaddes Kitabyň prinsipleri bozulmaýan bolsa, olaryň isleg-arzuwyny göz öňünde tutduk. Meselem, toýuň naharlaryny olaryň halaýan naharlaryna çalyşdyk. Şeýle-de olaryň islegini göz öňünde tutup toýda aýdym-saz etmedik».

18. Toýy nädip guramaçylykly geçirmeli? (1 Korinfliler 14:40; surata serediň).

18 Toýy gowy planlaň. Şonda toý güni arkaýyn bolarsyňyz (1 Korinfliler 14:40-y okaň). Taýwanda ýaşaýan Weýn şeýle diýýär: «Toýdan birnäçe gün öň hyzmat etjek dogan-uýalar bilen maslahat etdik. Olar myhmanlary garşy almalydy, aýdym-saza seretmelidi, çäreleri gurnamalydy. Biz toý güni hemme zadyň guramaçylykly bolmagyny isledik». Toý dabarasyny bellenen wagtda başlaň, şonda myhmanlara hormat goýýandygyňyzy görkezersiňiz.

Adaglanan ýaşlar toýda hyzmat etjek dogan-uýalar bilen maslahat edýär. Dogan planşetinden toýa geljek myhmanlaryň oturmaly ýerlerini görkezýär.

Toýuň planyny gowy düzseňiz, ähli zat isleýşiňiz ýaly bolar 18-nji abzasa serediň).


19. Bolup biläýjek kynçylyklaryň öňüni nädip almaly?

19 Ýüze çykyp biljek kynçylyklar hakda öňünden oýlanyň (Nak. 22:3). Belki, iman etmeýän dogan-garyndaşlar çagyrylmasa-da toýa gelýändir. Onda olara toýy nähili geçirmekçi bolýandygyňyzy, däp-dessurlaryň edilmejekdigini öňünden aýdyň. Olara jw.org saýtyndan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň toýy nähili geçirilýär?» diýen makalany okamaga beriň. Toýda hemme zady gözegçilikde saklar ýaly, imany berk dogany «guramaçy» belläň (Ýah. 2:8). Oňa toýuň planlaryny birin-birin aýdyň. Şonda ol toýy isleýşiňiz ýaly gurnar.

20. Toý tutýan ýaşlar nämäni ýatdan çykarmaly däl?

20 Toý günüňiz golaýlaşdygyça alada edýänsiňiz, ýöne toýuň bir günde geçip gidýändigini unutmaň. Ol siziň Ýehowa agzybir gulluk etjek maşgala durmuşyňyzyň başlangyjydyr. Toýuňyzy uludan tutmaň, hiç zat toýuňyzy hapalamasyn. Ýehowa bil baglaň, onuň kömegi bilen toýuňyzy abraý bilen sowarsyňyz. Gelejekde şol güni ýatlap ýylgyranyňyzy duýman galarsyňyz (Zeb. 37:3, 4).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Toýuňyz näme üçin Ýehowany şöhratlandyrmaly?

  •  Toýuňyzy hiç zat hapalamaz ýaly näme etmeli?

  •  Toýy uludan tutmasaňyz nähili peýda alarsyňyz?

107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi

a DÜŞÜNDIRILIŞ: köp ýurtlarda ýaş çatynjalar toý güni Hudaýyň öňünde we biri-birine ömürboýy wepaly boljakdygyny söz berýärler. Käbir ýaşlar nikadan geçensoň, dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen toý edýärler. Käbir ýurtlarda toý edilmeýän hem bolsa, ýaşlar Mukaddes Kitabyň prinsiplerini göz öňünde tutmaly.

b Nika bilen bagly döwletiň kanunlaryna mesihçileriň garaýşy hakda köpräk bilmek üçin «Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary» diýen makalany okaň (w06 15/10).

c JW.ORG saýtyndan «Toýda spirtli içgileri goýsa bolýarmy?» diýen wideony görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş