9—15 MART, 2026
45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri
Ruhdan düşürýän pikirleri ýeňip bilersiňiz
«Men bir biçäre adam!» (Rim. 7:24).
ESASY PIKIR
Ruhdan düşürýän pikirler gaplap alanda kömek edýän maslahatlar.
1, 2. Pawlus näme üçin ruhdan düşýärdi we biziň Pawlus bilen nähili meňzeşligimiz bar? (Rimliler 7:21—24).
PAWLUS resul diýlende kim göz öňüňize gelýär? Belki-de, köp ýurtlara aýlanyp wagyz eden, Mukaddes Kitapdaky ençeme hatlary ýazan adam we ökde mugallym göz öňüňize gelýändir. Pawlus batyrgaý we Hudaýa wepaly adam bolsa-da, käte ruhdan düşýärdi. Köpümiz ýaly olam ruhdan düşürýän pikirler bilen göreşipdir.
2 Rimliler 7:21—24-nji aýatlary okaň. Rimlilere ýazan hatynda Pawlus başdan geçirýän duýgulary hakda aýdýar. Biziňem köpümiz Pawlusyňky ýaly duýgulary başdan geçirýändiris. Pawlus Hudaýa wepaly mesihçi bolsa-da, oňa hemişe Hudaýyň islegini ýerine ýetirip ýaşamak aňsat bolmaýardy. Şonuň üçin onuň içinde hemişe göreş gidýärdi. Şeýle-de Pawlusyň mesihçi bolmanka eden işleri sebäpli ynsaby köseýärdi. Ol durmuşynda käbir zatlary üýtgedip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärdi.
3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris? («Düşündirilişe» serediň).
3 Pawlus käte özüni erbet duýsa-daa, erbet pikirlere çümüp gitmedi. Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Pawlus näme üçin ruhdan düşdi? Ol erbet pikirleri nädip ýeňdi? Ruhdan düşürýän pikirleri biz nädip ýeňip bileris?
PAWLUSY NÄME RUHDAN DÜŞÜRÝÄRDI?
4. Pawlus näme üçin ruhdan düşýärdi?
4 Geçmişde eden işleri. Sawul diýip tanalýan Pawlus Isanyň şägirdi bolmanka köp erbet işleri etdi. Meselem, ol Stefanusyň daşlanyp öldürilmegini goldady (Res. 7:58; 8:1). Şeýle-de mesihçileri zalymlyk bilen yzarlady (Res. 8:3; 26:9—11).
5. Pawlus öňki eden işleri sebäpli özüni nähili duýandyr?
5 Pawlus mesihçi bolansoň hem käte özüni günäkärländir. Mesihçileri zalymlyk bilen yzarlandygy üçin onuň ynsaby kösändir. B. e. 55-nji ýylynda korinflilere ýazan birinji hatynda Pawlus şeýle diýýär: «Resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin. Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym» (1 Kor. 15:9). Şondan bäş ýyl geçensoň, efeslilere ýazan hatynda bolsa Pawlus özüne «mukaddesleriň iň kiçisi» diýýär (Efes. 3:8). Mundan başga-da, Pawlus «Hudaýa dil ýetirendigini, halkyny yzarlandygyny we gödek adam» bolandygyny aýdýar (1 Tim. 1:13). Göz öňüne getiriň, Pawlus dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin ýygnaklara aýlanýar. Ol ýerde öňki yzarlan adamlaryny ýa-da olaryň dogan-garyndaşlaryny görende özüni nähili duýandyr?
6. Pawlusy ýene näme ruhdan düşürýärdi? (Çykgyda serediň).
6 Bedenindäki tiken. Pawlus «bedenindäki tikenden» kösenýärdi (2 Kor. 12:7). Ol tikeniň nämedigini anyk aýtmaýar. Belki-de, ol tiken diýende keselini ýa-da ruhdan düşürýän başga ýagdaýlary göz öňünde tutandyrb.
7. Pawlusa hemişe dogry zady etmek näme üçin kyn bolýardy? (Rimliler 7:18, 19).
7 Ejizlikleri. Pawlus käte ejizlikleri sebäpli-de kösenýärdi (Rimliler 7:18, 19-njy aýatlary okaň). Ýöne ol ýalňyşyny gaýtalamazlyk üçin elinde baryny edýärdi. Ol isleýän ýagşy zadyny edip bilmeýändigini, islemeýän ýaman zadyny edýändigini aýdyp geçýär. Emma ol ejizlikleriniň guly bolman, hemişe dogry zatlary etmek üçin göreşýändigini boýun alýar. Ol näçe göreşse-de, kämahal ýalňyşýardy (1 Kor. 9:27). Aýtmasyz zady aýdanda ýa-da etmesiz zady edende Pawlusyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň!
