«Mukaddes ruhuň beren agzybirligini goraň»
PAWLUS Efesdäki mesihçilere: «Biri-biriňizi söýüň we oňşukly ýaşaň. Parahatlygy saklaň, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň» diýdi (Efes. 4:2, 3).
Biz «mukaddes ruhuň», ýagny Hudaýyň güýjüniň kömegi bilen «agzybir» bolýarys. Ýöne Pawlusyň aýdyşy ýaly, biz agzybirligi goramaga jan etmeli. Munuň üçin her bir mesihçi öz tarapyndan tagalla etmeli.
Aýdaly, biri size ulag sowgat berýär. Ulaga kim seretmeli bolar? Elbetde, ulagy alan adam seretmeli. Eger ulaga seretmeseňiz, onuň hem bir ýeri döwülse, onda sowgat beren adam däl-de, özüňiz günäkär bolarsyňyz.
Edil şonuň ýaly, aramyzdaky agzybirlik Ýehowanyň sowgady. Şol sowgady goramak üçin, ýagny agzybirlik bozulmaz ýaly her birimiz tagalla etmeli. Eger dogan-uýalar bilen oňuşmaýan bolsak, özümize şeýle sorag bermeli: «Ýygnakda agzybirlik bolar ýaly elimde baryny edýärinmi?»
AGZYBIR BOLAR ÝALY «JAN EDIŇ»
Pawlusyň sözlerinden görnüşi ýaly, bize käte, esasanam, dogan ýa uýa göwnümize degende agzybirligi saklamak kyn bolýar. Ýöne her gezek göwnüňe degen adam bilen gepleşip, oňa duýgularyňy aýtmak hökman däl. Özüňize şeýle sorag beriň: «Eger men göwnüme degen adam bilen gepleşsem, ýagdaý gowulaşarmy ýa-da has-da beterleşer?» Köplenç göwnüňe degen adamy geçirip goýberseň ýa-da bolan zatlary ýatdan çykarsaň gowy bolýar (Nak. 19:11; Mar. 11:25).
Özüňize şeýle sorag beriň: «Göwnüme degen adam bilen gepleşsem, ýagdaý gowulaşarmy ýa-da has-da beterleşer?»
Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, geliň, «biri-birimizi söýeliň we oňşukly ýaşalyň» (Efes. 4:2). Bir kitapda aýdylyşy ýaly, şu sözler «olary bolşy ýaly kabul edeliň» diýip hem terjime edilýär. Diýmek, biz dogan-uýalary hem özümiz ýaly günäli adam hökmünde kabul etmeli. Elbetde, biz «täze häsiýetleri geýmäge» jan edýäris (Efes. 4:23, 24). Emma hiç kim muny kämil derejede başarmaýar (Rim. 3:23). Eger biz şuňa düşünsek, birek-biregi söýüp, oňşukly ýaşamak, bagyşlamak we «mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramak» aňsat bolar.
Eger biz göwnümize degen adamy bagyşlasak we onuň eden işlerini ýatdan çykarsak, dogan-uýalar bilen agzybir bolarys. Efesliler 4:3-de «agzybirlik» diýip terjime edilen grek sözi Koloslylar 2:19-da «bogunlary birikdirmek» diýip terjime edilen. Bogunlaryň süňkleri birikdirişi ýaly, agzybirlik hem-de söýgi käte dogan-uýalaryň özüni alyp barşyny halamasak-da, olar bilen ýakyn dost bolmaga kömek edýär.
Diýmek, dogan ýa uýa gaharyňyzy getirse, göwnüňize degse ýa-da hereketi bilen ýüregiňize düşse, onuň ýalňyşyny tapjak bolmaň-da, ýagdaýyna düşünjek boluň (Kol. 3:12). Ähli adamlar ýalňyşýar, şonuň üçin bizem käte biriniň göwnüne degýäris. Eger özüňiziň hem ýalňyşyp bilýändigiňizi unutmasaňyz, «mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan edersiňiz».