PAWLUS RUHDAN DÜŞÜRÝÄN PIKIRLERI NÄDIP ÝEŇDI?
8. Pawlusa häsiýetlerini düzetmäge näme kömek etdi?
8 Pawlus Ýehowanyň mukaddes ruhunyň mesihçilere erbet zatlaryň pikirini etmezlige we häsiýetlerini üýtgetmäge kömek edýändigi hakda oýlanypdyr. Muny onuň hatlaryndan görse bolýar (Rim. 8:13; Gal. 5:16, 17). Ol mesihçilere Hudaýy razy edip ýaşamak üçin haýsy zatlardan gaça durmalydygyny aýtdy (Gal. 5:19—21, 26). Elbetde, Pawlus diňe maslahat bermän, öz häsiýetlerini üýtgetmek hakda hem oýlanandyr. Munuň üçin ol haýsy häsiýetleri üýtgetmelidigi we muny nädip etmelidigi hakda Mukaddes Kitapdan gözleg geçirendir. Diýmek, beren maslahatyna Pawlusyň özi hem eýeripdir.
9, 10. Pawlusa ruhdan düşmezlige näme kömek etdi? (Efesliler 1:7; surata serediň).
9 Pawlus käwagt ruhdan düşse-de, durmuşynda begendirýän zatlaram köpdi. Meselem, ol ýygnaklaryň ýagdaýy, ösüşi hakda eşidende begenýärdi (2 Kor. 7:6, 7). Dogan-uýalar bilen gatnaşyp ýürekden şatlanýardy (2 Tim. 1:4). Pawlus Ýehowany razy edip ýaşaýandygyna we oňa «päk ynsap bilen» gulluk edýändigine örän begenýärdi (2 Tim. 1:3). Ol hatda Rimde tussaglykda otyrka-da, dogan-uýalary «Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk etmäge» höweslendirýärdi (Flp. 4:4). Diýmek, Pawlus hemişe kynçylyklary, goýberen ýalňyşlary hakda oýlanyp ýörmändir. Pawlusy ruhdan düşürýän pikirler gaplap alanda, ol onuň içine çümüp gitmän, gaýtam göwnüni göterýän, ýüregini şatlandyrýan zatlaryň pikirini edipdir.
10 Töleg gurbany Pawlusa ruhdan düşmezlige kömek edipdir. Ol Ýehowanyň söýýändigini, töleg gurbanyny onuň üçinem berendigini ýatlapdyr (Gal. 2:20; Efesliler 1:7-ni okaň). Şeýlelikde, Pawlus Ýehowanyň Isanyň töleg gurbany arkaly bagyşlaýandygyna we mundan beýlägem bagyşlajakdygyna şübhelenmändir (Rim. 7:24, 25). Geçmişde goýberen ýalňyşlaryna, ejizliklerine garamazdan, Pawlus Ýehowa şadyýan gulluk edipdir (Ýew. 9:12—14).
Pawlus eden işleri sebäpli özüni erbet duýanda, töleg gurbany hakda oýlanyp ruhlanýar (9, 10-njy abzaslara serediň).
11. Pawlusyň wakasy bizi näme üçin ruhlandyrýar?
11 Pawlus ýaly biziňem içimizde göreş gidýändir. Biz pikirimizde, aýdýan sözümizde we edýän işimizde Ýehowany razy etjek bolup jan edýändiris. Ýöne käwagt başarman ruhdan düşýändiris. 26 ýaşly Elizac hem şeýle duýgulary başdan geçiripdir. Ol: «Pawlus hakda okanymda göwnüm giňäp gidýär. Olam meniňki ýaly göreşmeli bolupdyr. Ýehowa-da gullukçylaryna göreşmegiň kyn bolýandygyna düşünýär» diýýär. Bize Ýehowany begendirip ýaşamaga we kämahal ruhdan düşsek-de, oňa şatlanyp gulluk etmäge näme kömek edýär?
RUHDAN DÜŞÜRÝÄN PIKIRLERI NÄDIP ÝEŇIP BILERIS?
12. Ruhdan düşürýän pikirlere garşy göreşmek üçin näme etmeli?
12 Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidýän işleri ediň. Oýlanyp görüň, biz peýdaly iýmitlensek, yzygider maşk etsek we ýatyp ukymyzy alsak özümizi gowy duýýarys. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň Sözüni her gün okasak, wagza çyksak, ýygnaklara taýýarlansak, gatnaşsak we jogap bersek ruhlanýarys. Eger biz şu zatlary wagtly-wagtynda etsek, onda ruhdan düşürýän zatlaryň däl-de, diňe gowy zatlaryň pikirini ederis we şatlanyp ýaşarys (Rim. 12:11, 12).
13, 14. Käbir dogan-uýalar Ýehowa bilen dostlugyňy berkidýän işleri etmegiň peýdasy hakda näme diýýärler?
13 Geliň, Jon hakda gürrüň edeliň. 39 ýaşyndaka Jonda rak keseliniň bardygyny anyklaýarlar. Erbet habary eşidip, Jon ruhdan düşýär. Ol ýaş halyna agyr kesele uçrandygyna hiç ynanyp bilmeýär. Şol wagtlar Jonuň oguljygy üç ýaşyndady. Jona ruhdan düşmezlige näme kömek etdikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ysgynym bolmasa-da, Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýän işleri edýärdim. Maşgalam bilen her hepde ýygnaklara gatnaşýardyk, wagza çykýardyk we aňsat bolmasa-da, yzygider maşgala okuwyny geçirýärdik». Geçen günlerini ýatlap Jon şeýle diýýär: «Kyn ýagdaýa düşen wagtyň ruhdan düşüp janyňa jaý tapmaýarsyň. Ýöne men Ýehowanyň gerekli güýji berýändigine we söýgüsini görkezýändigine öz ýagdaýymda göz ýetirdim. Ýehowa maňa kömek edişi ýaly, size-de hökman kömek eder».
14 Ýokarda agzalan Eliza şeýle gürrüň berýär: «Men her hepde ýygnaklara gatnaşyp, şahsy okuwyny geçirip Ýehowanyň meni eşidýändigini, söýýändigini özüme ýatladýardym we ýürekden şatlanýardym». Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Nolan we aýaly Diýana kyn ýagdaýda nämäniň kömek edýändigi hakda şeýle gürrüň berýär: «Biz ruhdan düşsek-de, Ýehowa doga edýäris, Mukaddes Kitaby okaýarys, ýygnaklara barýarys we wagza çykýarys. Ýehowa-da şadyýan bolmaga kömek edýär. Ruhdan düşenimizde Ýehowanyň goluny uzadyp kömek etjekdigi we bereket berjekdigi hakda oýlanýarys. Elbetde, Ýehowanyň bize nädip kömek etjekdigini we nähili bereket berjekdigini bilmeýäris. Ýöne muny hökman etjekdigini bilýäris».
15. Ruhdan düşürýän pikirleri aýryp bilmesek ýene näme etmeli? Mysal getiriň.
15 Biz ruhdan düşürýän pikirleri aýyrmak üçin has köp tagalla etmeli bolarys. Aýdaly, siziň arkaňyz agyrýar. Ýöne siz maşgala agzalaryňyza arkaňyzy näçe owkalatsaňyz-da, onuň agyrysy galmaýar. Siz arkaňyzyň agyrysyny aýyrmak üçin, ilki bilen, onuň näme sebäpden agyrýandygyny anyklamaly bolarsyňyz. Gerek bolsa lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz. Edil şonuň ýaly, erbet pikirleriň näme sebäpden döreýändigini we olary ýeňmäge nämäniň kömek edýändigini bilmek üçin Mukaddes Kitapdan, edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmeli bolarsyňyz. Şeýle-de biziň ýagdaýymyz babatda gowy maslahat berip biljek dogan-uýalardan kömek sorap bilersiňiz. Geliň, ýene nämeleriň kömek etjekdigine seredeliň.
16. Ruhdan düşürýän pikirleri anyklamaga näme kömek edýär? (Zebur 139:1—4, 23, 24).
16 Nämäniň kömek etjekdigini biler ýaly Ýehowa doga ediň. Ýehowa Dawut patyşany gowy tanaýardy. Onuň «gaýgy-aladasyny» bilýärdi. Şonuň üçin Dawut Ýehowadan kömek sorady (Zebur 139:1—4, 23, 24-nji aýatlary okaň). Siz hem ruhdan düşürýän pikirleriň näme sebäpden döreýändigine we olary ýeňmäge nämäniň kömek edýändigine düşünmek üçin Ýehowadan kömek soraň. Özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: men nämäni alada edýärin? Ruhdan düşürýän pikirleriň döremegine sebäp bolýan zat barmy? Ruhdan düşürýän pikirler dörände, olaryň içine çümüp gitmän, gaýtam göwnümi göterýän, şatlandyrýan zatlar hakda pikirlenmäge çalyşýarynmy?
17. Ünsümizi gowy zatlara gönükdirer ýaly näme hakda öwrenip bileris? (Surata serediň).
17 Ýagdaýyňyza degişli temalary öwreniň. Wagtal-wagtal Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlansak ruhlanarys. Meselem, Ýehowanyň geçirimliligi we töleg gurbany hakda oýlanmak Pawlus resula minnetdar bolmaga, Ýehowanyň söýýändigine düşünmäge kömek etdi. Sizem Pawlusdan görelde alyp bilersiňiz. «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan», «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» we ene diliňizdäki Mukaddes Kitaba esaslanan beýleki edebiýatlardan Ýehowanyň rehimdarlygy, geçirimliligi hem-de wepaly söýgüsi hakdaky makalalary gözläň. Gözleg geçirip tapan makalalaryňyzyň sanawyny düzüň. Soňra göze görünýän ýerde goýuň. Ruhdan düşeniňizde bolsa olary okaň. Şol makalalardaky aýatlary okanyňyzda Ýehowadan nädip görelde alyp biljekdigiňiz, Onuň öwredýän zatlarynyň bize şatlanyp ýaşamaga nädip kömek edýändigi hakda oýlanyň (Flp. 4:8).
Ruhlandyrjak temalar hakda gözleg geçiriň (17-nji abzasa serediň).
18. Käbir dogan-uýalaryň şahsy okuwy hakda gürrüň beriň.
18 Ýokarda agzalan Eliza Eýýup pygamber barada gözleg geçirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men şol bir wagtyň özünde ençeme kynçylyklardan kösendim. Şonuň üçin Eýýup pygamber barada öwrendim. Onuňam kynçylyklary üsti-üstüne boldy. Ol gaty ruhdan düşüpdi. Eýýup näme sebäpden kösenýändigine düşünmese-de, Ýehowanyň kömegine bil baglady» (Eýp. 42:1—6). Ýokarda agzalan Diýana şeýle diýýär: «Ärim ikimiz edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň häsiýetleri hakda öwrenýärdik. Biz Ýehowanyň özünden görelde almaga kömek edendigine örän minnetdar. Geçmişde goýberen ýalňyşymyz sebäpli ruhdan düşenimizde Ýehowanyň tälim berýändigini, gowy adam bolmaga kömek edýändigini ýatlaýarys. Şonda Ýehowa bilen dostlugymyz hasam berkeýär» (Işa. 64:8).
ÝEHOWA HÖKMAN KÖMEK EDER
19. Käte özümizi nähili duýmagymyz mümkin, ýöne nämä ynamly bolup bileris?
19 Makaladaky ähli maslahatlara eýersek-de, ruhdan düşürýän pikirler doly aýrylman biler. Käte Pawlus ýaly ruhdan düşüp özümizi betbagt duýmagymyz mümkin. Ýöne biz Ýehowanyň kömegi bilen ruhdan düşürýän pikirleri ýesir alyp rahatlanyp bileris. Dogan-uýalar, gaýgyly günlerden, şatlykly, lezzetli günleriň has köp boljakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Sebäbi biziň Ýehowa bilen dostlugymyz berk we Onuň gullugymyzdan razydygyny bilýäris.
20. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 Geliň, kynçylyklar, geçmişde bolan ýagdaýlar ýa-da ýalňyşlarymyz durmuşdan lezzet alyp ýaşamaga päsgel bermez ýaly elimizde baryny edeliň. Ýehowanyň kömegi bilen erbet pikirleri ýesir alyp bilýäris (Zeb. 143:10). Täze dünýäde bolsa, diňe göwnümizi göterýän zatlar hakda pikir ederis. Täze dünýäde gaýgy-alada bilen däl-de, her gün Ýehowa şatlanyp gulluk etmek üçin oýanarys.
34-NJI AÝDYM Wepaly bolaryn
a DÜŞÜNDIRILIŞ: şu makalada käte özüni erbet duýýan ýa-da ruhdan düşýän adamlar barada gürrüň edilýär. Emma olara köp wagtlap göwnüçökgünlige düşýän ýa-da lukmanyň kömegine mätäç adamlar degişli däl.
b Belki-de, Pawlusyň gözi gowy gören däldir. Şol sebäpli oňa ýygnaklara hat ýazmak, olary idemek we wagyz etmek kyn bolandyr (Gal. 4:15; 6:11). Ýa-da Pawlus ýalan mugallymlaryň özi hakda aýdýan gep-gürrüňleri sebäpli ruhdan düşendir (2 Kor. 10:10; 11:5, 13). Biz Pawlusyň nämäni göz öňüne tutandygyny anyk bilmesek-de, käte ruhdan düşendigini bilýäris.
c Käbir atlar üýtgedildi.